Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 17 ýyllygy we türkmen paýtagtynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagynyň 5 ýyllygy mynasybetli “Bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy: parahatçylygyň we howpsuzlygyň esaslary” ady bilen geçirilýän halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabatda gelen BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili, BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça wekilhanasynyň baştutany jenap Ýan Kubişi kabul etdi.
Ýüzbe-ýüz duşuşyk üçin hoşallyk bildirip, BMG-niň ýokary wezipeli wekili hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ählihalk baýramy bolan Bitaraplyk güni bilen gutlady we häzirki döwürde tutuş adamzadyň öňünde durýan meseleleriň oňyn çözgüdini tapmakda Türkmenistanyň eýeleýän işjeň ornuna ýokary baha berýän BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Munuň mähirli salamyny ýetirdi.
Türkmenistanyň saýlap alan ýoluna hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi üçin minnetdarylk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Muna mähirli salamyny we saglyk hem-de abadançylyk baradaky arzuwlaryny aýtdy.
Tutuş dünýäde parahatçylygyň we durnuklylygyň binýady bolup durýan iri hem-de abraýly gurama bolan BMG bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýedigini bellemek bilen, milli Liderimiz Türkmenistanyň halkara durmuşynyň giň möçberli gün tertibinde durýan möhüm meseleleriň oňyn çözülmegine mundan beýläk-de işjeň gatnaşmaga taýýardygyny nygtady.
Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistan bilen BMG-niň birnäçe möhüm ugurlar, şol sanda sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmek, Owganystanyň ykdysady taýdan ösmegine we durnukly ösüşine ýardam bermek ýaly möhüm ugurlarda üstünlikli ösdürilýän köpýyllyk hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleriniň giň ugurlary boýunça pikir alşyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ählumumy parahatçylygyň, rowaçlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine strategik hyzmatdaşlygy amala aşyrýan Türkmenistanyň özüniň bitaraplyk derejesine laýyklykda mundan beýläk-de goňşy Owganystana hemmetaraplaýyn kömek goldaw berjekdigini, bu ýurduň halky bilen Türkmenistanyň halkyny köpasyrlyk dostluk hem-de birek-birege goldaw bermek däpleriniň baglanyşdyrýandygyny, şeýle hem aýry-aýry döwletler bilen bolşy ýaly, halkara hem-de sebitleýin guramalar, ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen ýygjam gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardygyny belledi.
Türkmen tarapynyň köp ugurly gatnaşyklary ýola goýmaga bolan işjeň çemeleşmelerine hoşallyk bildirip, BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistany ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hasaplaýandygyny hem-de onuň Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi boýunça möhüm halkara taslamany durmuşa geçirmek, şeýle hem BMG-niň howandarlygynda Owganystanda we tutuş sebitde durnukly ýagdaýyň üpjün edilmegine oňyn täsirini ýetirýän parahatçylykly owganara gepleşiklerini geçirmek üçin syýasy giňişligi bermek babatda öňe sürýän möhüm başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldaýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, myhman türkmen paýtagtynda geçirilýän iri halkara forumynyň we onda ara alnyp maslahatlaşyljak halkara hyzmatdaşlygynyň giň ugurlary boýunça girizilen derwaýys meseleleriň uly ähmiýetiniň bardygyny belledi.
Hoşlaşanlarynda BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili Ýan Kubiş milli Liderimize gurama gatnaşyjy ýurtlaryň özara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge bolan oňyn çemeleşmeleri hem-de onuň netijeli häsiýete eýe bolmagy ugrunda edýän tagallalary üçin hoşallyk bildirdi we Türkmenistan bilen BMG-niň hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.