Ï Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasaryny kabul etdi

view-icon 680
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda “Bitaraplyk we Öňüni alyş diplomatiýasy: parahatçylygyň we howpsuzlygyň esaslary” atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin biziň ýurdumyza gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary jenap Jeffri Feltmany kabul etdi.

Türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, abraýly halkara guramasynyň ýokary wezipeli wekili jenap Jeffri Feltman milli Liderimize BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Munuň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 17 ýyllygy bilen baglanyşykly geçiriljek şanly wakalar we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagynyň 5 ýyllygy mynasybetli iberen mähirli gutlaglaryny we salamyny ýetirdi. Dünýä jemgyýetçiliginiň döwlet ösüşiniň düýpli täze ugruny işläp taýýarlamagy başaran Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň tejribesine bolan barha ýokarlanýan gyzyklanmalaryny bellemek bilen, jenap Jeffri Feltman BMG-niň birnäçe möhüm ugurlar boýunça Türkmenistan bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine we hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Pursatdan peýdalanyp, myhman şeýle hem döwlet Baştutanymyzy golaýda Türkmenistanyň 2013-2015-nji ýyllar üçin Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna saýlanmagy bilen gutladylar hem-de türkmen Lideriniň durmuşa geçirýän “oňyn bitaraplyk” syýasatynyň bilelikde üstünlikli işlemek üçin uly ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmany mübärekläp, öz nobatynda BMG-niň Baş sekretary jenap Pan Gi Muna iň oňat arzuwlaryny iberdi we Türkmenistanyň BMG-niň doly hukukly agzasy bolmak bilen, häzirki zamanyň ählumumy meselelerinde ähmiýetli orny eýeleýän Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýola goýulýan uzakmöhletleýin, özara peýdaly hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny belledi.

BMG-niň derejesinde ýola goýulýan netijeli we köpugurly hyzmatdaşlygyň dünýä jemgyýetçiligine agza ýurtlaryň bilelikdäki işleriniň möhüm tapgyryny üpjün etmäge we üçünji müňýyllygyň ählumumy wezipelerini çözmekde anyk çäreleri işläp taýýarlamaga tagalla etmekde möhüm ähmiýeti bardyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda milli we halkara ähmiýetli bilelikdäki taslamalaryň onlarçasynyň durmuşa geçirilmegi, şeýle hem türkmen paýtagtynda BMG-niň derwaýys düzümi bolan we sebitiň möhüm meselelerini çözmekde wajyp orny eýeleýän, şeýlelikde, sebitde ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak gatnaşyklarynyň ýola goýulmaga uly goşant goşýan Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmegi biziň ýurdumyzyň bu üýtgewsiz ugra ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny belledi.

Işjeň we netijeli geçen duşuşygyň barşynda dünýädäki möhüm ýagdaýlary nazara almak bilen, ählumumy howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilen hyzmatdaşlyk guramanyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň geljekki derwaýys ugurlarynyň biridir diýlip bellenildi.

Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň we onuň öňe sürýän häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözülmegine gönükdirilen derwaýys halkara başlangyçlarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurduň durmuş-ykdysady ösüşini, onuň halkara giňişligindäki belent abraýyny nazarlaýan giň möçberli özgertmeleriniň tutuş adamzat jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýandygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda myhman Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň gazanan ägirt uly üstünlikleriniň milletler bileleşigi tarapyndan ykrar edilendigini belläp, döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowa we ähli türkmen halkyna özygtyýarly ösüşiň saýlanyp alnan ýolunda we parahatçylyk döredijilikli işlerinde täze üstünlikler arzuw etdi.