Ýurdumyzyň bitaraplygynyň 17 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin Watanymyza gelen Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik missiýalarynyň ýolbaşçylary Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda Balkan welaýatyna baryp gördüler.
Iki günlük saparyň çäklerinde türkmen diplomatlary "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň ajaýyp ýerleri we özleriniň daşary ýurtlarda bolan wagtlarynda ýurdumyzyň günbatar sebitinde amala aşyrylan özgerişlikler bilen tanşarlar. Hususan-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň jogapkär işgärleri ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň desgasynyň ýakyn wagtlarda ulanylmaga beriljek häzirki zaman kottežler toplumynda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy bilen ýerinde tanyşdylar.
Şeýle hem olar “Awazada” ýaş agaç nahallaryny oturtmak we ozal ekilen, häzirki wagtda boý alýan agaç nahallaryna ideg etmek çäresine gatnaşdylar. Şeýlelikde, diplomatlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda döredilýän şypahana zolagynyň abadanlaşdyrylyşyna öz saldamly goşantlaryny goşdular.
Saparyň maksatnamasyna laýyklykda diňe bir türkmenistanlylaryň arasynda däl, eýsem ýer togalagynyň ähli künjeklerinden gelýän köp sanly daşary ýurtly myhmanlarynyň arasynda hem meşhurlykdan peýdalanýan Mollagara şypahanasyna baryp görmek hem göz öňünde tutulandyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz baý mazmunly we gyzykly “Türkmenistan –melhemler mekany” atly kitabynyň birnäçe sahypasyny bagyşlan bu özboluşly ajaýyp şypahana bilen tanyşlygyň barşynda şypahana bilen tanyşdyrylyş çäresi geçirildi we türkmen topragynyň bu ajaýyp künjegine bagyşlanan ýörite wideofilmler görkezildi.
Tiz wagtdan, Täze ýyl dabaralarynyň yzysüre Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri özleriniň biziň ýurdumyza wekilçilik edýän daşary ýurt döwletlere ugrarlar we döwlet Baştutanynyň tabşyrygyna laýyklykda, köpugurly işleriniň çäklerinde Türkmenistanda häzirki wagtda gazanylýan ägirt uly üstünlikleri, yzygiderli we gyşarnyksyz ýagdaýda amala aşyrylýan iri möçberli meýilnamalar, şol sanda deňizýaka zolaklarynyň abadanlaşdyrylyşy hem-de iri, bütin dünýäde meşhur bolan, häzirki wagtda saglygy bejeriş we dynç almak üçin dünýä satndartlarynyň derejesinde şertler döredilýän şypahana merkezleriniň döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler hakynda gürrüň bererler we wagyz ederler.