Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda geçen 2012-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy we şu ýylda olaryň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi.
Säher bilen döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Goranmak minitsrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň binasyna geldi. Ol ýerde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 21 ýyllygyna bagyşlanan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, ýurdumyzyň milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew hasabat berýär.
Döwlet Baştutanymyz täze ýylda ilkinji gezek geçirilýän mejlisiň gün tertibine goşulan meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşmaga geçmezden öň, ýygnananlary her ýylyň 27-nji ýanwarynda bellenilýän Watan goragçylarynyň güni bilen gutlap, ata Watanymyzy goramak boýunça mukaddes harby borjuň halal we birkemsiz ýerine ýetirilmeginiň biziň parahat durmuşymyzyň, abadançylygyň we döredijilikli zähmetiň girewi bolup durýandygyny belledi hem-de ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň tutuş şahsy düzümine we Ýaragly Güýçleriň edermen esgerlerine Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň parahatçylygyny we asudalygyny, serhetleriniň bitewüligini, türkmen halkynyň abadan durmuşyny goramak ugrundaky jogapkärli gullukda uly üstünlikler gazanmagy arzuw etdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisiň barşynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň – harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň jikme-jik hasabatlaryny diňledi, olar özlerine ynanylan düzümlerdäki işleriň häzirki ýagdaýy hem-de döwlet Baştutanymyz tarapyndan berlen tabşyryklary göz öňünde tutmak arkaly geçen ýylda edilen işler barada hasabat berdiler.
Ilki bilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý. Berdiýew çykyş edip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça milli goşunyň kuwwatynyň we goranyşa ukyplylygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen uly möçberli harby özgertmäni amala aşyrmagyň barşy we 2012-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzda we jemgyýetde ýylsaýyn uly zähmet üstünliklerini gazanýan agzybir türkmen halkynyň döredijilikli, joşgünly zähmet çekmegi we parahat durmuşda ýaşamagy üçin has oňaýly şertleri üpjün etmek maksady bilen, Milli howpsuzlyk ministrligi tarapyndan amala aşyrylýan anyk çäreler barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda amatly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy saklamakda Milli howpsuzlyk ministrliginiň wajyp ähmiýetli orny barada aýdyp, milli bähbitleriň goragynda durýan ministrligiň işgärleriniň hatarlarynda berk düzgün-tertibiň berjaý edilmeginiň möhümdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uly möçberli, köpugurly harby özgertmäni amala aşyrmagyň barşy babatda kanagatlanma bildirip, Garaşsyz türkmen döwletiniň öz goşunynyň kuwwatyny artdyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we pugtalandyrmak, hünäri boýunça ussat harby işgärleriň taýýarlanmagy, ata Watanymyzyň goragçylarynyň üstünlikli gulluk etmegi, göwnejaý ýaşaýşy we dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilmegi barada elmydama alada etjekdigine ýene-de bir gezek ünsi çekdi.
Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy A.Garaýewe söz berildi. Ol döwlet serhedindäki ýagdaý hem-de özüniň ýolbaşçylyk edýän gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, şeýle hem bu gullugyň garamagyndaky desgalary, hususan-da, täze serhet galalaryny gurmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz harby gullukçylaryň gullugy we ýaşaýşy üçin amatly şertleri döretmegiň durmuşa geçirilýän harby özgertmäniň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny belläp, ähli desgalaryň gurluşygynyň barşyna we hiline, şeýle hem olary ulanmaga bermegiň möhleti boýunça tassyklanan iş tertibiniň ýerine ýetirilmegine berk gözegçiligiň üpjün edilmegini tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz A.Ýalkanowyň Türkmenistanyň döwlet serhet gullugynyň Hazar deňiz serhet birikmesiniň başlygy wezipesine bellenýändigi hakyndaky resminama gol çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň edara binasyny we Türkmenistanyň Serhet institutynyň binalar toplumyny gurmak hakyndaky” karara gol çekip, döwlet serhet gullugynyň başlygyna bu desganyň gurluşygyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Goranmak ministri B.Gündogdyýew geçen 2012-nji ýylda ýerine ýetrilen işler, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy tarapyndan berlen jogapkärli tabşyryklar bilen baglylykda, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň hatarlarynda alnyp barylýan uly we köpugurly işler, şeýle hem ýetip gelýän Watan goragçylarynyň gününiň bellenilmegine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz Milli Goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmagyň we kämilleşdirmegiň möhümdigini we soňky ýyllarda oňa öňdebaryjy harby tehnikanyň alnyp berilýändigini belläp, hünärine ökde harby işgärleriň taýýarlanmagyny güýçlendirmegi talap edip, serkerdeleriň, şeýle hem belli bir möhlet bilen gulluk edýän esgerleriň hünär taýdan taýýarllygynyň ýokary derejede bolmagy üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini hem-de olaryň watançylyk we öz mukaddes harby borjuna halal gulluk etmek ruhunda terbiýelenmelidigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň milli goşunymyzyň elmydama mertligiň mekdebi bolmalydygyny, esgerleriň bolsa beden we ruhy taýdan sagdynlygyň, ruhubelentligiň, watançylygyň nusgasy bolmalydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýetip gelýän Watan goragçylarynyň gününe taýýarlyk görülmegi barada durup geçip, bu baýramçylygy guramaçylyk taýdan ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goranmak ministri B.Gündogdyýewe general-maýor harby derejesini bermek hakyndaky Permana gol çekdi.
Soňra Türkmenistanyň Baş prokurory Ý.Ýazmyradow çykyş edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat döwründe edilen işler barada habar berdi, döwletde we jemgyýetde kanunçylygyň gyşarnyksyz berjaý edilmegine prokuratura edaralary tarapyndan gözegçiligiň amala aşyrylmagy şol işiň möhüm ähmiýetli ugry bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz prokuratura işgärleriniň paýyna aýratyn jogapkärçiligiň düşýändigini belläp, işgärleri saýlap almak bilen bagly işi gyşarnyksyz alyp barmagy tabşyrdy. Bu işgärler hünärine degişli bilimlerden daşgary, giň dünýägaraýyşly, halal we adalatly işleýän adamlar bolmalydyrlar.
Öz gezegingde içeri işler ministri I.Mulikow hukuk tertibini berjaý etmek we hukuk bozulmalarynyň öňüni almak maksady bilen, özüniň ýolbaşçylyk edýän ministrligi we onuň tabynlygyndaky düzümler tarapyndan geçen 2012-nji ýylda edilen işler we görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Türkmen döwletiniň Baştutany hasabaty diňläp, içeri işler edaralarynyň işini elmydama kämilleşdirmegiň möhümdigini aýratyn belledi we jemgyýetçilik tertibini saklamakda bu edaralara wajyp ornuň degişlidişini aýtdy. Ýurdumyzyň awtoulag ýollarynda howpsuzlygyň üpjün edilmegine aýratyn üns bermek tabşyryldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hususy we döwlet awtoulaglarynyň sanynyň ep-esli artmagy netijesinde ýollardaky hereketiň ýygjamlaşmagynyň Döwlet ýol gözegçilik gullugynyň jogapkärçiligini artdyrýandygyny belledi hem-de degişli ýolbaşçylardan bu gullugyň öňünde durýan wezipeleriň berjaý edilmegine täzeçe çemeleşmeleri işläp taýýarlamagy tabşyryp, şol wezipeleriň ilkinji nobatda ýol-ulag hadysalarynyň öňüniň alynmagyna gönükdirilmelidigini belledi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti podpolkownik A.Çopanowyň Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenilýändigi hakyndaky karara gol çekdi. Şeýle hem K.Myradow Daşoguz welaýatynyň polisiýa müdirliginiň başlygy wezipesine bellenildi.
