Ï Türkmenistanyň Prezidenti täze guruljak desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti täze guruljak desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy

view-icon 674
Şu gün Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby we hukuk gorajý edaralarynyň buýurmasy esasynda Hazaryň kenarynda gurulýan desgalardaky işleriň gidişi, şeýle hem täze gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň taslamalary bilen tanyşdy.

Ir bilen döwlet Baştutanymyzyň dikuçary Hazaryň kenaryndaky meýdança gondy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkepdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy A.Garaýew hasabat berdi.


Türkmenistanyň özygtyýarlylyk binýatlarynyň pugtalandyrylmagyna, onuň rowaçlygyň we durnukly ösüşiň ýoly bilen yzygiderli öňe gitmeginiň üpjün edilmegine ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edarlarynyň uly goşandy bardyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen biziň döwletimiz milli goşunymyzyň goranyş kuwwatynyň berkidilmegine, Ýaragly Güýçleriň düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna we harby gullukçylar, olaryň maşgalalary üçin amatly gulluk we durmuş şertleriniň döredilmegine yzygiderli üns berýär we mundan beýläk hem üns berer.

Milli Liderimiz bu ýere ýygnananlar bilen görşüp, ýörite meýdançada ýaýbaňlandyrylan taslamalaryň ýanyna bardy.

Taslamalaryň görkezilýän ýerinde goranmak ministri B.Gündogdyýew, içeri işler ministri I.Mulikow we Döwlet serhet gullugynyň başlygy A.Garaýew döwlet Baştutanymyzy özleriniň gözegçilik edýän düzümleriniň buýurmalary esasynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň taslamalary bilen tanyşdyrýar. Hödürlenýän taslamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň täze binasynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Türkmenbaşy polisiýa bölüminiň we ýurdumyzyň serhet gullukçylary hem-de ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň polisiýa düzümleriniň işgärleri üçin ýokary amatlyklary bolan ýaşayyş jaýlarynyň taslamalary bar.

Belent Serkerdebaşymyz ilki bilen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Haby-deňiz institutynyň täze binasynyň taslamalaryny jikme-jik gözden geçirýär. Milli Liderimiziň ozal aýdan bellikleri we düzedişleri nazarda tutulyp, işlenip taýýarlanylan we üsti ýetirilen taslamalarda institutyň döwrebap binasynyň ähli ölçegleri aýdyň görünýär.

Mälim bolşy ýaly, ýokary we orta hünär bilimli deňizçi-harby talyplary taýýarlaýan Harby-deňiz instituty hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýörite Kararyna laýyklykda 2010-njy ýylda döredildi. Şu ýyl ýörite orta hünäre eýe bolan talyplarynyň ilkinji goýberilişi bolar.

Goranmak ministriniň maglumat berşi ýaly, iň döwrebap häzirki zaman enjamlary bilen üpjün ediljek institutyň täze binalar we desgalar toplumynda dört gatly dolandyryş, gumanitar, tehniki, hünär okuwy ýaly okuw binalary, kitaphana, maslahatlar zaly, harby-okuw türgenleşiklerini geçmek üçin aýratyn bina, sport merkezi we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ýörite meýdançalar, gämi duralgasy, şeýle hem birnäçe tehniki hyzmatlar jaýlary bolar.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy görkezilen taslamalary jikme-jik gözden geçirdi hem-de birnäçe bellikleri, düzedişleri girizip, ony umuman oňlady. Döwlet Baştutanymyz möhüm desgada alnyp baryljak gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegine we onuň öz wagtynda gurlup ulanmaga berilmegine yzygiderli gözegçilik etmegi degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň we harby gullukçylaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmagyň derwaýysdygyny bellemek bilen, milli Liderimiz döwletimiziň bu meselelere yzygiderli üns berýändigini we garaşsyzlyk ýyllary içinde türkmen topragynyň parahatçylygyny hem-de asudalygyny ygtybarly goraýan söweşjeň ukyply, kuwwatly guryýer goşunlarynyň we milli harby-deňiz flotunyň döredilendigini aýtdy.

Ýaragly Güýçleriň öňünde durýan möhüm wezipeler barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow deňze çykalgasy bolan islendik döwletde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem deňiz çäkleriniň ygtybarly goraglylygyny hem-de howpsuzlygyny, Hazar deňziniň dostluk deňzine öwrülmegini üpjün etmegiň wajyp meseledigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Goranmak ministrliginiň ýolbaşçy düzümine türkmen halkynyň gadymy watansöýüjilik däpleri esasynda terbiýelenilýän harby gullukçylaryň, şol sanda Harby-deňiz Güýçleriniň esgerleriniň goranyş- söweşjeň taýýarlygyny yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça sazlaşykly işleriň alnyp barylmalydygy barada tabşyryklar berildi.

