Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň barşy bilen tanyşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň barşy bilen tanyşdy

view-icon 876
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş sapary bilen geldi.

Türkmenbaşy şäheriniň halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary, Balkan welaýatynyň häkimi garşyladylar.

Milli Liderimiz deňizýaka şäheriniň howa menzilinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meseleler boýunça iş maslahatyny geçirdi.

Hazaryň gözel kenarynda kemala gelýän dünýä derejesindäki şypahanany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän oňyn syýasatynyň aýdyň nyşany diýip atlandyrmak bolar. Bu syýasat eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny we halkara abraýyny berkitmäge, türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Halkara ülňülerine gabat gelýän zerur bolan düzümi döretmek boýunça bu ýerde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işler netijesinde türkmen topragynyň bu gözel künjegi birnäçe ýylyň dowamynda tanalmaz derejede özgerdi. Häzir “Awaza” türkmenistanlylaryň höwes bilen dynç alýan ýerine öwrüldi. Onuň aýratynlyklaryna biziň ýurdumyzyň myhmanlary hem baha bermäge mümkinçilik aldylar. Mundan başga-da, Awaza iri işewürlik we medeni merkeziniň derejesine eýe bolup, ýokary derejedäki duşuşyklaryň, halkara maslahatlarynyň, festiwallaryň we beýleki çäreleriň geçirilýän ýeri hökmünde hem meşhurdyr.

Iş maslahatynda öňi bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Balkan welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary B.Hojamuhammedow häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda alnyp barylýan gurluşyklaryň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň deputatlarynyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda bolup, bu ýerde jemgyýetçilik-syýasy çäreleri yzygiderli guramak boýunça alyp barýan işleri, şeýle hem dynç alyş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak bilen baglanyşykly işläp taýýarlamalary barada habar berdi.

Türkmenbaşy şäheriniň halkara howa menzilinde geçirilen iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň we Ministrler Kabinetiniň Diwanynyň iş dolandyryjysy H.Muhammedow häzirki döwürde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda edara ediş binalaryny gurmak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew häzirki döwürde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurulýan desgalaryň gurluşygynyň depginini güýçlendirmek,olaryň hiline gözegçilik etmek bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Soňra iş maslahatynyň barşynda wise-premýer B.Nurmyradowa “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly seneler we baýramçylyklar mynasybetli guralýan dabaralaryň meýilnamalary we Hazaryň kenarynda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çäreler barada habar berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow öz gezeginde häzirki döwürde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda seýilgäh zolaklaryny döretmek bilen bagly durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow iş maslahatynyň barşynda häzirki döwürde welaýatyň durmuş-ykdysady ýagdaýyny ýokarlandyrmak, hususan-da, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeleriň durmuşa geçirilişi hakynda habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ynsan üçin tenekar howasy bolan we Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenarynda ýerleşýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň gerimini giňeltmegiň, künjekde adamlaryň saglygyny berkitmek we göwnejaý dynç alşyny guramak bilen baglanyşykly ähli zerur şertleri döretmegiň, dürli sport bäsleşiklerine niýetlenen sport desgalarynyň gurluşygyny çaltlandyrmagyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýandygyny belledi.

Milli Liderimiz bu künjekde alnyp barylýan işlere netijeli goşant goşýan we sebitiň ösdürilmegine işjeň gatnaşýan “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň ähli düzümleriniň Awazany ösdürmek boýunça durmuşa geçirýän çäreleriniň yzygiderli we netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bu künjekde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar bolmagy, umuman, ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn bedenli, ruhubelent, watansöýüji bolup ýetişmekleri üçin jemgyýetçilik guramalarynyň we beýleki degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegi babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem öňde boljak medeni çäreleriň, hususan-da, ýurdumyzda giňden belleniljek Bütindünýä saglyk gününiň ähmiýeti barada aýtmak bilen, şol çärelere häzirki günlerden ykjam taýýarlyk görmegiň, şanly seneler mynasybetli guraljak medeni hem-de jemgyýetçilik çäreleriniň meýilnamalaryny işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly meselelere oýlanyşykly we jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmek bilen baglanyşykly gürrüňi dowam etmek bilen, Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny dolandyrmak boýunça baş müdirliginiň bu künjegiň ähli ugurlar, hususan-da, ykdysady tarapdan ösdürilmegi ugrunda degişli düzümler bilen ugurdaş işi alyp barmalydygyny tabşyrdy. Şeýle hem iş maslahatyna gatnaşýan Türkmenistanyň ykdysadyýet we ösüş ministri B.Hojamämmedowa ýüzlenip, künjegi ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerini jikme-jik öwrenmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Şunuň ýaly çäreleri yzygiderli durmuşa geçirmek arkaly biziň maksadymyz ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmekden ybaratdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň başlygy P.Taganowa Diýarymyzyň täsin tebigatyny, syýahatçylyk künjeklerini, hususan-da, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň häzirki döwrüň baş talabydygyny belläp, bu ugurda anyk işlenip taýýarlanylan meýilnamalaryň durmuşa geçirilmelidigini tabşyrdy.

Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda hem syýahatçylyk ulgamynyň ösdürilmeginiň, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana dünýä jahankeşdeleriniň işjeň çekilmeginiň ýurdumyzda ulag-aragatnaşyk toplumynyň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagyna baglydygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň başlygy M.Aýazowa howa ulaglary ulgamynyň işini kämilleşdirmek, halkara derejesindäki howa gatnawlarynyň ugurlaryny artdyrmak boýunça degişli çäreleri alyp barmagy tabşyrdy.

Şeýle hem milli Liderimiz Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji R.Kutlyýewe düzümiň işini kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, Türkmenbaşydaky halkara deňiz menzilini döwrebaplaşdyrmak boýunça yzygiderli işleri alyp barmak barada birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän dürli şüweleň merkezlerini gurmak, sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara çäreleriniň geçirilmegini üpjün edýän şertleri döretmek boýunça uly işleriň durmuşa geçirilmelidigini, geljekde Awazany sport hem-de medeni çäreleri guramak boýunça halkara merkezine öwürmek boýunça ägirt uly işleriň alnyp baryljakdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz şu nukdaýnazardan Awazada gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalaryny taýýarlamakda dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň, innowasion tehnologiýalaryň, öňdebaryjy inženerçilik-binagärlik pikiriniň we özboluşly dizaýnerçilik işleriniň giňden ulanylmalydygyny aýratyn nygtady.

* * *

Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy şäheriniň halkara howa menzilinden “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna tarap ugrady. Bu ýerde, “Arzuw” kaşaň myhmanhanasynda deňiz şypahanasyny gurmagyň taslamalarynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Mälim bolşy ýaly, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurluşygyň başlanan wagtyndan – 2007-nji ýylyň ahyryndan bäri bu ägirt uly taslama uly möçberde maýa goýumy goýuldy. Netijede, bu gün Hazaryň kenaryna ajaýyp binagärlik toplumlary—“Watançy” , “Hazyna”, “Nebitçi”, “Kerwen”, “Kuwwat”, “Serdar”, “Arzuw”, “Daýanç”, “Şapak”, “Bereket” ýaly kaşaň myhmanhanalar, kottežler we çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri görk goşup, olar bir wagtyň özünde dynç alýanlaryň üç müňden gowragyny kabul edip bilýär.

Häzirki zaman tehnikasy bilen enjamlaşdyrylan howa menzili, kuwwatly gaz turbinaly elektrik bekedi, deňiz suwuny süýjediji zawod şypahana düzüminiň üstüni ýetirdi. Gämi gatnawly ýedi kilometrlik derýa Awazanyň içinden geçip gidýär. Onuň awtoulag we pyýada köprüleri bilen birleşen kenarlarynda amfiteatrlary, özboluşly çüwdürimler toplumyny, kafeleri we restoranlary, deňiz ýahtalary we gezelenç gaýyklary üçin duralgalary öz içine alýan abadanlaşdyrylan zolak ýaýylyp gidýär. Türkmenbaşy şäheriniň howa menzilini “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy bilen birleşdirýän awtomobil ýolunyň ugrunda häzirki zaman ulag estakadalarynyň ikisi ulanmaga berildi.

Häzir “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda täze desgalaryň 17-si bina edilýär. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň, Ulaglar we aragatnaşyk toplumynyň, Oba hojalyk ministrliginiň buýurmalary boýunça, Türkmenistanyň ylym, bilim, saglygy goraýyş we derman senagaty, sport we syýahatçylyk pudaklarynyň işgärleri üçin köp gatly myhmanhanalar bar.

