>“Financial Times” neşirýatynyň 1926-njy ýyldan bäri Londonda çykarylýan her aýlyk “The Banker” atly ýöriteleşdirilen žurnaly köp sanly halkara wakalaryny, şol sanda täze tehnologiki açyşlary we innowasiýalary beýan edýär, ýurtlar boýunça hasabatlary, bank reýtinglerini hem-de bilermenleriň teswirlemelerini, bazarlaryň synlaryny we sebitleýin senagat ösüşine berilýän bahalary çap edýär. Žurnal her ýyl bütin dünýäde iň gowy maliýe institutlaryny belleýär. Seçip almak aktiwleriň we girdejilligiň ýokarlanyşy, häzirki zaman tehnologiki düzümleriň ösüşi we ornaşdyrylyşy hem-de beýleki ençemeler ýaly dürli ölçeglere esaslandyrylandyr.
Bütin dünýäde meşhur “The Banker” maliýe neşirinde “Türkmenistanyň ykdysadyýetini özgertmegiň netijeli dolandyrylmagy” we “Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky ýurduň maliýe bazarynda öňbaşçydyr” diýen atlar bilen makalalar çap edildi.
2012-nji ýylyň bäsleşiginde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky “Türkmenistanda 2012-nji ýylyň iň gowy banky” diýen dereje bilen sylaglandy. Dünýäniň maliýe toparlarynda has abraýly we ähmiýetli sylaglaryň biri bolan bu sylaga Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky eýýäm onunjy gezek mynasyp bolýar!
Neşir dünýäniň ähmiýetli maliýe wakalarynyň hemmesine gatnaşýar we olary beýan edýär. Mysal üçin, “The Banker” žurnalynyň ýanwar aýyndaky ýörite goýberilişi Bütindünýä ykdysady maslahata gatnaşyjylara niýetlendi, şol maslahat Şweýsariýanyň Dawoz şäherinde 2013-nji ýylyň 23-27-nji ýanwarynda bolar. Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmaga hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maýa goýum syýasatyna bagyşlanylan giňişleýin makala bilen tanyşmaga mümkinçilik alarlar. Maslahata möhüm syýasy liderler, işewürligiň esasy ýolbaşçylary, görnükli alymlar we seljerijiler, iri maýadarlar hem-de dünýä metbugatynyň wekilleri gatnaşar.
Bu ýerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylýan, bazar ykdysadyýetiniň kemala gelmegine gönükdirilen öňdebaryjy özgertmelere, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmakda we ýurduň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmekde bank ulgamynyň ornyna gysgaça häsiýetnama berilýär.
Soňky ýyllarda Türkmenistanyň öňegidişlik gazanyp, has sazlaşykly ösýän döwletleriň hataryna ymykly goşulandygy nygtalýar. Ähli ulgamlarda düzümler düýpli özgerdilýär, munuň özi dürli pudaklaryň yzygiderli we oýlanyşykly ösdürilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda maksatlaýyn we toplumlaýyn esasda milli ykdysadyýetiň täze nusgasynyň döredilmegine girişildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň içerki bähbitlerini, ýurdumyzyň dünýä bileleşigine we ählumumy ýagdaýlara goşulyşmagyny göz öňünde tutmak arkaly durmuşy ugur edinýän çeýe ykdysady strategiýany işläp taýýarlady. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşde uly üstünlikleri gazanmagy hem-de ol üstünlikleriň halkara abraýly jemgyýetçilik we maliýe guramalary tarapyndan ykrar edilýändigi üçin, şol nusganyň halkara bilermenlerinde, synçylarda, syýasatçylarda uly gyzyklanma döredýändigi bellenilýär.
Ýakyn bäş ýylda ýurdumyzy ösdürmek boýunça esasy maksatnamalary özünde jemleýän Prezident maksatnamasynyň çäklerinde uly işleriň ýaýbaňlandyrylandygy, hususan-da, jemi içerki önümiň, daşary maýa goýumlarynyň möçberleriniň durnukly ösýändigi anyk sanlar arkaly görkezilýär. Meselem, 2007-nji ýyldakysy bilen deňeşdireniňde, ykdysadyýetiň dürli prudaklaryna gönükdirilýän maýa goýumlary 3 essä golaý artdy we häzirki wagtda olar jemi içerki önümiň 48,8 göterimine barabardyr. Şeýle hem ilatyň jan başyna dünýän girdejiler yzygiderli artýar. Mälim bolşy ýaly, Bütindünýä banky şu görkeziji boýunça Türkmenistany ortaça derejeden ýokary girdejili döwletleriň hataryna goşdy.
Ykdysadyýetiň önümçilik pudagynyň ösdürilmegine, ýangyç-çig mal serişdelerine baglylygyň aradan aýrylmagyna gönükdirilen netijeli maýa goýum syýasaty makroykdysady görkezijileriň yzygiderli ýokarlanmagyna ýardam edýär. Prezident maksatnamasyna laýyklykda, döwlet tarapyndan milli ykdysadyýetiň örän wajyp ähmiýetli we netijeli bölegine öwrülýän hususy ulgama hemmetaraplaýyn goldaw berilýär. Kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly we netijeli ösdürmek, hususy başlangyçlary amala aşyrmak maksady bilen, hukuk, ykdysady, maliýe hem-de durmuş taýdan örän amatly şertler döredilýär. Salgyt ulgamynyň kämilleşdirilmegini, telekeçilik işini hasaba almagyň we ygtyýarnama bermegiň tertibiniň ýeňilleşdirilmegini hem-de ýeňillikli karz berilmegini muňa mysal edip görkezmek bolar.
