Ï Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

view-icon 843
Şu gün ir bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýewiň we Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň göni aragatnaşykda geçiren wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda paýtagtymyzyň günorta künjeginde gurulmagy meýilleşdirilýän sil-suw akabalarynyň taslamalary bilen ýerinde tanyşmak baradaky haýyşy mälim edipdi. Şeýlelikde, milli Liderimiz bu ýerde gurulýan binalarda gurluşyk işeriniň barşy, şeýle hem häzirki zaman şäher düzümini döretmegiň hem-de Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmagyň birnäçe taslamalary bilen tanyşdy.

Mälim bolşy ýaly, dünýäniň öňdebaryjy gazananlarynyň we innowasiýalarynyň peýdalanylmagyny, adamlaryň amatly ýaşaýşy, döredijilikli zähmeti we doly derejeli dynç alşy üçin oňaýly şertleriň döredilmegini ugur edinýän şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek mill Liderimiziň alyp barýan döwlet ösüş strategiýsynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu maksatnama laýyklykda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde durmuş-syýasy, ulag-aragatnaşyk we başga-da, birnäçe maksatly desgalaryň gurluşygy giňden ýaýbaňlandyryldy hem-de şäherleriň, obalaryň döwrebap düzümi kemala gelýär.

Döwlet Baştutanymyzyň bu gezekki iş sapary türkmen paýtagtynyň ösüşi, öňi bilen bolsa Aşgabatda derwaýys inženerçilik-tehniki ulgamyň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleleriň hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Tebigy gözellik bilen täsin utgaşyklygy emele getirýän paýtagtymyzyň günorta künjegi soňky döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde täze edara ediş-işewürlik merkezine öwrüldi.

Milli Liderimiz ir bilen özüniň binagärlik keşbi boýunça täsin hem-de sebitde deňi-taýy bolmadyk, mermer paýtagtymyzyň iň bir ajaýyp künjekleriniň birinde ýerleşen “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkeziniň binasynyň golaýyna geldi.

Ak gara bürenen dag etekleriniň gözelligi paýtagtymyzyň ak mermerli birnalary bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirip, türkmen gyşynyň nurana keşbini janlandyrýan täsin görnüş ruhuňy göterýär.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Aşgabat şäheriniň häkimi we ýurdumyzyň käbir ministrlikleriniň ýolbaşçylary garşyladylar.

Sil-suw akabalarynyň geçjek ugrunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa inženerçilik desgalarynyň gurluşygy boýunça döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy bilen işlenip taýýarlanylan taslamalar görkezildi. Ozal habar berlişi ýaly, milli Liderimiz paýtagtymyzyň günorta künjeginde sil suw akabalarynyň gurluşygynyň meselelerine aýratyn ähmiýet berýär.

Şunuň ýaly öňde goýlan wezipeler boýunça ýerine ýetirilen işler barada hökümet Baştutanynyň orunbasary A.Ýegeleýew jikme-jik hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, gurluşygy meýilleşdirilýän desga sil suwlaryny saklamak, olary ýörite desganyň üsti bilen bir akaba ugrukdyrmak, hanalaryň berkligini we durnuklylygyny üpjün etmek, şeýle hem sil akymlaryna garşy durmaga ukyply desgany bina etmek bilen baglanyşykly birnäçe wezipeleriň çözgüdini üpjün eder.

Sil-suw akabasynyň merkezi ulgamynyň umumy uzynlygy 33,6 kilometr bolup, onuň 11 kilometri tebigy hanalardyr, 22,6 kilometri bolsa beton örtukler bilen berkidilip, täzeden gurlar. Köpetdagyň gerişlerinden gelýän ýagyn hem-de sil suwlary 12 ugur boýunça akyp, bir bitewi akaba biriger. Hanalaryň gurluşygynda dünýäniň iň öňdebaryjy tehnologiýalary ulanylar. Ahyrky netijede bolsa bir akaba goşulan suwlar Garagum derýasyna tarap akar.

Hormatly Prezidentimiz bu künjekde bar bolan tebigy sil akabalaryny düýpli abatlamagyň hem-de täze akabalary gurmagyň derwaýysdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýüzlenip, bu işleri örän oýlanyşykly, ylmy esasda öwrenmek hem-de jogapkärli çemeleşmek arkaly ýerine ýetirmelidigini aýtdy.

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişiniň, şäher ösüşiniň geljegini nazara almak bilen, paýtagtymyzyň ulag-aragatnaşyk hem-de inženerçilik düzümini has-da ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem häkim bu ýerde sil-suw akabalarynyň gurluşygy, öňi bilen bolsa onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly meýilleşdirilýän işler hakynda aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu ýerde alnyp barylýan işleriň ylmy taýdan esaslandyrylmalydygyny, künjegi abadanlaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çärelerde künjegiň tebigy aýratynlygynyň nazara alynmalydygyny belledi. Bina edilýän ähli desglaryň umumy kabul edilen tehniki kadalara we halkara ülňülerine laýyk gelmelidigini belläp, hormatly Prezidentimiz bu babatda şäher häkimine birnäçe tabşyrylary berdi.

