Ï ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekiliniň sapary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekiliniň sapary

view-icon 665
Şu gün türkmen paýtagtyna sapar bilen gelen ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Ýewraziýa energetikasy meseleleri boýunça wekili jenap Deniel Staýn Türkmenistanyň Hökümetinde kabul edildi.

Duşuşygyň barşynda myhman Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, şeýle hem biziň ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça we ýolaşçylygynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy.

Geçirilen gepleşikleriň dowamynda dostlukly ýurduň döwlet departamentiniň wekili ABŞ-nyň sazlaşykly ösýän Türkmenistan bilen syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigni nygtady.

Bellenilişi ýaly, ýurtlaryň ikisi-de özara gyzyklanma bildirilýän, hususan-da, ýangyç-energetika toplumyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna aýratyn üns berýärler. Deniel Staýnyň bellemegine görä, ABŞ-da Türkmenistanyň energetika strategiýasyna we ählumumy energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegine hem-de giň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine degişli öňe sürýän oňyn başlangyçlaryna ýokary baha berilýär. Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň işewür toparlarynyň, şol sanda Amerikanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň geljegi uly türkmen bazaryna we bu ýurduň nebitgaz ulgamynda durmuşa geçirýän iri taslamalaryna gatnaşmaga bolan islegleriniň barha artýandygy bellenildi.

Şeýle hem gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň daşary ýurtly ähli hyzmatdaşlar bilen deňhukukly we netijeli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygy aýdyldy. Energetika strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek, milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak ýörelgelerine eýermek we türkmen energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna bolan eksport ugurlaryny giňeltmek arkaly biziň ýurdumyz sebitleýin we halkara ähmiýetli, hususan-da, gaz pudagyndaky iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmekde oňyn tejribe toplady we bu ugur boýunça netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi ugur edinýär diýlip duşuşykda nygtaldy.

Oňa gatnaşyjylar özara peýdaly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, däp bolan dostluk we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleriniň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.