Ï Türkmenistan-Beýik Britaniýa: sport ulgamyndaky hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-Beýik Britaniýa: sport ulgamyndaky hyzmatdaşlyk

view-icon 651
Şu gün Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda ýurdumyzda sport hereketiniň ösüşiniň geljegini we täze hil ülňülerini kesgitlän Türkmen-britan sport forumy geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça paýtagtymyzda gurulýan Olimpiýa şäherçesiniň binýadynda 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň guramaçylyk meselelerine seredildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, ýurdmyzyň Sport baradaky döwlet komitetiniň we Milli olimpiýa komitetiniň guramagynda geçirilen Türkmen-britan sport forumynyň işine Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş, Maliýe, Aragatnaşyk, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Gurluşyk, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Medeniýet we Bilim ministrlikleriniň, ýurdumyzyň Merkezi bankynyň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.

Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň söwda boýunça wekili Çarlz Hendriniň ýolbaşçylygyndaky daşary ýurt wekiliýetiniň düzüminde köp ýyllaryň dowamynda iri halkara ýaryşlaryny, şol sanda Aziýa oýunlaryny we Olimpiadalary guramaga gatnaşýan “Britiş ekspertiz”, “Arup”, “Inwent Plenning Grupp”, Lafbora kollej, “Pinsent Meýsons LLP”, “PMP Legasi” we “Rapisakn Sistemz LTD” ýaly iri britan kompaniýalarynyň wekilleri bar.

Aşgabat forumynyň mejlsiniň barşynda biziň ýurdumyzyň sport düzümleriniň ýolbaşçylary Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň arasynda sport ulgamy boýunça hyzmatdaşlyk etmek babatda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň taslamasy bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem jenap Ç.Hendri sazlaşykly ösýän türkmen bazarynyň uly geljegini nazara almak bilen, Beýik Britaniýanyň biziň ýurdumyz bilen ykdysady ulgamda hem hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýändigini belledi.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça öňde boljak V Aziýa oýunlary barada aýdylanda bolsa, Beýik Britaniýanyň birnäçe kompaniýalarynyň paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde desgalaryň gurluşygya işjeň gatnaşýandygyny bellemeli. Bu ýerde ilkinji desga täze ýylyň ýaz paslynda gurlup ulanmaga berler. Beýik Britaniýanyň hünärmenleri ýurdumyzyň Sport baradaky döwlet komitetine we Milli olimpiýa komitetine Türkmenistan üçin ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak boýunça ýörite işlenip taýýarlanan maksatnamany tanyşmak üçin hödürlediler.

Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň söwda boýunça wekili Çarlz Hendriniň baştutanlygynda biziň ýurdumyza gelen wekiliýet bilen geçirilen duşuşygyň çäklerinde dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, hususan-da, Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasynda iri halkara sport ýaryşlaryny taýýarlamak we geçirmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ertir Beýik Britaniýaynyň wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanyň Hökümetinde birnäçe duşuyklary geçirerler. Şeýle hem olar sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesinde alnyp barylýan işler bilen tanşarlar.