Ï Türkmenistanyň Prezidenti Halkara maslahatyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara maslahatyna gatnaşdy

view-icon 806
Şu gün paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagynyň 5 ýyllygyna we türkmen döwletiniň hemişelik Bitaraplygynyň 17 ýyllygyna bagyşlanan “Bitaraplyk we Öňüni alyş diplomatiýasy: parahatçylygyň we howpsuzlygyň esaslary” atly halkara maslahaty geçirildi.

Bu ähmiýetli seneler Türkmenistanyň garaşsyz taryhynda möhüm wakalar bolmak bilen çäklenmän, eýsem, şu ýyllarda geçilen ýol barada oýlanmak, netijeleri jemlemek, ýurdumyzyň daşary syýasy ugruny amala aşyrmagyň häzirki tapgyryna baha bermek we Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2013-2017-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň kabul edilmegi bilen baglylykda onuň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin oňaýly mümkinçilik bolup durýar. Bu mesele baradaky söhbetdeşlige abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň, şol sanda Birleşen Mmilletler Guramasynyň, ÝHHG-niň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýokary wezipeli wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orundasarlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary döwletleriň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, biziň ýurdumyzyň diplomatik korpusynyň wekilleri çagyryldy.

Ruhyýet köşgüniň Maslahatlar zalyna ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar.

Türkmen döwletiniň Baştutany we halkara guramalaryň ýolbaçylary, görnükli syýasy işgärler sahna çykýarlar we prezidiumda öz orunlaryny eýeleýärler.

Halkara maslahatyna gatnaşyjylary, ýurdumyzyň myhmanlaryny mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň Prezidenti wekilçilikli maslahaty açyk diýip yglan etdi.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar, ony maslahata gatnaşyjylar alyp göterýärler.

Soňra BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy, Ilçi Miroslaw Ýença Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berýär.

Milli Liderimiz wekilçilikli maslahatyň münberinden zala ýygnananlara döwlet dilinde ýüzlenip, olary Türkmenistanyň Bitaraplyk gününiň öň ýanyndaky bu şanly gün bilen ýene bir gezek mähirli gutlady. Şu günki maslahat halkara derejesindäki uly syýasy waka bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz maslahatyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda geçirilmegi oňa aýratyn ähmiýet berýär diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz öz çykyşyny BMG-niň resmi dilleriniň biri bolan rus dilinde dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyz myhmanlara Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 17 ýyllygy we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagynyň 5 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabara gatnaşýandyklary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, biziň şu duşuşygymyz adamzadyň esasy aladasy bilen baglanyşykly ähli zatlar – onuň taryhyň barşy we subýektiw howplar bilen şertlendirilen täze wehimlere garamazdan, umumy öýi gurmaga taýýardygy we ukyplydygy babatda pikir alyşmak üçin amatly hem-de öz wagtynda dörän ýagdaýdyr diýip nygtady. Ýöne, durmuş şeýledir, eger-de biz onuň umumy akymyny öz güýjimiz bilen üýtgedip bilmesek, onda oňa köpçülikleýin pähim-paýhasymyz, tejribämiz we bilimimiz bilen täsir etmek biziň häzirki we geljekki nesilleriň öňündäki mukaddes borjumyzdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ata-babalarymyzyň parasatly sözlerini mysal getirdi. “Eger-de biz geljegiň meselelerine taryh hakykaty we sagdyn dowamatlylyk nukdaýnazaryndan çemeleşip, parahatçylyk, howpsuzlyk we ösüş wezipelerini yzygiderli we gyşarnyksyz, ädimme-ädim çözsek, geljegiň çäklerini giňeldip bileris”.

Dünýä ösüşini dolanywsyz ynsanperwerlik häsiýetine eýe etmek bilen bagly täze çemeleşmeleri gözläp tapmak barady aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen bitaraplygynyň nusgasy Türkmenistanyň daşary syýasatynyň derejesi hökmünde halkara bileleşiginiň işindäki täsin tejribä gönükdirilendir. Ýyl-ýyldan halkara bileleşigi bilen köpugurly gatnaşyklaryň ol ýa-da beýleki wezipelerini çözmek bilen, biz özümiziň Bitaraplygymyzyň nusgasynyň berkdigine, çeýedigine we dowamatlydygyna göz ýetirýäris.

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň taryhy – dünýä bileleşigini “Türkmenistanyň Bitaraplygyna hormat goýmaga we ony goldamaga” çagyran BMG-niň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda ýörite Rezolýusiýasynyň kabul edilmeginden başlap, halkara syýasatynyň hukuk meýdanynda özbaşdak başlangyçlary durmuşa geçirmäge çenli – biziň seçip alan bitaraplyk ugruna ilkbaşdan wepalydygymyzyň subutnamasydyr. Biziň bütin dünýä äşgär eden bitaraplygymyz “gelip çykyşy boýunça ykrar edilendir, görnüşi boýunça hemişelikdir we mazmuny boýunça oňyndyr”. “1995-nji ýylyň dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň dünýäniň 185 döwletiniň üsti bilen bize bildiren ynamyna uly sarpa goýup we buýsanyp, biz bir pursat hem halkara bileleşiginiň öňündäki jogapkärçiligimizi ýatdan çykarmaýarys we dünýä taryhynyň iň täze, köp babatda çökgünli döwründe biziň döwletimiziň strategiki özygtyýarly maksatlary bilen baglylykda hemişelik oňyn bitaraplyk ýörelgesini mundan beýläk-de döredijilikli dowam etdirmegi özümiz üçin hormatly iş hasaplaýarys” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli bähbitleriň, dünýä howpsuzlygynyň we ählumumy ösüşiň özara baglanyşygyna esaslanan döwlet Bitaraplygynyň baş ýörelgelerini häsiýetlendirmek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti biziň seçip alan bitaraplygymyz Türkmenistanyň halkynyň özboluşlylygyna, onuň taryhy we medeni däplerine, şeýle hem özüniň geografiki ýerleşişini we serişdeler kuwwatyny nazara almak bilen, biziň ýurdumyzyň ýüzbe-ýüz bolýan anyk ýagdaýlaryna sazlaşykly laýyk gelýän nusga boldy diýip belledi.

