Ï Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini ýatlama güni
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini ýatlama güni

view-icon 1165
Türkmenistanda hasratly sene - Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazowy (Beýik Saparmyrat Türkmenbaşyny) ýatlama güni bellenildi. Metjitlerde eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň binýadyny tutan ýurdumyzyň beýik raýaty Saparmyrat Türkmenbaşynyň ruhunyň aram tapmagy üçin aýat-dogalar okaldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň düýn geçirilen mejlisinde belleýşi ýaly, Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ägirt uly işleri halkyň hakydasynda ebedilik galar. Bu ajaýyp ynsanyň ýagty ýadygärligini hatyralamak, onuň kümmetine zyýarat etmek isleýänler Gypjaga baryp, zyýarat edip bilerler diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz ýurdumyzyň ilkinji Prezidenti Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygyny gazanmagy, we onuň binýadynyň berkidilmegi ugrunda ägirt uly tagallalary siňdirdi. Ýurdumyz geçiş döwründe Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň paýhasly ýolbaşçylygynda parahatçylykly ýol bilen durnukly ösüş ýoluna düşdi. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň mähriban Watanymyzyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynda bitiren hyzmatyny aýratyn bellemeli. Ýurduň ilkinji Prezidentiniň bitiren ägirt uly hyzmatlary halkyň hakydasynda saklandy. S.A.Nyýazowyň geçen zähmet hem-de ömür ýoly barada gürrüň berýän milli gymmatlyklar häzirki döwürde paýtagtymyzdaky muzeýlerde saklanylýar. Olar ýurduň ilkinji Prezidentiniň bitiren işleri barada giňişleýin düşünje almaga mümkinçilik berýär.

Halklary birleşdirýän ruhy-ahlak gymmatlyklary meşhur “Ruhnamada” – Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ylmy-filosofik işinde jemlenendir. Bu eserde türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasy, onuň parasatly durmuş sütünleri, özboluşly milli däpleri we belent ynsanperwerlik gymmatlyklary öz beýanyny tapdy.

“Ölüsini sylan beg bolar-dirisini sylan baý bolar” diýen asylly jümläni döreden halkymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryna eýermek bilen ýurdumyzda Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazowyň ýatlama güni bellenip geçilýär.