Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýyldaky jemleýji bilelikdäki mejlisini geçirdi. Mejlise welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri çagyryldy. Gün tertibine 2012-nji ýylyň deslapky netijelerini jemlemek hem-de 2013-nji ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy wezipelerini kesgitlemek bilen bagly meseleleriň birnäçesi girizildi.
Mejlisiň başynda döwlet Baştutanymyz ýygnananlary we olaryň üsti bilen tutuş türkmen halkyny ýetir gelýän Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlap, watandaşlarymyza berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuşy, Garaşsyz Türkmenistanyň mundan beýläk-de ösdürilmegi we rowaçlygy ugrundaky işde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ýetip gelýän 2013-nji ýylyň Garaşsyz ata Watanymyz we eziz halkymyz üçin bolelinligiň we üstünlikli ýyllaryň biri boljakdygyna ynam bildirdi.
Soňra milli Liderimiz gün tertibine goşulan meselelere geçip, hökümetiň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilýän bu bilelikdäki mejlisiň şu ýyldaky ahyrky mejlisdigini aýtdy. Türkmenistanyň Prezidenti 2012-nji ýylyň netijelerini jemläp, şu döwürde Ministrler Kabinetiniň mejlisleriniň 53-siniň, iş we göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli maslahatlaryň 60-a golaýynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisleriniň 14-siniň geçirilendigini belledi.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, geçen döwürde dünýäde çylşyrymly ýagdaýyň emele gelendigine garamazdan, Türkmenistan dünýä bileleşiginiň alyp barýan işlerine, Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlyk etmeginde we beýleki abraýly halkara guramalary tarapyndan geçirilýän iri halkara çäreleriniň ählisine yzygiderli we işjeň gatnaşdy. 2012-nji ýylda ýurdumyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Başlyklyk etdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan bu wezipäniň hötdesinden abraý bilen geldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, Bitarap Türkmenistanyň sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna we ösdürilmegine mynasyp goşandyny goşandygyny kanagatlanma bilen nygtady. Döwlet Baştutanymyz meýilnamalar barada aýdyp, geljekde-de sebitdäki döwletleriň we halklaryň bähbitleri üçin uly möçberli işiň dowam etdiriljekdigini belledi.
Tamamlanýan ýyl ýurdumyzyň durmuşynda şanly we möhüm wakalar, milli ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda we pudaklarynda gazanylan ýokary zähmet üstünlikleri bilen şöhratlandy. Şu ýyl ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine we türkmen halkynyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen maksatnamalaryň we iri taslamalaryň birnäçesiniň durmuşa geçirilmegine badalga berildi. Amala aşyrylan beýik işleriň her biri biziň özgertmeler strategiýamyzyň we ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasat ugrumyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr diýip, milli Liderimiz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tamamlanyp barýan ýylyň jemlerine baha berp, 2012-nji ýylyň biziň ýurdumyz üçin şanly ýyl bolandygyny kanagatlanmak bilen billedi. Biz 2012-nji ýyl üçin göz öňünde tutulan ähli meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilendigine tüýs ýürekden buýsanýarys. Öňde uly wezipeler garaşýar. Ýurdumyzy dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna çykarmak maksady bilen durmuşa geçirilýän iri möçberli özgertmeleriň üstünlikli berjaý edilmegi şolara baglydyr. Şonuň üçin hem türkmen halky umumy maksadyň töwereginde has-da ykjam jebisleşip, tutanýerli zähmet çekmelidir, işe döredijilikli çemeleşip, öňdebaryjy ylmy-tehniki gazanylanlary netijeli peýdalanmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz çykyş etmek üçin hökümet agzalaryna söz berdi.