Hyzmatlaryň doly toplumyny we maşgala dynç alşy üçin iň gowy şertleri bolan, abadanlaşdyrylan şäherjiklerden ybarat bolan kaşaň kottež toplumlary Türkmenistanyň maliýe-ykdysady ulgamynyň, nebitgaz senagatynyň, himiýa pudagynyň we balyk hojalygynyň, Medeniýet ministrliginiň hem-de Daşary işler ministrliginiň, gurluşyk, energetika we senagat ulgamlarynyň, şeýle hem Aşgabat şäheriniň häkimliginiň buýurmalary boýunça gurlar. Welaýat häkimlikleriniň hem her haýsynyň özygtyýarynda ulular we çagalar üçin niýetlenen 300 orunlyk häzirki zaman sagaldyş merkezleri bolar.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýanlaryň sanyny 7 müň adama çenli artdyrmaga mümkinçilik berjek myhmanhanalardan, pansionatlardan, sagaldyş merkezlerinden we beýleki şypahana desgalaryndan başga-da, ýaht-klublary, sport desgalaryny, medeni-dynç alyş merkezlerini, akwaparklary, awtodromy kartingler üçin ýaryş meýdançalaryny, şeýle hem okeanariumy gurmak meýilleşdirildi.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny we ýurdumyzda uly mümkinçiliklere eýe bolan syýahatçylyk ulgamyny okgunly ösdürmek, bu ugurda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak, daşary ýurt maýasyny giňden çekmek häzir Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ine, onsoň döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenen taslamalar Hazaryň türkmen kenarynda okgunly kemala gelýän syýahatçylygyň we dynç alşyň täze halkara merkeziniň düzümini has-da ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmegiň ýolunda nobatdaky ädim bolup durýar.

Tanyşdyryş dabarasynyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Baş meýilnamasyna laýyklykda dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň buýurmalary boýunça guruljak desgalar, şeýle hem bu maksatlar üçin bölünip berilýän ýerler hakynda jikme-jik habar berdi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna, hususan-da, içinde akwapark we okeanarium bolan medeni-dynç alyş merkeziniň taslamasy hödürlendi.

Hormatly Prezidentimiz taslamalar bilen içgin tanşyp, dynç alýanlaryň we ilkinji nobatda, ýaşlaryň wagtyny gyzykly geçirmegi üçin olar özünde innowasion maksatlary, öňdebaryjy tehnologiýalary we özboluşly döredijilik pikirlerini jemlemelidir diýip belledi. Okean çuňlyklarynyň täsin jandarlary bilen duşuşyklar hem-de dürli attraksionlar çagalarda, şeýle hem olaryň ene-atalarynda ägirt uly kanagatlanma döreder, bu bolsa Awazadaky dynç alyş günlerini gyzykly geçirmäge ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz hödürlenen taslamalara degişli düzedişleri girizdi.

Deňiz şypahanasynyň günorta böleginde Türkmenistanyň daşary syýasatynyň aýdyň nyşany bolan Kongresler köşgüniň belent binasy gurlar. Dünýäniň ähli döwletleri, abraýly halkara guramalary, işewür toparlary bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek we ösdürmek şol syýasatyň möhüm ugry bolup durýar. Sergileriň, maslahatlaryň we beýleki iri forumlaryň geçiriljek ýerine öwrüljek işewür toplumda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny dolandyrmak boýunça baş müdirligiň häzirki zaman edara binasy hem-de okuw-usulyýet merkezi ýerleşer. Dürli medeni-köpçülikleýin çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüljek toplumda häzirki zaman kinoteatrlar bolmalydyr, şunuň ýaly desgalar häzirki zaman tehnikasy bilen üpjün edilmelidir diýip, milli Liderimiz taslama birnäçe düzedişleri girizdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Merkezi bankynyň buýurmasy boýunça işlenip taýýarlanan taslamalar bilen içgin tanyşdy. Olar Awazada ykdysady, maliýe we bank ulgamynyň ministrlikleri we pudaklaýyn edaralar üçin niýetlenen häzirki zaman kottežler toplumynyň gurluşygyny göz öňünde tutýar.

Döwlet Baştutanymyz degişli taslamany gözden geçirip we ony makullap, Awazada gurulýan her bir desga binagärlik we bezeg özboluşlylygy bilen tapawutlanmalydyr, olar taslananda we gurlanda milli binagärligiň däbe öwrülen nusgalary giňden ulanylmalydyr diýip belledi.

Adamlaryň oňaýly dynç almagy, wagtyny gyzykly geçirmegi üçin zerur bolan ähli şertleri döretmek, şeýle hem “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny bagy-bossanlyga büremek hormatly Prezidentimiziň bu giň gerimli işe gatnaşýan düzümleriň öňünde goýýan ileri tutulýan wezipe bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň, Tebigaty goramak ministrliginiň we Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň buýurmalary boýunça işlenip taýýarlanan oýun attraksionly seýilgähleriň taslamalary hödürlendi. Mundan başga-da, Awaza derýasynyň kenarlarynda gök zolaklary döretmek boýunça işler dowam etdiriler.

