Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 666
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Ol gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen pul-karz syýasaty maliýe serişdelerini netijeli peýdalanmak we maýa goýum taslamalaryny öz wagtynda maliýeleşdirmek üçin amatly şertleri döredýär.

Milli Liderimiziň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň döwlet täjirçilik banklarynyň esaslyk maýasynyň möçberlerini kesgitlemek boýunça degişli işler geçirildi. Esaslyk maýanyň möçberleriniň artdyrylmagy milli ykdysadyýetiň pudaklary üçin iri möçberdäki karzlaryň berilmegine, maliýe durnuklylygynyň üpjün edilmegine we Türkmenistanyň banklarynyň halkara maliýe bazarlarynda abraýynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam eder.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklipleri, umuman, makullap, “Türkmenistanyň döwlet täjirçilik banklarynyň esaslyk maýasynyň möçberleri hakyndaky” karara gol çekdi we wise-premýere onuň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer A.Goçyýewe ýüzlenip, Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna agza bolup girmegi bilen bagly meseläni öwrenmegiň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu mesele boýunça ýörite Hökümet toparyny döretmek baradaky teklipleri taýýarlamagy hem-de Bütindünýä söwda guramasynyň ýolbaşçylary bilen ýurdumyzyň bu Gurama agzalyga kabul edilmegine degişli gepleşikleri geçirip başlamagy tabşyrdy. Milli Liderimiz şeýle hem bu ugurda geçirilen işler barada Ministrler Kabinetiniň indiki mejlisinde hasabat berilmegi barada görekezme berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň daşary syýasy ugruny yzygiderli amala aşyrmak babatda DIM-niň alyp barýan işleri, şeýle hem “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň arasyndaky Strategiki Maslahat beriş Geňeşiniň Türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakyndaky” Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu resminama ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze görnüşi üçin esasy goýdy. Oňa laýyklykda, bu ugurda bilelikde alnyp baryljak işleri utgaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Strategik maslahat beriş geňeşini döretmek teklip edildi. Bu geňeşiň esasy wezipeleri Türkmenistanyň BMG bilen gatnaşyklarynyň baş ugurlaryny kesgitlemekden, olary durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki maksatnamalary we taslamalary işläp düzmekden hem-de amala aşyrmakdan we beýlekilerden ybaratdyr.

Şeýle hem 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin ählumumy maksatlary we wezipeleri kesgitlemek boýunça BMG-niň çäklerinde döwletleriň arasynda geçirilýän milli geňeşmeler barada hasabat berildi. Mälim bolşy ýaly, 2000-nji ýylyň sentýabr aýynda Nýu-Ýork şäherinde Müňýyllygyň dünýä sammiti geçirildi. Bu halkara duşuşygynda BMG-niň Müňýyllygyň ösüş maksatnamasy kabul edildi. Onda 2015-nji ýyla çenli gazanylmaly Müňýyllygyň ösüş maksatnamasynyň 8 maksady hödürlenildi. Häzirki wagtda BMG täze iri halkara maksatnamasynyň üstünde işläp başlady. Bu gurama tarapyndan dünýäniň ençeme ýurtlarynyň sanawy kesgitlenildi. Şol ýurtlarda 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin halkara gün tertibine teklipleri taýýarlamak boýunça milli maslahatlaşmalar geçirilýär. Türkmenistanyň halkara derejesindäki işlerde eýeleýän ornuny nazara alyp, şeýle hem ýurdumyzyň syýasy we durmuş-ykdysady ösüşiniň ýokary derejesini göz öňünde tutup, Birleşen Milletler Guramasy agzalan başlangyçlary işläp taýýarlamak boýunça milli derejede maslahatlaşmalary geçirmegi Türkmenistanyň Hökümetine resmi taýdan teklip etdi. Degişli işleriň çäklerinde türkmen tarapyndan hormatly Prezidentimiziň BMG-niň münberinden hem-de durnukly ösüş boýunça “Rio+20” atly halkara sammitinde beýan eden uly halkara başlangyçlaryna esaslanýan anyk teklipler taýýarlanylar.