Bitaraplyk ugry we onuň esasyna goýlan ýörelgeler bize parahatçylyk söýüjilik, beýleki halklara, olaryň medeniýetine we däp-dessurlaryna hormat goýmak hem-de sabyr-takatlylyk ýaly binýatlaýyn ölçegler iş ýüzünde Türkmenistanyň daşary syýasatynda we diplomatiýasynda hem öz aýdyň beýanyny tapýar. Türkmen bitaraplygy biziň sebitimizde halkara parahatçylyk döredijilik tagallalarynyň möhüm şertine öwrüldi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hut Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda Täjigistanda parahatçylygy we ylalaşygy gazanmakda möhüm orun eýelän gepleşikleriň birnäçe tapgyrynyň geçirilendigini ýatlatdy. Biziň bitarap döwletimiziň paýtagty geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň ahyrynda Owganystanyň içindäki gapma-garşylyklary kadalaşdyrmak boýunça gepleşikleriň geçirilen ýeri boldy. Türkmenistan sebitde syýasy durnuklylygy saklamak, hoşniýetli goňşuçylygy, dostlugy we hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde BMG-niň ygtybarly we netijeli hyzmatdaşyna öwrüldi. Munuň özi BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin Sebit merkezini Aşgabatda açmak baradaky çözgüdiň tassyk edendigini aňladýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Biz şeýle düzümi biziň sebitimizde döretmek başlangyjy bilen çykyş edip we Aşgabady onuň ştab-kwartirasynyň ýerleşjek ýeri hökmünde teklip edip, iki sany düýpli delilden ugur aldyk, birinjiden, munuň özi dünýä bileleşiginiň Merkezi Aziýadaky parahatçylyk döredijilik tagallalarynyň yzygiderli häsiýeti bolmagyny üpjün etmek, olary BMG-niň derejesinde berkitmek zerurlygy bilen baglanyşyklydyr, şeýle hem gapma-garşylyklaryň öňüni almak we olary aradan aýyrmak babatda degişli hukuk derejesine hem-de ygtyýarlyklara eýe bolan täsirli we netijeli halkara guralynyň sebiti üçin örän zerurdygy bize äşgär boldy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Ikinjiden bolsa, bu daşary syýasatyň bitaraplyk nusgasy bilen halkara öňüni alyş diplomatiýasynyň maksatlarynyň umumylygyna, sebit we ählumumy derejede parahatçylygy hem-de howpsuzlygy saklamagyň möhüm şertleri hökmünde olaryň birek-bireginiň üstüni ýetirýändigine düşünmek bilen baglanyşyklydyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Şu nukdaýnazardan hormatly Prezidentimiz gürrüňüni dowam etmek bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin Sebit merkezini döretmek we onuň ştab-kwartirasyny Aşgabatda ýerleşdirmek baradaky çözgüdi örän dogry, öz wagtynda kabul edilen hem-de strategiki taýdan esaslandyrylan çözgütdir we ol goňşy ýurtlaryň ählisi tarapyndan goldanylandygyny, şeýle hem munuň üçin Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentlerine, BMG-niň Baş sekretaryna, Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalaryna, Milletler Bileleşigine girýän döwletleriň ählisine parasatlylyk, öňdengörüjilik görkezendigi hem-de syýasy erk-islegi üçin minnetdarlyk bildirýändigini belledi.

Bu çözgüt sebitde parahatçylykly, gapma-garşylyksyz, sazlaşykly ösüş ýagdaýy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we dünýä bileleşiginiň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki abraýly halkara düzümleriniň uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy we gatnaşyklary üçin şertleri döretmek babatdaky ymtylmalarymyzda biziň bitewüligimiziň tassyknamasyna öwrüldi diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Aşgabat şäheriniň Sebit merkeziniň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri hökmünde seçilip alynmagy Türkmenistan üçin uly abraýdyr diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz munuň ýurdumyza bildirilen uly ynam we hormat, halkara işlerinde Türkmenistanyň oňyn ornunyň ykrar edilmeginiň subutnamasydygyny, Merkeziň netijeli hereket etmegini üpjün etmäge, onuň ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň netijeli işlemegi üçin syýasy we guramaçylyk şertlerini döretmäge örän jogapkärli çemeleşýändigini we bu işleriň geljekde hem yzygiderli amala aşyryljakdygyny aýtdy.

Sebitiň ýüzbe-ýüz bolýan howplarynyň we wehimleriniň öňüni almak, bu ýerde parahatçylyk, howpsuzlyk we strategiki durnuklylyk üçin berk esasy döretmek möhüm bolup durýar diýip nygtamak bilen, döwlet Baştutanymyz BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň özüniň şu ýylyň awgust aýynda geçirilen mejlisiniň barşynda öňüni alyş diplomatiýasynyň we çylşyrymly meseleleriň oňyn çözülmeginiň möhüm ähmiýetini bellemegi we şunuň bilen baglylykda, Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin Sebit merkeziniň tagallalaryny goldamagy tötänden däldir, Merkeziň işgärleriniň, olaryň hyzmatdaşlarynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň şeýle goldawyna buýsanyp biljekdigini belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Merkeziň beýleki halkara düzümleri we sebit guramalary, şol sanda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýlekiler bilen hyzmatdaşlygyny goldaýarys hem-de hyzmatdaşlygyň barşynda terrorçylyga, ekstremizme, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek, serhetýaka suw-energetika serişdelerini dolandyrmak meseleleriniň, Owganystandaky ýagdaý bilen baglylykda sebitleýin howpsuzlyk ýaly derwaýys wezipelere umumy çemeleşmeleriň işlenip düzülýändigini aýtdy.

