Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli derwaýys meseleler we öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Mejlisiň gün tertibini yglan edip, milli Liderimiz şu gün berkarar Watanymyzda ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagaty we geologiýa pudagynyň işgärleriniň gününiň giňden hem-de dabaraly bellenilip geçilýändigini aýtdy. Ýurdumyzda nebitiň we gazyň baý gorlary bar, nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň yhlasly we tutanýerli zähmeti bilen ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagynyň ýokary depginler bilen ösýändigini kanagatlanma bilen belledi. Uglewodorod çig malynyň ägirt uly gorlarynyň bolmagy, daşary ýurt maýa goýumlary üçin amatly şertleriň döredilmegi netijesinde, Türkmenistan dünýäde iri energetika döwleti hökmünde halkara derejesinde ykrar edildi diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Nebitgaz pudagyna ornaşdyrylýan innowasiýalar, ýurdumyzyň geologiýa-gözleg ulgamynyň hünärmenleri tarapyndan täze açylýan we öňden bar bolan uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlary Garaşsyz döwletimiziň ýangyç-energetika toplumynyň kuwwatyny yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Edermen nebitçilerimiz, gazçylarymyz we geologlarymyz yhlas bilen zähmet çekip, ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde uly işleri bitirýärler diýip, milli Liderimiz olaryň nebitiň we gazyň baý gorlary bolan täze ýataklary açýandyklaryny we özleşdirýändiklerini, nebitgaz çig malyny düýpli gaýtadan işläp, dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän önümleri öndürýändiklerini nygtady.
Bu tebigy baýlyklary netijeli peýdalanmak, olary halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirmek biziň öz öňümizde goýýan esasy maksatlarymyzyň biridir diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary we ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bu möhüm pudagynyň ähli işgärlerini Nebitgaz senagaty we geologiýa pudagynyň işgärleriniň güni bilen gutlady hem-de olara berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz şu günki mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedowa söz berdi. Ol gözegçilik edýän düzümlerindäki we pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle hem söwda ulgamyna degişli kärhanalarynda Täze ýyl bilen bagly baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüşiniň barşy barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gözegçilik edilýän edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça netijeli çäreleriň görülmeginiň möhümdigini belledi. Milli Liderimiz dokma pudagynyň eksporta degişli kuwwatynyň artdyrylmagyny ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezip, şu pudaga degişli kärhanalary döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnamalaryň çäklerinde amala aşyrylýan işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bazarlarynda elýeterli nyrhlar boýunça harytlaryň bolçulygyny üpjün etmegiň döwlet syýasatynyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýandygyny belläp, şu meselä hem-de ilata hyzmat edilişiniň hiliniň ýokarlandyrylmagyna we arassaçylyga, tertip-düzgüne degişli kadalaryň berk amala aşyrylmagyna degişli ýolbaşçylar tarapyndan berk gözegçilik edilmelidigini aýtdy. Milli Liderimiz wise-premýere ýüzlenip, bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyk görmek bilen bagly meseläniň üstünde jikme-jik durup geçip, ýurdumyzda bu ajaýyp baýramçylyga mahsus ruhubelent ýagdaýy döretmek we hyzmat ediş kärhanalarynyň ählisiniň takyk işlemegini üpjün etmek üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, ýurdumyzyň daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 17 ýyllygyna we Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagynyň 5 ýyllygy mynasybetli geçirilen “Bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy: parahatçylygyň we howpsuzlygyň esaslary” atly halkara maslahatynyň netijeleri baradaky hasabat bilen çykyş etdi.
Bu uly foruma abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriň, şol sanda Birleşen Mlletler Guramasynyň, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň we beýlekileriň ýokary wezipeli wekilleriniň gatnaşandygy bellenildi. Şunda BMG tarapyndan goldaw berilmegi we ysnyşykly hyzmatdaşlyk edilmegi arkaly geçirilen bu maslahata Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynyň onuň ähmiýetini has-da artdyrandygy aýratyn nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu wekilçilikli maslahatda giňişleýin çykyş edip, türkmen Bitaraplygynyň özara arkalaşykly hereket edilmegine, milli bähbitlere, ählumumy howpsuzlyga, yzygiderli ösüşe, rowaçlyga mahsus maksatlara esaslanýan wajyp ýörelgeleri barada täsirli gürrüň berdi.