Şunuň bilen baglylykda, 17-nji ýanwarda Daşary işler ministrliginde bu döwür üçin maksatlary we meseleleri kesgitlemek boýunça Milli Maslahat beriş meýilnamasyny taýýarlamak boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak babatda Türkmenistan-BMG Bilelikdäki iş toparynyň birinji duşuşygy geçirildi diýlip nygtaldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlyk meselelerine ýokary jogapkärçilik çemeleşmesini görkezip, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmegiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge uly goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyşarnyksyz ýöredýän öňdengörüjilikli daşary syýasaty biziň ýurdumyzyň halkara giňişliginde abraýynyň artmagyny şertlendirdi. Häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde uly orun eýelemek bilen, Türkmenistan bu ugurda anyk ädimleri ädip, öz ylalaşdyryjylyk we döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň hyzmatynda goýmaga, BMG-niň yglan eden Müňýyllygyň Ählumumy Maksatlaryna ýetmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýar.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy şeýle hem daşary ýurt döwletleri, halkara guramalary, maliýe edaralary, daşary ýurt kompaniýalary we gaznalary, jemgyýetçilik birleşikleri we dini guramalary, şahsy taraplary tarapyndan Türkmenistanyň ministrliklerine we pudak edaralaryna, jemgyýetçilik birleşiklerine, dini toparlaryna we dini guramalaryna, şeýle hem beýleki edara görnüşli we şahsy taraplara berilýän daşary ýurt enjamlaýyn, maliýe, ynsanperwerlik muzdsuz kömeginiň taslamalarynyň we maksatnamalarynyň ähli görnüşlerini hem-de höweslendirmeleri döwlet tarapyndan hasaba almak boýunça ýeke-täk ýörite ulgamlaýyn binýadyň işini kämilleşdirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Owganystan baradaky möhüm halkara başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegini mundan beýläk-de dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 2013-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Aşgabat şäherinde Owganystana ýardam bermek boýunça “Sebit üpjünçilik ulgamlary” atly ynamy berkitmek çärelerini durmuşa geçirmek boýunça iş duşuşygyny geçirmäge, Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-hindi toparynyň Nýu-Deli şäherinde geçiriljek dördünji mejlisine gatnaşmaga görülýän taýýarlyk barada hem habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen BMG-niň hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýete eýe bolup durýandygyny belledi. Birleşen Milletler Guramasynyň iri düzümleri bilen gatnaşyklaryň sazlaşykly ösdürilmegi munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär. Bu gatnaşyklar soňky ýyllarda täze many-mazmuna eýe bolup, Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň 2013-2017-nji ýyllar üçin konsepsiýasynda öz beýanyny tapdy. Biziň ýurdumyzyň geljekde hem BMG bilen netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn berkitmegi we giňeltmegi göz öňünde tutýandygyny tassyklap, döwlet Baştutanymyz hödürlenen karara gol çekdi we wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Bitarap Türkmenistan geljekde hem halkara bileleşiginiň umumy tagallalaryna işjeň gatnaşar. Şol tagallalar ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge, sebitde we dünýäde durnukly ösüş üçin oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz “Daşary ýurt enjamlaýyn, maliýe, ynsanperwerlik muzdsuz kömeginiň taslamalaryny we maksatnamalaryny hem-de höweslendirmeleri döwlet tarapyndan hasaba almak hakyndaky” karara hem-de türkmen halkynyň gadymdan gelýän goňşuçylyk gatnaşyklaryndan we ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp, Owganystana ýardam bermek boýunça “Sebit üpjünçilik ulgamlary” atly ynamy berkitmek çärelerini durmuşa geçirmek boýunça iş duşuşygyny geçirmek hakyndaky buýruga gol çekdi. Şunda milli Liderimiz Türkmenistanyň Owganystanyň durmuş-ykdysady düzümini dikeltmäge mundan beýläk-de ýardam etjekdigini nygtady. Munuň özi sebitleýin, şeýle hem halkara ähmiýetli möhüm mesele bolup durýar.

Türkmen-hindi hyzmatdaşlygy barada durup geçmek bilen we onuň däbe öwrülen dostlukly, netijeli häsiýetini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki ýagdaýlary we täze açylýan mümkinçilikleri nazara almak bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ägirt uly kuwwatyny amala aşyrmakde bilelikdäki hökümetara toparynyň işiniň ähmiýetini belledi. Milli Liderimiz bu toparyň Türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakyndaky karara gol çekip, Hindistan bilen söwda-ykdysady ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek, ylmy-tehnologiýa we gumanitar-medeni ulgamlarda netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmak maksadynda bar bolan ähli kuwwatlyklary doly ulanmagyň gerekdigini belledi. Munuň özi iki ýurduň we halklaryň bähbitlerine doly gabat gelýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa özüniň gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Halkara Nowruz baýramyna taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän meseleler hakynda hasabat berdi.