Geljekde milli ykdysadyýete daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmek bilen bagly işleriň gerimini has-da giňeltmek göz öňünde tutulýar. Türkmenistan tarapyndan amala aşyrylýan “açyk gapylar” syýasaty daşary ýurt maýa goýumlarynyň goraglylygynyň kanunçylyk arkaly kepillendirilmegi, kanunçylyk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi hut şol wezipeleriň berjaý edilmegine gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky barada aýdylanda bolsa, ony maýa goýum serişdeleriniň hereketine badalga berýän we şol serişdeler boýunça netijeli operator hökmünde görkezmek bolar. Köp ýyllaryň dowamynda bank daşary ýurtly maýadarlar bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Bankyň hyzmatdaşlary üçin ygtybarlydygy onuň maliýe işiniň görkezijileriniň yzygiderli ösüşi, abraýly halkara auditorlar tarapyndan tassyklanýan maliýe hasabatlarynyň aýdyňlygy, borçnamalar boýunça tölegleri gijikdirmän tölemek arkaly tassyklanýar.
Bank Türkmenistanyň bank ulgamynyň özgerdilmegine işjeň gatnaşmak arkaly, maliýe hasabatlylygynyň halkara ülňülerine üstünlikli geçdi we talap edilýän ähli normatiwleri ýerine ýetirýär hem-de özüniň kadalaşdyryjy-hukuk we tehnologik binýadyny kämilleşdirýär.
Bankyň işi we ösüş strategiýasy neşiriň 2012-nji ýylyň “The Banker Awards 2012” atly bank reýtinginiň ýeňijilerine bagyşlanylan dekabrdaky goýberilişinde beýan edildi.
2012-nji ýyl özüniň 20 ýyllygyny bellän bu türkmen banky üçin wajyp ähmiýetli boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň maliýe-ykdysady ulgamyny çalt depgin bilen ösdürmek boýunça öňde goýan wezipelerini berjaý etimek bilen baglylykda, Döwlet daşary ykdysady iş banky öz işiniň döwrebaplaşdyrylmagyna we okgunly alnyp barylmagyna aýratyn üns berdi, munuň özi bankyň ygtybarly işewür hyzmatdaş hökmündäki abraýyny artdyryp, ýurdumyzyň bazarynda öňdebaryjy hatarlaryň birini eýelemäge mümkinçilik döretdi.
Bankyň strategiýasy işewürlik we maýa goýumlary bilen bagly ulgamda hyzmatlaryň esasy görnüşleriniň oýlanyşykly ösdürilmegine gönükdirilendir. Şunuň bilen birlikde, bank maýa goýumlaryň halkara bazarynda Türkmenistanyň Hökümetiniň wekili hökmündäki wezipelerini üsütünlikli ýerinei ýetirýär hem-de ýurdumyzyň uly möçberli maýa goýumly taslamalarynyň amala aşyrylmagyna gatnaşýar.
Bankyň müşderileriniň ýeterlik bolmagy onuň işiniň oňaýly görkezijileriniň biridir. Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müşderileriniň özeni Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň strategiki pudaklaryna degişli esasy döwlet kärhanalaryndan, belli daşary ýurt kompaniýalaryndan, ýurdumyzyň hususy kärhanalaryndan ybaratdyr.
Işiň guramaçylyk bilen bagly has kämil görnüşlerini we usullaryny özleşdirmek banky ösdürmegiň möhüm ugry hasaplanýar. Şunda amallary awtomatiki usulda amala aşyrmak ulgamy ornaşdyrmak boýunça uly möçberli taslama amala aşyryldy, munuň özi hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmaga ýardam berdi.
Geçen ýylda Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň aktiwleriniň we sap girdejiniň jemini, şeýle hem korporatiw müşderilere hyzmat etmek arkaly alynýan girdejileri artdyrmak boýunça görkezijiler gazanyldy. Ykdysadyýetiň anyk bölegine karzlary bermegiň hasabyna bankyň karzlar boýunça bukjasy artdy we şunda üzülişmek boýunça möhleti geçen bergiler ýokdur. Müşderiler bilen bagly binýat 15 göterim artdy.
Geçen ýylda Türkmenistanda bank ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasy kabul edildi, şonda bank amallarynyň täze görnüşlerini ösdürmek we bu ulgama innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, işewürlige degişli ýagdaýlary dolandyrýan düzümi kämilleşdirmek, dünýäniň iri maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, türkmen banklaryny kapitallaşdyrmak we olary hususylaşdyrmak bilen bagly işiň gerimini giňeltmek we beýlekiler boýunça anyk ädimler göz öňünde tutuldy. Döwlet daşary ykdysady iş banky şol maksatnamada bellenilen wezipeleri göz öňünde tutup, hödürlenýän hyzmatlaryň, şol sanda on-laýn-banking boýunça hyzmatlaryň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy, telekeçiligi ösdürmek üçin karz bermegiň geriminiň giňeldilmegini we oňaýly başlangyçlaryň amala aşyrylmagyny, hyzmatyň täze derejesine çykylmagyny ugur edinýär.
Bularyň ählisi Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň halkara maliýe ulgamyna doly hukukly gatnaşýandygyna şaýatlyk edýär. Bankyň “The Banker” atly žurnal tarapyndan dünýäniň iň oňat banklarynyň hataryna goşulmagy Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän maýa goýum syýasatynyň netijeliliginiň, ýurdumyzyň serişdeleriniň oýlanyşykly dolandyrylmagynyň, milli ykdysady nusganyň döredilmegine oýlanyşykly çemeleşilmeginiň we üstünlikli maliýe strategiýasynyň halkara derejesinde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.