Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň dag eteklerinde ýerleşen Ahalteke atçylyk toplumyna bardy. Asylly däbe görä, täze ýylyň ilkinji günlerinde döwlet Baştutany bu ýerdäki gözel tebigat we türkmen halkynyň zehini arkaly dörän deňi-taýy bolmadyk bedewler bilen didarlaşdy, olaryň ýagdaýy bilen gyzyklandy.
Mälim bolşy ýaly, ajaýyp çapyksuwar, “behişdi bedewlere” uly sarpa goýýan we olara belet bolmak bilen, milli Liderimiz wagtynyň çäklidigine garamazdan, bedewler bilen “görüşmäge” we öz çapyksuwarlyk ussatlygyny yzygiderli taplamaga wagt tapýar, biz ençeme gezek munuň şeýlediginiň şaýady bolduk. Şol pursatda türkmenistanlylaryň ýüreklerinde öz Liderine bolan buýsanç duýgusy artýar, Döwlet Baştutanymyz öňdengörüji syýasatçynyň paýhasy bilen Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp barýar, onuň depginleri bolsa, ahalteke bedewiniň okgunlylygyna çalymdaşdyr.
“Biziň “behişde bedewlerimiz” iňňän gymmatly baýlykdyr, onuň bütin dünýäde deňi-taýy ýok” diýip, türkmen halkynyň iň oňat atçylyk däpleriniň yzygiderliligi we ony kämilleşdirmek, tohum atlaryny ösdürip ýetişdirmek üçin amatly şertleri döretmek, türkmen atçylygyny halkara pudaklaýyn industriýa ornaşdyrmak, atçylyk sportuny ösdürmek hakynda işjeň alada edýän milli Liderimiz nygtaýar.
Tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen üpjün edilen, ähli welaýatlarda gurlan atçylyk-sport toplumlary munuň aýdyň subutnamasydyr. “Türkmen atlary” döwlet birleşigi üçin Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda ýomut atlaryny ösdürip ýetişdirmek boýunça athananyň, Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda bolsa ahalteke bedewleriniň 600-si üçin niýetlenilen athananyň gurluşygy ýurdumyzyň atçylygynyň häzirki zaman düzümini kemala getirmegiň ýolunda ýene-de bir täsirli ädim bolar. Häzirki wagtda ýurdumyzda saklanylýan arassa ganly bedewleri halkara nusgasyndaky pasportlar bilen üpjün etmek hem-de bedewleriň baş sanynyň elektron hasabyny ýöretmegi geçirmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny hem belläp geçmeli.
2010-njy ýylda döredilen, ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylygy assosiýasiýasy “behişdi bedewleri” bütin dünýäde mundan beýläk-de ýaýratmaga ýardam edip, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikleri açdy. Onuň başlyklygyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow saýlandy. Biziň ýurdumyzda dürli döwletlerden alymlaryň, ippologlaryň, atçynaslaryň, genetikleriň, seçgiçileriň, çapuksuwarlaryň, seýisleriň gatnaşmagynda geçirilýän halkara sergileri we maslahatlary, şeýle hem däp boýunça aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenip geçilýän Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanylan “Behişdi bedewleriň” gözelliginiň milli bäsleşikleri şu maksatlara hyzmat edýär.
“Behişdi ahalteke bedewleri” atly maglumat beriş-seljeriş žurnaly türkmenistanlylara, behişdi bedewleriň hakyky muşdaklarynyň we olary söýýänleriň ählisine ajaýyp sowgat boldy. Halkara ahalteke atçylyk assosiýasiýasynyň bu owadan bezelen neşiriniň ilkinji iki sany geçen ýyl çapdan çykdy. Üç dilde -- türkmen, rus we iňlis dillerinde çap edilýän hem-de giň okyjylar köpçüligine niýetlenen žurnal arassa ganly ahalteke bedewlerini, ýurdumyzyň atçylyk däplerini dünýäde giňden wagyz etmekden ybaratdyr, onuň kökleri türkmen halkynyň köpmüňýyllyk taryhyndan gözbaş alýar.
