Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri baradaky meseleler girizildi, şeýle hem ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň möhüm ugurlaryna, käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi. Mejlise Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçileri, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň we habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary çagyryldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, bu ýere ýygnananlary we tutuş halkymyzy ýurdumyzda 12-nji dekabrda giňden bellenilýän milli baýram bolan Türkmenistanyň Bitaraplyk gününiň 17 ýyllygy bilen gutlady.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Bitaraplyk baýramy—munuň özi türkmen halkynyň gadymdan gelýän parahatçylygy söýmek, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň aýdyň dabaralanmasydyr. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň kadalaryna pugta eýerýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” hakyndaky Rezolýusiýasynyň Baş Kanunymyza girizilmegi onuň ähmiýetli tarapydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Döwletimiz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, bütin dünýäde howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň esasy kepili bolan Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar, bu ugurda biziň ýurdumyz öz anyk teklipleini bu abraýly halkara Guramasynyň belent münberinden yzygiderli beýan edýär diýip, milli Liderimiz belledi. Türkmenistan ählumymy parahatçylygyň we agzybirligiň, dost-doganlygyň hem-de ynsanperwer hyzmatdaşlygyň hatyrasyna Bitaraplyk ýörelgelerine pugta eýerýän syýasaty mundan beýläk-de üstünlikli dowam eder diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Mejlise gatnaşyjylary we tutuş halkymyzy milli baýram bolan Bitaraplyk güni bilen ýene bir ýola gutlap, hormatly Prezidentimiz hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuşy arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň gün tertibine geçmek bilen, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe söz berdi. Ol “Türkmenistanyň milli baýramy-- Bitaraplyk güni mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçmek hakyndaky” Permanyň taslamasy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, biz beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, şeýle hem jemgyýetimiziň agzybirligini, bitewiligini has-da berkitmek maksady bilen, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen adamlaryň ýurdumyzda bellenilýän baýramlar mynasybetli günäsini geçip, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri yzygiderli geçirip durýarys diýip belledi
Döwlet Baştutanymyz şunuň ýaly asylly däplere eýerip, iş kesilen adamlaryň döwletimiziň milli baýramy - Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi. Milli Liderimiziň bu çözgüdi mejlise gatnaşyjylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe günäsi geçilen adamlaryň ählisini Bitaraplyk baýramyna çenli tussaglykdan boşadyp, olaryň öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Biz şeýlelik bilen, eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara öz günälerini halal, arassa zähmetleri bilen ýuwup, ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmaklary üçin mümkinçilik döredýäris diýip, milli Liderimiz belledi.
Welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, şeýle hem beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen bu adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrmak bilen, hormatly Prezidentimiz günäsi geçilen adamlara yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmaklaryny, Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew şu ýylyň 11 aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri we “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe halk hojalygynyň ähli pudaklarynda durnukly we sazlaşykly ösüşe eýe bolnandygy nygtaldy.
2012-nji ýylyň 11 aýynyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň durnukly ösüşi gazanyldy. Ykdysadyýetiň kuwwatyny artdyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň hasabyna jemi içerki önümde senagatyň paýy 52 göterime barabar boldy.
2011-nji ýyl bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümleriň ösüş depgini 120,2 göterime deň boldy. Bölek-satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 117,9 göterime barabar boldy. 2012-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygy 129,8 göterim we Prezident maksatnamasynda 2012-nji ýyl üçin bellenilen möçbere görä 124 göterim derejede ýerine ýetirildi.
Wise-premýer hasabaty dowam edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýan maýa goýum syýasatyny durmuşu geçirmegiň barşy barada aýtdy. Hususan-da, hasabatda toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşi, önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, ulag-aragatnaşyk we inženerçilik düzümlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ägirt uly mümkinçilikleriň açylýandygy bellenildi.
2012-nji ýylyň 11 aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda" göz öňünde tutulan işleri ýerine ýetirmek boýunça gazanylan görkeziji 64,8 göterim ýokarlandy. Şeýlelikde, hasabat döwründe ýurdumyzyň etraplarynda we obalarynda durmuş ähmiýetli desgalaryň 122-si guruldy. Munuň özi meýilnamanyň 132,6 göterim ýerine ýetirilendigini aňladýar. Şeýle hem inženerçilik desgalaryň 9714,3 kilometri gurlup, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwrüne görä 150,7 göterime, şeýle hem gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň meýdany 734,4 müň inedördül metre barabar bolup, ol geçen ýylyň degişli döwrüne görä 147,4 göterime deň boldy diýlip, hasabatda bellenildi.
Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek bilen, wise-premýer onuň esasy görkezijileriniň üstünlikli berjaý edilendigini aýtdy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 149,3 göterime, çykdajy bölegi bolsa 96,2 göterime barabar boldy. 2011-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini girdejiler boýunça 141,3 göterime we çykdajylar boýunça 128,8 göterime deň boldy diýip, wise-premýer belledi.
Harytlary eksport etmegiň we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň hasabyna ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň hasabyna gelip gowuşýan walýuta serişdeleriniň meýilnamasy 144,2 göterim ýerine ýetirildi.
Tutuşlygyna alnanda, 2012-nji ýylyň 11 aýynda ýetilen sepgitler ýurdumyzyň durnukly maliýe-ykdysady ösüşe eýe bolýandygyny alamatlandyrýar. Onuň üçin bolsa “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda” öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin ähli zerur şertleri bardyr.
Soňra Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Mämmedow şu ýylyň 15-26-njy dekabrynda ýurdumyzda uçdantutma ilat ýazuwyny geçirmek we ýaşaýyş jaý goruny hasaba almak işini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu möhüm çäräniň geçirilmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 17-nji iýunynda gol çeken Kararyna we Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite çözgüdine laýyklykda meýilleşdirildi.