Häzirki wagtda energiýa çig malyny ibermegiň berk halkara kepilliklerini üpjün etmezden ählumumy ykdysadyýetiň durnukly ösüşi, sebitde gapma-garşylyksyz we howpsuz ýagdaý, aýry-aýry döwletleriň, şeýle hem tutuş ýurtlaryň toparlarynyň daşary syýasat ugrunyň aýanlygy barada gürrüň edip bolmajakdygy eýýäm häzirden äşgärdir, başgaça aýdylanda, energetika howpsuzlygy häzirki wagtda tutuş halkara gatnaşyklar ulgamynyň durnukly we yzygiderli ösüşiniň esasy şertleri hökmünde çykyş edýär we ýakyn geljekde hem şeýle şert hökmünde çykyş eder, sunuň bilen baglylykda, biz BMG-niň üsti bilen dünýä jemgyýetçiligini ýangyç serişdelerini öndürijileriň, olary üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitlerini deň derejede nazara alýan energiýa serişdelerini ibermek ulgamynyň netijeli hereket etmegini üpjün etmäge gönükdirilen köpugurly halkara-hukuk guralyny işläp taýýarlamaga girişmäge çagyrýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Döwletara gatnaşyklary, sebitara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak babatda ulag we kommunikasiýalar ulgamynyň ösdürilmegi geljegi uly ugurlaryň biri bolup durýar diýip bellemek bilen, milli Liderimiz häzirki wagtda syýasat we ykdysadyýet berk baglanyşyklydyr we tejribäniň görkezişi ýaly bilelikdäki ykdysady, söwda, maýa goýum taslamalary iň çylşyrymly daşary syýasy gapma-garşylyklaryň öňüni almaga we olary aradan aýyrmaga, öňüni alyş diplomatiýasynyň netijeli çäreleri hökmünde çykyş etmäge ukyplydygyny, şoňa görä-de, geljek ýyl Aşgabatda Sebit merkeziň howandarlygynda sebitleýin durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmagyň şerti hökmünde ulag-kommunikasiýa düzümini ösdürmegiň geljegine bagyşlanan ýörite halkara maslahatyny geçirmegi teklip edýändigini nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde derwaýys meseleleriň biriniň-de ekologýia howpsuzlygy bilen baglanyşyklydyr, ekologiýa ýurtlaryň agzyny alardýan serişde, döwletleriň dürli önümçilik, ykdysady bähbitleriniň ýesiri bolmaly däl-de, eýsem hut “ýaşyl ykdysadyýetiň” öňdebaryjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmak arkaly ekologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek arkaly Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşiniň köp meselelerini çözmegiň, adamlaryň ýaşaýşynyň durmuş-ykdysady şertlerini gowulandyrmagyň ýollaryny tapyp boljakdygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň anyk teklipleriniň birnäçesi bardyr. Biz şol teklipler bilen şu ýylyň tomsunda geçirilen BMG-niň durnukly ösüş boýunça “RIO+20” maslahatynda çykyş etdik. Gürrüň, ilkinji nobatda Hazar deňziniň täsin tebigy baýlyklarynyň aýawly saklamak we Araly halas etmek barada barýar. Bilermenleriň düýpli bahasy we ýagdaýy ulgamlaýyn öwrenmek esasynda bilelikdäki çözgütleri, şol sanda syýasy-hukuk häsiýetli çözgütleri işläp taýýarlamak üçin işjeň diplomatik gepleşiklere girişmegiň möhümdigine ynanýarys. Merkeziň ýolbaşçylaryna BMG-niň doly ygtyýarly düzümi hökmünde bu çärä işjeň gatnaşmaklary barada pikir etmegi teklip edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Owgan meselesine degip geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz ýagdaýyň parahatçylykly we syýasy serişdeler arkaly kadalaşdyrylmagy bu ýurduň durmuş-ykdysady taýdan täzeden dikeldilmegi üçin halkara tagallalarynyň aňrybaş jemlenmesi zerur bolup durýar.

Şu jähtden, öňüni alyş diplomatiýasynyň orny we jogapkärçiligi artýar. Türkmenistan bu işde Birleşen Milletler Guramasyna, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisine hemmetaraplaýyn goldaw bermäge, BMG-niň howandarlygynda Owganystandaky ýagdaýyň ol ýa-da beýleki meseleleri boýunça dürli görnüşdäki gepleşikleriň geçirilmegi üçin zerur bolan syýasy we guramaçylyk şertlerini hödürlemäge taýýardyr diýip gürrüňini dowam etmek bilen, döwlet Baştutanymyz biziň ýurdumyzyň durmuş düzümini gurmakda, elektrik energiýasy bilen üpjün etmekde, işgärleri taýýarlamakda we beýleki ugurlarda Owganystana kömek bermegini dowam etdirjekdigini nygtamak möhümdir, biz Owganystany parahatçylykly we döredijilikli ýol bilen ösdürmekde, sebitleýin durnuklylygy we hyzmatdaşlygy üpjün etmekde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini gurmak taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýarys we ol taslamany häzirki döwürde iş ýüzünde durmuşa geçirmek tapgyryna gadam goýlandygyny bellemek isleýärin diýip aýtdy.

Şeýle hem döwletleriň we abraýly halkara guramalarynyň ýaragsyzlanmak ulgamyndaky özara gatnaşyklarynyň meselelerine degip geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz munuň özi sebitde howpsuzlyk ulgamynyň berkidilmegi bilen berk baglanyşyklydyr we ol Sebit merkeziniň alyp barýan işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny beldedi.

Ýaragsyzlanmak çäreleriniň yzygiderli we dolanywsyz häsiýete eýe bolmagyny gazanmak üçin döwletleriň we abraýly halkara guramalarynyň yzygiderli köptaraplaýyn gatnaşyklary zerur bolup durýandygyna ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýer togalagynyň şu böleginde döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda gapma-garşylyksyz dünýägaraýşy berkarar etmäge we pugtalandyrmaga täsir edýän düýbünden täze syýasy – psihologik ýagdaýy döretmegiň zerurlygynyň ýüze çykýandygyny belledi. Şunda döwletler bar bolan çylşyrymly we jedelli meseleleri çözmegiň guraly hökmünde harby güýjüň kabul ederlikli däldigine düşünmelidirler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, ýaragsyzlanmak meseleleri hem Sebit merkeziniň işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz sebit we ählumumy ýagdaýlaryň barşyna hem-de many-mazmunyna garaýyşlary üýtgedýär, şu şertlerde öňüni alyş diplomatiýasy gapma-garşylyklara ýol bermezligiň, jedelleriň gepleşikler arkaly öz wagtynda çözülmeginiň möhüm şertine öwrülýändigini aýtdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz geçen bäş ýylyň dowamynda amala aşyrylan işler seçilip alnan ugruň dogrudygyny görkezdi, öňüni alyş diplomatiýasy boýunça merkez sebitde parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmaga, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny döretmäge uly goşant goşdy we goşant goşmagyny dowam edýär, munuň özi iň ýokary baha berilmegine mynasypdyr diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda milli Liderimiz Ilçi Miroslaw Ýença, Merkeziň ähli işgärlerine olaryň netijeli zähmeti üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşy uly üns bilen diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Soňra milli Liderimz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara maslahatynyň umumy mejlisini dowam edip, BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary jenap Jeffri Feltmana söz berdi.

