Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde bu ministrligiň we Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky diplomatik missiýalarynyň ýolbaşçylarynyň BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik wekili hanym Jasinta Barrins bilen duşuşyk geçirildi.
Işjeň we oňyn ýagdaýda geçen duşuşygyň çäklerinde Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 10-njy dekabrynda geçirilen giňişleýin mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň biziň ýurdumyzyň strategiki hyzmatdaşy bolup durýandygyny aýtdy we ýurdumyzyň daşary syýasy edarasyna hem-de Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanalaryna hyzmatdaşlygyň bilelikdäki maksatnamalarynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagy boýunça işleri işjeňleşdirmek barada degişli tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň bütin dünýäde parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine alnyp barylýan meselelri çözmekde oňyn çemeleşmeleri, açyklygy görkezýändigini belläp, onuň däp bolan köpýyllyk hyzmatdaşlyga täze itergi berýändigini nygtamak bilen, taraplar şu ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek baradaky Ähtnamanyň düzgünleriniň netijeli durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny bellediler.
Gepleşikleriň çäklerinde şeýle hem Müňýyllygyň ösüş maksatlaryna degişli meseleleriň we 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna teklipleri taýýarlamak boýunça milli geňeşmeleri geçirmegiň meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Üstünlikli ösdürilýän we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şu ýyllaryň içinde toplanylan baý tejribesine daýanýan bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlarynyň tutuş toplumyny öz içine alýan beýleki ugurlar boýunça hem gyzyklanma bildirilip, pikir alyşmalar boldy.