Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşygynda eden çykyşy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşygynda eden çykyşy

view-icon 890
(Aşgabat şäheri, 2013-nji ýylyň 14-nji ýanwary)

Hormatly Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary!

Siziň bilen her ýylyň başynda ýerine ýetirmeli meýilnamalarymyzy we ýetmeli sepgitlerimizi maslahatlaşyp, geçen döwürde amala aşyran işlerimiziň jemlerini jemlemek üçin duşuşmak indi ýurdumyzda oňat däbe öwrüldi. Şeýle hem, şol duşuşyklarda biz ýakyn we uzak geljekde durmuşa geçirmeli maksatnamalarymyzy hem-de öňümizde duran wezipeleri kesgitleýäris.

Biziň şu günki duşuşygymyzyň aýratyn häsiýete eýedigini nygtamak isleýärin. Sebäbi, şu ýyl Türkmenistanyň Mejlisiniň dördünji çagyrylyşy öz işini tamamlaýar. Mälim bolşy ýaly, Mejlisiň deputatlarynyň ygtyýarlyklary 2008-nji ýylda rejelenen görnüşi tassyklanan ýurdumyzyň Konstitusiýasynda kesgitlendi. Şoňa görä-de, şol döwürden bäri dört ýyl geçenden soň, döwletimiziň kanun çykaryjy edarasynyň amala aşyran işleriniň käbir jemlerini jemlesek, maksadalaýyk bolar diýip hasap edýärin.

Türkmenistanyň kanun çykaryjy edarasy bolan Mejlis şu ýyllaryň dowamynda netijeli işledi. Şu döwürde Mejlisiň maslahatlarynyň 17-siniň geçirilip, şol maslahatlarda jemi 373 resminamanyň, şol sanda 192 kanunyň, 181 kararyň kabul edilendigini aýratyn bellemek gerek. Şol resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny tassyklamak ýa-da şol şertnamalara goşulmak hakynda 28 sany karar hem bar.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Mejlisiniň dördünji çagyrylyşynyň deputatlary demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmak boýunça alyp barýan işlerimizi dowam etmek, jemgyýetiň we döwletiň durmuşynyň has möhüm ugurlaryny ösdürmegi hukuk taýdan üpjün etmek, ykdysadyýeti, ylmy we medeniýeti hemmetaraplaýyn ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek we goramak maksatlaryna gönükdirilen, ýurdumyzda geçirilip başlanan hukuk özgertmelerine uly goşant goşdular!

Mejlisiň dördünji çagyrylyşynyň deputatlary adamyň we raýatyň syýasy hem-de durmuş-ykdysady hukuklary hem-de azatlyklary bilen gönüden-göni bagly bolan «Syýasy partiýalar hakyndaky» Kanuny, Türkmenistanyň Maşgala kodeksini, Zähmet kodeksini, Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky kodeksi, «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakyndaky» Kanuny, saýlaw ulgamyny kämilleşdirmek bilen bagly köp sanly kanunçylyk namalaryny kabul etdiler.

Şeýlelikde, häzirki döwürde ýurdumyzda dünýäniň kanun çykaryjylyk tejribesinde bar bolan hukugyň esasy ugurlaryny we ulgamlaryny özünde jemleýän pugta kanunçylyk binýady döredildi. Geçirilen bu işler bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň örän möhüm Konwensiýalaryny tassyklamak we olara goşulmak bilen bilelikde, biziň Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň dünýäniň hukuk giňişligine üstünlikli goşulyşmagyna hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Ýurdumyzyň Esasy Kanuny bolsa, umuman, halkara-hukuk ölçeglerine laýyklykda göz öňünde tutulan ähli hukuklary we azatlyklary kepillendirýär. Elbetde, biz bu barada arkaýyn aýdyp bileris!

Hormatly deputatlar!

