Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 915
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň birnäçesiniň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahata gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyza özlerine ynanylan düzümlerdäki işleriň ýagdaýy we ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna ilki bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedowy hem-de Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowy çagyrdy. H.Muhammedow çykyşynda özüne ynanylan ulgamlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem gözegçilik edýän Ahal welaýatynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz degişli düzümlerde alnyp barylýan işlere yzygiderli gözegçiligiň ýola goýulmagyny üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmelidigini belläp, hökümet edaralarynyň we dolandyryş guramalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we kämilleşdirmek, ähli düzümlerde halkara hyzmatdaşlygyny artdyrmak boýunça netijeli işleri durmuşa geçirmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow ekerançylyk meýdanlarynda häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, mallaryň dok we ýyly gyşladylmagyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem sebitde gurulýan desgalarda gurluşyk işleriniň depginini ýokarlandyrmak boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi. Mundan başga-da, häkim welaýatyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän maldarçylyk toplumynyň taslamalaryny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginini ýokarlandyrmak, hususan-da, mallaryň dok we ýyly gyşladylmagyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny belledi, şeýle hem milli Liderimiz welaýatyň Babadaýhan, Akbugdaý, Ruhabat, Kaka, Altyn asyr, Gökdepe we Baharly etraplarynda, Tejen hem-de Abadan şäherlerinde bar bolan käbir mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamynyň göwnejaý derejede işlemeýändigine häkimiň we wise-premýer, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedowyň ünsüni çekip, ýol berlen kemçilikleriň gysga wagtda düzedilmegi ugrunda anyk çäreleri görmegiň zerurdygyny aýtdy.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäklerinde Täze ýyl baýramçylygyna ykjam taýýarlyk görmegiň barşynda bazarlarda haryt bolçulygyny döretmek, dekabryň 25-ine çenli ilatyň aýlyk haklaryny we kömek pullaryny doly tölemek boýunça ähli zerur çäreleri görmek, Täze ýyly mynasyp garşylamak maksady bilen guraljak köpçülikleýin dabaralaryň ýokary derejesini üpjün etmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda wise-premýer A.Ýegeleýew häzirki döwürde welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle hem ol milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklaryny üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda aýdyp, oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde sebitde gurulmagy meýilleşdirilýän käbir desgalaryň taslamalaryny görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Ahal welaýatynda gurulýan desgalarda hem ýokary hiliň üpjün edilmeginiň we olaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagynyň baş talap bolup durýandygyny nygtady hem-de bu işleriň bellenen tertipde ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň barşynda ýene-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Aşgabat şäherine gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýegeleýewi göni aragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer Aşgabat şäheri boýunça alnyp barylýan işler, bu ýerde gurulýan desgalar we olaryň ýagdaýy barada hasabat berip, Aşgabadyň günortasynda sil suw akabalaryny gurmak boýunça işlenip taýýarlanan taslamalary milli Liderimiziň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleri durmuşa geçirmegiň derwaýysdygyny bellemek bilen, gurulýan desgalaryň ýagdaýyny hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz görkezilen taslamalara birnäçe bellikleri aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz iş maslahatynda göni aragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi çagyrdy. Häkim häzirki döwürde paýtagtymyzda şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek we bu ugurda täze taslamalary işläp taýýarlamak, şäheri abadanlaşdyrmak, şeýle hem baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol Olimpiýa şäherjiginde gurulýan desgalaryň bezeg aýratynlyklary boýunça işlenip taýýarlanylan taslamalary görkezdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, paýtagtymyzda alnyp barylýan işlere, hususan-da, ýollaryň, binalaryň gurluşygyna, şäheriň abadanlaşdyrylyşyna ünsi çekip, şu işler bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygy, baýramçylyk dabaralaryna ykjam taýýarlyk görülmelidigi, şäherde baýramçylyk bilen baglanyşykly bezeg işleriniň ýokary derejede guralmalydygy, bazarlarda haryt bolçulygynyň üpjün edilmegi babatda zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz şäheriň birnäçe mekdeplerinde we çagalar baglarynda ýyladyş ulgamynyň ýaramaz ýagdaýdadygyny belläp, bu işleri gysga wagtda düzetmek boýunça anyk çäreleri görmegi häkimden talap etdi.

