Ï Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

view-icon 662
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gülüň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Iki dostlukly döwletleriň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, biri-birini täze, 2013-nji ýyl mynasybetli gutladylar hem-de doganlyk türkmen we türk halklaryna parahatçylyk, bagt, abadançylyk we ähli başlangyçlarda täze üstünlikleri arzuw etdiler.

Türk tarapynyň başlangyjy boýunça geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Abdulla Gül iki doganlyk halklaryň köpasyrlyk taryhy-medeni we ruhy ýakynlygyna esaslanýan netijeli döwletara hyzmatdaşlygynyň meselelerini, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän halkara we sebitleýin syýasatyň käbir ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşleriň aýratyn belleýşi ýaly, türkmen we türk halklary gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryna, şol sanda öz ýakyn goňşulary bilen gatnaşyklaryna hemişe uly sarpa goýýarlar. Olar bilen gatnaşyklaryň oňyn häsiýeti köp babatda sebitde syýasy-ykdysady ýagdaýyň oňaýly bolmagyna ýardam edýär.

Türkmen-türk gatnaşyklarynyň geçen ýyllarda gazanylan derejesine ýokary baha bermek bilen, iki doganlyk ýurduň Liderleri taraplaryň oňa täze itergi bermäge özara isleginiň bardygyny tassykladylar. Bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri doly ulanmak maksady bilen, däbe öwrülen hyzmatdaşlygyň has netijeli görnüşlerini gözläp tapmagyň möhümdigini bellediler.

Türkmen döwletiniň bu ýerde işleýän türk kompaniýalaryna yzygiderli berýän kömegine we goldawyna kanagatlanma bildirip, Prezident Abdulla Gül Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleriniň sebitiň halklarynyň bähbitlerine gabat gelýän we iki ýurduň milli ykdysadyýetlerini berkitmäge ýardam edýän bilelikdäki täze möhüm taslamalara uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Söhbetdeşler sebit boýunça gatnaşyklaryň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen, häzirki döwrüň ählumumy wezipelerini çözmäge ylalaşykly çemeleşmäni işläp düzmegiň, şol sanda ony abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ara alyp maslahatlaşmagyň hasabyna işläp düzmegiň möhümdigini bellediler.

Türkmenistanyň sebitiň halklary bilen doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak gatnaşyklaryny ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigini belläp, milli Liderimiz öz türk kärdeşini halklary ýakynlaşdyrýan we tutuş dünýäde dostluga we hoşniýetlilige çagyrýan gadymy baýramçylyk bolan Halkara Nowruz baýramçylygy mynasybetli geçiriljek dabaralara çagyrdy.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Abdulla Gül hoşlaşanlarynda, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, uzakmöhletleýin, özara bähbitli esasda guralýan deňhukukly hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.