Ilki bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek we milli Liderimiziň öňe süren halkara başlangyçlaryny amala aşyrmak boýunça ýolbaşçylyk edýän ministrligi tarapyndan geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu düzümiň öňünde durýan esasy wezipelere ünsi çekip, Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy maksady sebit we dünýä möçberinde oňyn gatnaşyklary ösdürmekden, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakdan, ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmekden ybaratdyr diýip belledi. Bu ýörelgeleriň ählisi şu ýylyň dekabr aýynda kabul edilen “Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2013-2017-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” öz beýanyny tapdy diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we wise-premýere, daşary işler ministrine bu maksatnamalaýyn resminamanyň düzgenlerini üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň kanunçykaryjylyk işi hakyndaky habar bilen çykyş edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanun taslamalaryny we kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny kabul etmek babatynda tamamlanýan ýylyň aýratyn netijeli bolandygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow deputatlaryň mundan beýläk hem jemgyýetçilik wakalarynyň jümmüşinde bolmagynyň, saýlawçylary bilen ýakyndan aragatnaşyk saklap, adamlaryň isleg-arzuwlarynyň we zerurlyklarynyň tizden-tiz çözgüdini tapmagynyň zerurdygyny nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa özüne ynanylan ulgamda alnyp barylýan işler we Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp derejede geçirmek boýunça amala aşyrylýan çäreler hakynda hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň möhümdigini belläp, onuň bilen baglanyşykly ähli meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem söwda we hyzmatlar ulgamynyň edaralarynyň baýramçylyk çärelerini geçirmäge taýýarlyk görşi barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, gözegçilik edýän düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, dokma senagatynyň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegiň, şeýle hem ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk bölegini ösdürmek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz ýokary netijeleri gazanmak üçin maksadalaýyk işleriň geçirilmeginiň ähmiýetini nygtap, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Wise-premýer döwlet Baştutanymyz tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek bilen, gyşky döwürde ýurdumyzyň ilatly ýerlerini gaz bilen ygtybarly üpjün etmek boýunça goşmaça çäreleriň görlendigi barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, esasy gaz geçirijileriň ygtybarly hereket etmegine, kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň hem-de ilkinji nobatda, durmuş ulgamyna degişli desgalaryň “mawy ýangyç” bilen bökdençsiz üpjün edilmegine degişli meselelere aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamynyň edaralarynyň, salgyt we statistika guramalyrynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksadynda görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz 2012-nji ýylyň ýokary ykdysady görkezijiler bilen jemlenýändigini kanagatlanmak bilen belläp, türkmen döwletini ösdürmäge gönükdirilen ykdysady strategiýany üstünlikli durmuşa geçirmek maksadynda mundan beýläk-de möhüm ädimleriň ädilmelidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň meselelerini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda ileri tutulýan ugurlur boýunça alnyp barylýan işler hakyndaky hasabat bilen çykyş etdi. Hasabatyň çäklerinde wise-premýer “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy, şeýle hem derman senagatynda täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda aýtdy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylym we bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamynda yzygiderli özgertmeleriň amala aşyrylmagynyň bu pudaklary ýokary dünýä standartlarynyň derejesine çykarmak üçin oňyn şertleri döredendigini belledi. Hormatly Prezidentimiz bular barada aýtmak bilen, bu ulgamlary ösdürmek baradaky milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly ähli meseleleriň berk üns merkezinde saklanylmagynyň, özgertmeleriň depginleriniň birjik-de gowşadylmazlygynyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowa söz berildi. Ol döwlet Baştutanymyza möwsümleýin meýdan işleriniň, şol sanda güýzlük galla ideg etmek, gowaçadan boşan meýdanlary bahar paslynda oba hojalyk ekinlerini ekmek üçin taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň maldarçylyk hojalyklarynda mallary gyşlatmagyň barşy barada aýdyldy.