Uçdantutma ilat ýazuwyny geçirmegiň tassyklanan meýilnamasyna laýyklykda, şu döwürde taýýarlyk işleriniň toplumy, şol sanda hukuk, guramaçylyk, görkezme we maddy-enjamlaýyn häsiýetdäki işler ýerine ýetirildi. Ilat ýazuwyna gatnaşjak hünärmenleriň seçilip alynmagy we olaryň ýörite okuw geçmegi çäräniň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, saglygy goraýyş, jemagat gullugynyň işgärleri, geňeşlikleriň, etrap häkimlikleriniň wekilleri, ýokary we orta hünär mekdepleiniň talyplary üçin ýörite okuw kurslary ýola goýuldy.
Bu çäräni guramaçylykly geçirmek maksady bilen, etraplaryň we şäherleriň häkimliklerinde ýörite utgaşdyryjy merkezler döredildi. Olar ähli zerur enjamlar we degişli resminamalar bilen üpjün edildi. Häzirki döwürde bu çärä gatnaşýan işgärler ilatly ýerleriň ýerleşiş tertibini öwrenmek boýunça okuw geçýärler.
Uçdantutma ilat ýazuwyny we ýaşaýyş jaý goruny hasaba almagy geçirmegiň ýörite Kararynyň we meýilnamasynyň düzgünlerine laýyklykda, şu ýylyň 27-nji dekabryndan 2013-nji ýylyň 5-nji ýanwaryna çenli döwürde bu möwsümiň jemleri boýunça maglumatlaryň 5 göterimine saýlama esasynda barlag geçirmek göz öňünde tutulýar.
Geljek ýylyň ýanwar aýyndan başlap, Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýörite kompýuter merkezinde toplanan maglumatlary kada laýyklykda işläp taýýarlamak meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň ilat ýazuwynyň deslapky jemleri 2013-nji ýylyň iýul aýyna çenli jemleniler.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem ýurdumyzyň medeni kuwwatyny artdyrmak, habar beriş serişdelerini, neşirýat işini we kinematografiýany ösdürmek, milli mirasy aýawly saklamak we wagyz etmek, ilata edilýän medeni hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak hem-de türkmen medeniýetiniň daşary ýurtlarda mynasyp wekilçilik etmegini guramak boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki döwre çenli ýurtda medeniýet edaralary degişli hyzmatlary ýokary derejede ýerine ýetirýärler, ilat köpçüligini sungatyň dürli görnüşlerine çekmek işlerini üstünlikli alyp barýarlar. Djredijilik işgärleri furdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarda bina edilýän medeni durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabaralaryna işjeň gatnaşýarlar. Medeniýet we sungat işgärleri özleriniň belent ruha beslenen döredijilikleri bilen Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň bilen beýik gazananlaryny wasp edýärler we halkymyzy beýik zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýarlar.
Wise-premýer hasabat döwründe ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň halkara çäreleriniň 60-a golaýyna gatnaşandygyny habar berdi. Medeniýet we sungat işgärleri hökümet wekiliýetleriniň düzüminde dostlukly döwletleriň birnäçesinde boldular, şol ýerde milli medeniýeti giňden wagyz etmäge ýardam edýän dürli medeni çäreleri geçirdiler. Şu ýylyň 11 aýynda Türkmenistanyň we dünýäniň birnäçe ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan çäreler guraldy. Biziň ýurdumyzda Eýran Yslam Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Medeniýet günleri, Awstriýa Respublikasynda, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda we Ukrainada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Mary şäheriniň 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli hem-de Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde iri halkara çäreleriniň birnäçesi guraldy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, döwletimiziň durmuş syýasatyny we ylmy, bilimi, saglygy goraýşy, sporty we syýahatçylygy ösdürmek boýunça milli maksatnamanyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.
Hususan-da, şu ýylyň 11 aýynda gurlup ulanmaga berlen desgalar barada aýdyldy. Bilim ministrligi ulgamynda umumybilim berýän mekdepleriň 26-sy, çagalar baglarynyň 33-si, 1 müň orunlyk çagalar sagaldyş merkezi, şeýle hem Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň, Türkmen döwlet nebit we gaz institutynyň täze binalary, kardiologýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasy bolan Berzeňňidäki ylmy-şypahana bölüminiň täze jaýy, Aşgabat şäherinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleri üçin döwrebap ýaşaýyş jaýy we Saglyk öýi, “Mollagara” şypahanasynyň täze binalar toplumy gurlup ulanmaga berildi. Häzirki döwürde “Saglyk” kärhanasyny döwrebaplaşdyrmak we onuň täze önümçilik desgalaryny gurmak işleri dowam edýär. Aşgabat şäherinde, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda gaýragoýulmasyz “Tiz kömek” merkezleri, şeýle hem kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahananyň hem-de “Daşoguz” şypahanasynyň täze binalary gurulýar.
Hasabatda ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligine, türkmen hünärmenleri tarapyndan taýýarlanan okuw we ylmy, edebiýat gollanmalarynyň neşir edilmegine aýratyn üns berildi. Hususan-da, hasabat döwründe okuw gollanmalarynyň we okuw kitaplarynyň 245-si neşire taýýar edildi. Olaryň 135-si çap edildi.
Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň we talyplarynyň halkara ylmy-bilim bäsleşiklerindäki çykyşlary üstünliklere beslendi. Şu okuw ýylynyň başyndan bäri ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylary halkara ders olimpiadalarynyň 21-sine gatnaşdylar we 122 medal eýelediler. Şunlukda, olaryň 20-si altyn, 42-si kümüş we 60-sy bürünç medallardyr. Türkmen türgenleriniň dünýä we Aziýa birinjiliklerindäki çykyşlary hem üstünliklere beslendi. Olar şu döwürde 65 altyn, 82 kümüş, 109 bürünç medallara mynasyp boldular.
Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça şu ýyl aspirantura, doktorantura kabul edildi. Ylymlaryň kandidaty we ylymlaryň doktory alymlyk derejesilerine dalaşgärler hasaba alyndy. Gumanitar hyzmatdaşlygy giňeltmegiň çäklerinde Türkmenistanda halkara maslahatlarynyň 8-si, sergileriň we ylmy ekspedisiýalaryň 3-si, halkara çagalar festiwallarynyň 2-si geçirildi.
Şeýle hem wise-premýer Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ýaş alymlara goldaw bermek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň gaznasyny döretmek boýunça alnyp barylýan işlar barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň başlygy P.Taganow özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler, ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek baradaky milli maksatnamany durmuşa geçirmek, şol sanda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek baradaky ägirt uly taslamanyň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Şu jähetden deňiz ýakasyndaky şypahananyň toplumlaýyn gurluşygyna gatnaşýan dürli ministrlikler we pudaklaýyn edaralary bilen bilelikde taýýarlanan teklipleriň bukjasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlendi. Täze desgalary buýrujylara ýer böleklerini bermek, şeýle hem milli Liderimiziň Awazada gök zolaklary döretmek boýunça ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen işlenip taýýarlanan taslamalar barada hem aýdyldy.
Mundan başga-da, Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetine syýahatçylyk zolagynda degişli işgärleri taýýarlamak boýunça okuw merkezini gurmak teklip edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bäsdeşlige ukyply syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek, esasan-da has girdejili halkara syýahatçylygy ösdümek boýunça ileri tutulýan wezipeleri kesgitledi. Şu jähetden işiň has derwaýys ugurlary barada aýdyldy. Munuň özi syýahatçylyk ugurlarynyň çägini giňeltmekden we görnüşlerini artdyrmakdan, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmakdan, bu pudak üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakdan we netijeli maglumat-mahabat işini ýola goýmakdan ybaratdyr.
Milli Liderimiz "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, ony innowasion tehnologiýalaryň esasynda mundan beýläk-de ösdürmek üçin bap bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagyň, şeýlelikde, bu künjegiň tebigy mirasynyň aýawly saklanylmagyna we baýlaşdyrylmagyna hem-de ekologiýa abadançylygynyň gowulandyrylmagyna jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady.
Ýurdumyzyň ilatynyň işjeň we doly derejeli dynç alşa hem-de saglygyny berkitmäge bolan isleglerini kanagatlandyrmak üçin ähli zerur şertleri döretmekde giň möçberli işleriň durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek, beýleki sebitleriň syýahatçylyk serişdelerini özleşdirmek boýunça bellenen çäreleriň bu künjege daşary ýurtly syýahatçylary çekmegiň gowulandyrylmagyny, bu pudaga walýuta serişdeleriniň akymynyň artmagyny şertlendirjekdigine, munuň bolsa halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna täsirini ýetirjekdigini aýtdy.
Türkmenistanda ýokary netijeli syýahatçylyk ulgamynyň ösdürilmegi halkara gatnaşyklarynyň we işewür hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň baş şertidir diýip bellemek bilen, milli Liderimiz bu çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi döwletimiziň dünýä syýahatçylygy ulgamynda amatly orny eýelemegine mümkinçilik berjekdigini nygtady we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan ýurdumyzyň nebitgaz, himiýa we balyk hojalygy toplumynyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleriň yzygiderli häsýiete eýe bolmalydygyny, bu ugurda döwletimiziň ähli zerur çärelerii durmuşa geçirmek boýunça mydama alada etjekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň nebitgaz, himiýa we balyk hojalygy toplumynyň Aşgabat şäherinde döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny we jemgyýetçilik desgalaryny gurmak hakyndaky Karara gol çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim welaýatda alnyp barylýan işler, hususan-da, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda we sebitiň beýleki ýerlerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle hem ol sebitde durmuş ulgamyny ösdürmegiň meýilnamasy we welaýat kitaphanasynyň täze binasynyň taslamasy we olar boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz welaýatyň senagat düzüminiň ösdürilmeginde gurluşyk ulgamynyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belläp, gurulýan desgalaryň öz wagtynda we ýokary hilli bina edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny tabşyrdy. Milli Liderimiz welaýat kitaphanasyny gurmak işlerine öz wagtynda başlamagy we onuň ýokary hilli gurulmagyny üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berip, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde welaýat kitaphanasyny gurmak hakyndaky Karara gol çekdi.
Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Oragzgeldiýew özüniň çykyşynda sebitde alnyp baryýlýan işleriň ýaglaýy, hususan-da, durli maksatly desgalaryň gurluşygynyň depginlerini güýçlendirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Mundan başga-da, häkim welaýatda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylyşy hakynda aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz welaýatda oba hojalyk işleriniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk guralmagynyň zerurdygyny belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz sebitde gurluşygy alnyp barylýan desgalarda ýerine ýetirilýän işlere yzygiderli gözegçilik etmegiň derwaýysdygyny belledi we Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde welaýat kitaphanasyny gurmak hakyndaky Karara gol çekdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylowyň hasabatyny diňledi. Häkim möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, hususan-da, sebitiň maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan işler, welaýatyň çäklerinde durli maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy, şeýle hem sebitiň senagat düzümini ösdürmek maksady bilen ulag ýollarynyň, elektrik we suw geçiriji ulgamlaryň çekilmegi, ugurdaş desgalaryň toplumlaýyn gurulmmagy bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.
Milli Liderimiz oba hoajlyk pudagynda alnyp barylýan işleriň agrotehniki kadalara laýyk derejede ýerine ýetirilmelidigini, dänelik ekinlere ideg işleriniň güýçlendirilmelidigini, şeýle hem mallaryň dok we ýyly gyşladylmalydygyny belledi. Mundan başga-da, hormatly Prezidetimiz tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem gurulýan desgalarda ýokary hiliň üpjün edilmeginiň baş talap bolup durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde welaýat kitaphanasyny gurmak hakyndaky Karara gol çekdi.
Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanow özüniň hasabatynda häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleri, sebitiň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň ýaglaýy, şeýle hem welaýatda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreler we hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň çäklerinde welaýatda durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny, sebiti hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyny belläp, bu babatda alnyp barylýan işleriň häzirki döwruň talaplaryna doly laýyk gelmegini üpjün etmek boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Soňra hormatly Prezidentimiz Mary welaýatynyň Mary şäherinde 350 orunlyk myhmanhanany gurmak hakyndaky Karara gol çekdi.
Soňra Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda, maldarçylyk hojalyklarynda häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy sebitde gurulýan desgalarda işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem welaýatda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň taslamalary, mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginini ýokarlandyrmak, hususan-da, mallaryň dok we ýyly gyşladylmagyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz welaýatyň çäklerinde meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşygyna taýýarlyk işleriniň zerur derejede geçirilmelidigini belläp, gurulýan binalaryň ýokary hiliniň üpjün edilmegi, olaryň öz wagtynda ulanmaga berilmeginiň häzirki döwrüň talap talabydygyny belledi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz täze Abadan şäherini gurmagyň taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek babatda wise-premýerler A.Ýegeleýewe, B.Hojamuhammedowa we häkim M.Nurmämmedowa anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, ýurdumyzyň daşary işler ministri R.Meredow Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň 2008-2012-nji ýyllar üçin Esasy ugurlaryny amala aşyrmak boýunça Daşary işler ministrliginiň şu ýylyň 11 aýynda alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowýň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän giň halkara hyzmatdaşlygyň ugruna ygrarly bolan biziň ýurdumyz netijeli syýasy gtanaşyklary, özara peýdaly söwda-ykdysady hem-de dünýäniň köp ýurtlary bilen medeni-gumanitar gatnaşyklary üstünlikli ösdürýär diýlip, hasabatda bellenildi.
Hasabat döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurtlara 11 sany sapary amala aşyrmagy däp bolan döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň ýolundaky möhüm ädimi alamatlandyrdy. Şu döwürde biziň ýurdumyza birnäçe döwletleriň baştutanlary sapar bilen geldiler. Şonuň bilen birlikde, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara we sebitleýin guramalar hem-de düzümler bilen ýola goýulýan gatnaşyklary netijeli ösdürýär.
Biziň ýurdumyza gelýän dürli derejedäki daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň sanynyň artmagy daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeýlelikde, şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Türkmenistana daşary ýurt wekiliýetleriniň 572-si geldi. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň wekiliýetleriniň 646-sy daşary ýurtlarda saparda boldular. Hasabat döwründe biziň ýurdumyzda daşary döwletler we halkara guramalary bilen bilelikde dürli derejedäki çäreleriň 240-a golaýy geçirildi.
Şeýle hem şu ýylyň 11 aýynda Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetiren halkara resminamalarynyň 114-sine gol çekildi.
Wise-premýeriň, daşary işler ministriniň hasabatyň çäklerinde habar berşi ýaly, hasabat döwründe Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleriň 37-si we ikitaraplaýyn döwletara toparlarynyň mejlisleriniň 19-sy geçirildi we olaryň gün tertibine özara gyzyklanmalara laýyk gelýän dostluk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň derwaýys meseleleri girizildi. Şu ýylyň 11 aýynda Türkmenistanda wekilçilikli halkara forumlarynyň birnäçesi geçirildi. Dürli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyny we artdyrylmagyny şertlendirýän meselelere dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek bilen baglanyşykly meseleler olaryň esasyny düzdi.
Şeýle hem R.Meredow Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunuň 2013-2017-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny taýýarlamagyň meseleleri boýunça hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki güne çenli Türkmenistan dünýäniň 129 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy we biziň ýurdumyz halkara guramalarynyň 42-siniň agzasy bolup durýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda daşary ýurtlaryň ilçihanalarynyň onlarçasy we iri halkara guramalarynyň wekilhanalary hereket edýär.
Şunuň bilen baglylykda, bu Konsepsiýanyň Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk daşary syýasat ýörelgelerine daýanýan we milli, ählumumy abadançylygyň bähbitlerini nazara almak bilen ýola goýulýan parahatçylyk söýüjilik gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak bilen taýýarlanandygy bellenildi.
Bu resmnama biziň ýurdumyzyň häzirki zaman halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça ýörelgelerinden ugur alýar we dünýäde parahatçylygyň hem-de howpsuzlygyň üpjün edilmeginiň bähbidine ýola goýulýan netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, sebitleýin we ählumumy möçberde durnukly ösüş üçin oňaýly şertleriň döredilmegine gönükdirilendir. Şunlukda, Konsepsiýanyň düýp mazmunynyň hormatly Prezidentimiziň daşary syýasat meseleleri boýunça maksatnamalaýyn çykyşlaryna, olarda kesgitlenen strategik wezipelere, bu ugur boýunça kabul edilen degişli çözgütlere, şeýle hem milli Liderimiz tarapyndan ýokary derejedäki halkara forumlarynda öňe sürülýän başlangyçlara daýanýandygy nygtaldy. Resminamada Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipelere aýratyn ähmiýet berilýär. Şonuň bilen bir hatarda, medeni-gumanitar ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine-de uly üns berilýär. Wise-premýeriň, DIM-niň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, halkara giňişliginde, şol sanda BMG-de Türkmenistanyň abraýynyň yzygiderli ýokary göterilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli daşary syýasat strategiýasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň netijesi bolup durýar. Geçen hepdede Aşgabatda GDA-nyň Sammitiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi biziň ýurdumyzyň halkara abraýynyň ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şonda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň jemleri jemlenildi we oňa GDA gatnaşyjy döwletler tarapyndan ýokary baha berildi.