Fransiýanyň bütin dünýäde meşhur türgenleşik merkezlerine we aýlawlaryna baryp görmek, Ýewropa atçynaslygynyň tejribesi bilen tanyşmak türkmen hünärmenleri, seýisleri we çapyksuwarlary üçin şanly waka boldy. Biziň çapyksuwar ildeşlerimiziň halkara “Triumfal arka-2012” atçylyk sport ýaryşyna ilkinji gezek gatnaşandyklaryny belläp geçmek möhümdir, şu mynasybetli Pariže ýörite sapary amala aşyran Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem şol ýaryşyň hormatly myhmany boldy.
Geçen ýylyň ahalteke bedewiniň nyşany astynda geçendigini belläp geçmek gerek, şol bedew biziň üstünliklerimiziň ajaýyp nyşany, amala aşan arzuwlarymyzyň, maksady okgunlylygyň we ýeňşe bolan erk-islegiň nusgasy bolmak bilen, şu ýyl hem buýsançly ýörişini dowam etdirýär.
... Köp şanly wakalara we üstünliklere baý bolan 2012-nji ýyly mynasyp ugradyp, türkmen halky ýetip gelen 2013-nji ýyly uly agzybir maşgala bolup, ajaýyp şatlyk-şagalaňly dabaralar bilen garşy aldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagy onuň esasy wakasy boldy. Ol diňe bir milli telewideniýäniň ýaýlymy arkaly däl-de, ýurdumyzyň “Älem” medeni--dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada goýlan Baş arçasynyň ýanyndaky ägirt uly monitorlaryň ekranlarynda görkezildi.
“Biziň halkymyzyň dörediji, gurujy halkdygyny ýene-de bir gezek bütin dünýä aýan eden 2012-nji ýylda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda örän uly işler amala aşyryldy. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda durmuşa geçirilen ajaýyp işlerde raýatlarymyzyň tutanýerli zähmetini, ýokary ussatlygyny aýdyň görmek bolýar. Merdana halkymyz öz yhlasly zähmeti bilen ata Watanymyz-berkarar Türkmenistanyň abraýyny arşa götermegi başardy” diýip, milli Liderimiz watandaşlarymyza ýüzlenip aýtdy.
Şol ýatda galyjy pursatlarda döwlet Baştutanymyzyň nygtap geçişi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk eýýamynyň aýgytly döwürleriniň biri boljak täze, 2013-nji ýylda biziň her birimiziň Türkmenistany dünýäniň senagat taýdan ösen öňdebaryjy döwletleriniň hataryna çykarmak üçin ýene-de has ruhubelent, tutanýerli hem-de netijeli işlemelidiris.
2012-nji ýyl taryha girmek bilen, türkmen topragynda ajaýyp aýdym-sazlaryň owazy we müňlerçe ajaýyp yşyklary asmana seçelän baýramçylyk feýerwerkiniň gümmürdileri bilen gadam urup başlan täze, 2013-nji ýyla öz ornuny berdi, şol şöhleleriň yşyklary daş-töweregi ýagtyltdy. Bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde uly we şowhunly türkmen toýuna mahsus ýagdaý höküm sürüp, Täze ýylyň hem Türkmenistanyň nobatdaky uly üstünlikleri gazanýan ýylyna öwrüljekdigine ynamlydygymyzy ýene-de bir gezek aýdyň tassyklady.
Täze ýylyň ilkinji günleriniň birinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz wagtyny ajaýyp bedewlerimiz bilen didarlaşyp, Ahalteke atçylyk toplumyna baryp görendigine halkymyz tarapyndan mukaddes saýylýan ruhy däpleriň hem-de ýetip gelen 2013-nji ýyl bilen baglaýan ajaýyp umytlarymyzyň, şu ýyl üçin bellenilen beýik işleri amala aşyrmaga aýgytlylygymyzyň dowam edýändiginiň nyşany hökmünde garamak bolar.
Çünki hut ahalteke bedewi täze döwrüň—işjeň, döredijilikli gujur-gaýratyň, ruhubelentligiň döwrüne mahsus bolan ýörelgäniň ajaýyp keşbine öwrüldi.
