Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, öňi bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlarynda we pudaklarynda işleriň ýagdaýy hakynda hasabat berdi. Şeýle hem “Türkmenistanda Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň VII ýöriteleşdirilen sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada aýdyldy.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, däbe öwrülen sergi barada durup geçmek bilen, döwletara hyzmatdaşlygynda ileri tutulýan goňşy Eýran bilen özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmek babatda onuň ähmiýetini belledi. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz şeýle halkara forumlary daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge, önümçilikde we häzirki zaman tehnologiýalaryny iş ýüzünde ulanmakda tejribe alyşmaga, maýa goýum işini höweslendirmäge, netijeli işewür gatnaşyklaryny ýola goýmaga ýardam edýär diýip belledi. Döwlet Baştutanymyz Eýranyň haryt öndürijileriniň önümleriniň sergisiniň gadymdan gelýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan we iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine gabat gelýän netijeli türkmen-eýran gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn berkitmäge hyzmat etjekdigini aýratyn nygtady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hasabat bilen çykyş edip, ilki bilen, 22-nji ýanwarda Nýu-Deli şäherinde Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hindi hökümetara toparynyň dördünji mejlisine gatnaşmak maksady bilen biziň ýurdumyzyň wekiliýetiniň Hindistan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň jemleri hakynda hasabat berdi.
Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysynyň habar berşi ýaly, mejlisiň gün tertibine söwda-ykdysady ulgamynda döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň meseleleri girizildi. Şunda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň ösüş depgini hasaba alyndy. Onuň kuwwaty harytlaryň görnüşlerini artdyrmak üçin oňaýly mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, toparyň mejlisinde iki ýurduň Söwda öýlerini açmak hakyndaky meselä garaldy. Taraplar şeýle hem Türkmenistanyň we Hindistanyň halkara söwda sergilerine gatnaşmagy üçin birek-birege ähli zerur şertleri döretmek barada ylalaşdylar.
Oba hojalyk pudagynda, hususan-da, maldarçylykda, şeýle hem dokma senagatynda netijeli türkmen-hindi hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň mümkinçilikleri hakynda gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şeýle hem ulag we aragatnaşyk ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şonda hindi tarapy Türkmenistanyň başyny başlan “Demirgazyk-Günorta” transmilli demir ýol ulag geçelgesini döretmegiň taslamasyny amala aşyrmaga gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirdi. Şonuň bilen birlikde, mejlisde iki ýurduň üstaşyr mümkinçiliklerini nazara almak bilen howa ulaglary babatda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerine garaldy.
Nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi duşuşygyň gün tertibiniň möhüm meseleleriniň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, soňky iki ýylyň dowamynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan /TOPH/ gaz geçirijisini gurmagyň taslamasyny amala aşyrmak boýunça uly işleriň geçirilendigi bellenildi. Nygtalyşy ýaly, hindi tarapy bu iri möçberli taslama möhüm ähmiýet berýär we şunda Türkmenistany ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hasaplaýar. Hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda nebithimiýa ulgamy hem görkezildi.
Mejlise gatnaşyjylar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk meselelerine uly üns berdiler. Şu ýylyň ikinji ýarymynda Türkmenistanda Hindistanyň Medeniýet günlerini geçirmek hem-de 2014-nji ýylyň birinji ýarymynda Hindistanda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmek hakynda ylalaşyk gazanyldy. Şunda ylym we bilim, medeniýet hem-de sungat, syýahatçylyk we sport ulgamlarynda, şeýle hem habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça hem-de häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary babatda hyzmatdaşlygyň möhümdigi bellenildi. Dürli pudaklarda ösen tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda hem özara gatnaşyklar üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.
Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hindi hökümetara toparynyň dördünji mejlisiniň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi. Gazanylan ylalaşyga laýyklykda, toparyň nobatdaky mejlisi 2014-nji ýylda Aşgabatda geçiriler.