R.Meredow hasabatyny tamamlamak bilen, döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagy, daşary syýasat edarasynyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň elmydama gowulandyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere yzygiderli üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy.
Şeýle hem ol Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we türkmen diplomatlarynyň ählisiniň öz öňlerinde goýlan jogapkärli we wajyp wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna hormatly Prezidentimizi ynandyrdy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, mejlise gatnaşyjylaryň, şol sanda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileriniň ünsüni ýurdumyzyň daşary syýasatynyň, şeýle hem Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2013-2017-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň meselelerine çekdi we dünýädäki häzirki syýas ýagdaýy nazara alanyňda bu resminamanyň derwaýysdygyny belledi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şu günki mejlisde ara alnyp maslahatlaşylýan ýurduň daşary syýasat meseleleri gönüden ýakyn günlerde biz ýurdumyzda uly we möhüm ähmiýetli çäreler bilen baglanyşyklydyr, şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Milli baýramyna – Bitaraplyk gününiň 17 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek dabaralary görkezmek bolar, şeýle hem, Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmeginiň bäş ýyllygy mynasybetli, «Bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy: parahatçylygyň we howpsuzlygyň esaslary» atly halkara maslahaty geçiriler. Bu baýramçylyk dabaralary we möhüm ähmiýetli çäreler ýurdumyzda alnyp barlan işleriň käbir jemlerini jemlemäge we geljek döwür üçin ileri tutulýan ugurlary kesgitlemäge gowy esas bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Türkmenistanyň soňky ýyllarda halkara giňişliginde alyp barýan işleri barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu işleriň biziň ýurdumyzyň bitaraplyk hukuk ýagdaýyna doly laýyklykda, şeýle hem sebitde we bütin dünýäde emele gelen ýagdaýy nazara almak bilen, yzygiderli we maksadalaýyk amala aşyrylandygyny belledi we onuň Türkmenistana goňşy we beýleki döwletler bilen syýasy, söwda-ykdysady we gumanitar ugurlar boýunça alyp barýan gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge mümkinçilik berendigini aýtdy.
Dünýäde Türkmenistan bilen uzak möhletli we köp ugurly gatnaşyklary ýola goýmaga bildirilýän gyzyklanmanyň has-da artandygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň alyp barýan halkara gatnaşyklarynyň geriminiň giňelendigini nygtady. Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli we birek-birege hormat goýmak esasynda amala aşyrylýan hyzmatdaşlyk, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna pugta eýermek biziň döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esaslary bolup durýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Häzirki döwürde Türkmenistan sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde esasy orunlaryň birini eýeleýän, dünýäde uly abraýdan peýdalanýan döwletdir diýip aýatmk bilen, hormatly Prezidentimiz biziň ýurdumyzyň güýçli depginler bilen ösýän kuwwatly ykdysadyýeti bardygyny we döwletimiziň ykdysadyýetiniň daşary ýurt maýa goýumlary üçin örän özüne çekijidigini nygtady we munuň şeýledigini mejlisde çykyş eden ýolbaşçylaryň hasabatlaryndan görnüşi ýaly, ýurdumyzyň ösüşiniň şu ýyldaky netijeleriniň doly tassyklaýandygyny belledi.
Milli ykdysadyýetimizi ösdürmek bilen, biz ilkibaşdan ony toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, tapgyrlaýyn bazar gatnaşyklaryna geçmek ýolunyň netijelidigi barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow onuň yzygiderli durmuşa geçirilmegi derwaýys durmuş meseleleriniň oňyn çözülmegini şertlendirýändigini nygtady.
Soňra döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň durnukly ösýändigine şaýatlyk edýän anyk maglumatlary getirdi. Ýurtda giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini bellemek bilen, milli Liderimiz häzirki döwürde garaşsyz türkmen döwletinde jemi bahasy 35 milliard amerikan dollaryna golaý iki müň töweregi iri desganyň gurulýandygyny, şeýle hem,yklymlary birleşdirýän «Demirgazyk–Günorta» demir ýolunyň we nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň tamamlaýjy tapgyra gadam goýandygyny aýtdy. Biziň amala aşyrýan özgertmelerimize laýyklykda, şäherlerde we obalarda ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy giň gerim bilen dowam edýär, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary, döwrebap mekdepler, ýokary derejeli myhmanhanalar we ýaşaýyş-durmuş maksatly beýleki desgalar yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär diýip, milli lIderimiz belledi.