Türkmen halky ahalteke bedewlerine bagyşlanylan ganatly söz düzümleriniň köp sanlysyny aýawly saklap geldi we biziň günlerimize ýetirdi, bedewler ähli wagtlarda we döwürlerde ata-babalarymyzyň ýakyn kömekçileri bolup, biziň milli buýsanjymyza we tutuş adamzadyň genji-hazynasyna öwrüldi. Ýeri gelende aýtsak, türkmenleriň arasynda bedewiň we adamyň haýran galmaly özara gatnaşyklary ylmy taýdan ösüşlere we ýokary tehnologiýalara beslenen asyrymyzda hem öz ähmiýetini ýitirmeýär. Biziň günlerimizde batly depginde amala aşyrýan oňyn özgertmeleriň okgunlylygyny häsiýetlendirmäge çalşyp, ýygy-ýygydan, eýýäm adaty bolan “Ahalteke bedewiniň bady bilen” diýen söz düzümini ulanýandygymyz tötänleýin däldir. Ol halkyň ruhyny hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň, jemgyýetimiziň we ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginlerini has takyk hem-de täsirli beýan edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalteke atçylyk toplumynda saklanylýan öz söýgüli bedewleriniň ýanyna baryp, olar bilen didarlaşyp we atly gezelenç edip, toplumyň binasynda ýerleşen iş otagyna bardy, şol ýerde häzirki zaman resminamalaýyn we taryhy çeşmeleri, maglumatlary, ylmy we edebi çeşmeleri yhlasly öwrenmäge esaslanan deňsiz-taýsyz ahalteke bedewleri hakyndaky kitaplaryň üstünde işlemäge wagt tapdy.
Türkmen döwletiniň Baştutanynyň ilkinji işi bolan, “behişdi bedewleriň” hakyky senasyna öwrülen “Ahalteke bedewi- biziň guwanjymyz we şöhratymyz” atly kitabyň 2008-nji ýylda çapdan çykandygyny ýatlap geçeliň. Bu özboluşly kitabyň daşary ýurt dillerine terjime edilmegi dünýäniň dürli künjeklerinden ahalteke bedewleriniň köp sanly muşdaklaryna ahalteke bedewleriniň milletimiziň diňe bir buýsanjy we şöhraty bolmak bilen bir hatarda, dünýä siwilisasiýasynyň gymmatly hazynasy bolup durýandygyny baradaky gutarnykly maglumatlary almaga mümkinçilik berdi.
2011-nji ýylyň ýazynda “Ganatly bedewler” atly kitap hem jemgyýetçilige elýeterli boldy, onuň sahypalarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň baý medeni-mirasyny dikeltmek we gorap saklamak boýunça uly möçberli işi öz beýanyny tapdy.
Ahalteke bedewleriniň deňsiz-taýsyzdygy hakyndaky şan-şöhrat asyrlara ýaň saldy we häzirki wagtda paýhasly hem-de gadymy halk we onuň gahrymanlary hakynda bütin dünýä habar berýär. Sebäbi bu gymmytlyklarda milli ruhumyz, kämillige tarap ymtylyş, gözellik, gujur-gaýrat we dostluk, wepalylyk, edermenlilik, asyllylyk, abraý, Watana bolan söýgi ýaly düşünjeler öz beýanyny tapdy.
Biziň halkymyzyň asylly däplerinden ugur almak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýetip gelen Täze ýylyň ilkinji günleriniň birini ahalteke bedewlerine bagyşlamagyny ata Watanymyzyň 2013-nji ýylda bedew bady bilen, ösüşiň we rowaçlygyň belentliklerine ýetmek ugrundaky geljekki üstünlikleriniň ajaýyp nyşany hökmünde häsiýetlendirmek bolar. Bu ýagdaýy tutuş dünýä behişdi bedewleri bagyş eden türkmen halkynyň ösüşiň täze belentliklerine ýetjekdigini alamatlandyrýan ajaýyp nyşan hökmünde görkezmek bolar!