Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-amerikan gatnaşyklaryny ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça kömekçisi jenap Robert Bleýki kabul etdi.
Ýüzbe-ýüz duşuşyk üçin döredilen mümkinçilige tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, myhman döwlet Baştutanymyzy Täze –2013-nji ýyl bilen gutlady we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obamanyň hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ykdysady taýdan we serişdeler babatda kuwwatly we sazlaşykly ösýän Türkmenistan bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini bellän ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klintonyň aýdan mähirli sözlerini ýetirdi. Türkmen Lideriniň iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň yzygiderli ýagdaýda ösdürilmegine üns berýändigi üçin aýratyn hoşallyk bildirildi.
Milli Liderimiz ABŞ-nyň hökümetine hoşniýetli sözlerini we Täze ýyl mynasybetli ýakymly arzuwlary aýdyp, dostlukly ýurt bilen syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmäe Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasat strategiýasynda aýratyn ähmiýet berilýän köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn taýýardygyny belledi.
Türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary we onuň ösüşiniň birnäçe taraplarynyň geljegi boýunça netijeli pikir alyşmalar bolan duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi häzirki döwrüň birnäçe derwaýys meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini kanagatlanma bilen bellediler hem-de munuň özi iki ýurda dünýä giňişliginde netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berýär diýip nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, jenap Robert Bleýk türkmen Lideriniň häzirki döwrüň ählumumy möhüm meseleleriniň çözülmeginiň ýollarynyň bilelikde gözlenilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlaryna ýokary baha berdi hem-de sebitde durnuklylygy, howpsuzlygy we rowaçlygy üpjün etmek üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň geljekde-de Türkmenistan bilen bilelikde hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny aýtdy.
Sebit derejesinde goşulyşmagyň barşynda Türkmenistanyň eýeleýän ornuna möhüm ähmiýet berilýändigi bellenilip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň wajyp taslamalaryň birnäçesini, hususan-da, Türkmenistan –Owganystan—Pakistan—Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygyna degişli maksatnamalary amala aşyrmak arkaly, goňşy Owganystandaky ýagdaýy durnuklaşdyrmak ugrundaky tagallalary üçin hoşallyk bildirildi.
Ikitaraplaýyn tagallalaryň netijesinde soňky ýyllarda sazlaşykly ösüşe eýe bolan hyzmatdaşlygyň meselelerine degip geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz we myhman Türkmenistanyň hem-de ABŞ-nyň gatnaşyklarynyň birek-birege bolan ynanyşmak häsiýetiniň diňe bir ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine däl, eýsem, söwda-ykdysady, nebitgaz we energetika pudagynda, oba hojalygynda, ulag we aragatnaşyk, bilim ulgamynda bar bolan köpýyllyk hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýändigini bellediler. Umumy pikire görä, türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleri, işewür duşuşyklary we türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça yzygiderli esasda geçirilýän bilelikdäki forumlar netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berýär. Gumanitar ulgam hyzmatdaşlygyň möhüm ugry diýlip ykrar edildi. ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi türkmen Lideriniň Türkmenistanyň demokratik özgertmeleriň ýoly bilen mundan beýläk-de üstünlikli gadam urmagyna ýardam berýän hukuk özgertmeleriniň oňlanylýandygyny belläp, ýakynda kabul edilen “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakyndaky” täze Kanuna ýokary baha berdi.
Hormatly Prezidentimiz we myhman hoşlaşanlarynda, birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýtdylar we deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasda ýola goýulýan netijeli türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşyga ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Robert Ýujin Patterson gatnaşdy.
Şu gün ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça kömekçisi Robert Bleýk Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Ol ýerde
Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň döwlet bähbitlerine laýyk gelýän däp bolan gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmeginiň ýollary hakynda gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

* * *