Maslahata gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etmek bilen, jenap J.Feltman döwlet Baştutanymyza mähirli kabul edilendigi, şu günki maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesi we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine ýakyndan goldaw berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen halkyny we hökümetini halkara derejesindäki milli baýram bolan Bitaraplyk güni bilen gutlady. Soňra belent mertebeli myhman Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Munuň “Bitaraplyk we Öňüni alyş diplomatiýasy: parahatçylygyň we howpsuzlygyň esaslary” atly halkara maslahaty mynasybetli iberen gutlagyny okady. Onda, hususan-da, “Açyk gapylar” syýasaty, oňyn bitaraplyk ýörelgesini yzygiderli durmuşa geçirmegi netijesinde, Türkmenistan häzirki döwürde Merkezi Aziýada durnuklylygy pugtalandyrmaga we sebitde netijeli gatnaşyklaryň berkidilmegine ägirt uly goşant goşýar diýlip bellenilýär. 5 ýyl mundan ozal Aşgabatda açylan Sebit merkeziniň işi barada aýtmak bilen, Pan Gi Mun hereket etmegiň bäş ýyllyk Maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda düzümiň işiniň esasy wezipeleriniň kesgitlenendigini belledi. Şonda halkara usullarynyň kömegi arkaly gapma-garşylyklary has öňürti duýdurmak, ähli ulgamlardaky çylyşyrymly ýagdaýlary aradan aýrymak işine aýratyn üns berildi.

Ýagny, öňüni alyş çemeleşmeler halkara – hukuk konsepsiýasynda häzirki döwürde adamzadyň durnukly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar, munuň özi abadan geljek üçin ygtybarly kepilleriň biridir, ol howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmagyň, tutuş dünýäde adamlaryň durmuş derejesini gowulandyrmagyň baş şertidir diýlip, gutlagda bellenilýär.

Bu babatda sebitara hyzmtadaşlygyň ägirt uly mümkiçnilikleri bardyr diýip, BMG-niň Baş sekretary nygtady. Howanyň üýtgemegine, neşeleriň bikanun dolanyşygyna, terrolrçylyga we ekstremizme hiç bir ýurt ýekelikde garşy göreşip bilmez. Mundan başga-da, bilelikdäki iş bir sebitiň döwletlerine tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmaga, söwdany giňeltmäge we ulag ulgamyny gowulandyrmaga ýardam berýär. Häzirki döwürde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň hökümetleriniň şunuň ýaly strategik maksatlara ýetmek boýunça tagallalaryny birleşdirmäge ýardam berýär.

“Men şu sebitde bolup geçýän wakalara syn edýärin we şu döwletleriň bäşisine bolan saparymy we şol sanda 2010-njy ýylyň aprelinde Sebit merkezine baryp görenimi mähir bilen ýatlaýaryn” diýlip, Aşgabatda döredilen şunuň ýaly ilkinji düzümiň, BMG-niň ugurdaş derejede beýleki sebitlerde guran merkezleriniň oňyn tejribelerini nygtan Pan Gi Munyň gutlagynda aýdylýar. BMG-niň şunuň ýaly ýörite wekilhanalary diňe bir ýurtlaryň ýa-da sebitleriň däl, eýsem, halkara guramalarynyň arasynda ýygjam gatnaşyklary ýola goýmak, durnuklygy pugtalandyrmak boýunça öňüni alyş çäreleriniň uly ähmiýeti bardyr.

Merkezi Aziýanyň ýurtlaryny sebitiň meselelerini çözmek maksady bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, ähli mümkinçilikleri umumy ösüşi üpjün etmek üçin ulanmaga çagyrmak bilen, BMG-niň Baş sekretary Öňüni alyş diplmoatiýasy boýunça Sebit merkezi bilen hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine, BMG-niň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň we gapma-garşylyklary aradan aýyrmak boýunça tagallalaryň tejribeleri esasynda ahlak gymmatlyklarynyň has-da ýokary derejä göteriljekdigine ynam bildirdi. Birleşen Milletler Guramasynyň baştutany foruma gatnaşyjylaryň netijeli işlerinde üstünlikler arzuw etdi.

Gutlagy diňläp we BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasaryna minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmek, onuň parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça tagallalaryna işjeň gatnaşmak Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny belledi. Bizi umumy gymmatlyklar we umumy jogapkärçilik baglanyşdyrýar, biz öňe hereket etmekde edýän tagallalarymyz bilen bitewidiris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

BMG bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistana bitaraplyk derejesini sebitleýin we ählumumy durnuklulygy, howpsuzlygy üpjün edýän, içerki ösüşi yzygiderli ýola goýýan usul hökmünde durmuşa geirmäge mümkinçilik berýär diýip bellemek bilen, milli Liderimiz biz BMG-ä bilelikdäki maksatnamalaryň we syýasy, ykdysady, durmuş we beýleki pudaklardaky taslamalaryň çäklerinde Türkmenistana goldaw berýändigi üçin minnetdardyrys diýip belledi we BMG-niň Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli ýörelgesine ýokary baha berýändigi üçin sagbolsün aýtdy.

Soňra Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Lamberto Zanýera söz berildi. Ol öz çykyşyna hormatly Prezildentimizi we Türkmenistanyň tutuş halkyny Bitaraplyk güni mynasybetli gutlamakdan başlady.

Türkmenistan hemişelik bitaraplyk derejesine eýe bolmak bilen, öz daşary syýasatyny Merkezi Aziýa sebitine we onuň daşyndaky ýurtlara degişli usulda ýola goýdy diýip, ÝHHG-niň Baş sekretary sözüni dowam etdi we şu saýlanyp alnan ýoluň sebitde parahatçylygy we durnuklylygy goldamakda ýurduň uly ähmiýetini şertlendirdi. Bitarap bolmak bilen Türkmenistan örän uly hem-de ähmiýetli netijeleri gazanyp bolýandygyny iş ýüzünde äşgär etdi we işjeň bitaraplyk syýasaty netijesinde halkara bileleşiginiň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

Şu jähetden jenap L.Zanýer BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Aşgabatda ýerleşýän Sebit merkeziniň özara gatnaşyklaryň we derwaýys ugurlar boýunça möhüm başlangyçlaryň netijeli utgaşdyryjysy bolup durýandygyny belledi. Şu maslahat Merkezi Aziýa syýasy derejesinde bolşy ýaly, sebitara derejesinde netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin anyk mümkinçilik bolup durýar diýip, myhman belledi we Merkezi Aziýa ÝHHG-niň gün tertibinde ýokarky setirlerde galmagyny dowam edýär diýip aýtdy. Soňky ýyllaryň dowamynda bu sebite dünýä jemgyýetçiliginiň ünsi gönükdirildi, munuň özi şeýle oňyn meýilleri mundan beýläk-de işjeňleşdirer diýip, syýasatşynas belledi.

