Ï Türkmenistanyň Prezidenti Arçabil şaýolunyň ugry bilen ýöriş geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Arçabil şaýolunyň ugry bilen ýöriş geçirdi

view-icon 758
Şu gün 2012-nji ýylyň ahyrky günlerinde, şenbe güni säher bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gyş paslynyň säheriniň sowukdygyna garamazdan Saglyk ýolunyň başlanýan ýerine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri garşyladylar.

Şu günler Köpetdagyň ajaýyp eteginde ýerleşýän bu künjekleriň görnüşi has-da gözel görünýär. Tutuşlygyna aklyga beslenen giňişlik Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň nurana ýollaryna çalymdaş ajaýyp görnüşe giripdir.

Milli Liderimiz ägirt uly ýeňişlere, zähmet üstünliklerine beslenip, tamamlanyp barýan ýylyň ahyrky günlerinde bu künjege gelip, özüniň asylly däbine eýerdi. Hormatly Prezidentimiz Giňdiwaryň eteginden saglyk ýolunyň başlanýan ýerinden Arçabil şaýolunyň ugry bilen ýöriş geçirdi.

Gönüden-göni döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen, barha özgerýän paýtagtymyzyň döwrebap keşbini emele getirýän hem-de halkymyzyň bagtyýar durmuşyny aýdyň alamatlandyrýan Arçabil şaýolunyň gyş säherindäki görnüşi has-da owadandyr.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sagdyn durmuş ýörelgesiniň rowaçlanmagy ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýär. Milli Liderimiz bu ýörelgäniň işjeň tarapdary bolmak bilen, işiniň çendenaşa köpdügine garamazdan, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin wagt tapýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň bu kadasyna berk eýerip, ähli watandaşlarymyza, ilkinji nobatda bolsa ýaşlara nusgalyk görelde bolýar. Yzygiderli türgenleşikler ynsany diňe bir beden taýdan taplaman, eýsem, onda tutanýerliligi, zähmetsöýerligi, maksada okgunlylygy terbiýeleýär diýip, döwlet Baştutanymyz ýol ugruna belledi.

Hormatly Prezidentimiz ýol ugruna ýurtda sportuň hem-de köpçülikleýin bedenterbiýäniň giňden wagyz edilmegi, ösdürilmegi, oňa ilatyň, hususan-da, ýaşlaryň giňden çekilmegi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.

Şu pursatda türkmen gyşynyň säherini ýagtylandyryp, gündogardan nurana günüň kuýaşlary paýtagtymyzyň owadan keşbini, dag etekleriniň gözelligini ýagtylandyrdy. Bereket bilen topraga düşen ak garyň ýüzünde ajaýyp görnüşleri emele getirýän gün şöhleleriniň bu künjegi gaýtalanmajak gözellik derejesine ýetirmegi söz bilen beýan eder ýaly bolmady. Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şaýoly bilen ynamly gadam urmagy ýurdumyzyň rowaçlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň alamatyna öwrülip, kalplara nur çaýýar.

Kyrk çilläniň gary örtülen Köpetdagyň gerişleri, dereleri, etekleri şu günler aklyga beslenip, has-da gözel görnüşe eýe boldy. Bu ýere türkmen gyşynyň säherinde çykyp, künjegiň arassa hem-de hoştap howasyndan dem alanyňda, belentlikden daş-töweregiňi synlanyňda, tebigatyň gyş günlerindäki ajaýyp keşbi, şeýle hem ýylsaýyn gözelleşýän ak mermere beslenen türkmen paýtagty has-da gözel görünýär. Bu şaýoluň Türkmenistanyň milli ösüşiniň, döwlet syýasatynyň özboluşly nyşany bolup durýandygyny aýratyn bellemeli. Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini höweslendirmek we hemmetaraplaýyn ösdürmek, ynsanyň ruhy hem-de beden mümkinçiliklerini sazlaşykly utgaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyz ýol ugruna degişli ýolbaşçylara paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, döwrebaplaşdyrmak, Aşgabadyň senagat düzümini, durmuş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek, gurulýan binalaryň ýokary hilini we öz wagtynda gurlup gutarylmagyny üpjün etmek bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary, maslahatlary berdi.

Milli Liderimiz şäherlerimizi mundan beýläk-de ösdürmek, döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň sport ulgamynyň ýokary netijelere eýe bolmagyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň netijesinde türkmenistanlylar “Sagdyn bedende-sagdyn ruh” diýen şygara eýerip, köpçülikleýin bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmalydyrlar diýip belledi.

Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň 2017-nji ýylda Aşgabatda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakyndaky çözgüdi bu syýasatyň halkara sport bileleşiginiň goldawyna mynasyp bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň paýtagtynda we ähli welaýatlarda ýokary halkara ülňülerine doly gabat gelýän sport maksatly desgalaryň gurluşygynyň giňden ýaýbaňlandyrylmagy şeýle çözgüdiň kabul edilmegini şertlendirdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýolugruna biziň ýurdumyzyň türgenleriniň 2012-nji ýylyň dowamynda ägirt uly sport ýeňişlerini gazanandygyny belläp, sportuň dürli ugurlary boýunça ýetilen sepgitleriň mundan beýläk-de ösdürilmegi, sport äleminde has uly derejeleriň gazanylmagy ugrunda alnyp barylýan işleriň yzygiderli hem-de netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek boýunça degişli ýolbaşçylara birnäçe maslahatlary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz täze, 2013-nji ýylyň sport hem-de beýleki ulgamlar boýunça beýik ýeňişlere beslenmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryň görülmelidigini, ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly seneleriň, hususan-da, dürli baýramçylyklaryň, şol sanda Nowruz baýramynyň guramaçylykly geçirilmegi, Saglyk gününiň dabaralarynyň belende göterilmegi hem-de oňa halk köpçüliginiň giňden çekilmegi bilen baglanyşykly taýýarlyk işlerine häzirki günlerden girişilmelidigini belledi.

Şeýlelikde, gyş säheriniň hoştap howasyndan dem alyp, ýörişini dowam edýän milli Liderimiz ýanynda bolýan egindeşlerine we beýleki degişli ýolbaşçylara paýtagtymyzyň ösdürilmegi, hususan-da, sport ulgamynyň ýokary derejelere göterilmegi ugrunda toplumlaýyn işleriň alnyp barylmagynyň maksada laýyk boljakdygyny nygtady.

Milli Liderimiz paýtagtymyzy ösdürmekde ýokary ülňüleri ugur edinmelidigini, Aşgabatda gurulýan täze desgalaryň, binalaryň ýurdumyzyň baş şäheriniň özboluşly binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşmalydygyny nygtap, degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň beden we ruhy saglygynyň, milletiň ýokary ahlak we ynsanperwerlik maksatlaryna ygrarlylygynyň ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we okgunly ilerlemeginiň girewi bolup durýandygyny belledi we milletiň saglygy, ruhubelentligi bilen baglanyşykly meseleleriň döwlet derejesinde düýpli ähmiýet berilýän wezipelerdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz özüniň egindeşleri harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, häkimler bilen bilelikde çigrekli gyşyň säherinde 5 kilometrden gowrak ýoly geçip, bedenterbiýä, sporta ygrarlydygynyň aýdyň nusgasyny äşgär etdi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Lilerimiz paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak meselelerine aýratyn ünsi çekip, bu babatda alnyp barylýan işleriň yzygiderli hem-de netijeli häsiýete eýe bolmagy barada degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Arçabil şaýoluna guralan ýörişi tamamlanyndan soň, bu çärä gatnaşyjylara işlerinde üstünlik arzuw edip, olar bilen hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.