Şu gün türkmen paýtagtyna Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministriniň orunbasary, EYR-niň Milli gaz kompaniýasynyň başlygy jenap Jawad Owjiniň ýolbaşçylygynda bu ýrduň wekiliýeti geldi.
Türkmenistanyň hökümetinde we “Türkmengaz” döwlet konserninden geçirilen duşuşyklaryň gün tertibine soňky ýyllarda täze mazmuna eýe bolan türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmegiň meseleleri girizildi. Bellenilişi ýaly, ähli ugurlarda, şol sanda gaz geçirijileri gurmak boýunça birnäçe möhüm taslamalar amala aşyrylan ýangyç-energetika pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga durnukly ösýän depginler mahsusdyr. Döwletabad-Sarahs-Hangeran gaz geçirijisiniň ulanmaga berilmegi iki döwletiň arasyndaky ysnyşykly gatnaşyklaryň subutnamasy bolup, bu gaz geçiriji boýunça türkmen “mawy ýangyjy” Eýrana akdyrylýar.
Türkmen-eýran gatnaşyklarynyň depginine oňyn baha bermek bilen, jenap Jawad Owji öz ýurdunyň netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ymtylýandygyny tassyklady. Bu hyzmatdaşlyk iki goňşy halklaryň arasyndaky däbe öwrülen dostluk gatnaşyklarynyň binýadyna daýanýar.
Netijeli gatnaşyklaryň geljegi hakynda pikir alyşmagyň çäklerinde duşuşyga gatnaşyjylar döletara gatnaşyklaryny berkitmek işinde nusga alarlyk bolan energetika ulgamynda ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanmak bilen bellediler we bu ugurda bilelikdäki işleriň depginini ýokarlandyrmak barada aýtdylar.
Eýran wekiliýeti Aşgabatda bolmagynyň barşynda Daşary işler ministrliginde kabul ediler, bu ýerde hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy we olary ösdürmegiň mümkinçilikleri hakynda meseleleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.