Şeýle hem milli Liderimiz iş maslahatynyň barşynda ýurdumyzyň jemagat hojalygy ministri A.Ýagşymämmedowyň hasabatyny diňledi. Ministr öz çykyşynda häzirki döwürde ministrlige degişli düzümlerde alnyp barylýan işler, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda arassalaýyş we abadanlaşdyrylyş işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ministrligiň işiniň talaba laýyk guralmaýandygyny, onda köp sanly kemçilikleriň bardygyny, düzümlerde gyş paslyna örän ýaramaz taýýarlyk görlendigini aýdyp, ministrligiň işine düýpli nägilelik bildirdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz döwletimiz tarapyndan ministrligiň hasabyna köp sanly döwrebap täze tehnikalaryň alnyp berlendigine garamazdan, ýollary arassalamak, olaryň sürçegini aýyrmak boýunça zerur çäreleriň görülmeýändigini, ýanýodalaryň wagtynda arassalanmaýandygyny, şeýle hem düzümde köp sanly kemçilikleriň bardygyny belläp, Türkmenistanyň jemagat hojalygy ministri A.Ýagşymämmedowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmese, wezipesinden boşadyljakdygyny oňa duýdurdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary we Balkan welaýatynda alnyp barylýan işlere gözegçilik edýän wise-premýer B.Hojamuhammedowy hem-de Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykowy çagyrdy. Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde häzirki döwürde alnyp barylýan işler, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň giň gerimli döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ösdürilmegine we has-da kämilleşdirilmegine bagly bolup durýar diýip belledi. Bu ulgamda ähli alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygy, halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmelidigi barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz degişli düzümlerde durmuşa geçirilýän çäreleriň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede guralmagy barada anyk tabşyryklary berdi.

Göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, sebitiň senagat düzümini ösdürmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, şeýle hem maldarçylyk hojalyklarynda durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatyň senagat düzüminiň ösdürilmeginde gurluşyk ulgamynyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi we gurulýan desgalaryň öz wagtynda, ýokary hilli bina edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny nygtady. Şeýle hem milli Liderimiz welaýatyň çäklerinde Täze ýyl baýramçylygyna ykjam taýýarlyk görmek bilen bir hatarda, ilatymyzyň baýramçylyk saçaklarynyň baý bolmagynyň üpjün edilmegi, aýlyk haklarynyň we kömek pullarynyň öz wagtynda berilmegi babatda zerur çäreleriň görülmegini tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň Balkanabat, Türkmenbaşy, Garabogaz, Gumdag we Serdar şäherleriniň, Bereket etrabynyň käbir mekdeplerinde, çagalar baglarynda ýyladyş ulgamynyň göwnejaý işlemeýändigini aýdyp, ýol berlen kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi wise-premýer B.Hojamuhammedowdan we häkim S.Satlykowdan talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wezipe borçlaryny talaba laýyk berjaý etmän, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlarynyň gyş paslyna taýýarlygyna gözegçiligi gowşanadandygy üçin Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň häkimi M.Döwletsähedowa berk käýinç yglan etdi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygyny oňa duýdurdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyna nobatdaky gezek Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedowy çagyrdy.

H.Muhammedow öz çykyşynda telekeçileriň bekre balygyny we onuň işbilini ösdürip ýetişdirýän hem-de balygy gaýtadan işleýän kärhanany gurmagy göz öňünde tutýandyklaryny aýdyp, “Hazar balyk” paýdarlar jemgyýetine Türkmenbaşy etrabynyň Türkmenbaşy şäherçesiniň çäginde, Hazaryň kenarynda 15 gektar ýer bölegini bölüp bermegiň taslamasy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň ähli ýagdaýlary bilen baglanyşykly meseleleriň jikme-jik öwrenilmelidigini we bu ugurda anyk çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini aýtdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowy hem-de Türkmenistanyň tebigaty goramak ministri B.Annabaýramowy bilelikde çagyrdy. Wise-premýer ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, mallaryň dok we ýyly gyşladylmagy ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem dänelik ekinlere edilýän ideg işleriniň depginleri, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, ýurdumyzyň sebitlerinde, ilkinji nobatda bolsa, oba ýerlerinde döwrebap durmuş-ykdysady düzümiň döredilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip bellemek bilen, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň derwaýysdygyna ünsi çenkdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleriň utgaşykly ýola goýulmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Soňra ýurdumyzyň tebigaty goramak ministri B.Annabaýramow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, şu ýylyň 9-13-nji dekabrynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň (Tähran konwensiýasynyň) Taraplarynyň maslahatynyň dördünji mejlisine gatnaşandygyny we onda kabul edilen çözgütler, saparyň netijeleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ekologiýa ulgamynyň sagdynlaşdyrylmagy, özboluşly tebigatymyzyň göwnejaý goralyp saklanmagy we milli tebigatymyzyň aýratynlyklarynyň dünýä ýüzünde wagyz edilmegi, şeýle hem Diýarymyzyň çäklerinde tokaý zolaklarynyň döredilmegi bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, Tebigaty goramak ministrliginde hem degişli halkara düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolmagynda halkara çäreleriniň derwaýys ähmiýetiniň bardygyny belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri hemişe gözegçilikde saklamagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatynda Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabatyny diňledi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, sebitiň maldarçylyk hojalyklarynda durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem welaýatda desgalaryň gurluşygyndaky işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, häkim welaýatda gurulmagy meýilleşdirilýän myhmanhananyň taslamasyny görkezdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki döwürde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň degişli kadalara laýyklykda alnyp barylmalydygyny, gurulýan desgalarda ýokary hiliň üpjün edilmelidigini we olaryň öz wagtynda gurlup ulanmaga berilmelidigini, sebitiň käbir mekdepleriniň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň göwnejaý derejede işlemeýändigini belläp, olarda bar bolan kemçilikleriň tiz düzedilmelidigini tabşyrdy.

