Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Mahmudjon Sobirowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary bilen duşuşyk geçirildi.
Pursatdan peýdalanyp, myhmanlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 17 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny aýtdylar. Bellenilişi ýaly, milletler bileleşigi tarapyndan dünýä taryhynda ilkinji ykrar edilen hemişelik bitaraplyk halkara-hukuk derejesiniň kabul edilmegi şu ýyllarda sebitde durnukly ýagdaýyň pugtalandyrylmagyna, parahatçylygyň we ählumumy howpsuzlygyň üpjün edilmegine ägirt uly goşant goşýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlaryny kesgitledi. Biziň ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk we hoşnýietli goňşuçylyk syýasatyna ýokary baha bermek bilen, wekiliýetiň agzalary täjik halkynyň şeýle syýasata oňat düşünýändigini hem-de doganlyk türkmen halkyna syýasy we ykdysady taýdan goldaw berýändigi üçin hoşaldygyny bellediler.
Soňky ýyllarda has işjeň häsiýete eýe bolan türkmen-täjitk gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada bolan pikir alyşmalaryň barşynda taraplar ikitaraplaýyn bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda, öňi bilen bolsa abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän netijeli gatnaşyklaryň yzygiderli ýagdaýa eýe bolmagyna özara gyzyklanmalary beýan etdiler.
Ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşmak bilen, duşuşyga gatnaşyjylar ilkibaşda uzakmöhletleýin, özara peýdaly esasda ýola goýulýan hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler hem-de syýasy, ykdysady we medeni-gumanitar ulgamdaky gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegiň, iki ýurduň halklaryny asyrlarboýy baglanyşdyrýan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyň zerurdygyny nygtadylar.