Milli Liderimiz oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän we azyk senagatynyň döwlete degişli we hususy kärhanalaryna döwlet tarapyndan degerli goldaw berilmeginiň ýurdumyzyň sarp ediş bazarynda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine, bu bazary öz ýurdumyzda öndürilýän dürli görnüşdäki, oňat hilli we bahasy boýunça elýeterli azyk önümleri bilen doldurmaga mümkinçilik berjekdigini belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň guralmagyna, maldarçylyk pudagyndaky işleriň kämilleşdirilmegine degişli anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyýew özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda Täze ýyl mynasybetli guralýan baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Ulag düzümini döwrebaplaşdyrmagyň we aragatnaşyk ulgamyna ýokary tehnologiýaly enjamlaryň ornaşdyrylmagynyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we ylmy-tehniki ösüşiniň möhüm ýaglaýy bolup durýandyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudaklaryň häzirki döwre laýyk gelýän meýillerine we olaryň ösüşine degişli meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz düzümiň işini kämilleşdirmegiň meselelerine döwletimiziň yzygiderli üns berýändigini belledi we adatdan daşary ýaglaýlaryň öňüni almaga hem-de ulag we aragatnaşyk ulgamynyň baýramçylyk günlerinde anyk hem-de sazlaşykly işiniň ýola goýulmagy ugrunda jogapkär adamlaryň baýramçylyk günlerinde tertip-düzgüne gözegçiligini yzygiderli amala aşyrmagyny üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew ýurdumyzyň gurluşyk we energetika üpjünçiligi ulgamynyň işini kämilleşdirmek hem-de onuň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň energetika syýasatynyň Türkmenistanyň senagatynyň, oba hojalygynyň, durmuş ulgamynyň hajatlaryny doly upjün etmäge, şeýle hem onuň beýleki ýurtlara ugradylýan möçberlerini artdyrmaga gönükdirilendigini nygtady hem-de elektroenergiýanyň ýokary üpjünçilik derejesine ýetmäge mümkinçilik berýän daşary ýurtlaryň energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmaga aýratyn ünsi çekip, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew çykyş edip, gözegçilik edýän düzümleriniň işine, ýangyç-energetika toplumyndaky halkara hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriň birnäçesi barada jikme-jik hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty jemläp, ýangyç-energetika toplumy we ilkinji nobatda, tebigy gazyň çykarylýan we eksprorta ugradylýan möçberlerini artdyrmak boýunça uly möçberli taslamalaryň wajyp ähmiýetlidigini belledi. Milli Liderimiz Türkmenistanyň nebitgaz serişdeleriniň örän uly gorlaryna eýe bolmak bilen, dünýäniň esasy energetiki bazarlaryna gatnaşygyny ynamly ösdürýändigini aýtdy.
Soňra mejlisiniň barşynda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hasabatlar bilen çykyş etdiler.
Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow welaýatda alnyp barylýan işleriň barşy, şol sanda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, mallaryň dok we ýyly gyşladylmagyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.
Öz nobatynda Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem welaýatyň senagat düzümini ösdürmek bilen baglanyşykly anyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gurluşyk işleriniň depginleri, şeýle hem ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmak, Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp garşylyamak maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat bilen çykyş etdi.
Şeýle hem Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylow häzirki döwürde welaýatda amala aşyrylýan iri möçberli taslamalaryň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly işler, welaýatyň senagat düzümini sazlaşykly ösdürmek, maldarçylyk hojalyklarynda mallary göwnejaý gyşlatmak, şeýle hem dänelik ekinlere ideg etmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanow öz nobatynda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, gurluşyk ulgamynda amala aşyrylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabatlary jemläp we welaýat häkimlerine ýüzlenip, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň senagat düzümleriniň hem-de olaryň sazlaşykly ösdürilmegini üpjün etmek boýunça anyk çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini belläp, sebitlerde gurulýan desgalaryň ýokary hilli bolmagy hem-de olaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga berilmegi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamak barada anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz ilatymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, ýerlerde durmuş-ykdysady düzümleri kämilleşdirmek, ýaşaýyş jaýlarynda we beýleki binalarda ýyladyş ulgamlarynyň bökdençsiz işini üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreleriň yzygiderli we netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň hemmesinde, etraplarda we obalarda Täze ýyl baýramçylygynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini tabşyrdy.
Mundan başga-da, milli Liderimiz oba hojalyk ulgamyna degişli meseleleriň üstünde durup geçmek bilen, häzirki döwürde sebitleriň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň agrotehniki kadalara doly laýyk gelmegi, mallaryň dok we ýyly gyşladylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanylmagynyň häzirki döwruň baş talaby bolup durýandygyny belledi we bu babatda welaýatlaryň häkimlerine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işler, şäheriň abadançylygyny ýokarlandyrmak, durmuş ulgamynyň düzümleriniň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işler, Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli dabaralaryň guralýan ýerlerinde ýörite meýilnama esasynda durmuşa geçirilýän çäreleriň gerimi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak, şäheriň durmuş ulgamynda hereket edýän düzümleriň durmuşa geçirýän çäreleriniň netijeliligini artdyrmak we olaryň sazlaşykly işini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri üns merkezinde saklamalydygyny belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz baýramçylyk günlerinde ilatymyz üçin zerur bolan hyzmatlary ýerine ýetirýän gulluklaryň işiniň bökdençsiz alnyp barylmagy, söwda we hyzmatlar ulgamynda, medeniýet ojaklarynda we beýleki köpçülikleýin çäreleriň geçirilýän ýerlerinde tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegi babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary hasabatlar bilen çykyş etdiler.
