Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýadaky we Kawkazdaky ýurtlar boýunça bölüminiň ýolbaşçysy jenap Miýasita Tadaýuki bilen duşuşyk boldy.
Duşuşygyň barşynda Ýaponiýanyň Daşary işler ministrldiginiň wekili ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlarynyň düýpgöter döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen özgertmeleriň Türkmenistanda batly depgin bilen amala aşyrylýandygyna tüýs ýürekden haýran galandygyny aýtdy. Döwlet ösüşiniň strategiki ugurlarynda gazanylan örän uly üstünlikler, ýokary ykdysady görkezijiler, jemi içerki önümiň yzygiderli ýagdaýda artmagy, maýa goýumlary boýunça amatly we oýlanyşykly syýasatyň ýöredilmegi Türkmenistanyň dünýäniň köp sanly ýurtlary, şol sanda Ýaponiýa üçin has özüne çekiji strategiki hyzmatdaşlaryň hataryna goşulmagyna ýardam berdi.
Ýurdumyzyň şu we beýleki köp sanly üstünlikleriniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen raýatlarynyň bagtyýar we abadan durmuşynyň, ykdysadyýetde we durmuşda rowaçlygyň üpjün edilmegine gönükdirilen syýasaty ýöretmegi netijesinde gazanylandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideriniň durmuşa geçirýän özgertmeleriniň ýokary netijeliligi köp babatda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesiniň işjeň ulanylmagy, dunýäniň esasy kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk, halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlaryna häzirki zaman tehnologiýalaryny we innowasiýalary ornaşdyrmak bilen şertlendirildi diýlip nygtaldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar köp ugurlar boýunça üstünlikli ösdurilýän netijeli türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, ýangyç-energetika, söwda-ykdysady, saglygy goraýyş ulgamlarynda, himiýa senagatynda, bank ulgamynda we beýleki ugurlarda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge çalyşýandyklaryny aýtdylar. Ýapon tehnologiýalarynyň we işläp taýýarlamalarynyň, ýokary öndürijilikli tehnikalarynyň, hususan-da, ýolgurluşyk we ýer gazýan tehnikalarynyň türkmen ykdysadyýetiniň degişli pudaklarynda giňden ulanylýandygy bellenildi.
Duşuşygyň barşynda şeýle hem Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň dürli ugurlaryna garaldy.
Türkmen paýtagtynda bolmagynyň çäklerinde jenap Miýasita Tadaýuki Türkmenistanyň Hökümetinde, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynda hem kabul edildi.