Nýu-Delä bolan iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirendigi hem habar berildi. Şol duşuşyklaryň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Aşgabat şäherinde Ykdysady we söwda hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-katar hökümetara toparynyň birinji mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hem hasabat berdi. Mälim bolşy ýaly, 2010-njy ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Katar döwletine resmi sapary bolup, ol ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda aýratyn ähmiýetli waka öwrüldi we döwletara türkmen-katar gatnaşyklarynyň ösmegine täze itergi berdi. Dohada geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň barşynda Hökümetara toparyny döretmek hakynda ylalaşyk gazanyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu toparyň birinji mejlisini 28-29-njy ýanwarda Aşgabat şäherinde geçirmek göz öňünde tutulýar. Mejlisiň gün tertibine söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulaglar, bilim we ylym, tehnologiýa, sport we syýahatçylyk babatda hem-de beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri giriziler.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hindi hökümetara toparynyň dördünji mejlisiniň jemleri barada durup geçmek bilen, özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy durmuşa geçirmek üçin zerur bolan şertleriň we mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu toparyň işi anyk netijeleri gazanmaga, taraplaryň gazanan ylalaşyklaryny yzygiderli durmuşa geçirmäge gönükdirilendir diýip, milli Liderimiz Türkmenistanyň geljekde hem Hindistan bilen gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn berkitmegi we ösdürmegi göz öňünde tutýandygyny aýtdy. Şol gatnaşyklar ilki başdan dostlugyň iň gowy däplerinde, netijeli uzakmöhletleýin gatnaşyklaryň ýörelgelerinde guralýar.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ykdysady we söwda hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-katar hökümetara toparynyň öňde boljak birinji mejlisine ünsi çekip, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda döwletara hyzmatdaşlygyny giňeltmek babatda onuň ähmiýetiniň uludygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz degişli toparyň türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakyndaky karara gol çekip, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysyna mejlise taýýarlyk görmek we onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek bilen bagly degişli tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa döwlet Baştutanymyzyň durmuş we ykdysady, bazar özgertmelerini, türkmen döwletiniň halkara işini kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça bellän wezipeleri babatda milli parlamentiň deputatlary tarapyndan amala aşyrylýan jemgyýetçilik we kanunçykaryjylyk işler barada habar berdi. Mejlisiň komitetlerinde birnäçe ulgamda kanunçylygy kämilleşdirmek, täze kanunlary taýýarlamak, häzirki wagtda hereket edýän kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.
Milli Liderimiz habary diňläp, parlamentiň ýolbaşçysynyň ünsüni döwletiň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, giň gerimli özgertmeleri we maksatnamalary netijeli amala aşyrmak maksadynda kanunçylygyň derwaýys ugurlarynyň birnäçesine çekdi.
Hormatly Prezidentimiz raýat edaralaryny ösdürmekde we jemgyýetde demokratik gymmatlyklary hem-de ýörelgeleri berkarar etmekde ýurdumyzyň ýokary kanunçylyk edarasyna möhüm ornuň degişlidigini nygtap, ýerlerde wekilçilikli häkimiýet edaralary bilen özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigini belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew öz garamagyndaky düzümleriň alyp barýan işleri baradaky hasabat bilen çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda habar berdi. Hususan-da, Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna agza bolup girmegi bilen bagly meseläni öwrenmek boýunça Hökümet toparyny döretmek barada habar berildi. Bellenilişi ýaly, bu gurama 1995-nji ýylda onuň agzasy bolan döwletleriň arasynda halkara söwdasyny erkinleşdirmek we düzgünleşdirmek maksady bilen döredildi.
BSG täze söwda ylalaşyklarynyň işlenip düzülmegine we ornaşdyrylmagyna jogap berýär, şeýle hem guramanyň agzalary tarapyndan dünýä ýurtlarynyň gol çeken we olaryň parlamentleriniň tassyklan ylalaşyklarynyň berjaý edilmegine gözegçilik edýär. Häzirki wagtda onuň düzümine 157 döwlet girýär, 27 döwletiň bolsa gurama girmäge dalaşgär hökmünde synçy hukuk derejesi bar.
Hökümet toparynyň üstüne BSG-niň Ylalaşyklaryny we kadalaryny, olaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryna we ugurlaryna täsirini seljermek hem-de teklipleri taýýarlamak, bu barada Bütindünýä söwda guramasy we halkara guramalary tarapyndan geçirilýän mejlislere gatnaşmagy guramak bilen bagly meseleleri öwrenmek wezipesi ýüklener.