Ýurdumyzda giňden belleniljek Halkara Nowruz baýramyna dürli ýurtlardan aýdym-saz we beýleki döredijilik toparlarynyň çagyrylandygy habar berildi. Halkara Nowruz baýramyny geçirmegiň çäklerinde dostlukly ýurtlaryň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda gumanitar hyzmatdaşlygy ösdürmäge, milli medeniýeti we sungaty, türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny wagyz etmäge, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylýan ajaýyp ýeňişleri açyp görkezmäge gönükdirilen birnäçe çäreleriň meýilleşdirilendigi bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki döwürde Türkmenistanyň dünýä syýasy giňişliginde utgaşdyryjy orny eýeleýändigi jähetinde, Nowruz baýramy mynasybetli guraljak halkara çäreleriniň aýratyn ähmiýetini belledi. Türkmenistanda Halkara Nowruz baýramynyň geçirilmegi dostlukly halklaryň ruhy taýdan ýakynlaşmagyny, şeýle hem Türkmenistanyň täze taryhy eýýamda ýeten derejesiniň giňden wagyz edilmegini şertlendirer diýip, milli Liderimiz nygtady. Dünýäniň halklary biziň ýurdumyzyň häzirki döwürdäki ruhy taýdan galkynyşyny, umumy dünýä ruhy mirasynyň aýrylmaz hem-de ähmiýetli bölegi bolup durýan türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny gorap saklamak ugrunda alnyp barylýan işler barada düşünje almalydyrlar diýip, döwlet Baştutanymyz öňde boljak halkara çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini we onuň habar beriş serişdelerinde giňden açylyp görkezilmegini tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise çagyrylan Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowa şu günden ýurdumyzda Halkara Nowruz baýramyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görüp başlamalydygyna, bu babatda hiç bir zadyň ünsden düşürilmeli däldigine degişli birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna ýüzlenip, bazar ykdysadyýetine geçmek biziň berkarar döwletimizi ösdürmegiň maksatlarynyň biri bolup durýar, şonda ýokary hilli harytlary we hyzmatlary öndürijileriň arasynda bäsleşik işjeň ösdürilýär diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda “Nusgalyk mekdep”, “Nusgalyk şäherçe”, “Nusgalyk jaý”, “Iň gowy Saglyk öýi”, “Iň gowy kärhana” diýen at ugrunda welaýatlaryň we etraplaryň häkimleri bilen bilelikde bäsleşikleri geçirmek barada görkezme berdi hem-de wise-premýerler B.Nurmyradowa we S.Toýlyýewe bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz bäsleşikleriň jemlerini jemlemek üçin dürli ugurlar boýunça ýörite toparlary döretmegi, ýeňiji bolan adamlary sylaglamak we olaryň işleýän edara-kärhanalaryna gerekli enjamlary satyn almak üçin zerur möçberde pul baýraklarynyň möçberlerini bellemegi tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow çykyş edip, welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, şol sanda güýzlük galla ideg etmek we gowaça ekişine taýýarlyk görmek babatda amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki güne çenli gowaça üçin bölünip berlen ýerleriň 60 göterimden gowragy şüdügärlendi. Sürüm işleri bilen birlikde, ýerleri mineral dökünleri bilen gurplandyrmak, tekizlemek we beýleki agrotehniki çäreler amala aşyrylýar. Pagta arassalaýjy zawodlarda tohum taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Ösümliklere zyýan berijilere garşy göreşmek boýunça işleriň meýilnamasy işlenip taýýarlanylýar. Netijede, hereket edýän 363 sany biokärhanalaryň üstüne şu ýyl ýene-de 40-sy goşular.

Bulardan başga-da, güýzlük dänä ideg etmek boýunça zerur bolan agrotehniki çäreler ýerine ýetirilýär. Ak ekinlere ilkinji ösüş suwuny tutmak, haşal otlardan arassalamak, şeýle hem uçarlaryň we ýörite tehnikalaryň kömegi bilen mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri talabalaýyk geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaýyň we pagtanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga, olaryň suw bilen üpjünçiligine uly üns bermegiň möhümdigini belledi. Türkmenistanda oba hojalyk toplumyny özgertmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işleriň baş maksady milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagyny häzirki zaman talaplaryna gabat gelýän täze sepgitlere çykarmakdan ybaratdyr.