Şeýle hem bu ýerde guralan taslamalar bilen tanyşdyrylyşda ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçy düzümine özünde dürli ulgamlar boýunça ýörite enjamlaşdyrylan desgalary jemleýän Türkmenbaşy şäher polisiýa bölüminiň täze binalar toplumynyň gurluşygynda öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklar berildi. Bu ýerde polisiýa bölüminiň binasyndan başga-da, dünýä ülňüleriniň derejesinde häzirki zaman enjamlary bilen üpjün ediljek aýratyn desgalaryň taslamalary hem görkezildi. Olaryň hatarynda ýangyna garşy göreş gullugynyň jaýynyň, myhmanhananyň, sport zalynyň we bu ýerde işlejek hünärmenleriň beden taýdan yzygiderli taplanmagyny üpjün etmäge gönükdirilen sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ýörite meýdançalaryň taslamalary bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalaryň ählisi bilen içgin tanşyp, olara birnäçe möhüm düzedişleri girizdi we teklipleri aýtdy. Bu ýere ýygnananlar aýdylan bellikleriň we teklipleriň taslamalar gutarnykly ýagdaýda işlenip taýýarlanylanda hökman göz öňünde tutuljakdygyna döwlet Baştutanymyzy ynandyrdylar.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy A.Garaýew serhetçileriň hünär ussatlygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Harby gullukçylaryň ýokary derejeli gulluk we durmuş şertlerini üpjün edýän ähli amatly mümkinçilikleriň yzygiderli döredilmegi, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň serhet galalarynyň täze, iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen binalarynyň gurulmagynyň batly depginlerde dowam etdirilmegi ýurdumyzda amala aşyrylýan harby özgertmeleriň gürrüňsiz ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz alnyp barylýan gurluşyk işlerine yzygiderli gözegçiligi üpjün etmek hem-de Watanymyzyň mukaddes çäklerini we beýik garaşsyzlyk eýýamynyň gazananlaryny goramak ýaly hormatly wezipäni ýerine ýetirýänler üçin oňaýly şertleri döretmek babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra milli Liderimiz bu ýerde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň gerimi bilen tanyşdy. Ýylyň dürli paslynda Hazar deňziniň jana şypalydygyny nazara alanyňda, bu ýerde gurulýan dürli maksatly desgalar deňiz kenarynyň bezegine öwrülip, ajaýyp sazlaşygy emele getirýärler.

Bu ýerde gurulýan binalarda alnyp barylýan işler bilen tanyşlygyň barşynda, Belent Serkerdebaşymyz gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam goýan, serkerdelriň maşgalalaryna niýetlenen jaýlaryň birine baryp gördi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň mukaddes çäklerini goraýan serhet gullugynyň harbylary üçin gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň otaglarynyň ýerleşdirilişi, enjamlaşdyrylyşy bilen içgin gyzyklandy we bu öýlerde göwnejaý durmuş hem-de dynç almak üçin ähli amatly şertleriň döredilmeginiň häzirki döwrüň baş talaby bolup durýandygny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan Ýaragly Güýçleriniň düzümlerini kämilleşdirmek bilen, özüniň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we şu ýyllaryň dowamynda diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş sebitde parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň berkarar bolmagynda möhüm ýagdaýy emele getirýän bitaraplyk derejesine ygrarlydyr we şeýle bolmagynda galýar diýip aýratyn nygtady. Türkmen halkynyň ynsanperwerlik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine daýanýan ýurdumyzyň harby doktrinasy goranyş we parahatçylyk söýüjilik häsiýetine eýedir.

Biziň halkymyz özüniň paýhasly pederleriniň asylly ýörelgelerine hem-de wesýetlerine ygrarly bolmak bilen, daşary syýasat strategiýasyny dostluk, hoşniýeti goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk esaslarynda alyp barýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Milli Liderimiz Türkmenistanyň bitaraplyk derejesine ygrarlydygyny ýene bir ýola belläp, mundan beýläk-de milli goşunyň goranmak kuwwatynyň pugtalandyryljakdygyny we onuň düzümlerini kämilleşdiriljekdigini, ýurdumyzyň raýatlarynyň parahatçylykly we abadan durmuşynyň üpjün ediljekdigini nygtady.

Harby gullukçylar Watan goragçylary diýen hormatly wezipä doly laýyklykda gulluk etmelidirler, olar özleriniň harby borçlaryna çäksiz wepaly bolup, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň beýik gazananlarynyň goragynda durmalydyrlar diýip, milli Liderimiz belledi we ýurdumyzyň harby düzümleriniň öňünde durýan hem-de geljek üçin niýetlenen wezipeleri kesgitledi.

Milli goşunymyzyň yzygiderli kämilleşdirilýändigi we onuň goranyş kuwwatynyň berkidilýändigi, harby düzümleriň tehniki parkynyň üstüniň häzirki zaman, iň täze tehnikalar bilen yzygiderli ýetirilýändigi, harby gullukçylar üçin ähli amatly şertleriň döredilýändigi üçin, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we Belent Serkerdebaşymyz öz öňlerinde goýan wezipeleri birkemsiz we öz wagtynda ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňra döwlet Baştutanymyz dikuçara münüp, guşuçar belentlikden bu ýerde alnyp barylýan işleri synlady. Bu künjekde dürli maksatly binalaryň ägirt uly toplumynyň gurluşygy güýçli depginlerde alnyp barylýar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzda amala aşyrylýan çäreleriň giň gerime we netijeli häsiýete eýedigini alamatlandyrýar.

Şu gün iş sapary tamamlanandan soň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyza ugramak üçin Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline bardy we öz uçarynda Aşgabada tarap ugur aldy. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar.