Ï Türkmen-eýran hyzmatdaşlygy ösdürilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen-eýran hyzmatdaşlygy ösdürilýär

view-icon 633
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde we Türkmenistanyň Mejlisinde Eýran Yslam Respublikasynyň parlamentiniň agzasy Jawad Karimi Godusi bilen bolup geçen duşuşygyň barşynda türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň dürli ugurlaryna degişli meselelere garaldy.

Söhbetdeşlikleriň barşynda myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk etmeginde türkmen döwletiniň amala aşyrýan içeri syýasatynyň we daşary syýasy strategiýasynyň esasy jähetleri, şeýle hem halkara – şertnamalaýyn işiň möhüm düzgünleri bilen tanyşdyryldy, şol işiň çäklerinde Türkmenistan halkara konwensiýalarynyň we beýleki köptaraplaýyn resminamalaryň durmuşa geçirilişine gatnaşýar.

Pikir alyşmagyň barşynda duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň netijeli hyzmatdaşlyga ygrarly bolup durýandygyny tassyklap, özara hormat goýmagyň, deňhukuklylygyň we özara bähbitleri göz öňünde tutmagyň ýörelgeleri esasynda guralýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmelidigini aýtdylar. Şonda goňşy ýurtlaryň we halklaryň arasynda däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm hasaplanýan parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmekde uly ähmiýete eýedigi bellenildi.