Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şanly senelere -Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 17 ýyllygyna we Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagynyň 5 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahatyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen BMG-niň Sekretariatynyň wekili jenap Wladimir Gorýaýewi kabul etdi.
Myhman döwlet Baştutany bilen salamlaşyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýetip gelýän milli baýramçylyk bilen, şeýle hem Bitarap Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän syýasatyň döredijilikli düýp mazmunyny hem-de öňdengörüjiligini äşgär görkezen, Aşgabatda bolan halkara maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady, şol syýasat bütin dünýä jemgyýetçiliginiň giňden ykrar etmegine we goldamagyna mynasyp boldy. Jenap Wladimir Gorýaýewiň nygtaýşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasy ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, sebitleýin hem-de giň möçberde durnukly ösüş üçin göwnejaý şertleri döretmegiň hatyrasyna oňyn halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge türkmen döwletiniň goşýan goşandyna ýokary baha berýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň türkmen halkynyň hem, bütin adamzadyň hem abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýän oňyn Bitaraplyk hem-de deňhukukly netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan öz daşary syýasy ugruna üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklady. Milli Liderimiz bu barada söz açyp, biziň ýurdumyzyň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň uzak möhletli hem-de netijeli häsiýetini kanagatlanmak bilen nygtady, şol hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda täze depgine we mazmuna eýe boldy. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň iri düzümleri we ýöriteleşdirilen edaralary bilen işjeň özara gatnaşyklary aýdyň şaýatlyk edýär, şolar bilen bilelikde, dürli ugurlarda bilelikdäki taslamalaryň onlarçasy durmuşa geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda türkmen döwletiniň Baştutany we myhman Türkmenistan bilen BMG-niň hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmegiň ileri tutulýan ugurlary hem-de mümkinçilikleri hakynda pikir alyşdylar. Hyzmatdaşlygyň toplanan baý tejribesi we onuň köpugurly mümkinçilikleri şol hyzmatdaşlygyň ygtybarly esasyny düzýär. Şunuň bilen baglylykda, netijeli özara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we işjeňleşdirmek üçin biziň ýurdumyzda geçirilýän uly möçberli özgertmeler netijesinde örän amatly mümkinçilikler açylýar diýlip bellenip geçildi. Olar bolsa döwletimiziň we jemgyýetimiziň hemmetaraplaýyn okgunly ösüşi üçin mäkäm esasy düzüp, däp bolan gatnaşyklara täze itergi berdi.
Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň meselelerine işjeň üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, jenap Wladimir Gorýaýew BMG-niň türkmen Lideri tarapyndan öňe sürlen hem-de häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga gönükdirilen oňyn halkara başlangyçlaryny we tekliplerini tutuşlygyna goldaýandygyny belledi.
Türkmen döwletiniň Baştutany we myhman hoşlaşyp, strategiki häsiýete eýe bolan hem-de ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbitlerine laýyk gelýän Türkmenistanyň we BMG-niň netijeli hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.