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň buýurmasy boýunça guruljak iri söwda merkeziniň, köp gatly awtoduralganyň taslamalary bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen taslamalar babatda anyk belliklerini we tekliplerini aýdyp, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda amala aşyrylýan ähli gurluşyk işleriniň ýokary ölçeglere gabat gelmelidigini aýratyn belledi. Ýokary hil ölçegleri, amatlyklaryň we hyzmatlaryň ýokary derejesi esasy talaplar bolup, Hazaryň kenarynda kemala gelýän täze şypahana olara gabat gelmelidir. Biziň maksadymyz türkmenistanlylaryň, şeýle hem Awazanyň daşary ýurtly myhmanlarynyň gowy dynç almagy we saglygyny berkitmegi üçin oňaýly şertleri döretmekden ybaratdyr. Munuň üçin bolsa şypahananyň goňşy ýurtlardan, şeýle hem daşary döwletlerden syýahatçylary özüne çekýän merkeze öwrülmegi üçin ähli mümkinçilikleri bardyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda täze iri taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy häzirki zaman, kaşaň şypahana hökmünde onuň özüne çekijiligini artdyrmaga ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem, Hazaryň kenarynda syýahatçylyk ulgamyny ösdürmäge hem-de täze iş orunlaryny döretmäge ýardam eder. Şunda milli Liderimiz türkmen topragynyň gözel künjeginde ýerleşýän milli syýahatçylyk zolagynyň ekologik abadançylygyny üpjün etmegiň möhümdigini belledi.

Ýakyn geljekde çäkleri Hazaryň ekologik taýdan arassa kenarynda gül-gülzarlyga öwrüljek şypahanany bagy-bossanlyga öwürmek işine aýratyn üns bermegiň möhümdigini belläp, döwlet Baştutanymyz bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Bu işler, hususan-da, Türkmenbaşy şäheriniň halkara howa menzilini “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy bilen baglanyşdyrýan awtomobil ýolunyň iki tarapynda hem gök zolaklary döretmek bilen baglydyr.

Milli Liderimiz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny bagy-bossanlyga öwürmek meselesine aýratyn ünsi çekmek bilen, bu ugurdaky işlere alymlary çekmek hem-de deňiz ýakasynyň toprak-howa şertlerinde gowy ösýän we tebigy gözellikler bilen sazlaşýan agaç nahallaryny saýlap almak barada degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz şeýle hem Awazada çagalaryň wagtyny gyzykly geçirmegi üçin niýetlenen oýun meýdançalarynyň, sport desgalarynyň we medeni-dynç alyş toplumlarynyň gurluşygyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz deňiz şypahanasynda tutuş ýylyň dowamynda dynç alşy guramak we ozaly bilen zähmetkeşleriň gowy dynç almagyny üpjün etmek babatda degişli ýolbaşçylara görkezmeleri berdi.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda täze gidrotehniki desgalary gurmagyň taslamalaryny hödürledi. Olaryň hatarynda Balkan welaýatynda gurulmagy meýilleşdirilýän emeli suw howdanlary bolup, olaryň ikisi Serdar etrabynda, beýleki ikisi, şol sanda sil suwlaryny ýygnaýan howdanlar Bereket etrabynda gurlar.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk meýdanlarynyň suwarylyşyny gowulandyrmak maksady bilen geçirilýän işleriň möhümdigini belledi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze emeli suw howdanlarynyň gurulmagy täze ýerleriň özleşdirilmegini we oba hojalyk dolanyşygyna girizilmegini nazara almak bilen, suwarymly ekerançylygyň artýan hajatlaryny kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz suw gorlaryny aýawly peýdalanmagyň, şol sanda häzirki zaman suw tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň hasabyna rejeli ulanmagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen taslamalara käbir düzedişlerini girizip, täze suw hojalyk desgalaryny gurmagyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny ykjam işlemegi tabşyrdy.