Merkezi Aziýa döwletleriniň ÝHHG-a bolan gatnaşygyny oňlamak bilen, jenap L.Zanýer Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň we beýleki sebitleýin düzümleriň hyzmatdaşlygynyň diňe bir syýasy gatnaşyklar däl, eýsem, howpsuzlyk, ykdysady ösüş, daşky gurşawy goramak ýaly ulgamlardaky hyzmatdaş ýurtlaryň jogapkärçilikli meýilleri esasynda ýola goýulýandygyny tassyklady. Munuň özi ynsan ölçegleri meselelerinde has-da derwaýysdyr.

Onýyllyklaryň dowamynda ÝHHG-niň öňe sürýän şunuň ýaly hemmetaraplaýyn çemeleşmeleri Ýewroatlantik we Ýewraziýa bileleşiginiň döredilmegine bolan mümkinçiligini kemala getirmek babatda geljege tarap ädilen möhüm ädimdir diýip, Lamberto Zanýer belledi we ÝHHG-niň ministrler Geňeşiniň Dublinde geçen hepdede geçirilen mejlisinde şu ýagdaý boýunça gepleşikleri geçirmek barada çözgüdiň kabul edilendigini we ony guramanyň 2015-nji ýyl üçin täze güntertibine girizmegiň bellenilendigini habar berdi. Şunlukda, ÝHHG gapma-garşylyklary aradan aýyrmak üçin geňeşmeleriň gerimini giňeltmegi, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek üçin möhüm esas bolup durýan öňüni alyş diplomatiýanyň çärelerini artdyrmagy, gapma-garşylyklary döredip biljek meseleleriň dartgynlygyny peseltmegi ugur edinýär diýip, ol belledi. Munuň özi transmilli howplary aradan aýyrmagyň ýoluny tapmakda, serhetüsti howpsuzlygyň öňüni almakda we döwletleriň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny goldamakda has-da möhümdir.

BMG-niň terrorçylyga garşy strategiýasyny durmuşa geçirmegiň meselelerine degip geçmek bilen ÝHHG-niň Baş sekretary Merkezi Aziýa üçin hereket etmegiň bilelikdäki meýilnamasyny işläp taýýarlamakda Sebitleýin merkez bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi we onuň 2011-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Aşgabatda ýokary derejede geçirilen duşuşykda kabul edilendigini aýtdy. Özara gatnaşyklaryň beýleki möhüm pudaklarynyň hatarynda suw serişdelerini dolandyrmagyň we energetika syýasatynyň, Owganystandaky ýagdaýy, gumanitar meseleleriniň giň toplumyny kadalaşdyrmagyň meselelerini jenap L.Zanýer öňe çykardy we ÝHHG-niň Türkmenistan bilen anyk wezipeleri işläp taýýarlamak üçin ähli ugurlar boýunça ýola goýulýan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşy diňläp, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyga gatnaşyjy döwlet bolmak bilen, Türkmenistan ÝHHG-niň giňişliginde ählumumy ösüş ýagdaýyna oňyn täsir etmäge gönükdrilen köpugurly hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyny ugur edinýär diýip belledi.

Türkmenistan üçin ÝHHG agza bolmak, onuň işine netijeli goşant goşmak daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Biziň guramamyzyň çäklerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyny görýäris we soňky ýyllarda gazanylýan ösüşlere ýokary baha berýäris hem-de hyzmatdaşlar bilen ýola goýulýan birek-birege hormat goýmak esasyndaky gatnaşyklaryň derwaýysdygyna düşünýäris hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Maslahatyň işiniň dowamynda çykyş etmek üçin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewe söz berilýär.

S.Lebedew Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna, şeýle hem BMG-niň Baş sekretarynyň wekillerine, Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin Sebit merkeziniň baştutanyna Aşgabatda geçirilýän şeýle abraýly halkara maslahatyna gatnaşmaga çakylygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy we ýurdumyzyň ähli raýatlaryny uly döwlet baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Şu maslahatyň baýramçylyk günlerinde geçirilmeginiň aýratyn manysy bardyr, çünki ol türkmen döwletiniň işjeň daşary syýasatynyň üstünlige eýe bolýandygyny, onuň açyk we gyzyklanma bildirilýän halkara gatnaşyklaryna saldamly goşant goşýandygyny alamatlandyrýar diýip, ýokary wezipeli myhman sözüni dowam etdi.

Tejribäniň görkezişi ýaly, Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna assosirlenen agza ýurt hökmünde eýeleýän orny GDA giňişliginde goşulyşmak işlerine işjeň gatnaşmagyna päsgel bermedi. Şunda Türkmenistanyň 17 ýyl mundan ozal seçip alan Bitaraplyk ugry sebitleýin, şeýle hem ählumumy derejede oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm ähmiýete eýe boldy diýip, Ýerine ýetiriji komitetiň baştutany nygtady we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň münberinden öňe süren başlangyçlaryna ýokary baha berdi.

Bäş ýyl mundan ozal Aşgabatda BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin Sebit merkeziniň açylmagy Türkmenistanyň netijeli daşary syýasy ugrunyň dowamy, onuň dünýä bileleşiginde ýokary abraýynyň subutnamasy boldy. Häzirki wagtda Aşgabat derwaýys meseleler boýunça umumy ykrar edilen gepleşikler meýdançasyna öwrüldi diýip, S.Lebedew belledi. Bu ýerde BMG-niň howandarlygynda sebitleýin we halkara forumlary, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde ähmiýetli çäreler geçirilýär. Munuň özi globallaşmak şertlerinde BMG-niň we sebitleýin guramalaryň sazlaşykly hereket etmegi baradaky pikiriň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň aýdyň mysaly bolup durýar.

Gatnaşyklaryň şeýle sazlaşykly häsiýeti gapma-garşylyklaryň öňüni almak, sebitleýin we halkara möçberlerinde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek maksadynda öňüni alyş diplomatiýasynyň täsirli gurallaryny bilelikde döretmek wezipelerine hem doly derejede degişlidir. Hususan-da, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň BMG-niň sebit merkezi bilen hyzmatdaşlyga üns bermegi hem şunuň bilen şertlendirilendir. Maňa merkeziň açylyş dabarasyna gatnaşmak miýesser etdi, şonda biziň gatnaşyklarymyza badalga berildi. Şondan soň iş duşuşyklary yzygiderli häsiýete eýe boldy, işjeň pikir alyşmalar dowam edýär, garaýyşlar anyklanylýar, umumy meseleleri çözmekde biziň hyzmatdaşlygymyzyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň ýollary kesgitlenilýär diýip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçysy sözüni dowam etdi.