Ýurdumyzyň suw hojalyk ministri S.Taganow sil-suw akabalarynyň gurluşygy boýunça taslamany taýýarlamak boýunça ministrligiň ýerine ýetiren işi hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz sil-suw akabalarynyň gurluşygy bilen baglanyşykly derwaýys meselelere ünsi çekip, desganyň gurluşygynda öňi bilen taslamanyň ekologiýa ugruna aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylyklda, milli Liderimiz bu ugurda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň, şeýle hem onda ulanylmagy göz öňünde tutulýan serişdeleriň ylmy taýdan seçilip alnyşyna gözegçiligi üpjün etmegiň wajypdygyny belledi.

Türkmenistanyň gurluşyk ministri J.Baýramow öz gezeginde ýurdumyzyň gurluşyk düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem sil-suw akabalarynyň guluşygy boýunça meýilleşdirilýän işler barada hasabat berdi.

Aýratyn ähmiýete eýe bolan we örän derwaýys bu taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ministre gurluşyk işlerinde häzirki döwrüň talaplaryndan gelip çykýan şertleriň, şeýle hem onuň bellenilen möhletde gurlup gutarylmagynyň hem-de ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegini tabşyrdy.

Soňra ýurdumyzyň senagat ministri B.Italmazow ministrligiň alyp barýan işi barada hasabat berdi. Hususan-da, sil-suw akabalarynyň gurluşygy barada aýtmak bilen, ministr häzirki döwürde desgada ulanylmagy meýilleşdirilýän gurluşyk materiallarynyň önümçiligini ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler hakynda habar berdi.

Türkmenistan çig mal serişdelerine, şol sanda ýurdumyzyň gurluşyk senagatyny ösdürmek üçin zerur gorlara baý ýurtdur diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz şu ulgamda dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň we ylmyň iň täze gazananlarynyň önümçilige giňden ornaşdyrylmagynyň derwaýysdygyny aýtdy. Şeýle hem milli Liderimiz sil-suwy akabalarynyň gurluşugynda berdaşly gurnamalaryň, berkligi babatda tapawutlanýan sementiň we beýleki suwuň garşysyna durmaga ukyply materiallaryň ulanylmalydygyny aýratyn nygtady.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylara paýtagtymyzyň günorta künjeginde gurulmagy meýilleşdirilýän sil-suwy akabalarynyň gurluşygy bilen baglanyşykly halkara bäsleşigini yglan etmek boýunça zerur işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bu ýerde aýdylanlary jemläp, sil-suw akabalary gurlanda onuň tebigy tarapyna aýratyn üns bermegiň zerurdygyny aýtdy. Dag gerişdelerinden gelýän ýagyn hem-de sil suwlarynyň özüniň ugry, akymy bolýar diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz sil-suw akabalary gurlanda siliň asyrlarboýy akýan ugrunda gurulmalydygyny, desganyň şu aýratynlygyna berk üns bermelidigini aýtdy we desgalar gurlanda sil ugurlarynyň jikme-jik öwrenilmeginiň hökmany şertdigini aýratyn nygtady.

Soňra milli Liderimiz degişli desgany gurmagyň tebigy hem-de ylmy aýratynlyklaryna ilkinji nobatda üns bermegiň derwaýysdygyny belläp, bu işlere gönüden-göni jogapkär ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň bu künjeginiň tebigy aýratynlygyny, gözelligini nazarda tutup, bu ýerde gök zolaklaryň, seýilgäh toplumlarynyň döredilmegi bilen baglanyşykly alnyp barylýan işlere degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, bu künjekde bag nahallary oturdylanda agaçlaryň dag eteginiň tebigy şertlerine laýyk gelýän görnüşleriniň seçilip alynmalydygyny, olary ylmy taýdan esaslandyrmagyň hökmandygyny belledi.

Gözel ýaýlalarda bag nahallarynyň köpçülikleýin oturdylmagy bu giňişligiň görküni artdyrar, onuň ekologiýa ýagdaýynyň has-da sagdynlaşmagyny şertlendirer, munuň üçin bolsa bag nahallarynyň aýratynlygyna, ekilen baglaryň idegine ýokary derejede üns bermegiň zerurdygyny belläp, bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz türkmen topragyna tebigatyň rysgal-bereket görnüşinde eçilen garyny tokgalap durşuna onuň dykyz häsiýetdedigini aýdyp, munuň özi geljekki bol hasylyň aýdyň alamatydyr diýip belledi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, garyň dykyzlygy onuň çyglylyk derejesiniň ýokarydygyny aňladýar, bu bolsa topragyň hasyllylygynyň ilkinji şertidr.

Döwlet Baştutanymyz iş saparynyň jemini jemläp, paýtagtymyzyň tutuş inženerçilik ulgamynyň häzirki zaman ölçeglerini, şäheriň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge, Aşgadyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşi we ilatyň oňaýly ýaşaýşy üçin ähli zerur şertleri döretmäge gönükdirien uzakmöhletleýin maksatnamasynyň esasy bölegi bolup durýan bu taslamanyň ähmiýetini ýene bir ýola belledi. Täze desganyň gurluşygy bilen baglanyşykly ähli meseleleri berk gözegçilikde saklamalydygyny degişli ýolbaşçylara tabşyryp, hormatly Prezidentimiz olara işlerinde üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.