Siziň kabul eden kanunlaryňyz we beýleki hukuk namalaryňyz ýurdumyzy syýasy, ykdysady we ýaşaýyş-durmuş taýdan ösdürmek boýunça wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine uly ýardam berýär. Munuň şeýledigini eýýäm taryha öwrülen, geçen dört ýylyň netijeleri aýdyň görkezýär.

Ministrler Kabinetiniň ýaňy-ýakynda geçirilen mejlisinde beýan edilen, ýurdumyzyň ösüşiniň jemleri geçen ýylda hem ata Watanymyzy has-da abadanlaşdyrýan özgertmeleri amala aşyrmak ýolunda ýene-de bir möhüm ädimiň ädilendigine şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň milli girdejisi, öňki ýyl bilen deňeşdirilende, her ýyl 111 göterim ösýär, ýurdumyzda maýa goýum işjeňligi artýar.

Ykdysadyýetimiziň aglaba pudaklarynda geçen ýyl öňde goýlan sepgitlere ýetildi. Telekeçiler barha giňden ykrar edilýär we ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Oba ýerlerindäki haryt öndürijilere berilýän goldaw hem öz gowy netijelerini berýär. Şoňa görä-de, biz ýurdumyzyň ilatyny möhüm azyk önümleri bilen doly üpjün etmek wezipesini çözmekde ep-esli öňegidişlik gazandyk.

Geçen ýylyň howa şertleriniň amatsyz bolandygyna garamazdan, ýurdumyzda azyklyk bugdaýyň we pagtanyň bereketli hasyly ýygnaldy. Oba hojalyk önümleriniň öndürilişi ep-esli artdy. Diýmek, biz Türkmenistanyň Prezidentiniň Maksatnamalarynda öňde goýlan we 2012-nji ýylyň oktýabrynda Ýaşulularyň maslahatynda makullanan, geljekdäki bäş ýylyň wezipelerini yzygiderli we üstünlikli amala aşyrýarys!

Hormatly deputatlar!

Şunuň bilen birlikde, käbir möhüm meseleleriň çözülmegi ýurdumyzyň milli Parlamentiniň alyp barýan işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge we onuň işinde bar bolan käbir kemçilikleri aradan aýyrmaga ýardam berer diýip hasap edýärin. Şoňa görä-de, häzir şol möhüm meseleler barada durup geçmek isleýärin.

Meniň pikirimçe, Mejlis häzirlikçe döwürden we durmuşdan yza galýar. Biziň ýazyjy-şahyrlarymyzyň jaýdar belleýşi ýaly, häzirki döwürde ata Watanymyz okgunly, has dogrusy, bedew bady bilen öňe barýar.

Bilim ulgamynda amala aşyrýan özgertmelerimizi aýdylanlara mysal hökmünde alyp göreliň. Biz raýatlaryň Konstitusiýada berkidilen bilim almaga bolan hukugyny amala aşyrmaga berýän ünsümizi birjik-de gowşatmaýarys. Jemgyýetiň öňe gitmeginiň ruhy, ýaşaýyş-durmuş, ykdysady we medeni esaslary hökmünde bilim ulgamyny kämilleşdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Mejlisiň deputatlary tarapyndan kabul edilen «Bilim hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny, esasan, ýurdumyzyň Konstitusiýasynda öz beýanyny tapan düzgünleriň amala aşyrylmagyny üpjün etdi, ýöne bu Kanun kabul edilýänçä, eýýäm durmuşdan yza galdy. Bilim ulgamynda bar bolan häzirki zaman halkara meýillerini ep-esli derejede görkezýän aýry-aýry ugurlar bu Kanuna girizilmedi.