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy hökmünde S.Lebedew şeýle hem şu ýyl Arkalaşyga başlyklyk edýän döwlet hökmünde Türkmenistanyň hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini we bu babatda işjeň orny eýeleýändigini aýratyn nygtady. 5-nji dekabrda Aşgabatda GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Bu ýerde ozal geçirilen iri çäreler ýaly, döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi hem ýokary derejede guraldy. Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň netijesinde döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly ähmiýetli resminamalaryň birnäçesi kabul edildi.

Şol resminamalaryň arasynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hakyndaky Jarnamasyna aýratyn orun degişlidir. Onda Arkalaşyga agza ýurtlaryň Prezidentleri, hususan-da, Öňüni alyş diplomatiýasynyň serişdelerini ulanmak babatda GDA-nyň mümkinçiliklerini artdyrmagyň möhümdigini beýan etdiler. Bu esasy resminamada beýan edilenleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti we Arkalaşygyň degişli pudaklaýyn edaralary BMG-niň Sebit merkezi bilen oňyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyr diýip, S.Lebedew öz çykyşyny tamamlady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenap S.Lebedewe çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki gatnaşyklara biziň GDA-nyň ýurtlary bilen gatnaşyklarymyza goşmaça itergi berjek, sebitleýin we sebitara gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrjak möhüm ýagdaý hökmünde garaýar diýip belledi.

Ýaňy-ýakynda Aşgabat şäherinde GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygynyň geçirilendigini belläp, hormatly Prezidentimiz bu ýokary derejedäki duşuşygyň netijeleriniň Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygy has-da berkitmek we birleşmek ýagdaýlary üçin kuwwatly itergi boljakdygyna ynam bildirdi.

GDA biziň daşary syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Biz geljekde hem Arkalaşygyň çäklerinde bilelikde üstünlikli işlemek—eýýäm bar bolan ylalaşyklary amala aşyrmak, şeýle hem hyzmatdaşlygy ösdürmegiň maksatnamalaryny işläp taýýarlamak babatda ähli tagallalary etmegi göz öňünde tutýarys.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş etmek üçin Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary jenap Şamil Aleskerowa söz berdi.

BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň döredilmeginiň bäş ýyllygy mynasybetli geçirilýän şu möhüm halkara maslahatyna gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtap, YHG-niň baştutany türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirdi we ýygnananlary BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin Sebit merkeziniň döredilmeginiň bäş ýyllygy, şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplyk güni bilen gutlady.

Öňüni alyş diplomatiýasy dünýäniň dürli sebitlerinde gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň we jedelli meseleleri parahatçylyk ýoly bilen çözmegiň, ýurtlaryň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň guraly hökmünde sebitleýin we dünýä ösüşini üpjün edýär diýip, Ş.Aleskerow aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk YHG, ŞHG ýaly halkara guramalarynyň howandarlygynda uly ähmiýete eýe bolup biljekdigi bellenildi. Şol guramalar söwda, energetika, daşky gurşawy goramak, ulag we beýleki ulgamlarda köpçülikleýin hereketler arkaly öňüni alyş diplomatiýasy syýasatyny durmuşa geçirip, ýurtlaryň tagallalaryny durnukly ösüşe gönükdirip bilerler.

Şunuň bilen baglylykda, bu Merkeziň maksatlarynyň we wezipeleriniň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maksatlaryna laýyk gelýändigini aýdyp, Ş.Aleskerow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlary umumy taryhy kökleriň, şeýle hem umumy maksatlaryň birleşdirýändigini belledi. Şol döwletleriň bäşisi Merkezi Aziýa sebitine degişlidir. 400 million adama golaý ilatly we çalt depginlerde ösýän ykdysadyýetli YHG-niň ýurtlary—munuň özi uly kuwwaty bolan we geljegi uly bazardyr diýip, bu guramanyň baştutany aýtdy hem-de belent foruma ileri tutulýan ugurlarda YHG-niň işi babatda iň soňky maglumatlary hödürledi. Gürrüň, hususan-da, YHG sebitinde söwdany höweslendirmek we erkinleşdirmek, demir ýol ulgamyny hem-de ulag geçelgelerini ösdürmek, maglumatlar hem-de kommunikasiýalar ulgamynda, şeýle hem energetika howpsuzlygy, daşky gurşawy goramak, azyk howpsuzlygy ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek barada barýar.

Çykyşynyň ahyrynda Ş.Aleskerow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň maksatlaryny we işini goldaýandygyny aýtdy. Bu düzümiň işiniň üstünligi köp babatda YHG-niň hem üstünligini kesgitleýär. Ol şu gün Türkmenistanyň Baştutanynyň çykyşynda beýan edilen geljegi uly ugurlar boýunça bu hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyr diýip, YHG-niň Baş sekretary nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmana mazmunly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan YHG-niň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär diýip belledi. YHG-niň hut 1995-nji ýylda Yslamabatda geçirilen duşuşygynda halkara guramanyň çäklerinde ilkinji gezek biziň ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesini goldadylar, munuň özi onuň dünýä ýüzünde ykrar edilmegine alyp baýran ýolda möhüm ädim boldy diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

YHG-niň ýurtlarynyň serişdeler binýadyny we üstaşyr artykmaçlyklaryny nazara almak bilen, YHG-niň işiniň sebitleýin we sebitara hyzmatdaşlygyň barşyna oňyn täsirini belläp, hormatly Prezidentimiz biziň ýurdumyz bu ugurda YHG bilen geljekde hem gatnaşyklary saklamakçydygyny tassyklady.

Soňra halkara maslahatynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Muratbek Imanalyýew çykyş etdi. Ol öz çykyşyny maslahata gatnaşmaga çakylyk üçin ony guraýjylara, şeýle hem däbe öwrülen türkmen myhmansöýerligi üçin hoşallyk bildirmekden başlap, ýurdumyzyň halkyny we ýolbaşçylaryny Bitaraplygyň 17 ýyllygy bilen gutlady.

Şu günki çärede giň halkara wekilçiligi Türkmenistanyň abraýynyň uludygyna we onuň daşary syýasatynyň netijeliliginiň ykrar edilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär diýip, ŞHG-niň Baş sekretary aýtdy.

