Şu günler paýtagtymyz Aşgabatda Russiýa-Türkmen Işewür Geňeşiniň başlygynyň orunbasary, “Russiýa-Türkmen Söwda öýi” hojalyk jemgyýetiniň Baş direktory N.Lewşinanyň ýolbaşçylygynda Russiýa Federasiýasynyň wekilçilikli topary bolýar.
Wekiliýetiň düzümine Türkmenistanyň döwlet we işewür düzümleri bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýän öňdebaryjy rus kompaniýalarynyň wekilleri girdiler.
Russiýanyň wekiliýeti nobatdaky saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň pudaklaýyn ministrliklerinde we edaralarynda duşuşyklary geçirdiler. Şonda ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň köpugurly mümkinçiliklerini nazara almak bilen, ony has-da giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şu günler söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, energetika, senagat, gurluşyk we beýleki ministrliklerde geçirilen duşuşyklara gatnaşyjylar ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine garadylar, şeýle hem esasy ugurlaryň käbirinde uzakmöhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Russiýanyň iri kompaniýalarynyň wekilleri daşary ýurt işewürleri üçin oňaýly şertler döredilen geljegi uly bolan türkmen bazarynda eýeleýän orunlaryny giňeltmegi göz öňünde tutýandygyny we geljekde hem iki doganlyk ýurduň milli ykdysadyýetleriniň kuwwatyny artdyrjak milli we sebit ähmiýetli bilelikdäki möhüm taslamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny tassykladylar.
Döwletara hyzmatdaşlygynyň esasyny düzýän gumanitar ulgamda ikitarpalaýyn gatnaşyklary berkitmegiň mümkinçilikleri hakynda pikir alyşmalar Türkmenistanyň Bilim, Medeniýet ministrliklerinde, şeýle hem Ylymlar akademiýasynda geçirilen duşuşyklaryň çäklerinde dowam etdi.
Däbe öwrülen söwda gatnaşyklaryny berkitmäge we giňeltmäge özara gyzyklanmanyň uludygyny beýan etmek bilen, duşuşyklara gatnaşyjylar iki döwletiň we olaryň dostlukly halklaryň bähbidine geçirilýän bilelikdäki işleri işjeňleşdirmäge mümkinçilik berýän işewür geňeşmeleri we gepleşikleri yzygiderli geçirmegiň möhümdigini bellediler. Türkmenistanyň we Russiýanyň netijeli özara hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmäge ygrarlylygy şol gatnaşyklaryň ýokary derejesiniň subutnamasy bolup durýar.