Türkmenistan saýlanyp alnan we Birleşen Milletler Guramasynyň uzakmöhletleýin maksatlaryna laýyk gelýän daşary syýasy ugruna elmydama ygrarly bolmak arkaly, sebitde syýasy durnuklylygy saklamak we goldamak, hoşniýetli goňşuçylygy, dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde özüniň ygtybarly we netijeli hyzmatdaş bolup durýandygyny iş ýüzünde äşgär etdi. Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezini açmak baradaky çözgüt munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar, şol merkezi döretmek baradaky başlangyç türkmen tarapyna degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti maslahatda çykyş edip, Merkeziň işine ýokary baha berdi hem-de BMG-niň, hususan-da, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň çäklerinde wajyp ähmiýetli ugurlaryň birnäçesi boýunça netijeli halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça anyk teklipleri öňe sürdi.
Şeýlelikde, Aggabatda guramaçylyk taýdan ýokary derejede geçen forum Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň döredijilikli many-mazmuna eýedigini we öňdengörüjiliklidigini aýdyň görkezdi, bu syýasat tutuş dünýä bileleşigi tarapyndan giňden ykrar edildi we goldanyldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň BMG bilen strategiki hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny belläp, geljekde-de ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň, yzygiderli ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen halkara tagallalaryna işjek goşulyşjakdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatdaky maslahatyň netijelerini jemläp, şunuň ýaly halkara maslahatlaryň wajyp ähmiýetlidigini, olaryň netijeli oý-pikir we tejribe alyşmaga, häzirki döwürde adamzady tolgundyrýan derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga oňaýly mümkinçilik döredýändigini belledi hem-de şeýle maslahatlary yzygiderli ýagdaýda geçirmegiň maksada laýykdygyny aýtdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz çykyş etmek üçin Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A. Nurberdiýewa söz berdi. Ol ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça parlamentiň alyp barýan işi, şeýle hem deputatlaryň ýerlerde durmuş ulgamyna degişli möhüm meseleleri çözmek, şol sanda halkymyzyň ýaşaýyş we durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreleri barada habar berdi. Hususan-da, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Belek şäherçesinde şu ýylyň 12-nji dekabrynda durmuş-medeni maksatly täze desgalaryň açylmagy mynasybetli guralan dabaralar barada aýdyldy.
Ýurdumyzyň Mejlisiniň deputatlarynyň ýerli öz-özüňi dolandyryş, jemgyýetçilik guramalary bilen we ilatyň arasynda tutuş jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmagyň barşy, döwlet syýasatynyň durmuş ulgamynyň üstünlikli amala aşyrylmagy boýunça alyp barýan işleriniň wajyp ähmiýete eýedigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şunuň ýaly çärelere mundan beýläk-de möhüm ähmiýet bermegiň zerurdygyny aýtdy. Deputatlar öz saýlawçylary bilen hemişe gatnaşykda bolmalydyrlar diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz saýlawçylaryň bähbidini goramagyň, möhüm meseleleriň hem-de wezipeleriň öz wagtynda çözülmegine, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagyna ýardam bermegiň deputatlaryň baş wezipesidigini nygtady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew maliýe-bank ulgamynyň edaralarynyň we guramalarynyň alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem döwlet Baştutanymyza Halkara pul gaznasy bilen netijeli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň çäklerinde geçirilýän işler barada habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde ýokary netijeleriň gazanylandygyny kanagatlanmak bilen belledi. Ýokary makroykdysady görkezijiler we milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşi üstünlikli durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň netijesidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Ýurdumyzyň esasy makroykdysady görkezijileri baradaky bu maglumatlar Halkara pul gaznasynyň neşir edýän resminamalarynda çalt depginler bilen özgerýän Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň we makroykdysady görkezijileriniň dünýä jemgyýetçiligi üçin takyk beýan edilmegine ýardam eder. Milli Liderimiz munuň şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyny, şol sanda abraýly maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etjekdigini belläp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem Täze ýyl baýramy mynasybetli ýurdumyzda geçiriljek çärelere görülýän taýyarlyk barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp we medeniýet ulgamynyň edaralarynyň hem-de habar beriş serişdeleriniň işine ünsi çekip, wise-premýerden olaryň işini işjeňleşdirmek we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin yzygiderli çäreleri görmegi talap etdi.