Ýaşulularyň Maslahatynyň münberinden men bilim ulgamyny özgertmek konsepsiýasyny üýtgetmek boýunça tekliplerimi beýan etdim. Şol teklipler, hususan-da, umumy bilim berýän orta mekdepleriň okuwçylaryny on iki ýyl okatmagy, şol sanda tölegli esasda bilim almaga hukugy amala aşyrmagy göz öňünde tutýar. Bu meseleleri kanunçylyk taýdan düzgünleşdirmek häzire çenli çözülmän gelýär, wagt bolsa garaşmaýar. Biziň bilim ulgamynda amala aşyrmagy maksat edinýän özgertmelerimizi ýakyn wagtlarda geçirmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Mejlisi Bilim ministrligi, beýleki ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde «Bilim hakyndaky» Kanuna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny işläp taýýarlasa we özüniň ilkinji maslahatynda şu taslama seretse, maksadalaýyk bolar diýip hasap edýärin.

Biz Ýaşaýyş jaý kodeksini taýýarlamak meselesinde hem yza galýarys. Ýakyn geljekde raýatyň Konstitusiýada berkidilen iň möhüm hukuklarynyň biri – ýaşaýyş jaýyna bolan hukugyny doly kepillendirýän kadalaşdyryjy namanyň taýýarlanjakdygyna ynanýarys. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary täze ykdysady gatnaşyklaryň bir bölegi hökmünde ýaşaýyş jaý bazarynyň emele gelmegine we ösmegine gönükdirilen bu resminamany taýýarlamak we kabul etmek üçin ähli tagallalary etmelidirler.

Hormatly deputatlar!

Bazar ykdysadyýetine ýuwaş-ýuwaşdan geçilýän şertlerde raýatlarymyzy durmuş taýdan goramak hemişe döwletimiziň üns berýän meselesi bolupdy we bolmagynda galar. Biz raýatlarymyzyň aýry-aýry toparlaryny – köp çagaly maşgalalary, ýaşululary we çagalary, maýyplary, pensionerleri, bir söz bilen aýdylanda, döwlet tarapyndan goldaw berilmegine mätäç adamlaryň ählisini asla ýatdan çykarmaýarys. Ilatymyza gazyň, elektrik energiýasynyň, agyz suwunyň, nahar duzunyň we benziniň mugt berilmegi, ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlary üçin tölegleriň ujypsyz bolmagy, ýaşaýyş jaýyny satyn almak üçin karzlaryň berilmegi we salgytlaryň örän az bolmagy muňa şaýatlyk edýär.

Şu aýdylanlaryň ählisi biziň kanun çykaryjylarymyzyň işinde öz beýanyny tapmalydyr. Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky kodeks hem kämilleşdirilmegini talap edýär. Geçen ýylyň oktýabrynda Ýaşulularyň maslahatynda biz Geňeşleriň alyp barýan işinde oba adamlarynyň durmuşyna ýaramaz täsir edýän köp sanly kemçilikleriň bardygyny belläp geçdik.

Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, dolandyryş üçin çykdajylary azaltmak, Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunlary tarapyndan öz üstüne ýüklenen wezipeleri Geňeşleriň talaba laýyk ýerine ýetirmegini üpjün etmek, şeýle hem ilat goruny rejeli ýerleşdirmek, oba ilatyny dolandyryş merkezlerine has ýakynlaşdyrmak, oba ýerlerinde zerur bolan hyzmatlary doly ýola goýmak maksady bilen, iri dolandyryş-çäk birliklerini giňeltmek, Geňeşleriň býujetlerini döretmek boýunça teklipleri taýýarlamak zerurdyr.

Türkmenistanyň Mejlisi bu işler bilen bagly kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalary taýýarlananda we dolandyryş-çäk özgertmelerini geçirmegiň barşynda amala aşyrmaly çäreleri synagdan geçirmek üçin her welaýatda bir etraby saýlap almak baradaky teklipler öwrenilende utgaşdyryjy edara bolmalydyr.

