Ï Resmi habar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Resmi habar

view-icon 666
“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” bellenenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, milli ykdysadyýetimizde kärhanalaryň netijelliligini ýokarlandyrmak we bazar gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmek, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 4-nji maýynda çykaran 12290-njy kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligine garamagyndaky Aşgabat, Bereket, Türkmenabat, Mary lokomotiw depolarynyň, Maddy-enjamlaýyn üpjünçilik kärhanasynyň, Aşgabat ýolagçy we ýük wagon deposynyň, Türkmenbaşy, Türkmenabat, Mary ýük wagon depolarynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgetmek arkaly “Demirýolçy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini bellenen tertipde döretmäge we Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi bilen bilelikde ýokarda agzalan depolaryň we kärhananyň gymmatyny kesgitlemäge ygtyýar berildi.

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministriligi Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi bilen bilelikde “Demirýolçy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň esaslandyryş resminamasyny taýýarlap, onuň bellenen tertipde hasaba alynmagyny üpjün etmäge borçly edildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligine Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.