Şu gün türkmen paýtagtynda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýanyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça Ýörite işçi toparyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady. Ol Hazarýaka döwletleriniň – Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde geçirilýär.
Hazarýaka döwletleri bilen Türkmenistanyň uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadyny işläp taýýarlamak boýunça işleri ilerletmek maksady bilen geçirilýän iki günlük duşuşygy ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda guradylar.
Gepleşikleriň nobatdaky tapgyryna gatnaşmak üçin Aşgabada kenarýaka ýurtlaryň hemmesiniň wekiliýetleri geldiler. Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gutlag sözleri ýetirildi. Döwlet Baştutanymyz bäştaraplaýyn duşuşygyň çäklerinde netijeli işlemegi arzuw etdi. Gün tertibine girizilen ähli meseleleriň birek-birege hormat goýmak, özara kabul ederlikli çözgütleriň gözlegine gönükdirilen netijeliligiň ýokary derejesinde ara alnyp maslahatlaşyljakdygyna ynam bildirildi we hut şu ýörelgeler Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky netijeli gepleşikleriň binýady bolmagynda galjakdygy bellenildi.
Deňziň derejesi boýunça ylalaşykly, özara kabul ederlikli çözgüdi işläp taýýarlamagyň möhümdigi nygtalyp, Türkmenistanyň Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýanyň binýatlyk resminama hökmünde oňaýly görnüşini gözläp tapmaga ygarlydygy bellenildi. Bu resminama kenarýaka döwletleriň özara gatnaşyklaryny düzgünleşdirmelidir we netijeli halkara hyzmatdaşlygy üçin hukuk binýadyny döretmelidir.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bäştaraplaýyn gepleşiklere işjeň gatnaşmak bilen, Hazar meselesini diňe diplomatik ýollary bilen çözmegiň tarapdary bolup durýar. “Hazarda çäkleri bellemek, halkara hukugynyň umumykrar edilen kadalarynyň, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleriniň esasynda we hyzmatdaşlaryň bähbitlerini nazara almak bilen amala aşyrylmalydyr. Hazar deňziniň ýalpaklygyny we düýbüni bölmek – bu hukuk meselesi bolup, ol diňe parahatçylykly, diplomatik we hukuk usullary bilen çözülmelidir” diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.
Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň 2002-nji ýylda Aşgabatda, 2007-nji ýylda Tähranda we 2010-njy ýylda Bakuda geçirilen duşuşyklarynyň möhümdigini bellemek bilen, bu ýere ýygnananlar olaryň her biriniň bäş ýurduň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki tagallalary has-da ilerletmekde möhüm tapgyr boldy diýip bellediler.
Hazarýaka ýurtlarynyň Prezidentleriniň gazanan ylalaşyklary netijesinde syýasy-hukuk häsiýetli düýpli resminamalar kabul edildi. Olarda dürli ugurlar boýunça ysnyşykly gatnaşyklara çemeleşmeler we esasy ýörelgeler öz beýanyny tapdy. Bu köp babatda Hazar meselesiniň dürli ugurlaryny kadalaşdyrmaga gönükdirilen täze halkara-hukuk usullaryny işläp taýýarlamak boýunça bilelikdäki işleri öňünden kesgitledi.
Soňky ýyllarda geçirilen bilelikdäki işleriň ýokary netijeliligini kanagatlanma bilen belläp, wekiliýetleriň agzalary Hazar meseleleriniň bilelikde ara alnyp maslahatlaşylmagy taraplaryň nukdaýnazarlaryny ýakynlaşdyrmaga we ylalaşygyň gözleginde netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik berdi diýip bellediler. 2003-nji ýylyň noýabrynda ilkinji köptaraplaýyn halkara hukuk resminamasynyň – Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça çarçuwaly Konwensiýanyň, şeýle hem 2010-njy ýylyň 18-nji noýabrynda gol çekilen Hazar deňzinde howpsuzlyk babatda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşygyň kabul edilmegi bu işleriň anyk netijesi boldy. Häzir olaryň esasynda Hazarda tebigaty goramak işleri amala aşyrylýar.