Biziň ýurdumyz öz durnukly içerki ýagdaýy, berk syýasy ulgamy, şeýle hem döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna demokratiýa kadalarynyň tapgyrma-tapgyr ornaşdyrylýandygy bilen tapawutlanýar. Bu bolsa bize halkara giňişliginde özümizi ynamly duýmaga, dünýäniň ähli döwletleti bilen birek-birege hormat goýmak esaslaryna daýanýan deňhukukly gatnaşyklary alyp barmaga mümkinçilik berýär, şeýle hem Türkmenistanyň milli bähbitlerini hemişe pugta goramak üçin zerur şertleri döredýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň şu günki mejlisiniň garamagyna hödürlenen Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2013–2017-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna degip geçmek bilen, milli Liderimiz bu Konsepsiýada biziň alyp barýan daşary syýasatymyz seljerilýändigini, onuň esasy ýörelgeleri we maksatlary kesgitlenýändigini, geljek bäşýyllyk döwür üçin anyk ugurlaryň we wezipeleriň beýan edilýändigini belledi. Daşary işler ministrliginiň bu Konsepsiýany gönüden-göni durmuşa geçirmek bilen bagly netijeli işleri alyp barmalydygyny nygtap, hormatly Prezidentimiz ony halkara hyzmatdaşlygynyň meseleleri boýunça häzirki we geljekki meýilnamalary taýýarlamakda ugur alynýan resminama hökmünde peýdalynmalydygyny belledi hem-de hökümet mejlisine gatnaşýan ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, biziň ýurdumyzyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryna bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Häzirki döwürde biziň öňümizde giň gerimli, möhüm wezipeler durýar. Şol wezipeler halkara giňişliginde Türkmenistanyň milli bähbitlerine anyk düşünmegi, dünýäde bolup geçýän wakalara häzirki we geljek döwrüň nukdaýnazaryndan baha bermegi, her bir ýurduň, her bir sebitiň aýratynlyklaryny düýpli öwrenmegi we bilmegi hem-de olara düşünmegi talap edýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Biziň alyp barýan daşary syýasatymyz we diplomatiýamyz işjeň häsiýete eýe bolmalydyr, biz möhüm ähmiýetli başlangyçlary öňe sürmelidiris. Zerur halatlarda bolsa, öňden görüjilik bilen hereket etmelidiris, biz bolup geçýän wakalardan hemişe habarly bolmalydyrys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şoňa görä-de, Daşary işler ministrliginiň alyp barýan seljeriş işlerini düýpli güýçlendirmek zerurdyr diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ilçihanalaryň we konsullyklaryň, şeýle hem halkara guramalarynyň ýanyndaky wekilhanalaryň dünýädäki syýasy we ykdysady ýagdaýy öz wagtynda seljermelidigini, şonuň netijeleri bolsa döwlet derejesindäki çözgütleriň kabul edilmegi üçin esas bolmalydygyny aýtdy. Şonuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Daşary işler ministrliginiň düzüminde dogry netijeleri çykarmaga we hemmetaraplaýyn esaslandyrylan teklipleri bermäge ukyply bolan kämil seljeriş gullugyny döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Ýaňy-ýakynda ýurdumyz üçin örän möhüm ähmiýetli waka bolup geçdi. Türkmenistan 2013–2015-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna saýlandy. Bu bolsa biziň diplomatiýamyzyň uly üstünligi bolmak bilen, Türkmenistanyň abraýynyň barha artýandygyny, ýurdumyzyň syýasy we durmuş-ykdysady ösüşinde gazanan üstünlikleriniň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändigini aýdyň görkezýär, Türkmenistanyň bu abraýly halkara Geňeşine agzalyga saýlanmagy bu ugurda edilmeli işleriň diňe başlangyjydyr, biz Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň işine giňden gatnaşmalydyrys, onuň mejlislerinde anyk teklipler we başlangyçlar bilen çykyş etmelidiris diýip, milli Liderimiz belledi.
Şu jähetden hormatly Prezidentimiz Daşary işler ministrligine ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudak edaralary bilen bilelikde Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň işine geljekde biziň döwletimiziň gatnaşmagy bilen bagly teklipleri gysga wagtyň içinde taýýarlamagy, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky we Ženewadaky Hemişelik wekillerine bolsa, bu teklipleri durmuşa geçirmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Biziň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygymyz strategik häsiýete eýedir. Türkmenistan hemişe bu abraýly Guramanyň öz üstüne alýan wezipeleriniň we öňünde goýýan maksatlarynyň derejesinde bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Türkmenistan Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalarynyň we beýleki guramalaryň çäklerinde hem gatnaşyklaryny ösdürer diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa bu guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmegiň işjeňligini artdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.
Türkmenistan 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etdi diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň bu Gurama başlyklyk etmegi üstünlikli we netijeli bolandygyny aýtdy we R.Meredowa Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndaky Hemişelik wekili, Arkalaşyga agza bolan beýleki döwletlerdäki Ilçilerimiz gazanylan bu ylalaşyklary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmalydyrlar. Orta Aziýanyň döwletleri bilen gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar, bu ýurtlar biziň döwletimiz üçin ýakyn we doganlyk ýurtlardyr biziň Gazagystandaky, Täjigistandaky we Özbegistandaky Ilçilerimiz bu döwletler bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça giň gerimli işleri alyp barmalydyrlar diýip, milli Liderimiz belledi.
Russiýa Federasiýasy Türkmenistanyň strategiki hyzmatdaşy bolup durýar diýip bellemek bilen, milli Liderimiz soňky ýyllarda biz Russiýa Federasiýasynyň birnäçe iri sebitleri – Sankt-Peterburg, Tatarystan Respublikasy we Astrahan oblasty bilen söwda-ykdysady hem-de medeni-gumanitar ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýduk, Russiýanyň beýleki sebitleri tarapyndan hem biziň ýurdumyza bildirilýän gyzyklanma barha artýar, biz özara bähbitli gatnaşyklarymyzy giňeltmek bilen bagly teklipleri goldaýarys we hyzmatdaşlyk etmek üçin hemişe açykdyrys diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistan Russiýanyň çäklerinde ýene-de birnäçe diplomatik wekilçilhanalary açmagy maksat edinýär, şol sanda geljek ýyl Astrahan şäherinde Türkmenistanyň konsullygyny açmagy göz öňünde tutulýar diýip belledi we wise-premýer, DIM-iň ýolbaşçysy R.Meredowa bu şäherde konsullygymyzy açmak bilen bagly zerur bolan ähli resminamalary taýýarlamagy we guramaçylyk meselelerini gysga wagtyň içinde çözmegi tabşyrdy. Häzirki döwürde Aziýa–Ýuwaş umman sebitiniň ählumumy syýasata, ykdysadyýete we maliýe ulgamyna ýetirýän täsiriniň barha artýandygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Hytaý Halk Respublikasy bilen ysnyşykly, uzakmöhletli gatnaşyklary ýola goýlandygyny, türkmen tebigy gazyny Hytaý Halk Respublikasyna ibermek boýunça örän iri taslamany bilelikde ýerine ýetirilendigini we geljekde hem Hytaý bilen hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimiziň dowam etjekdigini nygtady.