Milli Liderimiz Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli çärelere taýýarlyk görmek baradaky meseläniň üstünde durup geçip, olaryň bu şadyýan we hemmelar tarapyndan söýülýän baýramyň öwüşginlerine laýyk gelmelidigini aýtdy. Ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda baýramçylyk ýagdaýy höküm sürmelidir, ähli ýerde Täze ýyl arçalary gurnalmalydyr, köpçülikleýin şadyýan çäreler geçirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Biz Täze ýyly bitewi agzybir maşgala bolup garşylamalydyrys, onuň bilen bagly çäreleriň täze belent sepgitlere ruhlandyrmagyny üpjün etmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz H.Hudaýgulyýewi “Edebiýat we sungat” gazetiniň baş redaktory wezipesine belläp, ony “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň baş redaktorynyň orunbasary wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda galla ekinlerine ideg etmek boýunça gündelik agrotehniki çäreleri geçirilýär, maldarçylyk hojalyklarynda mallaryň talabalaýyk gyşladylmagy üçin degişli çäreler görüldi. Ekin meýdanlarynda pagta hasylyny iň soňky übtügine çenli ýygnap almak işi tamamlanyp barýar, pagtaçylaryň döwlete tabşyran pagtasy üçin özara hasaplaşyklar geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we oba hojalyk pudagyny mundan beýläk-de okgunly ösdürmek meseleleri barada durup geçip, bu pudakda özgertmeleri üstünlikli geçirmek, ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösdürmegiň uly kuwwatyny netijeli ulanmak maksadynda ýerlerdäki işleriň ýagdaýlaryny jikme-jik öwrenmek üçin her bir meselä oýlanyşykly çemeleşmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumyny dolandyrmagyň has kämil usullaryny, häzirki zaman tehnologiýalaryny we ylmyň iň täze gazananlaryny iş ýüzünde ornaşdyrmak, ähli pudaklaýyn düzümleriň ösdürilmegini höweslendirmek boýunça çäreleriň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady. Bularyň ählisi oba hojalygynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmagyň möhüm şertidir.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişine, şol sanda geljek ýylyň hasylynyň düýpli tutmak bilen baglylykda, güýzlük bugdaý ekinlerine ideg edilişine gözegçilik etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew gözegçilik edýän pudaklaryndaky, hususan-da, gurluşyk ulgamyndaky, gurluşyk materiallary senagatyndaky, elektroenergetikadaky işleriň ýagdaýy barada hasabat bermek bilen, döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň gurluşyk tehnikasy bilen üpjün edilmegine aýratyn üns berip, goldaw bermegi arkaly Türkmenistana ýöriteleşdirilen tehnikanyň 66-synyň, şol sanda ýol-gurluşyk tehnikasynyň 47-sini, asfalt garyjy zawodlaryň 14-siniň, beton garyjy enjamyň we beýlekileriň gelip gowşandygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk ulgamynyň ýokary depginde sazlaşykly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, şäher gurluşygy boýunça giň möçberli maksatnamany amala aşyrmagyň depginlerini geljekde-de çaltlandyrmagyň möhümdigini, häzirki wagtda şol maksatnamanyň çäklerinde senagat we durmuş-ýaşaýyş maksatly köp sanly desgalaryň gurulýandygyny aýtdy. Şunda döwlet Baştutanymyz ähli binalaryň gurluşygynyň göwnejaý hilli bolmagyny üpjün etmek hem-de olary bellenilen möhletlerde ulanmaga bermek bilen bagly meselelere gözegçilik etmegiň zerurdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz döwletiň gurluşyk kärhanalaryny ýöriteleşdirilen tehnikanyň ähli görnüşleri bilen üpjün etmek arkaly döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn üns berýändigini hem-de maddy- enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny aýtdy. Milli Liderimiz döwrebap ulag-aragatnaşyk düzüminiň ýurdymyzy durmuş-ykdysady taýdan üstünlikli ösdürmekde wajyp ähmiýetli ýagdaýlaryň biri bolup durýandygyny belläp, şol pudaklaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň hem-de olara öňdebaryjy tehnologiýalary we täze enjamlary ornaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Aşgabatda ýollaryň we köprüleriň ýokary hilli gurulmagyny, göwnejaý ýagdaýda saklanylmagyny üpjün etmegiň möhümdigini belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyýew gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň demir ýol pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek babatda ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň birnäçesiniň binýadynda “Demirýolçy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek maksadynda görülýän çäreler barada habar berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, demir ýol pudagyny dolandyrmak ulgamyna häzirki zaman usullaryny we tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak meselelerine ünsi çekdi. Munuň özi häzirki döwrüň talaplary bilen şertlendirilendir we öňde goýlan wezipeleri nazara almak bilen, döwlet düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhüm şerti bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmek üçin ulag pudagynyň kärhanalarynyň netijeli we sazlaşykly işlemeginiň möhümdigi barada aýdyp, ýurdumyzyň içinde we halkara giňişliginde ýükleri daşamakda hem-de ýolagçylary gatnatmakda demir ýol ulagynyň möhüm ornuny aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça gelip gowuşýan teklipleriň ählisini jikme-jik öwrenmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz “Demirýolçy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek hakyndaky” Karara gol çekip, häzirki wagtda Türkmenistanda demir ýol ulgamynyň düzümini toplumlaýyn ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga uly üns berilýändigini nygtady we onuň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew özüniň gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, ylmy, bilimi, saglygy goraýşy, sporty we syýahatçylyygy ösdürmek boýunça döwdet syýasatynyň hem-de milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilimegi bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän işler hakynda hasabat berdi.
