Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Bitaraplyk, parahatsöýüjilik we ösüş: Türkmenistanyň daşary syýasatynyň täze sepgitleri” atly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň işgärleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralarynyň ilçileri we ýolbaşçylary, şeýle hem ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň baştutanlary, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary we talyplary, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli geçirilýän we giň halkara ykrarnamasyna we goldawyna eýe bolan oňyn bitaraplyk, “açyk gapylar” syýasaty Merkezi Aziýada we tutuş dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmek üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir. Şunda dünýäniň ähli döwletleri we iri halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa BMG bilen netijeli hyzmatdaşlyk bu syýasatyň ileri tutulýan ugrudyr.
Şunuň bilen baglylykda, ýakynda kabul edilen Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2013-2017-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň möhüm ähmiýeti nygtalyp geçildi. Onda ýurdumyzyň daşary syýasatyna seljeriş berlip, onuň esasy ýörelgeleri we maksatlary kesgitlenildi, öňdäki bäş ýyl üçin anyk ugurlar we wezipeler goýuldy.
Dünýä bileleşigi bilen däp bolan özara gatnaşyklary giňeltmek we çuňlaşdyrmak üçin Türkmenistanyň 2013-2015-nji ýyllar üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna saýlanmagy giň mümkinçilikleri açýar. Bu şanly waka türkmen diplomatiýasynyň uly üstünligi bolup, Türkmenistanyň barha artýan halkara abraýynyň aýdyň nyşanydyr. Biziň ýurdumyzyň ÝHHG, ÝB, ŞHG, GDA, YHG we beýleki halkara guramalary hem-de düzümleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary täze ösüşe we many-mazmuna eýe boldy.
Maslahata gatnaşyjylar türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge, ulag--aragatnaşyk düzümlerini ösdürmäge, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça BMG-niň Sebitara merkezini döretmäge, Araly halas etmek boýunça BMG-niň Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamaga, Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrmaga we bu ýurduň ykdysadyýetini dikeltmäge gönükdirilen başlangyçlary barada aýtmak bilen, häzirki wagtda Türkmenistanyň şu döwrüň wajyp meselelerini çözmäge hil taýdan täzeçe çemeleşmegiň nysgasyny görkezýändigini bellediler.
Söwda-ykdysady energetika, ulag-aragatnaşyk, medeni-gumanitar ulgamlarda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek, iri halkara taslamalaryny, şol sanda Hazar, Gara we Baltika deňizleriniň arasynda, Orta Aziýadan Ýakyn Gündogara çenli “Gündogar-Günbatar” we “Demirgazyk-Günorta” ugurlary boýunça täze ulag-aragatnaşyk we energetika geçirijilerini döretmek meseleleri ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezildi.
Tutuşlygyna alnanda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2013-2017-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy türkmen diplomatiýasy üçin maksatnamalaýyn resminama, biziň ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyndaky maksatlaryny durmuşa geçirmekde, bitaraplyk ýörelgelerini yzygiderli amala aşyrmakda, hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk däplerini ösdürmekde ýene bir ädim boldy.
Maslahat gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda döwlet Baştutanymyza yzygiderli geçirýän daşary syýasy ugry üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi. Bu syýasat biziň ýurdumyza ylalaşdyryjynyň, üçünji müňýyllygyň ählumymy maksatlaryny—ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi gazanmak işinde netijeli pikirleriň awtorynyň mynasyp belent şöhradyny getirdi.