Dolandyryş-çäk bölünişiginiň toplanan tejribesini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk getirmek meselesi hem örän möhümdir. Bu meselede Mejlis degişli teklipleri taýýarlamakda utgaşdyryjy bolmagy bireýýäm öz üstüne almalydy. Türkmenistanyň Mejlisi Ministrler Kabineti bilen bilelikde geljekde sebitleri ösdürmek meseleleri boýunça ýörite döwlet edarasyny döretmek hakyndaky teklipleri taýýarlasa, maksadalaýyk bolar diýip hasap edýäris.

Şeýle hem, saýlawlar hakyndaky kanunçylygy kämilleşdirmäge we ýurdumyzyň Esasy Kanunyna hem-de degişli halkara hukuk kadalaryna laýyk getirmäge gönükdirilen işleri geçirmek zerurdyr. Şeýle hem, Türkmenistanyň raýatlarynyň iň möhüm syýasy hukuklarynyň birini – saýlamaga we saýlanmaga bolan hukugyny kepillendirýän milli hukuk kadalaryny tertipleşdirmek boýunça işleri dowam etmeli, geljekde bolsa, Saýlaw kodeksini işläp taýýarlamaly we kabul etmeli.

Hormatly deputatlar!

Şu ýylda, hususan-da, býujet-salgyt ulgamynyň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, maliýe serişdelerini emele getirmegiň, paýlamagyň we ulanmagyň esasy guraly bolan Döwlet býujetini işläp taýýarlamaga täzeçe çemeleşmek we onuň netijeli ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmek deputatlaryň üns merkezinde bolmalydyr.

Şunuň bilen baglylykda, biz ýurdumyzyň ykdysady ösüşini öňünden kesgitlemek mümkinçiligini hasaba almak bilen, 2–3 ýyl üçin Döwlet býujetini tassyklamagy göz öňünde tutýan syýasaty amala aşyrmaga gönükdirilen täze, has öňdebaryjy usuly işläp düzmegi çaltlandyrmaly diýip hasap edýäris. Amala aşyrylmaly bu işleriň ählisi tertipleşdirilen hukuk namasynda – Býujet kodeksinde öz beýanyny tapmalydyr.

Şeýle hem, ýurdumyzyň Býujet kodeksiniň dünýäniň iň kämil ölçeglerine laýyklykda, çalt işlenip taýýarlanmagyny üpjün etmeli. Türkmenistanyň Býujet kodeksini işläp taýýarlamaga ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hünärmenlerini, alymlary, hukukçylary çekmek zerurdyr. Bu möhüm işi Mejlisiň dördünji çagyrylyşynyň deputatlarynyň ygtyýarlyklarynyň möhleti gutarýança tamamlamaly.

Ýurdumyzda hususy telekeçiligi höweslendirmek, hojalygy ýöredijileriň, daşary ýurtly maýadarlaryň maýa goýum işjeňligini düzgünleşdirmek öňküsi ýaly möhüm ähmiýete eýedir. Täze kärhanalary gurmagyň, bar bolan önümçilikleriň durkuny täzelemegiň hasabyna senagat kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça ýurdumyzyň öňünde duran wezipeler – biziň bazarlarymyzyň daşary ýurtly maýadarlar hem-de telekeçiler üçin yzygiderli özüne çekiji we bäsleşige ukyply bolmagy üçin şertleriň döredilmegini talap edýär.

Geljekde biziň hyzmatdaşlarymyz üçin has pugta hukuk kepilliklerini, salgyt we beýleki ýeňillikleri göz öňünde tutmak zerurdyr.

Oba hojalyk pudagyna ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, welaýatlaryň toprak-howa şertlerini öwrenmegi göz öňünde tutup, oba hojalyk ekinleriniň dolanyşygyny talaba laýyk geçirmek, tohumçylyk boýunça öňdebaryjy gazananlary önümçilige ornaşdyrmak, ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, ekerançylyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak arkaly oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak Mejlisiň deputatlarynyň üns merkezinde bolmalydyr. Mundan başga-da, oba hojalyk pudagyny dolandyrmagyň usullaryny kämilleşdirmek boýunça işleri hem dowam etmek zerurdyr.