Ýokary kazyýetiň başlygy A.Hallyýew türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan hukuk özgertmesiniň barşy, şeýle hem gözegçilik edilýän düzümler tarapyndan geçen ýylda durmuşa geçirilen işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz adyl kazyýet ulgamynyň işgärleriniň paýyna düşýän jogapkärçiligiň uludygyny belläp, kanunylygyň ýerine ýetirilmegine we hususan-da, kazyýetler tarapyndan çykarylýan çözgütlere berk gözegçilik edilmegini tabşyrdy.
Soňra Türkmenistanyň adalat ministri B.Çaryýew çykyş edip, geçen ýylda ýerine ýetirilen işler, milli Liderimiz tarapyndan ozal berlen tabşyryklary, şol sanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly geçirilen maslahatlaryň birinde aýratyn ünsi çekip, ministrligiň ähli işgärleriniň hünär synagyndan geçirilmegini guramak boýunça beren tabşyrygyny ýerine ýetirmegiň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow amala aşyrylyp ugralan hukuk özgertmeleriniň örän möhüm ähmiýetlidigini hem-de şunda kanunçylyk binýadyny halkara hukugy boýunça ählumumy kadalara laýyk getirmegiň wajyp ugur bolup durýandygyny aýdyp, kabul edilýän we hereket edýän kanunlary giňden düzgünleşdirmegiň hem-de olaryň many-mazmunyny ýurdumyzyň raýatlarynyň dykgatyna ýetirmegiň zerurdygyny, raýatlara hukuk taýdan degerli kömek berilmelidigini belledi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen B.Muhammedow Türkmenistanyň adalat ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Hojamgulyýewiň hasabatyny diňledi, ol özüniň gözegçilik edýän düzüminde geçen ýylda ýerine ýetirilen işler we alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň sebitde möhüm ähmiýetli söwda merkezi we dünýädäki ykdysady gatnaşyklara işjeň gatnaşyjy hökmündäki ornunyň pugtalanýandygynyň we daşalýan ýükleriň möçberleriniň ýylsaýyn artmagynyň munuň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň serhedinden geçirilýän, şol sanda üstaşyr daşalýan ýükleriň berk gözegçilikden geçirilmegini tabşyrdy.
Soňra Türkmenistanyň Sagdyn jemgýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanowa söz berildi, ol geçen hasabat döwründe... ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, neşe serişdeleriniň we seri dumanladyjy maddalaryň ýaýradylmagynyň öňüni almak, neşe serişdelerinden ejir çekýän adamlary bejermek we olary sagdyn durmuş ýörelgelerine uýgunlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz häzirki döwürde tutuş adamzadyň durmuşyna howp salýan uly nägehana garşy göreşmek boýunça jemgyýetiň öňünde durýan jogapkärli wezipeleri göz öňünde tutup, gullugyň işini güýçlendirmegi talap etmek arkaly, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary bilen ysnyşykly işlemegiň, şeýle hem öňüni alyş çärelerini giňden guramagyň zerurdygyny hem-de şonuň çäklerinde ilata adamlaryň saglygyna we abadançylygyna ýaramaz täsirini ýetirýän endikleriň zyýany barada düşündirmelidigini belledi.
Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy D.Baýramow çykyş edip, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlaryň biri hökmünde halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek bilen baglylykda, özüniň ýolbaşçylyk edýän düzüminiň has netijeli işlemegini üpjün etmek ugrundaky anyk ädimler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz migrasiýa gullugynyň işgärleriniň daşary ýurtlaryň ählisi bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine önjeýli goşant goşýandygyny belläp, şu ugur boýunça dünýäde toplanan öňdebaryjy tejribäniň işjeň ornaşdyrylmagynyň hem-de ökde hünärmenleri taýýarlamagyň wajypdygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlaryň ählisini üns berip diňläp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň diňe parahatçylykly, goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyndaky düzgünleri ugur edinýändigini hem-de geljekde-de harby we hukuk goraýjy düzümleriň kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň we milli harby hünärmenleriň harby-watançylyk terbiýesini has-da güýçlendirmek we olaryň hünär taýdan taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak, şeýle hem olaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça yzygiderli we maksada okgunly işleri amala aşyrmalydygyny aýtdy.
Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň bu ýerdäki her bir ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe kabul edilen Harby doktrinanyň düzgünlerini gyşarnyksyz ýerine ýetirmek boýunça geljekde-de harby we hukuk goraýjy düzümleriň ählisi bilen takyk we utgaşykly işleriň alnyp barylmagyny tabşyrdy hem-de bu doktrinanyň amala aşyrylmagynyň türkmenistanlylaryň parahat we bagtyýar durmuşynyň kepili boljakdygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet serhet gullugynyň başlygy A.Garaýewe ýüzlenip, Türkmenistanyň deňizdäki serhetleriniň ygtybarly goralmagyny we howpsuzlygyny üpjün edýän harby-deňiz gullugyny mundan beýläk-de çalt depgin bilen ösdürmegiň, şeýle hem wajyp ähmiýetli inženerçilik-tehniki, harby-deňiz düzümleri üçin niýetlenen desgalaryň gurluşygynyň barşyna berk gözegçiligi6 üpjün edilmeginiň zerurdygyny belledi. Şeýle hem gullugyň ýolbaşçysyna serhetçileriň hünär taýdan taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak, ýaş esgerleriň söweşjeň taýýarlygy we watançylyk ruhunda terbiýelenmegi boýunça işi güýçlendirmegi tabşyrdy.
Goranmak ministri B.Gündogdyýewe ýurdumyzyň Harby-deňiz güýçleriniň ösdürilmegine, hususan-da, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň häzirki döwürde ýokary we ýörite orta bilimli harby talyplary-deňizçileri taýýarlaýan we olara tälim berýän Harby-deňiz institutynyň täze binasynyň gurluşygyna aýratyn üns bermek tabşyryldy. Milli Liderimiz türkmen döwletiniň Bitaraplyk derejesine dolulygyna laýyk gelýän harby doktrinanyň möhüm jähetleri barada durup geçip, goşunyň öňünde goýlan wezipeleriň has möhüm ähmiýetlidigini we jogapkärlidigini göz öňünde tutmak arkaly, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň hatarlarynda düzgün-nyzamyň we harby tertibiň elmydama pugta berjaý edilmegini talap etdi.
Türkmennistanyň Baş prokurory Ý.Ýazmyradowa hukuk bozulmalaryna garşy göreşi güýçlendirmek we döwlet emläginiň aýawly saklanmagyna, ýurdumyzda amala aşyrylýan gurluşyk işleriniň bellenilen möhletlerde berjaý edilmegine we hiline prokuratura tarapyndan göwnejaý gözegçilik etmek tabşyryldy.
Içeri işler ministri I.Mulikowa möhüm ähmiýetli tabşyryklaryň birnäçesi berildi, şonda ýurdumyzda kanunylygy we hukuk tertibini berk berjaý etmek, hususan-da, jemgyýetçilik ýerlerindäki tertibe we möhüm ähmiýetli desgalaryň gurluşygynyň barşyna gözegçilik etmek bilen bagly wezipeler öňde goýuldy. Hukuk bozulmalarynyň öňüni almak maksady bilen, Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçysyna köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly giňişleýin düşündiriş işlerini geçirmegiň möhümdigi aýdyldy. Şeýle hem ýangyna garşy howpsuzlygy üpjün etmek we Döwlet ýol gözegçilik gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça çäreleri güýçlendirmek tabşyryldy.
Milli Liderimiz döwletde we jemgyýetde kanunçylygyň ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik edilmegini üpjün edýän milli kazyýet ulgamynyň takyk hereket etmeginiň möhümdigini belläp, Ýokary kazyýetiň başlygy A.Hallyýewe geljekde-de adalatly kazyýet önümçiliginiň netijeliligini üpjün etmegi, işgärleriň göwnejaý saýlanyp alynmagyna, olaryň hünär ussatlygynyň elmydama ýokarlandyrylyp durulmagyna aýratyn üns bermegi, şeýle hem hukuk goraýjy edaralar, jemgyýetçilik guramalary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen bilelikde düşündiriş işlerini alyp barmagy tabşyrdy.