Aziýa–Ýuwaş umman sebitinde söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, ýangyç-energetika ugurlarynda Türkmenistanyň strategiki bähbitleri bar diýip gürrüňi dowam etmek bilen döwlet Baştutanymyz geljekde bu sebitde alny barylýan işleriň has-da giňeldiljekdigini, 2013-nji ýylda Ýaponiýada we Malaýziýada Türkmenistanyň Ilçihanalaryny açmak bilen baglanyşykly zerur işleri alnyp barylýandygyny belledi we Daşary işler ministrligine bu ýurtlarda Ilçihanalary açmak üçin zerur bolan guramaçylyk işlerini geçirmegi tabşyrdy.
Hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmek baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, döwlet Baştutanymyz asylly däbe öwrülen hyzmatdaşlarymyz we goňşularymyz Owganystan, Eýran, Päkistan, Hindistan we Türkiýe bilen gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge örän uly üns bermelidigini, «Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döretmek boýunça yzygiderli iş alyp barmagyň zerurdygyny nygtady we bu ugurdaky işleriň depginini ýokarlandyrmak babatda energetika diplomatiýasy boýunça pudagara iş toparyna anyk tabşyryklary berdi.
Soňky ýyllarda Türkmenistanyň Kawkaz döwletleri – Azerbaýjan, Ermenistan, Gruziýa bilen gatnaşyklaryň işjeň ösdürilýändigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň bu ýurtlar bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de yzygiderli ösdürer, şoňa görä-de, bu meselede «Gündogar–Günbatar» ugry boýunça ulag-kommunikasiýa we energetika taslamalaryny amala aşyrmaga aýratyn üns berilmelidir diýip belledi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ukraina, Belarus, Moldowa bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitjekdigini tassyklady.
Günbatar ýurtlary – Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Ýewropa Birleşiginiň döwletleri bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy artdyrmak barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýurtlaryň parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde, ykdysady we maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlarymyz bolup durýar diýip belledi. Häzirki döwürde Ýewropa ýurtlary Türkmenistanyň energetika pudagyndaky we ulag ulgamyndaky bar bolan mümkinçiliklerini peýdalanmaga gyzyklanma bildirýärler diýip sözüni dowam etmek bilen. döwlet Baştutanymyz şunuň bilen baglylykda, Hazar deňziniň, Gara deňziň we Baltika deňziniň arasyndaky giňişlikde üstaşyr geçelgesini döretmegiň geljeginiň has uludygyny aýtdy we biz Ýewropanyň demirgazyk böleginde ýerleşýän ýurtlar, hususan-da, Skandinawiýa ýurtlary bilen gatnaşyklara uly üns bermelidigini nygtady. Bu döwletler ykdysady we tehnologiýa taýdan ösen ýurtlardyr, olaryň tejribesi biziň üçin ähmiýetlidir. Şoňa görä-de, Skandinawiýa ýurtlarynda biziň diplomatik wekilhanalarymyzyň işini ýola goýmak hakyndaky meseläni seljermegi teklip edýärin. Bu ugurda ilkinji ädim hökmünde, Türkmenistanyň Finlýandiýadaky Ilçisini belläp, Ilçihananyň edara jaýyny Londonda ýerleşdirsek, maksadalaýyk bolar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Arap dünýäsiniň ýurtlary bilen hem gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de pugtadandyrmaga ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Orta Aziýadan Ýakyn Gündogara ulag-üstaşyr geçelgesiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işlere uly üns bermelidigini, bu ulag geçelgesi baradaky Ylalaşyga 2011-nji ýylyň aprelinde Aşgabatda gol çekilendigini, Türkmenistan üçin bu sebitiň örän möhüm ähmiýeti bardygyny belledi.
Söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biridir diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynda we Hytaý Halk Respublikasynda Türkmenistanyň söwda wekilçiliklerini açmak barada çözgüdi mälim etdi we ol wekilçilikleriň biziň Moskwadaky we Pekindäki Ilçihanalarymyzyň ýanynda ýerleşjekdigini, şol ýurtlarda Türkmenistanyň Söwda wekilçilikleriniň açylmagy hyzmatdaşlygymyzy has-da ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyny we bar bolan mümkinçilikleri yzygiderli hem-de maksada laýyk peýdalanmak üçin zerur şertleri üpjün etjekdigini nygtady.
Şeýle hem Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen söwda-ykdysady aragatnaşygyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň ýanynda (Moskwa şäheri) Türkmenistanyň Söwda wekilçiligini açmak hakyndaky Karara gol çekdi. Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasy bilen söwda-ykdysady gatnaşygyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen ýurdumyzyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasynyň (Pekin şäheri) ýanynda Türkmenistanyň Söwda wekilçiligini açmak hakyndaky Karara gol çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumuzyň Daşary işler ministrligine we söwda hem-de daşary-ykdysady aragatnaşyklar ministrligine Söwda wekilhanalarynyň netijeli işini üpjün etmek boýunça degişli guramaçylyk meselelerini çözmek we olaryň işi üçin degişli şertelri döretmek babatda zerur çäreleri durmuşa geçirmegi tabşyrdy.
Halkara hyzmatdaşlygy pudagynyň durýan wezipeleriň giň möçberlidigini bellemek bilen, milli Liderimiz döwletimiziň Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň, daşary ýurtlardaky ilçihanalaryň, wekilhanalaryň işine yzygiderli üns berjekdigini we diplomatik gulluklar üçin zerur bolan şertleriň üpjün etjekdigini nygtady. (Hormatly Prezidentimiziň çykyşyn gazetiň şu sanynda dolulygyna çap edilýär).