Häzirki döwürde öz işlerini oýlanyşykly we netijeli gurap bilmeýän welaýat we etrap Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleriniň işini talaba laýyk ýola goýmak üçin berk kanunçylyk binýadyny döretmegiň hem wagty gelip ýetdi.

Agrosenagat toplumynyň işini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmek boýunça anyk işleriň amala aşyrylmagy hem hemişe siziň üns merkeziňizde bolmalydyr. Bu ugurda edilmeli işler örän köp. Bu bolsa, ýurdumyzyň Mejlisiniň kabul eden kanunçylyk namalaryny ýerine ýetirmekde käbir kemçilikleriň bardygyna şaýatlyk edýär. Oba hojalygyny dolandyrmagyň dünýä tejribesini öwrenmek we şonuň esasynda milli kanunçylyga bu pudagyň işini düzgünleşdirmegiň halkara kadalaryny ornaşdyrmak zerurdyr!

Hormatly deputatlar!

Hojalygy ýöretmegiň bazar ýörelgelerine esaslanýan täze ykdysadyýete geçilýän häzirki şertlerde raýat-hukuk gatnaşyklaryny oýlanyşykly düzgünleşdirmek örän uly ähmiýete eýedir. Eýeçiligiň eldegrilmesizligi we görnüşleriniň hukuklarynyň deňligi, şertnamalary baglaşmagyň erkinligi, raýat hukuk gatnaşyklarynyň taraplarynyň hukuklarynyň deňligi haryt-pul gatnaşyklaryny düzgünleşdirmegiň esasy ýörelgeleri bolup durýar. Şu meseleleri düzgünleşdirýän Raýat kodeksiniň kabul edilenden bäri 15 ýyldan hem köp wagt geçdi.

Raýat kodeksiniň esasynda bazar ykdysadyýetine kem-kemden geçmek üçin şertleri üpjün edýän kanunlaryň uly toplumy kabul edildi. Ýöne, şol kanunlaryň käbiriniň kabul edilenine köp ýyl geçdi we häzirki döwürde olary täzelemek zerurdyr.

Şoňa görä-de, bu meselä hukuk özgertmelerini amala aşyrmak nukdaýnazaryndan garamak bilen, deputatlara bazar usullaryny we jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirmegiň jemgyýetçilik-hukuk we hususy-hukuk usullaryny ulanmagyň we raýat iş ýörediş hukugyny ösdürmegiň zerurdygyny hasaba alyp, raýat kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegi maksadalaýyk hasaplaýaryn.

Türkmenistanyň Mejlisi ýurdumyzyň Hökümeti bilen bilelikde, Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda kabul edilen gymmatly kagyzlar we haryt-çig mal biržalary hakyndaky kanunçylyk namalarynyň jemgyýetçilik ösüşiniň häzirki talaplaryna nähili derejede laýyk gelýändigini seljermeli. Zerur bolan ýagdaýda, degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizip ýa-da täze, rejelenen görnüşde kabul edip, şol kanunçylyk namalaryny täzelemeli.

Şunuň bilen baglylykda, häzirlikçe Mejlisiň öz kabul edýän kanunçylyk namalarynyň ýerine ýetirilişine talaba laýyk gözegçilik etmeýändigini bellemek isleýärin. Deputatlar kanuny kabul edýärler-de, soňra ony ýatdan çykarýarlar. Şundan soň, kabul edilen kanunlar bilen kim işlemeli, Hökümet edaralarynyň haýsysy şu kanun esasynda kabul edilmeli namalary taýýarlamaly? Şol namalar kabul edilen kanunyň düzgünlerine laýyk gelýärmi? Bu meselelere deputatlar ýeterlik derejede üns bermeýärler.