Döwlet Baştutanymyz gowaça ekişine taýýarlyk görlende, bu işe tehnikany öz wagtynda taýýarlamak we ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek meselelerini aýratyn gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Bu “ak altynyň” bereketli hasylyny kemala getirmegiň möhüm şerti bolup durýar.

Milli Liderimiz maldarçylyk pudagynyň düzümleriniň işini has-da kämilleşdirmek, dürli oba hojalyk önümleriniň möçberlerini artdyrmak babatda hem wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem bu pudaklaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak babatda häzirki günüň talaplaryna laýyklykda, milli Liderimiziň demir ýol, awtomobil, deňiz, derýa ulaglary kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.

Hökümet Baştutanynyň orunbasary 2013-2015-nji ýyllar aralygynda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän “SADACA” (Satellite Data Access for Central Asia) atly taslamanyň durmuşa geçirilişi barada habar berip, bu taslamanyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Darmştadt şäherinde bolandygyny aýtdy. Iş saparynyň barşynda türkmen wekiliýeti “EUMETSAT” hemra aragatnaşygy merkeziniň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komiteti üçin teklip eden ýöriteleşdirilen enjamlaryň we maksatnama üpjünçiliginiň işi bilen tanyşdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ulag kommunikasiýalarynyň köp şahaly sebit düzümini döretmäge işjeň gatnaşýandygyny belledi, bu düzüm bolsa gatnaşýan ýurtlaryň ägirt uly ykdysady kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga we umuman, sebitde durnuklylygy, howpsuzlygy we durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşi pugtalandyrmaga ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk pudaklaryny çalt depginler bilen döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Bu pudaklar dünýäniň iň ýokary ülňülerine laýyklykda işlemelidirler diýip, milli Liderimiz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýeti okgunly ösdürmekde ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň uly ähmiýete eýedigini belläp, bu ulgamlarda amala aşyrylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ähli çäreleriň görülmegini talap etdi.

Milli Liderimiz Türkmenistanda aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamyny ösdürmek meselelerine geçip, häzirki wagtda ýurdumyzda bu ulgamy toplumlaýyn ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga hem uly üns berilýändigini aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, olary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem häzirki wagtda gurulýan we ýakyn geljekde ulanmaga beriljek möhüm desgalarda işleriň barşy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.

Hormatly Prezidentmiz hasabaty diňläp, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuşy, zähmet çekmegi we dynç almagy üçin amatly şertleri, oňaýly şäher ulgamyny we degişli düzümleri döretmek Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli şäher gurluşyk maksatnamasynyň ileri tutulýan ugrudyr diýip nygtady.

Bu maksatnamany durmuşa geçirmäge ýurdumyzyň kärhanalary barha işjeň gatnaşýarlar. Olar häzirki zaman ýokary netijeli tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly işleriň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmelidirler. Şunda işleriň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmek we desgalary ulanmaga bermegiň şertnamalarda göz öňünde tutulan möhletlerini gyşarnyksyz berjaý etmek potratçylara bildirilýän esasy talapdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Gurluşyk senagatynda uly isleg bildirilýän ýokary hilli materiallary özümizde öndürmek boýunça kuwwatlyklary artdyrmak hem möhüm wezipedir diýip, milli Liderimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz öňdebaryjy daşary ýurt tehnologiýalaryny ulanmagyň esasynda ekologiýa taýdan arassa gurluşyk materiallary öndürilende, ahyrky önümiň diňe bir hil babatdaky kadalara däl, eýsem, ýerli howa şertlerine hem doly laýyk gelmegini göz öňünde tutmagyň möhümdigini aýratyn nygatdy.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisine çagyrylan Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, bu ýerde gurulýan desgalaryň ýagdaýy, şäherde arassaçylygy we tertip-düzgüni üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, şeýle hem öňümizdäki şanly seneleri baýram etmäge taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häkimden Aşgabat şäheriniň abadançylygyna aýratyn üns bermegi, şäheri yşyklandyrmak, arassaçylyk kadalaryny gyşarnyksyz berjaý etmek meseleleriniň ählisini berk gözegçilikde saklamagy talap etdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, paýtagtymyzda baýramçylyk dabaralarynyň ýokary derejede geçirilmegi üçin ähli çäreleri görmek zerurdyr. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli şäher gurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde işleriň depginini ýokarlandyrmagyň möhümdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer Ş.Durdylyýewe, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedowa we Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowa ýüzlenip, häzirden ýurdumyzda Nowruz baýramyny geçirmäge gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň awtombil ýollarynyň, aýratyn hem Türkmenistanyň paýtagtynyň ýollarynyň ýokary hil, ygtybarlylyk, hereketiň howpsuzlygy we oňaýlylygy babatda häzirki talaplara doly laýyk gelmelidigini nygtady. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz olara ýollary abadanlaşdyrmak bilen bagly meseleleri toplumlaýyn çözmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow çykyş edip, nebitgaz, himiýa senagatynda we balyk hojalygynda işleriň ýagdaýy, gözegçilik edýän pudaklarynda iri maýa goýum taslamalarynyň ilerledilişi hakynda hasabat berdi.