Häzirki döwrüň ýagdaýlary täze wehimlere we howplara garşy durmak meselelerine garamagyň möhümdigini talap edýär diýip, Baş sekretar çylşyrymly ýagdaýlaryň öňüni almak we olara bilelikde täsir etmek işinde syýasy diplomatik işi işjeňleşdirmegiň möhümdigini belledi. Mälim bolşy ýaly, ŞHG-niň jogapkärçilik zolagy ilkinji nobatda Merkezi Aziýa sebitine degişli bolup durýar. Ol tutuş Ýewraziýa yklymynda parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek meselelerinde aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, M.Imanalyýew sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen, ŞHG-niň döwletleriniň we Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmegiň möhümdigini belledi. Biziň guramamyzyň Türkmenistan bilen gatnaşyklary tebigy, sazlaşykly häsiýete eýedir diýip, ŞHG-niň baştutany Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň ŞHG-niň sammitlerine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagyny munuň ýüze çykmasy diýip atlandyrdy.

ŞHG-niň agzasy bolup durýan döwletler köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köpugurly usuly bolup durýan BMG-niň halkara gatnaşyklar ulgamynda esasy orny eýeleýänliginden berk ugur alýar. Sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek babatda ŞHG öz tagallalaryny BMG-niň terrorçylyga garşy strategiýasyny amala aşyrmaga, neşeleriň bikanun dolanyşygyna we jenaýatçylyga garşy göreşmäge gönükdirýär. Aşgabat şäherindäki Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär diýip, M.Imanalyýew merkeziň işini ykdysady we gumanitar ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin esas hökmünde kesgitledi. Ol sözüniň ahyrynda diňe bilelikdäki tagallalar bilen deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak we häzirki döwrüň esasy meseleleri boýunça bilelikdäki nukdaýnazarlary gözläp tapmak ruhunda hereket etmek bilen, bar bolan we ýüze çykýan howplary ýok edip, biziň sebitimiziň parahatçylykly we durnukly ösüşini üpjün edip bolar diýip belledi. Döwlet Baştutanymyz oňa mazmunly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklaryna ýokary baha berýär diýip belledi. Bu guramanyň agzasy bolup durýan döwletler, şeýle hem synçy ýurtlar Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlary, biziň goňşularymyz we dostlarymyz bolup durýarlar. Şonuň üçin ŞHG bilen gatnaşyklarymyzy ösdürmäge biz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şeýle hem özümiziň sebitleýin we dünýä möçberindäki işlere umumy ugrumyz hökmünde garaýarys diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Soňra BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy, Ilçi Miroslaw Ýençä söz berildi.

Merkeziň işine beren ýokary bahasy we onuň mundan beýläk alyp barjak işleri boýunça şu gün türkmen döwletiniň Baştutanynyň beýan eden anyk teklipleri üçin çuňňur hoşallyk bildirmek bilen, jenap Ýença BMG-niň bu düzüminiň ýolbaşçysy we maslahatyň bilelikdäki guraýjysy hökmünde ÝHHG-niň, GDA-nyň,YHG-niň we ŞHG-niň ýolbaşçylaryna gutlaglary hem-de forumyň işine giňden gatnaşýandyklary üçin hoşallyk bildirdi.

Bitaraplyk gününiň öň ýanynda Merkeziň 5 ýyllygyny bellemegimiz tötänden däldir. Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi BMG-niň sebit merkeziniň ştab-kwartirasyny Aşgabatda ýerleşdirmek üçin esasy şertleriň biri boldy diýip, M.Ýença belledi. Bu gün biz sebitiň we dünýäniň duçar bolýan wehimlerine jogap hökmünde uzakmöhletleýin çözgütleri gözläp tapmak üçin Türkmenistanyň artýan tagallalaryny synlap bilýäris.

Sebit merkezi Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň – Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitde bar bolan halkara terrorçylygy we ekstremizm, neşeleriň bikanun dolanyşygy, guramaçylykly jenaýatçylyk, daşky gurşawyň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy ýaly wehimlere bilelikde garşy durmak isleglerinde olara kömek etmek üçin gazanylan ylalaşygyň esasynda döredildi. Bu BMG-niň sebitleýin möçberdäki öňüni alyş işine ýöriteleşýän ilkinji düzümidir. Ol dünýäniň beýleki sebitlerinde hem şunuň ýaly ýagdaýlar üçin nusga bolup hyzmat edip biler. Şu 5 ýylyň dowamynda, Merkez Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň hökümetleri hem-de halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda hereket etmek bilen, sebitde giň hyzmatdaşlyk üçin gepleşikler we gurallar üçin meýdança hökmünde öz eýeleýän ornuny berkitdi. Merkez sebitde onuň çäklerinden daşarda ykrar edilen hyzmatdaş bolup, dünýä howp salyp biljek we sebitde howpsuzlygy döredip biljek meseleleriň özara kabul ederlikli çözgütlerini kesgitlemekde we işläp düzmekde Merkezi Aziýa ýurtlaryna ýardam bermek üçin işlemegini dowam edýär.

Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň işiniň ýolbaşçy ýörelgeleriniň biri adalatlylyk sözünde oňat beýan edilendir diýip, jenap M.Ýença sözüni dowam etdi. Sebitdäki wehimlere jogaplary gözläp tapmakda Merkez taraplaryň hemmesiniň bähbitlerini we ynjalyksyzlygyny doly derejede nazara alýar. Täzeçillik, köne çözgütlerden gaça durmak beýleki bir ýörelge bolup durýar. Ol sebitiň ýurtlary bilen gatnaşyklar we gepleşikler arkaly umumy ynjalyksyzlygy döredýän meseleler boýunça oňaýly çäreleri işläp düzmäge kömek edýär. Hut şu ýörelgeler dawa töwekgelçiligini peseltmek ýa-da käbir ýagdaýlarda eýýäm dörän ýagdaýlary çözmäge kömek etmek üçin özara kabul ederlikli ädimleri şertlendirýär.

Abraýly halkara düzümleri bilen gatnaşyklarynyň çäklerinde Merkez BMG-niň ählumumy terrorçylyga garşy strategiýasyny amala aşyrmagyň üstünde bilelikdäki işleri alyp bardy, suw-energetika meselelerini çözmegiň oňaýly usullaryny üns bilen öwrendi, Owganystandaky ýagdaýy durnuklaşdyrmagyň we parahatçylykly çözmegiň ýoluny gözledi, diplomatlaryň täze nesillerini ýetişdirmäge we döwlet gullukçylarynyň öňüni alyş diplomatiýasy ulgamynda zerur bolan endiklere eýe bolmagyna ýardam etdi. Şu günki maslahat Merkeziň esasy gazananlaryna garamaga mümkinçilik bolup, ol tutuş sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň arasynda ynanyşmagy berkitmek we hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin şert döretdi.