Şol sebäpli hem, bizde kanunçylyk meselesinde käbir pudak edaralary häzire çenli hem köne döwrüň kadalaşdyryjy hukuk namalary boýunça işläp gelýärler, kanunçylyk namalarynyň bir bölegi bolsa, häzirki döwrüň bildirýän talaplaryna laýyk gelmeýär. Bu ugurda prokuraturanyň hem, Adalat ministrliginiň hem günäsi bar. Sebäbi, bu edaralar kanunçylygyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmelidir.

Men häzir bu ugurda köp sanly mysallaryň arasyndan diňe birini getireýin. Türkmenistanyň Mejlisi «Paýdarlar jemgyýetleri hakyndaky» Kanuny kabul etdi. Bu kanun esasynda oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleri döredildi, soňra bolsa şol jemgyýetler ýatdan çykaryldy. Mejlis hem, Ministrler Kabineti hem, prokuratura we Adalat ministrligi hem şondan soň gynansak-da, bu mesele bilen meşgullanmady.

Ýaňy-ýakynda meniň tabşyrygym boýunça geçirilen barlag Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleriniň döredileni bäri alyp barýan işleriniň kanunyň talaplaryna laýyk gelmeýändigini, olar açylanda esaslyk maýasynyň döredilmändigini, paýnamalaryň çykarylmandygyny görkezdi. Paýdarlar hem bu Jemgyýetiň işine gatnaşmaýarlar, ýyllyk ýygnaklar geçirilmeýär, girdejiler paýlanmaýar. Bulardan başga-da, bu jemgyýetleriň işinde köp sanly maliýe düzgün bozulmalary hem bar. Mundan başga-da, käbir halatlarda Mejlisiň deputatlary kanunçylyk namalaryny pes hilli taýýarlaýarlar.

A.Nurberdiýewa, men Mejlisiň işini üýtgedip gurmak zerur diýip pikir edýärin. Eger, gerek bolsa, Mejlisiň goşmaça komitetlerini döretmek boýunça teklipleriňizi beriň. Ýöne şol komitetleri döretmegiň zerurlygyny esaslandyryň.

Hormatly deputatlar!

Adyl kazyýetligiň elýeterliligini, raýat iş ýöredişine gatnaşýanlaryň hukuklarynyň ýokary derejede berjaý edilmegini, jemgyýetiň we döwletiň bähbitleriniň netijeli goralmagyny we dikeldilmegini üpjün etmäge niýetlenen raýat-iş ýörediş hukugynyň orny baradaky mesele hem örän möhümdir. Şundan ugur alyp, deputatlaryň täze Raýat-iş ýörediş kodeksini işläp taýýarlamak boýunça alyp barýan işlerini çaltlandyrmagy maksadalaýyk hasap edýärin. Bu Kodeks bazar ykdysadyýetiniň talaplaryna laýyk gelmelidir we jemgyýetçilik hem-de ykdysady gatnaşyklaryň ösüşiniň häzirki döwründe raýat kazyýet işleriniň çözülişini düzgünleşdirmäge gönükdirilmelidir. Täze kabul ediljek Raýat iş ýörediş kodeksinde raýat işlerinde taraplaryň bäsleşigi we deňhukuklylygy ýörelgelerini saklap galyp, raýat-adyl kazyýetlige ýokary ygtyýarlylyk we kanuna esaslanmak häsiýetini bermek zerurdyr.

Häzirki döwürde jenaýat, jenaýat-iş ýörediş we jenaýat-ýerine ýetiriş hukugyna, şeýle hem hukugy ulanyş ulgamynyň düzgünlerine toplumlaýyn, özara baglanyşykly düzedişleri girizmäge uly üns bermek gerek. Başgaça aýdylanda, döwletimiziň jenaýat-hukuk meseleleri boýunça alyp barýan syýasaty jemgyýete uly howp salmaýan hukuk bozulmalarynyň mundan beýläk jenaýat hökmünde kesgitlenýän etmişleriň hataryndan aýrylmagyna gönükdirilmelidir.