Hususan-da, ýurdumyzyň iri “Galkynyş” gaz käninde ulanyş guýulary burawlananda degişli hyzmatlary etmäge daşary ýurtly hyzmatdaşlary çekmek maksady bilen geçirilen halkara bäsleşiginiň netijeleri hakynda habar berildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli kararyň taslamasy hödürlendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň ýangyç-energetika toplumy ýaly möhüm pudagyny has okgunly ösdürmegiň wezipelerine ünsi jemledi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, energetika ulgamynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygynyň has-da giňeldilmegi ýurdumyzyň ägirt uly tebigy baýlyklaryny netijeli peýdalanmaga ýardam eder. Şol baýlyklar türkmen halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem energetika howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerini çözmäge gönükdirilendir. Bu sebit we dünýä möçberinde durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz “Galkynyş” gaz känindäki ulanyş guýalarynda gazuw, buraw erginlerini taýýarlamak we oturtma turbalary berkitmek boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek hakyndaky” karara gol çekip, wise-premýere onuň ýerine ýetirilişine degişli derejede gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew çykyş edip, gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň barşy we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem milli Liderimiziň garamagyna Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli desgalaryň durkuny täzelemek we täzelerini gurmak hakyndaky kararlaryň taslamalaryny hödürledi.

Hususan-da, şol resminamalara laýyklykda, Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň S.A.Nyýazow adyndaky halkara saglygy goraýyş merkeziniň durkuny täzelemek we 120 orunlyk täze binasyny gurmak hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Okuw-ylmy merkezini gurmak göz öňünde tutulýar. Onuň düzümine okuw we kliniki barlaghanalar, şeýle hem barlag-seljerme ylmy bölümi girer. Merkezde häzirki zaman enjamlar oturdylyp, olaryň kömegi bilen lukmanlar we hünärmenler tejribe okuwyny geçerler hem-de keselleri anyklamakda we degişli bejeriş işlerini geçirmekde öz hünär derejelerini ýokarlandyrarlar, şeýle hem ýokanç keselleriň dürli görnüşlerini, olaryň derman serişdelerini kabul edijiligini öwrenerler.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ilatyň saglygy hemişe döwletiň üns merkezinde durup, biziň syýasatymyzyň ileri tutulýan ugry boljakdygyny aýratyn nygtady. Milli Liderimiz şeýle hem ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary bilen özara gatnaşyklaryň hasabyna jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek boýunça işleriň gerimini giňeltmegiň möhümdigini belledi.

Milli Liderimiz “Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň S.A.Nyýazow adyndaky halkara saglygy goraýyş merkeziniň durkuny täzelemek we 120 orunlyk täze binasyny gurmak hakyndaky” hem-de “Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Okuw-ylmy merkezini gurmak hakyndaky” kararlara gol çekip, täze okuw-ylmy merkezde tejribeli lukmanlar, alymlar we bilermenler, şol sanda daşary ýurtly hyzmatdaşlar işlärler diýip belledi. Olar ilatyň saglygyny goramagyň derejesine yzygiderli gözegçilik ederler we häzirki zaman halkara ülňülerine laýyk gelýän, ylmy taýdan esaslandyrylan netijeli bejeriş-öňüni alyş usullaryny işläp düzerler.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň parlamentiniň kanunçylyk-hukuk binýadynda umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyk gelýän döwrebap düzümi kemala getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. Şu ýylyň 14-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mejlisiň dördünji çagyrlyşynyň deputatlary bilen geçiren duşuşygy olary has yhlasly işlemäge, hormatly Prezidentimiziň milli döwletliligi mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady, durmuş we medeni taýdan sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge we ata Watanymyzyň halkara abraýyny belende götermäge gönükdirilen wajyp wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge ruhlandyrdy diýlip, çykyşda bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, Mejlisiň deputatlarynyň milli kanunçylygy kämilleşdirmek, şeýle hem milli parlamentiň kabul eden kanunçylyk resminamalarynyň durmuşa geçirilişine berk gözegçiligi ýola goýmak babatda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn edaralary, jemgyýetçilik guramalary bilen alnyp barylýan bilelikdäki işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça möhüm çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedowa söz berdi.Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler hakynda hasabat berip, Diwanyň işini guramaçylyk-enjamlaýyn taýdan üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, söwda ulgamyny, dokma senagatyny we halyçylyk pudagyny ösdürmegiň milli maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň häzirki tapgyry hakynda habar berdi. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak meseleleri hem beýan edildi. Hususan-da, Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek hakyndaky kararyň taslamasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlendi.

