Ï Türkmenistan-GFR: hukuk ulgamynda tejribe alyşmak
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-GFR: hukuk ulgamynda tejribe alyşmak

view-icon 863
Şu gün Halkara hyzmatdaşlygy boýunça german jemgyýetiniň /GIZ/ taslamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda bolan iş maslahaty hukuk babatda ikitaraplaýyn türkmen-german gatnaşyklaryny mundan beýläk-de netijeli ösdürmegiň meselelerine bagyşlandy.

Biziň ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet neşirýat gullugynyň, Türkmenstanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň we beýlekileriň wekilleri boldular. Sebitleýin GIZ taslamanyň direktory jenap Ýorg Pudelka hem maslahata gatnaşdy.

Bellenip geçilişi ýaly, adam hukuklaryny we bähbitlerini goramak milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň üýtgewsiz ýagdaýdaky birinji derejeli wezipesi bolmagynda galýar. Dünýä bileleşiginiň işjeň agzasy bolmak bilen, Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynda adam hukugy babatda ençeme halkara konwensiýalaryna, şertnamalaryna we ylalaşyklaryna goşuldy. Türkmen döwleti öz üstüne alan borçnamalaryna sazlaşykly eýerip, halkara hukugynyň umumylykda ykrar edilen kadalaryny, milli kanunçylygyna yzygiderli girizýär we iş ýüzünde ulanýar. Şunuň bilen baglylykda, maslahata gatnaşyjylar hukuk ulgamynda türkmen hukuk öwrenijileriň halkara guramalarynyň bilermenleri, şol sanda Halkara hyzmatdaşlygy boýunça german jemgyýetiniň /GIZ/ taslamasynyň hünärmenleri bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň ähmiýetini bellediler.

Maslahatyň işine gatnaşan halkara bilermenleri oňa gatnaşyjylara awtorlyk hukugynyň dünýä iş tejribesinde umumylykda kabul edilen düzgünleri bilen, göçürme nusgalary /koperaýt/, döretmäge bolan hukuk hakynda tanyşdyrýan çykyşlary etdiler, şeýle hem awtorlyk bähbitlerini goramaga we bellige almaga degişli meseleleri gozgadylar.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň we Halkara hyzmatdaşlygy boýunça german jemgyýetiniň taslamasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär. Netijeli gatnaşyklaryň çäklerinde biziň ýurdumyzda GIZ-iň bilermenleriniň gatnaşmagy bilen bilelikdäki duşuşyklar we seminarlar guraldy.

Hukuk we kazyýet özgertmelerinde tejribe alyşmak maksady bilen, özara tanyşdyryş saparlary guralýar. Mysal üçin, “Orta Aziýa ýurtlarynda hukuk hem-de kazyýet özgertmelerini goldamak” atly GIZ sebitleýin maksatnamanyň çäklerinde şu ýylyň noýabrynda türkmen hukukçylarynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň, Aşgabat şäheriniň Aklawçylar kärdeşler maslahatynyň, Aşgabat şäheriniň döwlet kepillendiriş gullugynyň we ýurdumyzyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň wekillerinden ybarat düzümdäki topary hukuk ulgamynda tejribe alyşmak maksady bilen Germaniýa Federatiw Respubolikasyna baryp gördüler. Wekiliýet agzalary şol saparyň barşynda adyl kazyýetligiň ulgamy, ýerine ýetiriş iş önümçiligi bilen tanyşdylar, GFR-iň kepillendiriş edaralaryna, şeýle hem Gamburgda Maks Plank atly Ylmy-barlaglar jemgyýetiniň /MPG/ ylmy-barlag institutlarynyň birine baryp gördüler.

Bu ulgamda oňyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri hakynda gyzyklanyp pikir aşylmagyň barşynda bu ýere ýygnananlar geçirilen ara alyp maslahatlaşmalaryň ýokary netijeliligini belläp, şunuň ýaly duşuşyklaryň netijeli gatnaşyklary giňeltmekde möhüm orny eýeleýändigini nygtadylar.