Şeýle hem hasabatyň dowamynda paýtagtymyzda “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegi: çuňňur kökler we häzirki zaman mümkinçilikleri” atly halkara ylmy masdahatynyň geçirilişi we oňa türkmen alymlaryndan başga-da, dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan hünärmenleriň we bilermenleriň gatnaşandygy barada habar berildi.
Paýtagtymyhzda geçirilen halkara ylmy maslahatynyň meseleleri barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlarynyň Günbatardan Gündogara, Günortadan Demirgazyga, şol sanda Türkmenistanyň çäginden geçendigini we onuň taryhyň köp sanly syrlaryny saklaýandygyny aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bu örän uly ähmiýeti bolan taryhy ýoluň häzirki zaman şertlerinde gaýtadan dikeldilmeginiň ylmy esaslaryna we mümkinçiliklerine seljermeleriň zerurdygyny nygtady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow “Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny, himiýa senagatyny we balyk hojalygyny 2012-2016-njy ýyllarda ösdürmegiň maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen alnyp barylýan işler,şeýle hem özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda birnäçe iri maýa goýum taslamalarynyň amala aşarylyşy barada hasabat berdi. Şeýle hem şu gün paýtagtymyzda we welaýatlarda ýurdumyzyň Neitgaz senagatynyň we geologiýa pudagynyň işgärleriniň güni mynasybetli taýýarlanan maksatnama hakynda habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň ileri tututlýan toplumyndaky önümçilik görkezijilerini mundan beýläk-de yzygiderli ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz täze geljegi uly bolan nebit we gaz ýataklaryny senagat taýdan abatlamagyň depginlerini ýokarlandyrmagyň, düzümi döwrebaplaşdyrmagyň, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan önümleri öndürýän nebitgaz gazyp alýan we gaýtadan işleýän kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadayny pugtalandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Bu jähetden täze gazhimiýa toplumlarynyň gurluşygy boýunça işlenip taýýarlanan taslamalaryň uly geljegi bardyr, munuň özi ägirt uly tebigy gaz gorlary we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça giň möçberli meýilnamalar arkaly şertlendirilendir.
Ýurdumyzyň himiýa senagatyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde durup geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň oba hojalygy üçin täze senagat kärhanalaryny işe girizmegiň hasabyna zerur bolan ýokary hilli dökünleriň önümçiliginiň artdyrylmagyna aýratyn ünsi çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew gözegçilik edýän pudaklarynyň işine, ýangyç-energetika toplumyndaky halkara hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriň birnäçesi barada jikme-jik hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumyna degişli uly möçberli taslamalaryň möhüm ähmiýetlidigini belledi. Türkmen döwletiniň Baştutany Türkmengistanyň energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna ygtybarly we durnukly ýagdaýda üstaşyr geçirilmegini üpjün etmek bilen bagly halkara başlangyçlaryna ünsi çekip, häzirki wagtda, energiýa serişdelerine bildirilýän islegiň barha artýan şertlerinde, ýangyç serişdeleriniň akymlarynyň diwersifikasiýa edilmeginiň, eksport edilýän ugurlaryň geografiýasyna täze ýurtlaryň we sebitleriň goşulmagynyň dünýä ykdysadyýetinde we ählumumy energetiki howpsuzlyk boýunça zerur durnuklylygyň üpjün edilmegine ýardam berjekdigini belledi.
Soňra Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýew döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem meýilleşdirilýän taslamalaryň işlenip taýýarlanylyşynda ýerine ýetirilýän çärelere geçirilen seljerme işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde desgalaryň gurluşygy boýunça taslama durmuşa geçirilende onda öňdebaryjy inžener-tehniki işläp taýýarlamalaryň we innowasion tehnologiýalaryň ulanylmalydygyny belledi. Şeýle hem gurluşyk işleriniň halkara ülňülerine laýyk derejede alnyp barylmagyna, olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegine we desgalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagyna yzygiderli gözegçiligiň zerurdygyny nygtady.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinide döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe meselelerine hem garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk we rowaçlyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.