Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen iş duşuşygynda Owganystana ýardam etmek boýunça ynamy berkitmegiň çärelerini amala aşyrmagyň çäklerinde türkmen tarapynyň taýýarlan “Sebit üpjünçilik ulgamlary” atly işleriň meýilnamasynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu çäre Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 18-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde kabul eden Buýrugyna laýyklykda guraldy.
Gepleşiklere 15 döwletden -- Owganystan Yslam Respublikasyndan, Azerbaýjan Respublikasyndan, Hindistan Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan, Pakistan Yslam Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Täjigistan Respublikasyndan, Türkiýe Respublikasyndan, Italiýa Respublikasyndan, Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyndan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan we biziň ýurdumyzdan milli utgaşdyryjylar hem-de wekiller, şeýle hem abraýly halkara guramalaryndan, şol sanda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ýewropanyň Ykdysady Komissiýasynyň, BMG-niň Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary üçin Ykdysady we durmuş toparynyň, BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk / Aziýanyň Ösüş bankynyň maksatnamasynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyga şeýle hem biziň ýurdumyzda işleýän diplomatik missiýalaryň, milli we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.
Mälim bolşy ýaly, 2012-nji ýylyň 14-nji iýunynda geçirilen Kabul konferensiýasynyň jemleri boýunça kabul edilen Owganystana ýardam etmek boýunça ynamy berkitmegiň çärelerini amala aşyrmagyň çäklerinde “Sebit üpjünçilik ulgamlary” atly çäreleriň meýilnamasynyň taslamasyny geçen ýylyň sentýarbynda türkmen tarapy taýýarlady.
Häzirki döwürde owgan ýagdaýyny kadalaşdyrmak işi oňyn depgine eýe bolup, Aşgabatda geçirilen şu günki duşuşyk bu ugurda nobatdaky möhüm ädim bolup durýar hem-de Owganystanda we tutuş Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygy gazanmagyň, umumy bähbitlere gabat gelýän hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny we usullaryny işläp düzmegiň bähbidine bilelikdäki tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmek babatda döwürleýin waka hökmünde garalýar.
Çykyş edenleriň aýtmagyna görä, Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy dikeltmek diňe Merkezi Aziýa sebitinde däl-de, eýsem, has giň gerimde howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň tutuş ulgamy üçin möhüm ýagdaý bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda oňyn halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyny amala aşyrýan, ykdysady we serişdeler kuwwatyna eýe bolan Türkmenistanyň aýratyn orny bellenildi.
Türkmen döwletiniň esasy halkara düzümleriň, ozaly bilen BMG-niň howandarlygynda geçirilýän sebit we sebitara maksatnamalaryny amala aşyrmakda esasy hyzmatdaşlaryň biri bolup durýandygyny duşuşykda bellenildi. Şunda türkmen Lideriniň BMG-niň belent münberinden beýan eden döredijilikli başlangyçlary möhüm bolup, olarda owgan meselesi boýunça Türkmenistanyň nukdaý nazary beýan edilendir.
Mälim bolşy ýaly, owgan ýagdaýy babatda biziň ýurdumyzyň çemeleşmeleri we anyk ädimleri bar bolan meseleleri diňe parahatçylykly diplomatik usullary we serişdeleri bilen kadalaşdyrmaga bolan ygrarlylygyna esaslanandyr. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy owganara gepleşiklerini netijeli geçirmek, şeýle hem zerur bolan şertleri döretmek üçin BMG-niň howandarlygynda halkara forumlaryny, duşuşyklary we geňeşmeleri geçirmek üçin öz giňişligini bermäge taýýardygyny beýan etdi.
Parahatçylykly we abadan durmuşy gurmakda, durmuş-ykdysady düzümi dikeltmekde doganlyk owgan halkyna kömek bermek biziň ýurdumyzyň dostlukly goňşy döwlet babatda üýtgewsiz netijeli we döredijilikli nukdaý nazarynyň beýanydyr. Şeýle çemeleşmeden ugur almak bilen, Türkmenistan Owganystan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeldýär we energetika, ulaglar, aragatnaşyk, gurluşyk ýaly ileri tutulýan ugurlarda ähmiýetli taslamalary amala aşyrýar. Medeni – ynsanpewer, bilim, saglygy goraýyş we beýleki ugurlarda giňelýän gatnaşyklar hem ikitaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlygynyň esasyny düzýär.
Iş ýüzünde amala aşyryljak Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisini gurmak boýunça möhüm taslamanyň ähmiýeti hem bellenildi. Bellenilişi ýaly, giň gerimli taslamanyň durmuşa geçirilmegi öz durmuş-ykdysady ähmiýetliliginden başga-da, Merkezi Aziýada we Günorta Aziýada sebit howpsuzlygyny berkitmek we hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça çäreleriň ulgamynda esasy ýagdaý bolup durýar.
Türkmen tarapynyň wekilleriniň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan geljekde hem goňşy ýurduň durnukly ösmegi üçin Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly kadalaşdyrmak boýunça halkara bileleşiginiň we ozaly bilen, BMG-niň howandarlygynda geçirilýän gepleşiklere işjeň gatnaşar.
Owganystanyň daşary syýasat edarasynyň wekilleri öz gezeginde, Owganystanyň Hökümetiniň we DIM-niň ýolbaşçylarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we tutuş türkmen halkyna goňşy döwletiň parahatçylykly ösmegine berýän goldawy we doganlyk raýdaşlygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Duşuşykda bellenilişi ýaly, Owganystanda Bitarap Türkmenistanyň sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen döredijilikli syýasatyna hem-de türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli başlangyçlaryna ýokary baha berýärler. Şunuň bilen baglylykda, sebitde netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde türkmen döwletiniň möhüm orny aýratyn bellenildi.
Duşuşygyň barşynda owganara gepleşiklerine gatnaşyjylaryň arasynda yzygiderli syýasy geňeşmeleri ösdürmäge, dürli sebit meseleleri boýunça özara ylalaşykly çözgütleri gözläp tapmaga gönükdirilen gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça pikir alşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar sebitde we tutuş dünýäde ählumumy abadançylygyň, durnukly ösüşiň we rowaçlygyň maksatlaryna gabat gelýän netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmekde şu günki gepleşikleriň oňyn ornuny bellediler.