Ï Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

view-icon 628
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardara Kwetta we Mingora şäherlerinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylykly partlamalar zerarly gynanç hatyny iberdi.

“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny iň bir aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, hatda nygtalýar.

Türkmenistanyň Baştutany gurban bolanlaryň we ejir çekenleriň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna gynanjyny we medet beriji sözlerini aýtdy.