Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Dresser-Rend” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Dresser-Rend” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 835
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Dresser-Rend” fransuz kompaniýasynyň prezidenti, baş ýerine ýetiriji direktory jenap Winsent R.Wolpeni kabul etdi.

Özara söhbetdeşlikde hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin döredilen mümkinçilige hoşallyk bildirip, myhman öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin, netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Çünki bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.

Dünýäniň, hususan-da, Ýewropanyň işewür toparlarynyň türkmen bazarynda işlemäge uly isleg bildirýändigi barada aýtmak bilen, Dresser-Rend” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysy jenap Winsent R.Wolpe bu ýagdaý ýurduň ägirt uly ykdysady kuwwaty, şeýle hem türkmen Lideriniň ýöredýän açyk gapylar we özara bähbitli hyzmatdaşlyk syýasaty bilen şertlendirilendir diýip belledi.

Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen oňyn gatnaşyklara hemişe taýýardygyny nygtamak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow industrial ösüşiň milli ykdysadyýetiň ýokary önümçilik tehnologiýalaryna we häzirki zaman enjamlaryna bolan zerurlygy şertlendirdi diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz biz dünýäniň, şol sanda Fransiýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna uly üns berýäris diýip nygtady. Bu ýurduň ösen bazar ykdysadyýeti bolup, ol senagatyň ençeme ylmy pudaklary üçin niýetlenen innowasion tehnologiýalara eýedir we olary iberiji bolup durýar.

Söhbetdeşligiň barşynda ýangyç-energetika toplumynda, has takygy, nebitgaz çykarýan we gazy gaýtadan işleýän desgalary häzirki zaman kompressor enjamlary bilen üpjün etmek we olara hyzmat etmek, işgärleri taýýarlamak babatda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada düýpli pikir alşyldy. Ara alnyp maslahatlaşylan maýa goýum taslamalarynyň hatarynda Türkmenistanda “Dresser-Rend” kompaniýasynyň hyzmat ediş we okuw merkezini döretmek bar.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we “Dresser-Rend” kompaniýasynyň ýolbaşçysy biri-birine täze üstünlikleri arzuw edip, umumy bähbitleriň hatyrasyna özara bähbitli hyzmatdaşlygyň üstünlikli ilerlejekdigine ynam bildirdiler.