Bu resminamalaryň esasynda goýlan halkara-hukuk binýady bu gün täze hukuknamalaryny işläp düzmekde we kabul etmekde öz ösüşine eýe bolýar. 2010-njy ýylyň noýabrynda Bakuda geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň üçünji duşuşygynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn möhüm kadalaşdyryjy resminamalaryň käbirini, şol sanda Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň netijelerini aradan aýyrmak babatda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşygy hem-de Hazar deňziniň biologik serişdelerini goramak we netijeli peýalanmak hakynda ylalaşygy işläp taýýarlamaga başlamak barada teklibi orta atdy. Munuň özi bäştaraplaýyn esasda biologiki serişdelerini peýdalanmagyň kadalaryny ylalaşmaga we hususan-da, bekre balyklaryny awlamagyň paýlaryny bölmegi we özleşdirmegi üpjün etmäge mümkinçilik berer. Mahlasy, bu resminamanyň taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna Hazarýaka döwletleriniň wekilleriniň 19-21-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek ýörite, hasap boýunça eýýäm ikinji duşuşygy bagyşlanar.
Hazarda özara ylalaşykly işleri geçirmek üçin zerur bolan köptaraplaýyn hukuk resminamalaryny öz wagtynda taýýarlamagyň we kabul etmegiň möhümdigini bellemek bilen, türkmen tarapy Hazarýaka döwletleriň wekiliýetlerini 2013-nji ýylyň güýzünde Hazar komitetiniň 18-nji mejlisiniň barşynda gol çekmek maksady bilen Hazar deňzinde gidrometeorologiýa ulgamynda Hazarýaka döwletleriň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşygyň taslamasynyň üstünde işlemegi tamamlamak üçin tagallalary etmäge çagyrdy. Geljek ýylda Türkmenistan oňa başlyklyk eder.
Şu ýylyň noýabrynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Hazar ekologik forumynyň mejlisiniň ähmiýeti bellenildi. Şunda tebigaty goramak meselesi boýunça maksada gönükdirilen gepleşikler üçin şol forumy binýat hökmünde peýdalanmagyň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy.
Mejlisiň birinji gününiň çäklerinde wekiliýetleriň ýolbaşçylary öz döwletleriniň nukdaýnazarlaryny we tekliplerini beýan etdiler, şeýle hem gyzyklanma döredýän meseleler boýunça pikir alyşdylar. Bellenilşi ýaly, Hazar deňzi – bu strategik sebit bolup, onuň parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň şertlerinde ösdürilmegi däbe öwrülen, köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary bilen bagly bolan Hazarýaka hyzmatdaş döwletleriň hemmesiniň uzakmöhletleýin bähbitlerine gabat gelýär. Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýanyň gutarnykly görnüşiniň üstünde işlemegi ýakyn wagtda tamamlamaga özara gyzyklanma bildirilýändigi, şeýle hem esas bolup durýan bu resminamanyň düzgünleri boýunça özara kabul ederlikli çözgütleri gözlemegi dowam etmäge umumy islegiň bardygy beýan edildi. Bu resminama Hazarda alnyp barylýan işleriň dürli ugurlarynda kenarýaka ýurtlaryň bäşisiniň özara gatnaşyklarynyň ygtybarly hukuk guralyna öwrülmelidir.
Gepleşikleriň nobatdaky tapgyrynyň netijeli boljakdygyna ynam bildirmek bilen, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Russiýanyň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary Hazarýaka ýurtlaryň nukdaýnazarlaryny has-da ýakynlaşdyrmak we täsin tebigy suw howdanyny aýawly saklamagyň, onuň baý serişdelerini oýlanyşykly özleşdirmegiň we Hazarda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň bähbidine Hazar meselesiniň ylalaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak maksady bilen, dürli geňeşmeleri dowam etmegiň, Hazarýaka döwletleriň bilermenleriniň, alymlarynyň, hünärmenleriniň, döwlet edaralarynyň we kompaniýalarynyň wekilleriniň aragatnaşygynyň täze usullaryny döretmegiň möhümdigini bellediler.
Ertir duşuşyk öz işini tamamlar.