Wise-premýer öz hasabatynyň çäklerinde “Türkmenistanyň standartlaşdyryş ulgamyny ösdürmegiň 2011-2015-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna” laýyklykda, yzygiderli durmuşa geçirilýän işler hakynda hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Ölçegler we agramlar boýunça baş konferensiýa tarapyndan kabul edilen we hereket edýän Ululyklaryň birlikleriniň halkara ulgamy 7 sany esasy ululyklaryň birliklerinden ybarat. 2012-nji ýylyň oktýabr aýynda kabul edilen “Ölçegleriň bitewüligini üpjün etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanda peýdalanmaga rugsat berlen ululyklaryň birlikleriniň sanawyny tassyklamak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, hökümetiň Baştutanynyň orunbasary degişli kadalaşdyryjy namany taýýarlamak hakyndaky teklibi hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürledi.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna agza bolup girmeginiň ähmiýetini belläp, söwda, maliýe we maýa goýum düzgünini kämilleşdirmegiň, bazar ýörelgelerinde daşary ýurt puluny düzgünleşdirmegiň, erkin nyrh emele getirmegiň, söwda we gümrük päsgelçiliklerini aradan aýyrmagyň, halkara tejribesini gowy bilýän hünärmenleri taýýarlamagyň we umuman alnanda, erkin bazar gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen syýasaty durmuşa geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz karary makullap we oňa gol çekip, wise-premýere öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek bilen bagly anyk tabşyryklary berdi.
Türkmenistanda peýdalanmaga rugsat berlen ululyklaryň birlikleriniň sanawyny işläp düzmek bilen bagly meselä degip geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow standartlaşdyrmak döwlet durmuş-ykdysady syýasatyny goldamagyň esasy şerti bolup, ynsaply bäsdeşligi, innowasiýalary, söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge, raýatlaryň durmuşynyň, saglygynyň we emläginiň howpsuzlyk derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edip, sarp edijileriň bähbidiniň, daşky gurşawyň goralmagyny we serişdeleriň ähli görnüşleriniň tygşytlanmagyny üpjün etmelidir diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz beýan edilen teklibi umuman makullap, degişli resminamany taýýarlamagy we ony bellenilen tertipde tassyklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa hormatly Prezidentimiziň medeniýet ulgamyny we milli habar beriş serişdelerini ösdürmek boýunça öňde goýan wezipelerini nazara almak bilen, gözegçilik edýän ulgamlarynda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Wise-premýer şeýle hem döwlet Baştutanymyza ýurdumyzda fewral aýynda geçiriljek medeni çäreler, şol sanda maslahatlar, sergiler, halkara çäreleri hem-de medeni-durmuş maksatly desgalary açyp, ulanmaga bermegiň tertibi barada habar berildi. Hususan-da, Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bu şanly senä gabatlanyp, fewral aýynyň 10-18-i aralygynda Gyşky oýunlar sport toplumynda hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugrundaky halkara ýaryşy geçiriler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, geçiriljek dabaralaryň örän möhümdigine ünsi çekdi we täze desgalary ulanmaga bermek dabaralaryny we beýleki medeni çäreleriň ählisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy hem-de olaryň milli öwüşgüne we köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagy we çärelere gatnaşyjylar üçin ähli amatly şertleriň döredilmegi barada alada etmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz özüniň işi bilen türkmen jemgyýetiniň durmuşyny baýlaşdyrmaga, adamlary belent sepgitleri eýelemäge ruhlandyrmaga ýardam edýän köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini talabalaýyk guramak barada aýdyp, ýurdumyzda neşir edilýän gazetleriň we žurnallaryň köpüsinde “Howandary – Türkmenistanyň Prezidenti” diýen ýazgynyň ýerleşdirilendigine wise-premýeriň ünsüni çekdi. Döwlet Baştutanymyz her bir gazete ýa-da žurnala onuň üçin doly jogap berýän anyk edaranyň howandarlyk etmelidigi baradaky pikiri aýtdy. Mysal üçin, “Türkmenistan” ýa-da “Neýtralnyý Turkmenistan” ýaly hökümet gazetlerine Ministrler Kabineti, “Mugallymlar gazetine” bolsa Bilim ministrligi howandarlyk etmelidir. Hormatly Prezidentimiz bu meseläniň üstünde işlemegi we beýleki gazet-žurnallarda hem şular ýaly howandarlyk edýän edaralaryň adyny ýerleşdirmegiň möhümdigini aýtdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu güne çenli gowaça ekiljek meýdanlaryň 70 göterime golaýynda sürüm işleri geçirildi. Olar bilen bir hatarda ýerleri organiki we fosfor dökünleri bilen gurplandyrmak, ýerleri tekizlemek we zerur halatynda ýuwuş suwuny tutmak işleri amala aşyrylýar.
