Şu gün paýtagtymyzdaky “Aşgabat” kinoteatrynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýanyndaky Fransuz medeniýet merkeziniň bilelikde guramagynda fransuz animasiýa kinosynyň hepdeligi başlandy.
Fransuz kinematografiýaçylarynyň animasiýa kinolarynyň hepdeligi režissýorlar D.Monferiniň we A.Heýseýkiň “Keriti: ertekiler öýi” atly filminiň görezilişi bilen başlandy. Soňra kino görkezilişi 2011-nji ýylda iň gowy animasiýa filmi üçin “Sezar” baýragyna mynasyp bolan režissýor Silwen Şomeniň “Gözbagçy” multfilmi, Žan-Fransua Lagiýonyň “Blek Moryň adasy” we “Surat” diýen filmleri bilen dowam etdirildi. Bu filmler tutuş hepdäniň dowamynda görkeziler.
Bu filmler 2004-2011-nji ýyllar aralygynda surata düşürildi. Olar çagalaryň hyýalbentligine bagyşlanyp, tomaşaçylary kitaplaryň we sungat eserleriniň jadyly dünýäsine äkidýär. Ol ýerde ertekileriň we filmleriň gahrymanlary parahatçylygy, hoşniýetli gatnaşyklary we sazlaşygy kemala getirmek ugrunda göreşýän baş gahrymanlara öwrülýär.
Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda multfilmleriň görkezilişi şu günler çagalar üçin geçirilýän uly baýramçylyk maksatnamasyny – gurjak oýunlaryndan, arçalaryň ýanyndaky şüweleňlerden, sahnalaşdyrylan oýunlardan, aýdym-sazly konsertlerden ybarat bolan baýramçylyk çärelerini has-da baýlaşdyrdy.
Bu medeni çäräniň açylyş dabarasyna Fransiýanyň diplomatik wekilhanasynyň, paýtagtymyzyň medeniýet we sungat ulgamynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar. Bu türkmen-fransuz dostluk gatnaşyklarynyň we gumanitar ugurda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň pugtalanýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.