Ï Türkmen-rumyn işewürler maslahaty
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen-rumyn işewürler maslahaty

view-icon 757
Şu gün paýtagtymyzdaky “Prezident” myhmanhanasynda geçirilen mşewürler maslahaty ykdysady ulgamda türkmen-rumyn hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde nobatdaky möhüm ädim boldy. Bu maslahaty Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy gurady.

Maslahata gatnaşmak üçin Rumyniýadan Aşgabada ýörite wekiliýet geldi, onuň düzümine Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýän “UMEB SA”, “Comoti”, “Romaero”, “Iprochim”, “SC Cristian Imrex SRL ARAD”, “ASTRA Vagone Calatori S.A.”, “Rombiomedica”, “Electromagnetica” ýaly iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary we wekilleri girdiler. Türkmen tarapyndan foruma ýurdumyzyň pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.

Işjeň ýagdaýda geçen mejlisiň barşynda şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Rumyniýanyň Prezidenti Traýan Beseskunyň arasynda ýokary derejede geçirilen duşuşygyň barşynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek jähtinden taraplaryň türkmen-rumyn hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygy bellenildi. Rumyniýanyň lideriniň iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygy bellenilen ýylynda Türkmenistana bolan bu resmi sapary iki dostlukly ýurduň döwletara hyzmatdaşlygyny üstünlikli ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiginiň aýdyň subutnama öwrüldi.

Rumyniýanyň wekiliýetiniň baştutany, Buharestiň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy jenap Sorin Dimitriu hyzmatdaşlygyň uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmak we däp bolan ykdysady hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarýan netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmek üçin şu işewürler maslahatynyň uly ähmiýete eýedigini aýratyn nygtady. Bellenilişi ýaly, Ýewropanyň, hususan-da, Rumyniýanyň işewürleriniň hyzmatdaşlyga ýokary gyzyklanmasy Türkmenistanyň ägirt uly ykdysady we energetika kuwwaty hem-de bu ýerde milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň möçberi bilen şertlendirilendir.

Rumyniýanyň Ykdysadyýet, söwda we telekeçilik ulgamy ministrliginiň geňeşçisi jenap Dan Sikoýe özara haryt dolanyşygynyň ýagdaýyna we onuň möçberlerini artdyrmagyň geljegine ýokary baha berip, Türkmenistanda rumyn maýasynyň gatnaşmagynda 6 sany kärhananyň hereket edýändigini, häzirki wagtda maýa goýum taslamalarynyň 8-siniň hasaba alnandygyny belledi. Türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň esasy ugurlary, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda, ýangyç-energetika toplumynda, himiýa senagatynda, oba hojalygynda, şeýle hem saglygy goraýyş we bilim, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary bellenildi.

Nygtalyşy ýaly, ulag-aragatnaşyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmak jähtinden, Gündogar-Günbatar ulag geçelgesini döretmegiň geljegini nazara almak bilen, ykdysadyýetiň bu ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek hem-de ýük daşamagyň möçberlerini artdyrmak üçin giň mümkinçilikler bar.

Myhmanlar özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýandyklaryny aýdyp, Rumyniýanyň nebitgaz senagaty, energetika, gurluşyk, suw üpjünçiligi we beýleki ugurlar üçin enjamlar babatda iň täze ylmy we önümçilik işläp taýýarlamalary teklip etmäge taýýardygyny bellediler. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň energiýa taýdan netijeli we innowasion ösüşe geçýändigini nazara almak bilen, ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Şeýle hem "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň işjeň ösdürilmegini nazara almak bilen, syýahatçylyk düzümini ösdürmek ulgamynda özara gatnaşyklara gyzyklanma bildirildi.

Bilim we akademiki alyşmalar ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri hem derwaýys ugurlaryň hatarynda görkezildi. Mälim bolşy ýaly, her ýyl türkmen talyplarynyň onlarçasy Rumynýiada ýokary bilim alýar.

Maslahatyň işiniň umumy böleginden soň, forum rumyn kompaniýalarynyň wekilleriniň we Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň hem-de telekeçilik düzümleriniň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler görnüşinde dowam etdirildi. Gepleşikleriň barşynda işjeň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň geljegi uly ugurlary anyklaşdyryldy.