Forumyň işiniň dowamy barada aýtmak bilen, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili maslahatyň mejlisleriniň barşynda öňüni alyş diplomatiýasyna konseptual nukdaýnazaryndan garaljakdygyny aýtdy. Maslahata gatnaşyjylar toplanan tejribäni seljerip, oňa baha bererler, öňüni alyş diplomatiýasynyň meselelerini we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Bütindünýä guramasynyň jogapkärli wekiliniň belleýşi ýaly, BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun öňüni alyş diplomatiýasyna tutuş dünýäde dawalaryň öňüni almagyň netijeli serişdesi hökmünde aýratyn üns berýär, şu meseläni bu wezipedäki ikinji möhleti döwründe öz işiniň esasy ugurlarynyň hataryna goşýar.

Birleşen Milletler Guramasy köplenç dartgynlylygyň dawa öwrülmezden öňünçä ony gowşatmagyň diplomatik usullaryna ýüzlenýär. Şu nukdaýnazardan Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Aşgabat merkezi, Merkezi Afrika üçin BMG-niň sebit edarasy we Günbatar Afrika üçin BMG-niň edrarasy ýaly sebit düzümleriniň eýeleýän ugurlary aýratyn möhümdir. Olaryň ýolbaşçylary hem şu günki maslahata gatnaşýarlar. Bu missiýanyň işi halkara bileleşiginiň sebit derejesindäki parahatçylyga we durnuklylyga abanýan howplara halkara bileleşiginiň esasy hökmünde çykyş edýär diýip, M.Ýença maslahata gatnaşyjylary türkmen tarapynyň döreden myhmansöýerlik ýagdaýynda degişli meseleler boýunça çekişmelere çagyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenap M.Ýençäniň çykyşynda beýan edilen pikiri dowam edip, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine ýokary baha berdi we Türkmenistan oňa Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm düzümi hökmünde garaýar, ol BMG-niň belent ýörelgelerini we maksatlaryny netijeli amala aşyrmaga hyzmat edýär diýip belledi.

Şu gün bellenilişi ýaly, Merkez işläp gelýän 5 ýylynyň dowamynda Merkezi Aziýa sebitinde möhüm meseleleri çözmek boýunça uly işleri ýerine ýetirdi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şu döwürde döredilen syýasy-diplomatik usullar Merkezi Aziýada parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça biziň bilelikdäki tagallalarymyzy birleşdirmäge mümkinçilik berýär. Milli Liderimiz biziň geljekki bilelikdäki işlerimiziň hem peýdaly we netijeli boljakdygyna ynanýaryn diýip belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti aýdylanlary jemläp, halkara guramalarynyň ýolbaşçylaryna gyzykly we mazmunly çykyşlary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Şu zalda aýdylan pikirleriň we teklipleriň häzirki döwürde öňüni alyş diplomatiýasynyň halkara hukuk usullaryny has-da ösdürmek üçin oňat esas boljakdygyna ynanýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Maslahatyň gün tertibine girizilen meseleler boýunça pikir alşyljak forumyň netijeli işlemegini arzuw edip hem-de duşuşygyň netijeleriniň oňat boljakdygyna umyt bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow umumy mejlisi ýapyk diýip yglan etdi.

Soňra milli Liderimiz halkara guramalaryň baştutanlary bilen Ruhyýet köşgüniň Maslahatlar zalyndan çykdy.

* * *

Soňra Halkara maslahatyň işi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň 5 ýyllygy” diýen mowzuk boýunça mejlis bilen dowam etdi.

Günüň ikinji ýarymynda şol ýerde “Dünýäde Öňüni alyş diplomatiýasy, BMG-niň sebit guramalary we sebit düzümleri bilen hyzmatdaşlygy” atly mejlis geçirildi.

Mejlisiň barşynda çykyş edenler gün tertibi üçin saýlanyp alnan meseläniň möhümdigini bellediler. Ol häzir dünýäniň köp sebitlerinde döwletara we içerki dawalary çözmegiň ýollaryny gözläp tapmak bilen häsiýetlendirilendir. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň we onuň döwrüň wehimleri babatda öňüni alyş çärelerini amala aşyrýan edaralarynyň, ýörite missiýalarynyň eýeleýän orny bellenildi. Halkara gepleşikler usullaryny, geňeşmeler gurallaryny döretmegiň, şol sanda maslahatlary we forumlary guramagyň möhümdigine aýratyn üns berildi.

Gyzyklanma bilen geçirilen çekişmelerde türkmen bitaraplygynyň ählumumy birleşme ýagdaýlaryna ýetirýän köpugurly täsirine umumy we hemmetaraplaýyn baha berildi, Türkmenistanyň daşary syýasy, ylalaşdyryjylyk başlangyçlary bilen baglylykda umumy wezipeleri çözmäge täzeçe çemeleşmelere bolan garaýyş bilen tanyşdyryldy.

Çykyş edenleriň aýratyn belleýşi ýaly, türkmen bitaraplygy we öňüni alyş diplomatiýasynyň tejribesi özara gatnaşyklaryň mümkinçilikleri bilen baglylykda, Türkmenistanyň içerki ösüşinde we dünýä giňişliginde gazanýan üstünlikleriniň jedelsiz we möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Halkara gatnaşyklarynyň gurşawynda ýiti meseleleri çözmegiň şunuň ýaly köpugurly guralynyň peýda bolmagy dünýä gurluşynyň täze konseptual esaslaryny, üçünji müňýyllygyň başynda adamzadyň öňünde keserip duran möhüm meseleleri çözmäge has kämil çemeleşmeleri döretmäge ýardam etdi.

Maslahatyň işiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Olar öz Ýüzlenmesinde şunuň ýaly wekilçilikli maslahatyň geçirilmegi, onuň ýokary guramaçylyk derejesi we oňyn tejribesi dünýä bileleşigi üçin ägirt uly ylmy we amaly gymmatlyk bolup durýan Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň jemlerini we netijelerini ara alyp maslahatlaşmak, pikir alyşmak üçin oňaýly şertleriň döredilendigi üçin milli Liderimize çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.