Şeýle hem milli Liderimiz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda diňe bir tomusky dynç alyş möwsüminde däl, eýsem, ýylyň ähli paslynda dürli kärdäki, dürli ýaşdaky adamlaryň oňat dynç alyp bilmegi, saglyklaryny berkitmegi üçin zerur düzümleriň döredilmelidigini nygtady. Aýratyn hem bu künjekde halkara derejesindäki çäreleri, çagalaryň döredijilik we zehin bäsleşiklerini guramak üçin ähli amatlyklaryň döredilmegi babatda ugurdaş düzümleriň utgaşykly işini alyp barmak boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini aýtdy.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dürli derejedäki medeni çäreleri geçirmegiň mümkinçilikleri barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz wise-premýer B.Nurmyradowa bu ugurda häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän guramaçylyk çärelerini görmegi tabşyrdy.

Wise-premýer öz gezeginde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda meýilleşdirilýän Medeniýet hepdeligini üstünlikli geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde geçiriljek çärelere ýurdumyzyň medeniýet we sungat ulgamynyň ähli ugurlary boýunça döredijilik wekilleriniň işjeň gatnaşmalydygyny, onda dürli ugurlar boýunça döredijilik bäsleşikleriniň guralmalydygyny aýdyp, munuň öz gezeginde halkymyzyň arasyndan zehinlileriň seçilip alynmagyna we olaryň döwlet derejesinde höweslendirilmegine ýardam berjekdigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu künjekde geçirilmegi meýilleşdirilýän medeni çärelere, hususan-da, Medeniýet hepdeligine we şol günlerde “Awazada” açylyp ulanmaga beriljek binalaryň we desgalaryň açylyş dabaralaryna ykjam taýýarlyk görmegi, şol çäreleriň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň medeniýetde, sungatda we beýleki ugurlarda ýeten belent derejesini alamatlandyrýan möhüm dabara öwrülmelidigini belledi.

Milli Liderimiz tanyşdyrylyş dabarasynyň jemini jemläp, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň uly tebigy mümkinçiliklerini doly amala aşyrmagyň möhümdigini belledi. Ol türkmen halkyna mahsus bolan myhmansöýerligiň aýdyň şöhlelenmesi bolup, halkara syýahatçylyk we dynç alyş, şeýle hem netijeli hyzmatdaşlyk merkezine öwrülmelidir.

* * *

Şu gün döwlet Baştutanymyz öz egindeşleri bilen awtobusda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda işleriň barşy, bu ýerde görkezilen taslamalarda gurluşygy meýilleşdirilýän binalaryň guruljak ýerine we gurluşyklaryň gidişi bilen tanyşdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerde alnyp baryljak işleriň hemişe gözegçilikde saklanmagy babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän ähli binalar, kottejler, çagalar üçin sagaldyş – dynç alyş merkezleri, şüweleň we oýun merkezleri hem-de beýleki döwrebap desgalar özünde binagärlik ýörelgeleriniň iň gowy ölçeglerini jemlemelidir we olar biziň bagtyýar hem-de eşretli durmuşymyzy alamatlandyrmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz öz egindeşleri bilen “Serdar” myhmanhanasynyň golaýynda bina edilýän köp gatly awtomobil duralgasynyň gurluşygy bilen tanyşdy. Milli Liderimiz bu ýerde gurulýan desgada alnyp barylýan işler, onuň bezeg aýratynlyklary, binada gurulmagy meýilleşdirilýän bölümler bilen jikme-jik tanyşdy.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň geriminiň barha giňeýändigini, oňa ýylyň ähli paslynda gelýän adamlaryň sanynyň artýandygyny nazarda tutmak bilen, şunuň ýaly desgalaryň yzygiderli gurulmagyny ýola goýmaly diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şeýle hem desgada diňe bir ulaglary saklamak üçin däl, eýsem, olara ugurdaş hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin zerur bolan tagallalary etmegi hem-de duralgada degişli düzümleriň döredilmegi babatda anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz bu ýerde alnyp barylýan gurluşyklaryň ýokary hiliniň üpjün edilmegi, olaryň öz wagtynda gurlup ulanmaga berilmegi hem-de desgalarda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän çäreleriň geçirilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň baş ýörelgesine öwrülmelidigini, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň bolsa ähli adamlar üçin söýgüli mekana öwrülmelidigini belledi.

Halkara derejesindäki şypahana dynç alyş merkeziniň emele gelýän zolagynda ýanaşyk ýerleri bagy-bossanlyga büremek we abadanlaşdyrmak boýunça degişli düzümleriň işini has-da işjeňleşdirmegiň möhümdigini belläp, milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatyna iş saparynyň ilkinji gününiň jemini jemläp, bu ýerde adamlaryň oňaýly dynç almagy, saglyklaryny berkitmegi we wagtlaryny hoş geçirmegi üçin zerur bolan amatly şertleriň üpjün edilişini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy we olara üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.