Şeýle hem milli Liderimiz häkimden sebitde Täze ýyl baýramçylygyna ykjam taýýarlyk görmegiň barşynda ähli zerur çäreleriň görülmegini, bazarlarda haryt bolçulygynyň üpjün edilmegini, welaýatdaky edara - kärhanalaryň işgärlerine zähmet haklaryny, şeýle hem ilata pensiýalary we kömek pullaryny doly tölemek, oba hojalyk zähmetkeşleri bilen hasaplaşyklary doly geçirmek boýunça ähli tagallalary görmegi talap etdi. Hormatly Prezidentimiz görkezilen taslamany umuman oňlap, oňa birnäçe bellikleri aýtdy we düzedişleri girizdi.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Ol gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň barşy, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli işläp gelýän desgalaryň durkuny täzelemek we täzelerini gurmak boýunça taýýarlanan taslamalary döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.

Göni wideoaragatnaşyga wise-premýer bilen birlikde Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri G.Elýasow hem çagyryldy. Ol halkara lukmançylyk merkezleriniň direksiýasynyň düzümine girýän S.A.Nyýazow adyndaky halkara lukmançylyk merkeziniň durkuny täzelemegiň we onuň düzüminde täze 5 gatly, 120 orunlyk binany gurmagyň taslamalary, şeýle hem Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Okuw-ylmy merkezini gurmagyň taslamasy hakynda jikme-jik hasabat berdi. Taslama laýyklykda OYM-nyň düzümine okuw we kliniki barlaghanalar, şeýle hem barlag-seljeriş ylmy bölümi girer.

Hormatly Prezidentimiz taslamalara seredip, wise-premýeriň hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň hasabatlaryny diňläp, ilatyň saglygy biziň syýasatymyzyň ileri tutulýan ugry bolmak bilen, hemişe döwletimiziň üns merkezinde durar diýip belledi. Häzirki wagtda dünýäde ekologiýa, tebigaty goramak babatda düzgün bozulmalar we beýleki ýaramaz hadysalar sebiäpli keselleriň görnüşleriniň artmagy göze ilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy şol keselleriň öňüni almak boýunça çäreleri görmelidir diýip belledi. Şonuň üçin täze merkezde tejribeli lukmanlar, alymlar we bilermenler, şol sanda daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz işläp, olar kesellemäniň derejesine hemişelik gözegçilik etmelidir we häzirki zaman halkara standartlaryna gabat gelýän ylmy taýdan esaslandyrylan netijeli bejeriş-öňüni alyş usullaryny işläp düzmelidirler.

Merkezde ýörite enjamlaryň kömegi bilen lukmanlar we hünärmenler okuw geçip, çylşyrymly kesel anyklamalaryny we degişli bejeriş işlerini geçirmek babatda öz hünär derejelerini ýokarlandyrmalydyr. Merkeziň kliniki barlaghanasynda ýokanç keselleriň dürli görnüşleri, olaryň däri-dermanlary kabul edijiligi öwreniler, şeýle hem dürli biologik suwuklyklary, öýjükleri, dokumalary öwrenmek boýunça işler geçiriler.

Wideoşekilli maslahatyň barşynda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri G.Elýasow ýolbaşçylyk edýän ministrliginiň düzümine girýär bölümlerde işleriň ýagdaýy, hususan-da, keselleriň öňüni almak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, keselleriň öňüni almak babatda dörän ýagdaýa nägilelik bildirip, D.Orazowy işde goýberen kemçilikleri we özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň bejeriş-öňüni alyş kömegini guramak boýunça orunbasary wezipesinden boşatdy.