Bu hukuk bozulmalary edara ediş hukuk bozulmalarynyň hataryna geçirilmelidir we bu hukuk bozulmalary üçin edara ediş jogapkärçiligi ýokarlandyrylmalydyr. Şeýle hem, aýry-aýry jenaýatlaryň agyrlyk derejesine täzeden seredilmelidir, netijede şol jenaýatlar üçin jeza çäreleri ýeňilleşdirilmelidir.

Ýurdumyzyň Mejlisiniň dördünji çagyrylyşynyň deputatlary öz ygtyýarlyk möhletiniň ahyryna çenli Edara ediş hukuk bozulmalary hakyndaky täze kodeksi taýýarlamak işini tamamlasalar, maksadalaýyk bolar. Bu Kodeksde temmi çäresiniň agyrlygy däl-de, edilen hukuk bozulmalary üçin jogapkärçiligiň gutulgysyz bolmagyndan ugur alýan, döwletimiziň ynsanperwer syýasaty öz beýanyny tapmalydyr. Hut şeýle edilende, biz jemgyýetimizde we döwletimizde kanunyň dabaralanmagyny, ýokary hukuk tertibini üpjün edip bileris.

Hormatly deputatlar!

Ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasy döwletimiziň daşary syýasatyna hukuk taýdan goldaw bermek boýunça täze, has jogapkärli wezipeleri üstünlikli amala aşyrar diýip ynam bildirýäris. Bu ýörelgeler biziň kabul eden, Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2013–2017-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda öz anyk beýanyny tapdy. Biziň pikirimizçe, ýurdumyzyň kanunçylygyna döwletimiziň daşary syýasat ugrunyň täze Konsepsiýasyndan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek baradaky teklipleri taýýarlamaly. Şoňa görä-de, dürli ýurtlaryň parlamentleri bilen gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak we bu gatnaşyklara yzygiderli häsiýet bermek, halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň düzümine girýän guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek bilen bagly netijeli işleri alyp barmak zerurdyr!

Hormatly deputatlar!

Ýaňy hem belläp geçişim ýaly, 2013-nji ýyl Türkmenistanyň Mejlisiniň IV çagyrylyşynyň möhletiniň tamamlanýan ýylydyr. Bu bolsa deputatlary kanunlary işläp taýýarlamagyň we kabul etmegiň bäş ýyl üçin göz öňünde tutulan maksatnamasyny üstünlikli tamamlamak bilen, öz işleriniň jemlerini jemlemäge, indiki çagyrylyş boýunça deputatlaryň işlemegi üçin ygtybarly esaslary döretmäge, şeýle hem täze deputatlaryň saýlawlaryny ýokary guramaçylyk we syýasy derejede geçirmäge borçly edýär. Deputatlaryň täze saýlawlaryna çenli bolsa az wagt galdy.

Bu saýlawlaryň aýratynlygy ýurdumyzyň bütinleý täze döwre gadam basýandygy bilen häsiýetlener. Parlament saýlawlarynda ýeňiş gazanmak ugrunda azyndan iki partiýanyň wekilleri bäsleşer. Bu bolsa saýlawlaryň öňýanyndaky bäsleşige uly itergi berer, saýlawçylara ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasyna iň gowy wekilleri hödürlemäge mümkinçilik döreder. Men Mejlisiň täze saýlanjak deputatlarynyň arasynda häzirki deputatlaryň hem bir bölegi bolar diýip pikir edýärin. Olar ilkinji gezek saýlanan deputatlara öz toplan tejribesini we bilimlerini öwretmelidir.

Sözümiň ahyrynda, Mejlisiň dördünji çagyrylyşynyň deputatlarynyň konstitusion maksatlarymyza – gadymy we mukaddes türkmen topragynda demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmak boýunça öňde goýan belent maksatlarymyza ýetmegiň hatyrasyna eziz Watanymyzyň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen, täze döwri – Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni has-da belentden wasp etjekdiklerine berk ynanýaryn!