Ï Türkmenistanyň Prezidenti Ukrainanyň daşary işler ministrini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Ukrainanyň daşary işler ministrini kabul etdi

view-icon 635
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň daşary işler ministri Leonid Kožarany kabul etdi.

Myhman ýüzbe-ýüz duşuşyk we mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza hem-de tutuş türkmen halkyna Ukrainanyň Prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň Täze ýyl mynasybetli iberen mähirli gutlaglaryny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, özüniň ukrainaly kärdeşine we Ukrainanyň halkyna bagt, parahatçylyk we abadançylyk baradaky gutlag sözlerini aýtdy. Ukraina bilen ýola goýulýan häzirki zaman gatnaşyklary köpasyrlyk dostluk, ynanyşmak we strategik hyzmatdaşlyk binýadyna esaslanýar diýip, milli Liderimiz belledi.

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we Ukrainanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy soňky ýyllarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň ähli ugurlary, ilkinji nobatda bolsa iri halkara guramalarynyň, hususan-da, şu ýylyň başyndan Ukrainanyň başlyklyk edýän Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň çäklerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlyk boýunça pikir alyşdylar. Bellenilişi ýaly, şu jähetden guramanyň doly hukukly agzalary bolup durýan Türkmenistan bilen Ukrainanyň, olaryň energiýa göterijileri howpsuz üstaşyr geçirmek babatda ÝHHG-niň ähmiýetini ýokarlandyrmak boýunça meýillerini nazara almak bilen, netijeli gatnaşyklary üçin giň mümkinçilikler açylýar.