Ï Hazar meseleleri boýunça Pudagara toparyň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hazar meseleleri boýunça Pudagara toparyň mejlisi

view-icon 790
Şu gün ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde Hazar deňziniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi boldy. Onda 2012-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy we ýakyn geljek üçin wezipeler kesgitlendi. Duşuşyga toparyň agzalary bolup durýan Daşary işler ministrliginiň, Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiň, Tebigaty goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň, Balyk hojalygy döwlet komitetiniň, Döwlet serhet gullugynyň, we birnäçe pudaklaýyn ylmy-barlag institutlarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ajaýyp deňziň ekologiýa taýdan abadançylygyny gorap saklamaga, daşky gurşawy goramak meselelerini çözmekde dünýä bileleşiginiň tagallalarynyň birleşdirilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamalaryny anyklaşdyrmagy möhüm wezipeleriň biri hökmünde görýän Pudagara toparynyň işiniň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şu jähetden göz öňünde tutulýan döwrüň dowamynda Hazar deňziniň hukuk derejesine, tebigy serişdeleriň netijeli peýdalanylyşyna, adatdan daşary ýagdaýlary duýdurmak we onuň zyýanlaryny aradan aýyrmak, şeýle hem gidrometeorologiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meselelerine degişli halkara-hukuk resminamalarynyň kadalaryna laýyklykda taslamalary taýýarlamak boýunça ägirt uly işler bitirildi.

Türkmenistan Hazar deňzi sebitinde parahatçylygyň, ylalaşygyň we durnuklylygyň üpjün edilmeginiň tarapdary bolmak bilen, ähli taraplaryň milli bähbitlerini nazara almak bilen geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmekde hem-de Hazar meselesiniň ähli ugurlary boýunça goňşy ýurtlaryň öňünde durýan meseleleri çözmäge toplumlaýyn çemeleşmekde umumy tagallalaryň utgaşdyrylmagy esasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmagy öňe sürýär.

Türkmen döwletiniň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda hoşniýetli erk, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak ýaly ugurlar esasy ýörelgeler bolup durýar. Hazaryň köptaraply mümkinçilikleriniň doly durmuşa geçirilmeginiň we onuň kenar ýakalarynyň goňşy ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistanyň ykdysadyýeti üçin strategik ähmiýeti bardyr.

Geçen ýyl Aşgabatda geçirilen halkara forumlary Hazar meseleleriniň dürli ugurlary boýunça ylalaşykly çözgütleri işläp taýýarlamakda möhüm ädime öwrüldi. Olaryň hatarynda Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça Ýörite iş toparynyň nobatdaky mejlisi, şeýle hem Hazar deňziniň biologik serişdelerini gorap saklamak we netijeli peýdalanmak hakynda Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan iki sany sebiitleýin maslahat bar. Şol duşuşyklara Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, balyk hojalyklarynyň ýolbaşçylary, tebigy serişdeleri peýdalanmak hem-de daşky gurşawy goramak boýunça hünärmenleri gatnaşdylar.

2012-nji ýylyň noýabrynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Hazar ekologiýa forumynyň uly ähmiýete eýe bolandygyny bellemeli. Oňa Hazarýaka ýurtlarynyň wekilçilikli toparlary, şeýle hem BMG-niň daşky gurşaw boýunça Maksatnamasynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Ýewropa Ykdysady komissiýasynyň we beýleki abraýly halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Şunlukda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde bu foruma daşky gurşawy goramak we olaryň oňyn çözgüdini işläp taýýarlamak meselelerine seretmek üçin hyzmatdaşlyk binýadyny emele getirmäge gönükdirilen hemişelik hereket edýän halkara guramanyň derejesini bermek boýunça öňe süren başlangyjyny mundan beýläk-de ilerletmegiň maksada laýyk boljakdygy bellenildi.

Şu gezekki geçirilen mejlisiň barşynda Hazar deňziniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň Pudagara toparynyň gidrometeorologiýa we Hazar deňziniň hapalanmagyna gözegçilik etmek boýunça Utgaşdyryjy komitetde biziň ýurdumyzyň başlyklyk etmegini nazara almak bilen 2013-nji ýyl üçin maksatnamasynyň işi tassyklandy. Ýakyn wagtda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň hatarynda Türkmenistanyň tebigaty goraýyş düzümlerinde, degişli ministrliklerinde we pudaklaýyn edaralarynda “Hazar deňzi - durnukly ösüş we dolandyryş” atly halkara okuw kursuny geçirmek çäresi bar.

Toparyň agzalary Hazar deňziniň ykdysady, syýahatçylyk we şypahana-dnyç alyş mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, bu ajaýyp tebigy toplumyň ösümlik hem-de haýwanat dünýäsini gorap saklamak boýunça maksatlaryň we wezipeleriň jähedinde Hazar deňzinde alnyp barylmaly dürli işleri kadalaşdyrýan şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň zerurdygyny bellediler.