Halkara derejesindäki şular ýaly çäreler öz önümlerini we hyzmatlaryny hödürleýän ähli taraplara tejribe alyşmak, özara peýdaly hyzmatdaşlygyň meselelerini çözmek üçin uly mümkinçilikleri açýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we şeýle maslahatlar iş ýüzünde oňyn netijeleri gazanmagy maksat edinmelidir diýip aýtdy. Hormatly Prezidentimiz doganlyk ýurduň eksport harytlarynyň sergisi üstünlikli ösdürilýän köp ugurly, netijeli türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam etmelidir diýip nygtamak bilen, degişli karara gol çekdi hem-de wise-premýere sergini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň önümleriniň daşary ýurtlara ugradylmagy üçin oýlanyşykly strategiýanyň zerurdygy hakynda söz açyp, Türkmenistanyň eksport we maýa goýum kuwwatyny ýokarlandyrmak, daşary söwda dolanyşygyny artdyrmak üçin halkara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň möhüm ähmiýetini belledi. Milli Liderimiz eksport kuwwatyny we döwletara söwda gatnaşyklaryny giňeltmek arkaly, dokma toplumynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça çärelere hem ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlara iberilýän dokma önümleriniň möçberini artdyrmagyň wajypdygyny bellemek bilen, bar bolan pudaklaýyn kuwwatlyklary tehnologiki taýdan döwrebaplaşdyrmak boýunça we tutuşlygyna alnanda, Türkmenistanyň ýeňil senagatynyň önümçilik-söwda ulgamyny ösdürmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew garamagyndaky düzümleriň işi hakynda habar berdi. Hasabatyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Geljegiň energiýasy boýunça Ýokary derejedäki 6-njy Bütindünýä sammitiniň we 1-nji Halkara suw sammitiniň işine gatnaşmagy baradaky jikme-jik maglumatlar aýdyldy, şol sammitler “Durnuklylyk hepdesiniň” çäklerinde 15-17-nji ýanwarda Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabi şäherinde geçirildi.

Geljegiň energiýasy boýunça 6-njy Bütindünýä sammitiniň işiniň barşynda türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika howpsuzlygy we energiýa serişdeleriniň durnukly üstaşyr geçirilmegi, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak baradaky halkara başlangyçlary hakynda çykyş etdi, munuň özi maslahata gatnaşyjylaryň ägirt uly gyzyklanmasyny döretdi hem-de dünýä bileleşiginiň türkmen Lideri tarapyndan ýöredilýän we giň möçberli energetika howpsuzlygyny üpjün etmegi maksat edinýän döredijilikli syýasatyny hemmetaraplaýyn goldaýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň öz energetika strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýändigini we köp görnüşli gaz geçiriji ulgamyny döretmek barada iri taslamalary amala aşyrmak, şeýle hem giň möçberli energetika howpsuzlygyny üpjün etmek babatda halkara başlangyçlaryny öňe sürmek bilen, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyna degişli meselelere örän jogapkärli çemeleşýändigini nygtady. Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň maslahatynyň garamagyna hödürlän teklipleri biziň ýurdumyzyň işjeň garaýşynyň tassyklanmasydyr. Milli Liderimiz wezipe borçlaryny we zähmet düzgün-nyzamyny talaba laýyk berjaý etmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýewe berk käýinç yglan etdi.

Mejlisiň barşynda döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine hem garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk we abadançylyk, eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň bagtly we abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.