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2013-2017-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny tassyklamak hakyndaky” Karara gol çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa Konsepsiýasynyň esasy düzgünleri we ileri tutulýan wezipeleri bilen daşary döwletleriň biziň ýurdumyzlda işleýän wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny, Türkmenistanyň daşary işler minisrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplaryny, şeýle hem giň halkara jemgyýetçiligini tanyşdyrmagy tabşyrdy.
Mundan başga-da, milli Liderimiz A.Serdarowy Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky (Ankara şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek hakyndaky Permana, şeýle hem ony başga işe geçmegi sebäpli Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky (Ýerewan şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezpesinden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi. Soňra mejlisde Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ç. Rüstemowa we Birleşen Milletler Guramasynyň Jenewadaky edaraçynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili, şol bir wagtda Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtýarly ilçisi E.Aýdogdyýew söz aldylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýetip gelýän Bitaraplyk güni bilen gutlap we milli Liderimize döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etmek bilen, ilçiler ähli türkmen diplomatlarynyň adyndan ýurdumyzyň daşary syýasat gullugyna yzygiderli üns we hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi, onuň abraýynyň ýokarlanmagy we daşary ýurtlarda mynasyp wekilçilik etmegi ugrunda alada edýändigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Häzirki döwürde ýudumyzda Daşary işler ministrliginiň merkezi edarasynyň we daşary ýurtlardaky edaralarynyň netijeli düzüminiň kemala getirilmegi bilen bir hatarda, diplomatlary taýýarlamak we olaryň hünär derejesiniň ýokarlanmagy, tutuşlygyna alnanda bolsa, biziň diplomatik gullugymyzyň bir bitewi, netijeli we hünär taýdan taýýarlykly gurala öwrülmegi babatda netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini bellediler.
Şonuň ýaly aladalara jogap edip, diplomatlar döwlet Baştutanymyzyň strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna, “Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2013-2017-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” kesgitlenen möhüm wezipeleriň ýerine ýetirilmegine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň şu günki giňişleýin mejlisinde eden taryhy çykyşynda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň diplomatik gullugyna degişli möhüm çözgütleri kabul etmegiň barşynda Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esasy ugurlary, onuň maksatlary we wezipeleri anyk kesgitlendi hem-de olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň şertleri öňe çykaryldy.
Daşary syýasat konsepsiýasynda milli Liderimiziň ýakyn geljekde ýurdumyzyň milli bähbitlerini üpjün etmek boýunça halkara başlangyçlarynda we strategik çözgütlerinde öz beýanyny tapýar.
Konsepsiýanyň esasyny düzen ýörelgeler Türkmenistanyň dünýä döwletleri, ilkinji nobatda bolsa goňşy ýurtlar bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmek hem-de pugtalandyrmak, şeýle hem daşary syýasatyň we parahatçylygy, howpsuzlygy, sebitde hem-de tutuş dünýäde durnuklylygy berkitmek babatdaky halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça anyk ugurlardan ybaratdyr. Biziň ýurdumyzyň BMG-niň wekilçilikli düzümine agzalyga saýlanmagy bilen baglylykda, halkara guramalarynyň, öňi bilen bolsa BMG-niň çäklerinde Türkmenistanyň köpugurly diplomatiýasyny ösdürmekde täze mümkinçilikler açylýar diýip, mejlisde çykyş edenler aýtdylar.
Öz kärdeşleriniň adyndan çykyş eden diplomatlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy milli Liderimiziň parahatçylyk söýüjilikli netijeli başlangyçlarynyň anyk çäreler bilen berkidilmegi, Türkmenistanyň dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy, halklaryň ruhy taýdan ýakynlaşmagy we baýlaşmagy, ýygjam hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy ugrunda ähli tagallalaryny etjekdiklerine ynandyrdylar.
Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemlemek bilen, oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek Prezident maksatnamasynda Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ýakyn ýyllar üçin öňde goýlan strategik wezipedir. Bu wezipeleriň gürrüňsiz ýerine ýetiriljekdigine berk ynanýaryn, täze, ýokary tehnologiýaly önümçilikler esasynda ýurdumyzda fabrikleri we zawodlary gurmak, goşmaça iş orunlaryny, ekologiýanyň talaplaryna laýyk gelýän häzirki zaman üpjünçilik ulgamlaryny döretmek döwletimiziň ykdysadyýetiniň ösüşiniň esasy görkezijileri bolmalydyr diýip belledi. Ine, şu gün Prezident maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Ruhabatda bahasy 120 million amerikan dollaryna golaý bolan iri dokma toplumynyň gurluşygy tamamlandy, bu dokma toplumy Ýewropanyň belli firmalarynyň öndüren iň täze tehnologik enjamlary bilen üpjün edilendir, bu bolsa bize ýylda 20 million inedördül metrden gowrak dürli görnüşli matalary we 40 million inedördül metr boýalan matalary öndürmäge mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Öň ýurdumyzda öndürilmeýän bu matalaryň önümçiliginiň ýola goýulmagy olaryň daşary ýurtlardan getirilýän möçberlerini hem-de olary getirmek üçin daşary ýurt pulundaky çykdajylary azaltmaga mümkinçilik berer, iň esasy bolsa, bu toplumyň açylyp, ulanmaga berilmegi bilen ýene-de 700-den gowrak täze iş orunlary dörär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary bu dokma toplumynyň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady we olary şu günki mejlis tamamlanandan soň, bu dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy.
Illi Liderimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisin jemläp, oňa gatnaşyjylara öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmekde üstünlik arzuw etdi we biz ertir «Bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy: parahatçylygyň we howpsuzlygyň esaslary» atly halkara maslahatynda duşuşarys, 12-nji dekabrda bolsa, Türkmenistanyň Milli baýramyny – Bitaraplyk gününi giňden we dabaraly belläp geçeris diýip belledi we ähli watandaşlarymyzy bu şanly waka bilen ýene bir ýola gutlady.