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän harby özgertmeleri amala aşyrmakda gazanylan üstünlikler, ýurdumyzda durnuklylygy we asudalygy üpjün etmek babatda geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy A.Garaýew ähli goňşy ýurtlar bilen hoşnýietli goňşuçylyk we dostluk gatnaşyklaryny saklaýan Türkmenistanyň Döwlet serhedindäki işleriň ýagdaýy barada hasabat bilen çykyş etdi.
Goranmak ministri B.Gündogdyýew Belent Serkerdebaşymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi we ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini berkitmek maksadynda geçirilýän giň möçberli işler barada hasabat berdi.
Soňra Türkmenistanyň Baş prokurory Ý.Ýazmyradow ýerine ýetirilen işler hem-de kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik edýän düzümlerdäki işleriň ýagdaýy barada hasabat bilen çykyş etdi.
Soňra içeri işler minitsri I.Mulikowa söz berildi. Ol, ilkinji nobatda, islendik tertip-düzgün bozmalara garşy barlyşyksyz göreş alyp barýan, özüniň ýolbaşçylyk edýän ministrliginiň işi barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy A.Hallyýew kanunlaryň gyşarnyksyz berjaý edilmegini üpjün etmäge gönükdirilen kazyýet edaralarynyň soňky döwürde alyp baran işleri barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň adalat ministri B.Çaryýew özüniň ýolbaşçylyk edýän ministrligindäki işleriň ýagdaýy we ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşirmek maksadynda amala aşyrylan anyk ädimler barada hasabat bilen çykyş etdi.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Hojamgulyýew gullugyň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanow neşe serişdeleriniň ýaýradylmagynyň we ulanylmagynyň öňüni almak boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi babatda görlen çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy D.Baýramow öňde duran möhüm wezipeleri çözmek boýunça geçirilýän işleri kämilleşdirmek babatda görülýän çäreler barada hasabat bilen çykyş etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan wezipeleriň möhümdigine Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň ünsüni çekdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň okgunly we durnukly ösmegi şol wezipeleriň çözülmegine gönüden-göni baglydyr.
Milli Lilerimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan turuwbaşdan parahatçylyk söýüjilik häsiýetine eýe bolan Harby doktrinany üstünlikli durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryna gyşarnyksyz eýermek bilen, mundan beýläk hem milli goşunymyzyň ýokary goranmak ukybyny üpjün etmek, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini kämilleşdirmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýokary hünärli harby işgärleri hemmetaraplaýyn taýýarlamak ýaly möhüm meselelere aýratyn üns berer. Harby gullukçylaryň mynasyp gulluk etmegi we oňat dynç almagy üçin amatly şertleri döretmek meseleleri hem hemişe döwletimiziň üns merkezinde bolar.
Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda şu günler giň gerime eýe bolýan Täze ýyl dabaralary barada durup geçip, mähriban Diýarymyzyň ähli ýerinde berk düzgün-tertibi, şeýle hem ýol-hereket howpsuzlygyny üpjün etmäge aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýylyň iň nurana baýramçylyklaryň biridigini nygtap, türkmenistanlylaryň bu baýramçylygy ruhubelentlik ýagdaýynda we şatlyk-şagalaň bilen geçirmegi üçin zerur çäreleri görmek barada anyk görkezmeleri berdi.
Mejlisiň barşynda döwlet durmuşynyň beýleki meselelerine hem garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini tamamlap, ýygnanlaryň ählisini ýetip gelýän Täze, 2013-nji ýyl bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de olara berk jan saglyk, Türkmenistanyň abadançylygynyň we türkmen halkynyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.