Mundan başga-da, agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaý ekilen meýdanlara ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, şeýle hem haşal otlaryň garşysyna göreş çäreleri alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyna ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny, serişdeleri tygşytlaýjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň we umuman, oba hojalygyny üstünlikli ösdürmegiň wajyp şerti hökmünde ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmagyň möhümdigini nygtady. Şunda döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumynyň dürli ulgamlarynda işleri takyk guramagyň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra gözegçilik edýän ulaglar we aragatnaşyk pudaklaryndaky işler barada hasabat bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A. Ýegeleýew çykyş etdi, ol, geçirilen işler we häzirki günüň talaplaryna laýyklykda ulaglaryň we aragatnaşygyň ähli görnüşleriniň kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek, ulgamyň maddy--enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça çäreleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly döwlet Baştutanymyz tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi.
Ýurdumyzyň aragatnaşyk pudagyny ösen maglumat we telekommunikasiýa tehnologiýalary bilen üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işleriň dünýädäki ösüş bilen aýakdaş gitmegi, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän iň kämil aragatnaşyk enjamlaryny guramagy, olary ýokary derejede işe girizmegi we bu enjamlaryň ýerli hünärmenler tarapyndan dolandyrylmagy baradaky tabşyrykdan ugur alnyp, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygy hem-de hünärmenleriň hünär derejeleriniň yzygiderli ýokarlandyrylýandygy hakynda habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag we aragatnaşyk babatda önümçilik görkezijileriniň oňyn depginini belläp, ulaglar we telekommunikasiýalar pudagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi. Milli Liderimiz bu pudaklaryň önümçilik-ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga döwletimiziň geljekde hem düýpli goldaw berjekdigini nygtap, wise-premýere olarda tehnologik taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak, şeýle hem ýolagçylara we aragatnaşygyň häzirki zaman görnüşlerinden peýdalanýanlara edilýän hyzmatyň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatynda alnyp barylýan gurluşyk işlerine ünsi jemläp, täze desgalara göwnejaý gözegçiligi guramak üçin köp wagtyň we uly tejribäniň talap edilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz degişli resminama gol çekdi, şol resminama laýyklykda Lebap welaýaty boýunça jogapkär edip wise-premýer A. Ýegeleýew, Aşgabat şäheri boýunça bolsa jogapkär edip Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew bellenildi.
Milli Liderimiz bu meseläni dowam edip, bilim ulgamyny kämilleşdirmek we ony halkara ülňülerine laýyk getirmek üçin häzirki wagtda ýurdumyzda düýpli özgertmeleriň geçirilýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz bilim özgertmelerini göwnejaý geçirmek maksady bilen, wise-premýer S.Toýlyýewi Lebap welaýaty boýunça jogapkärçilikden boşatdy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, olary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri barada hasabat berdi. Şeýle hem häzirki döwürde gurluşygy alnyp barylýan möhüm desgalarda we ýakyn wagtda ulanmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilýän binalarda durmuşa geçirilýän çäreler hakynda aýdyldy. Hususan-da, wise-premýer Aşgabat şäheriniň günorta böleginde göwrümi 400 müň kub metr bolan açyk suw howdanyny gurmak üçin ýer böleginiň teklip edilýän görnüşi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gurluşyk senagatynyň ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykýandygyny, hususan-da, köp sanly gurluşyk desgalarynda işleriň depgininiň sazlaşykly ösýändigini kanagatlanma bilen belledi we munuň özi pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalanandygyny alamatlandyrýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz gurluşygyň hilini ýokarlandyrmak, ekologiýa taýdan arassa täze tehnologiýalaryň esasynda ýerli gurluşyk materiallarynyň önümçiligini mundan beýläk-de giňeltmek we işleriň öz möhletinde ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmek bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde durmalydygyny tabşyrdy.