Milli Liderimiz saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine Täze ýyl baýramçylygy günlerinde köpçülikleýin medeni çäreleriň geçirilýän ýerlerinde lukmanlaryň nobatçylygyny, tiz lukmançylyk kömegini üpjün etmegi, şeýle hem ähli saglygy goraýyş edaralaryny ýokary hilli däri-dermanlar bilen üpjün edip, olarda gije-gündizleýin nobatçylygy guramagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz gyş möwsümi bilen baglylykda howanyň sowamagy sebäpli dümewiň giňden ýaýraýandygyna ünsi çekip, onuň öňüni almak maksady bilen, çagalar baglarynda, orta we ýokary okuw mekdeplerinde, kärhanalarda we edaralarda, ilatyň arasynda düşündiriş işlerini geçirmegiň möhümdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem dermanhanalary we keselleri bejeriş-öňüni alyş edaralaryny dümewe garşy dermanlar we beýleki serişdeler bilen üpjün etmek meselesini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere we ministre degişli ugurda işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin zerur bolan ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyna wise-premýer S.Toýlyýewiň gözegçilik edýän Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylowy çagyrdy. Häkim möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, häzirki döwürde maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan işler, desgalaryň gurluşygynyň depginini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde welaýatda amala aşyrylýan işleriň yzygiderli we netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny belläp, döwlet Baştutanymyz welaýaty hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin degişli düzümleriň sazlaşykly işlemegini ýola goýmagyň möhümdigini aýtdy we welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşyna, sebitiň senagat düzüminiň ösdürilişine hemişe gözegçilik etmegiň zerurdygyny belledi.

Şeýle hem milli Liderimiz Magdanly we Türkmenabat şäherleriniň, Beýik Türkmenbaşy, Garabekewül, Atamyrat, Hojambaz, Saýat, Halaç, Sakar, Köýtendag etraplarynyň käbir mekdeplerinde we çagalar baglarynda ýyladyş ulgamynyň ýaramaz ýagdaýdadygyny belläp, bu işleriň talaba laýyk ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz welaýatda Täze ýyl baýramyny dabaraly garşylamaga gowy taýýarlyk görmegi, şeýle hem baýramçylyk günlerinde zerur bolan ähli azyk hem-de durmuş harytlarynyň bolçulygynyň üpjün edilmegi, ilat bilen hasaplaşyk işleriniň öz wagtynda geçirilmegi boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna ýurdumyzyň bilim ministri G.Mämmedowany çagyrdy. Ol öz çykyşynda özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bilim ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegi, onuň işiniň kämilleşdirilmegi, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy ugrunda döwlet tarapyndan yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigine garamazdan, bu ulgamda birnäçe kemçilikleriň barldygyna ünsi çekdi. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz gyş günlerinde ýurdumyzyň mekdepleriniň we çagalar baglarynyň birnäçesinde ýyladyş ulgamynyň ýaramaz ýagdaýdadygy ylalaşyp bolmajak ýagdaýdyr diýip belledi. Döwlet Baştutanymyz ýüze çykan nogsanlyklara ünsi çekip, ministrligiň bu babatda alyp barýan işlerine düýpli nägilelik bildirdi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtda, günübirin düzetmegi wise-premýer S.Toýlyýewden, bilim ministri G.Mämmedowadan talap etdi.

Soňra wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew we onuň gözegçilik edýän Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanow bile çagyryldy. Wise-premýer häzirki döwürde özüniň gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, ýurdumyzyň ykdysadyýet we maliýe-bank ulgamynyň işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli taýýarlyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ulgamyň halkara düzümleri bilen ýola goýýan hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmek, şeýle hem ähli düzümlerde ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak bilen baglanyşykly çäreleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny tabşyrdy we ýurdumyzyň ähli ilatynyň aýlyk haklarynyň, pensiýalarynyň we kömek pullarynyň, talyp haklarynyň doly berilmegini üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi wise-premýerden talap etdi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanow häzirki döwürde alnyp barylýan oba hojalyk işleri, hususan-da, däneli ekinlere ideg etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem sebitde gurluşygy alnyp barylýan desgalarda işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Möwsümleýin oba hojalyk işleri alnyp barlanda agrotehnikanyň ähli kadalarynyň we talaplarynyň hökman berjaý edilmelidigini belläp, döwlet Baştutanymyz bu işleri takyk we bökdençsiz ýerine ýetirmek boýunça degişli çäreleri görmegiň möhümdigini aýtdy.

Şeýle hem milli Liderimiz welaýatyň çäklerinde Täze ýyl baýramçylygyna görülýän taýýarlygyň barşynda ähli işleriň göwnejaý ýerine ýetirilmelidigini, zerur azyk önümleriniň we senagat harytlarynyň nyrhlarynyň adamlara elýeterli bolmalydygyny, şeýle hem welaýatda edara – kärhanalarynyň işgärlerine zähmet haklaryny, pensiýalaryny we kömek pullaryny bellenilen möhlete çenli doly tölemek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz welaýatyň Baýramaly, Garagum, Tagtabazar, Serhetabat etraplarynyň we Mary şäheriniň käbir mekdeplerinde, çagalar baglarynda ýyladyş ulgamlarynyň ýaramaz ýagdaýdadygyny belläp, bu işleri gyssagly düzetmek boýunça ähli tagallalary etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara halkymyzyň hem-de Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösdürilmäge gönükdirilen möhüm wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde uly üstünlikleri arzuw etdi we olar bilen hoşlaşdy.