Ï Türkmenistan-BMG: müňýyllygyň maksatlaryna ýetmek ugrundaky hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-BMG: müňýyllygyň maksatlaryna ýetmek ugrundaky hyzmatdaşlyk

view-icon 649
Şu gün ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan-BMG bilelikdäki iş toparynyň duşuşygy bolup, onuň gün tertibine 2015-nji ýyldan soňky döwrüň ägirt uly maksatlaryny we wezipelerini kesgitlemek boýunça milli geňeşleriň meýilnamasyny işläp taýýarlamagyň meseleleri girizildi.

Oňa biziň ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Ykdysadyýet we ösüş, Maliýe, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň, Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň, jemgyýyetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşykda BMG-niň abraýly halkara düzümleriniň, şol sanda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Çagalar ganasynyň, BMG-niň adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň, BMG-niň neşeler we jenaýatçylyk bardaky müdirliginiň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň jogapkär işgärleri Birleşen Milletler Guramasyna wekilçilik etdiler.

BMG-niň we beýleki abraýly halkara düzümleriniň doly hukukly agzasy bolmak bilen, biziň ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda dünýä bileleşiginiň tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna ägirt uly goşant goşýar, halkara düzümleriniň wajyp wezipeleriniň çözülmegine işjeň gatnaşýar hem-de ählumumy ösüşiň milli bähbitlerini we esasy wezipelerini nazara almak bilen jedelli meseleleriň parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýän döwlet hökmünde özüni ykrar etdirmek arkaly, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň oňyn çözülmegine täze çemeleşmeleri öňe sürýär.

Şunuň bilen baglylykda, duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň parahatçylygyň we howpsuzlygyny saklanmagynda we berkildilmeginde esasy kepil hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň ähmiýetli ornuny ykrar edýändigini belläp, onuň öz parahatçylyk söýüjilik we döredijilik kuwwatyny BMG tarapyndan yglan edilen Müňýyllygyň ählumumy maksatlaryna ýetilmegine gönükdirmek arkaly, halkara hyzmatdaşlygynyň hemmetaraplaýyn işjeňleşdirilmegini ugur edinýändigini bellediler. Mälim bolşy ýaly, umumy, möhüm maksatlardan gelip çykýan Müňýyllygyň ösüş maksatlarynyň 8-si kesgitlendi. Olar 2015-nji ýyla çenli berjaý ediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2012-nji ýylyň 10-njy dekabrynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda biziň öňümizde durýan wajyp wezipeler Türkmenistanyň halkara giňişligindäki milli bähbitlerine anyk aň ýetirmegi, dünýä ýüzünde bolup geçýän wakalara häzirki döwruň we geljegiň nukdaýnazaryndan garamagy, haýsydyr bir ýurduň ýa-da sebitiň syýasy ýagdaýyna çuňňur düşünmegi talap edýär diýip belledi.

Şu jähetden duşuşyga gatnaşyjylaryň pikirine görä, häzirki döwürde milli geňeşmeleri geçirmegiň meselelerine seretmegi, 2015-nj ýyldan soňky döwür üçin ählumumy ösüşiň esasy maksatlaryny we wezipelerini kesgitlemegiň zerurdygy bellenildi.

Türkmenistan –BMG ulgamy boýunça özara gatnaşyklaryň netijeli we yzygideri ýola goýulmagyna, BMG-niň abraýly düzümleri bilen biziň ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň ýygjam hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi geçen ýylyň dekabrynda kabul edilen “Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunuň 2013-2017-nji ýyllar üçin konsepsiýasynda” öz beýanyny tapdy.

Türkmen döwletiniň bu ýörelgesine, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä jemgyýetçiliginiň abraýly toparlary tarapyndan giň ykrarnama eýe bolan işjeň başlangyçlaryna oňyn baha bermek bilen, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Jasinta Barrins Birleşen Milletler Guramasynyň öz tarapyndan biziň ýurdumyzy örän jogapkärli, strategik hyzmatdaş, köp sanly halkara wakalaryna işjeň gatnaşyjy hasaplanýandygyny belledi.

Öňde boljak geňeşleriň deslapky meýilnamalaryny gözden geçirip we olaryň taslamasyny taýýarlamagyň esasy tapgyrlaryny ara alyp maslahatlaşyp, şeýle hem geljekki duşuşygyň möhletini kesgitläp, Türkmenistan-BMG Bilelikdäki iş toparynyň wekilleri doly möçberli gatnaşyk üçin ägirt uly mümkinçiikleriň bardygyny nazara almak bilen, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bolan meýillerini mälim etdiler.