Täze suw howdanynyň gurluşygy baradaky meselä degip geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz şeýle desgalaryň Türkmenistanyň ägirt uly gidro ulgamynyň sazlaşykly hereketini üpjün etmekde möhüm orny eýeleýändigini belledi. Biziň ýurdumyzda suw howdanlarynyň göwrümini giňeltmek boýunça maksadalaýyk we toplumlaýyn işler täze tehnologiýalara, özboluşly inženerçilik çözgütlerine daýanmak arkaly yzygiderli dowam etdirilýär. Munuň özi suw serişdeleriniň gorlaryny döretmäge, ony möwsüm boýunça netijeli paýlamaga mümkinçilik berýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şu jähetden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurulmagy meýilleşdirilýän suw howdany babatda birnäçe bellikleri aýdyp, wise-premýerler A.Ýazmyradowa we Ş.Durdylyýewe şunuň ýaly meseleleriň üstünde goşmaça işleri alyp barmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew ylmy, bilimi, saglygy goraýşy, sporty we syýahatçylygy ösdürmek boýunça döwlet durmuş syýasatynyň we milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde 120 orunlyk Ýöriteleşdirilen dikeldiş merkezini gurmak hakyndaky” kararyň taslamasyny hödürledi. Häzirki zaman ülňülerine laýyklykda enjamlaşdyryljak täze merkeziň jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmaga we zyýanly endikleriň garşysyna göreşmäge, olar bilen bagly döreýän keselleriň öňüni almak babatda toplumlaýyn çäreleri geçirmäge ýardam etjekdigi bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň we raýatlarymyzyň saglygy barada yzygiderli alada etmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň we möhüm wezipeleriniň biri bolup durýandygyny nygtady. Biziň ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga ägirt uly serişdeler goýberilýär diýip, milli Liderimiz belledi we dürli saglygy goraýyş edaralaryny gurmak babatda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda deňsiz-taýsyz işleriň durmuşa geçirilýändigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz Ýöriteleşdirilen dikeldiş merkezini gurmak hakyndaky Karara gol çekip, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleri netijeli dowam etdirmegiň, şeýle hem keselleriň öňüni almagyň we olary bejermegiň dünýä lukmançylygy tarapyndan toplanan täze usullaryny ornaşdyrmagyň möhümdigi barada aýdyp, wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow gözegçilik edýän pudaklarynda – nebitgaz, himiýa we balyk senagatynda, ýangyç-energetika toplumynda durmuşa geçirmek bellenilen täze iri maýa goýum taslamalaryny taýýarlamakda işleriň ýagdaýy hakynda hasabat berdi.
Hususan-da, “Galkynyş” gaz känindäki ulanyş guýularynda buraw we özleşdirmek işlerini ýerine ýetirmek bilen bagly alnyp barylýan işler, şeýle hem Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ekologiýa taslamalaryny durmuşa geçirmek hem-de senagat lagymynyň we aýlawly suw üpjünçiliginiň ulgamlaryny gurmaga daşary ýurtly hyzmatdaşlary çekmek hakynda habar aýdyldy. Degişli kararlaryň taslamalary döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlendi.
Wise-premýer Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen geçirilen gepleşikleriň netijeleri hakynda hem habar berdi, şol gepleşikleriň barşynda, hususan-da, nebithimiýa, gazy gaýtadan işleýän, maşyn gurluşyk, elektrotehnika pudaklarynda we senagatyň beýleki pudaklarynda bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmäge artýan özara gyzyklanmany kanagatlanmak bilen nygtap, maliýe we söwda-ykdysady ulgamlarynda, şeýle hem bilim babatda hyzmatdaşlyga degişli meselelere aýratyn üns berdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny, himiýa senagatyny we balyk hojalygyny ösdürmegiň 2012—2016-njy ýyllar üçin maksatnamasyny” mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam etjek wezipelere ünsi jemledi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, daşary ýurt maýa goýumlaryny iri düzüm taslamalaryna, şol sanda täze ýangyç ýataklaryny özleşdirmäge, nebithimiýa kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmaga hem-de tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmaga, täze innowasion önümçilikleri gurmaga çekmek boýunça işleri işjeňleşdirmek zerurdyr. Bu babatda milli Liderimiz bu ulgamda öňdebaryjy tejribä, tehniki we tehnologiki mümkinçiliklere eýe bolan esasy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy tapgyrma-tapgyr giňeltmegiň maksadalaýykdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz biziň ýurdumyzyň giň halkara hyzmatdaşlygy ugruna ygrarlydygyny tassyklap, Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge ähmiýet berýändigini aýratyn nygtady, bu ýurt bilen gatnaşyklara özara düşünişmek, ynanyşmak we işewür oňyn hyzmatdaşlyk mahsusdyr. Häzirki wagtda Ýaponiýa ykdysadyýet we öňdebaryjy tehnologiýalar ulgamynda dünýäniň öňdebaryjylarynyň biridigini aýtmak bilen, milli Liderimiz Ýaponiýanyň tejribesiniň okgunly ösýän Türkmenistan üçin örän peýdaly bolup biljekdigini belledi. Bu babatda hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylara ýapon hyzmatdaşlarynyň tekliplerini we dürli ugurlar boýunça geljegi uly bilelikdäki taslamalara olaryň gatnaşmak mümkinçligini üns berip öwrenmek barada tabşyryk berdi.
Hormatly Prezidentimiz “Galkynyş” gaz känindäki ulanyş guýularynda buraw we özleşdirmek işlerini ýerine ýetirmek hakyndaky” hem-de “Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ekologiýa taslamalaryny durmuşa geçirmek hem-de senagat lagymynyň we aýlawly suw üpjünçiliginiň ulgamlarynyň gurluşygy hakyndaky” kararlara gol çekip, olaryň ýerine ýetirilişine göwnejaý gözegçiligi üpjün etmek barada görkezme berdi.
Soňra çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew gözegçilik edýän düzümleriniň işi hakynda, şeýle hem dünýäniň esasy nebitgaz kompaniýalary tarapyndan iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşy hakynda hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäge girýän ýataklarda HHR-iň СNPC kompaniýasy tarapyndan gurulýan desgalarda işleriň ýagdaýy bilen tanyşmak maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy boýunça amala aşyrylan iş saparynyň jemleri barada jikme-jik habar aýdyldy. Hususan-da, kuwwatlylygy ýylda 9 milliard kub metr tebigy gaz bolan 2-nji gazy gaýtadan işleýän zawodda, Gaztrubina elektrik bekedinde, gaz gysyjy desgada, buraw guýularynda, 1-nji gazy gaýtadan işleýän zawodda alnyp barylýan işler hakynda habar berildi. Bellenip geçilişi ýaly, 2-nji gazy gaýtadan işleýän zawody işe girizmek iki tapgyrda göz öňünde tutulýar. 1-nji tapgyry şu ýylyň ahyrynda tamamlamak meýilleşdirilýär we 2 sany tehnologiki hataryny we kömekçi desgalary işe girizmek göz öňünde tutulýar. Zawodyň ikinji nobatdakysy 2014-nji ýylyň iýun aýynyň ahyrynda ulanmaga tabşyrylar.
Häzirki günde 2-nji gazy gaýtadan işleýän zawodda tebigy gazy daşary ýurtlara ibermäge taýýarlamak üçin niýetlenilen iki sany gaz gysyjy desgada gurluşyk – guramaçylyk işleri tamamlandy.
Wise-premýer iş saparynyň barşynda Bereketli we Pirguýy ýataklaryna baryp görendigini hem habar berdi, şol ýerlerde bellenilen iş tertibine laýyklykda buraw işleri alnyp barylýar.
Bellenip geçilişi ýaly, 1-nji gazy gaýtadan işleýän zawodyň kuwwatlyklaryny artdyrmak maksady bilen, desgalaryň gurluşygyny şu ýylyň iýul aýynyň ahyryna çenli tamamlamak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem howpsuzlygy we daşky gurşawy goramagy üpjün etmek üçin zerur çäreleri görmegiň, işde öňdebaryjy täze tehnologiýalary ulanmagyň möhümdigi bellenip geçildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmagyň, pudagyň çig mal binýadyny pugtalandyrmagyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde duran strategiki wezipeleriň hataryna girýändigini nygtady. Döwlet strategiýasyny durmuşa geçirmek diňe bir nebit-gazy çykarmagy däl, eýsem, içerki bazarda hem, dünýä bazarynda hem giňden talap edilýän köpdürli ýokary hilli önümleri öndürmäge mümkinçilik berýän iň häzirki zaman tehnologiýalarynyň esasynda olary düýpli gaýtadan işlemegi hem göz öňünde tutýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Döwletimiz bu möhüm pudagy ösdürmäge, şol sanda ýataklary özleşdirmegiň esasynda ösdürmäge ägirt uly möçberdäki maýa goýumlaryny goýberýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktoryna daşary ýurt kompaniýalary tarapyndan şertnamalaýyn borçnamalaryň öz wagtynda ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Mejlisiň barşynda döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine hem garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, abadançylyk hem-de işde we öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.