Ï Türkmenistanyň Mejlisinde duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Mejlisinde duşuşyk geçirildi

view-icon 599
Ikitaraplaýyn türkmen-latwiýa hyzmatdaşlygyny netijeli ösdürmegiň meseleleri Ýurmala şäheriniň şäher dumasynyň başlygy jenap Gatis Truksnisiň ýolbaşçylygyndaky Latwiýa Respublikasynyň wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Mejlisinde geçirilen duşuşygyň gün tertibine girizildi. Bu ýurduň wekiliýeti biziň ýurdumyza Türkmenistanyň Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk çärelerine gatnaşmak üçin geldi.

Duşuşygyň barşynda Latwiýanyň şypahana şäheriniň parlament toparynyň wekilleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuşy ugra gönükdirilen içeri syýasatynyň, türkmen döwletiniň döredijilikli ylalaşdyryjylyk daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen giň halkara hyzmatdaşlygy we oňyn bitaraplygyň ýörelgeleri şol syýasatyň esasy ugry bolup durýar.

Türkmenistanda bolup geçýän ägirt uly özgertmelere tüýs ýürekden haýran galandyklaryny aýtmak bilen, dostlukly ýurduň wekiliýetiniň agzalary şu ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Latwiýa Respublikasyna bolan resmi saparynyň çäklerinde ýokary derejede gazanylan ikitaraplaýyn möhüm ylalaşyklary nazara almak bilen söwda-ykdysady, medeni-gumanitar ugurlarda, syýahatçylyk ulgamynda we beýleki ugurlarda türkmen-latwiýa hyzmatdaşlygyny giňeltmäge çalyşýandyklaryny aýtdylar.

Taraplaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň we hoşniýetli erk-islegiň bardygyny bellemek bilen, duşuşyga gatnaşyjylar netijeli gatnaşyklary giňeltmek, şol sanda iki ýurduň parlamentarileriniň ugry boýunça giňeltmek barada pikirlerini aýtdylar.

Saparyň çäklerinde Ýurmala şäheriniň şäher dumasynyň başlygy jenap Gatis Truksnisiň ýolbaşçylygyndaky Latwiýa Respublikasynyň wekiliýeti “Bitaraplyk we Öňüni alyş diplomatiýasy: parahatçylygyň we howpsuzlygyň esaslary” atly halkara maslahatyna gatnaşdy, şeýle hem Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetinde kabul edildi.