Türkmenistanyň adalat ministri B.Çaryýewe milli bähbitleri we ýurdumyzyň giň halkara hyzmatdaşlygyny ugur edinýändigini göz öňünde tutmak arkaly, döwlet ösüşinde wajyp ähmiýetli wezipeleriň tiz we üstünlikli ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge gönükdirilen kadalaşdyryjy hukuk resminamalaryny taýýarlamak bilen bagly işi dowam etdirmek tabşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow serhediň üsti bilen daşalýan, ilkinji nobatda ýurdumyza getirilmegi gadagan edilen harytlara gözegçiligi güýçlendirmegiň, şeýle hem hünärmenleri taýýarlamagyň Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Hojamgulyýewiň öňünde durýan ilkinji wezipeler hökmünde görkezdi.
Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanowa işgärleriň syýasy, hünär we hukuk taýdan taýýarlanmagyny kämilleşdirmek bilen bagly wezipeleri berjaý etmek tabşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “2011 – 2015-nji ýyllarda neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça iş meýilnamasyny” hem-de “2012-2016-njy ýyllarda Türkmenistanda temmäki çekilmegine garşy göreşmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny” gyşarnyksyz berjaý etmegiň möhümdigini belläp, geçirilýän dessin-gözleg işlerini güýçlendirmegi, ilatyň arasynda düşündiriş işlerini geçirmegi, şeýle hem iri halkara guramalary we sebitdäki düzümler bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy tabşyrdy.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy D.Baýramowa bikanun migrasiýanyň öňüni almagyň kämil ulgamyny döretmek boýunça başlanan giň gerimli işi dowam etmek tabşyryldy.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da käbir meselelere garaldy we şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçirilen jikme-jik söhbetdeşligi jemläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan maksatlaryň örän möhümdigine we derwaýysdygyna hem-de täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň yzygiderli we durnukly ösüşiniň şol maksatlara ýetilmegine gös-göni bagly bolup durýandygyna ýygnananlaryň ünsüni çekdi.
Soňra milli Liderimiz “Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň her bir harby gullukçylysy Watan goragynda är işini bitiren serdarlaryň, gerçekleriň, batyrlaryň, gahrymanlaryň ömri, söweş ýoly, edermenligi barada bilmelidir. Ata-babalarymyzyň arzuwlan, ýürekden söýen, döş gerip goran mukaddes ata Watany – Garaşsyz Türkmenistanyň her bir türkmenistanly üçin gymmatlydygyny, onuň şan-şöhratyny has-da belende götermegiň her bir raýatyň konstitusion borjudygyny duýmalydyr, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň beren ajaýyp miwelerini gorap saklamalydyr, merdana ata-babalarymyzyň edermenlik ýoluny dowam etmäge, olaryň watançylyk duýgularyndan ruhlanmaga borçludyr, döwlet nyşanlarymyza buýsanyp, olara sarpa goýmalydyr” diýip belledi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň parahatçylyk söýüji, goranmak häsiýetli Harby doktrinasy esasynda, döwletiň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrýandygyny, harby gullukçylarymyz we olaryň maşgalalary barada hemişe alada edýändigini, olaryň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, netijeli işlemegi, oňat dynç almagy üçin ähli şertleri döretmek boýunça zerur işleri amala aşyrýandygyny, bu ugurda alnyp barylýan işleriň geljekde-de netijeli dowam etdiriljekdigini nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni jemläp, goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we 2013-nji ýylda bagtyýarlyk, şeýle hem olaryň ýurdumyzda parahatçylygy we asudalygy saklamak, diýmek, türkmen jemgyýetiniň öňünde durýan belent maksatlara ýetmek we wezipeleri berjaý etmek üçin has oňaýly şertleri döretmek ugrundaky asylly işlerinde täze uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz ýygnananlary Watan goragçylarynyň güni bilen ýene-de bir gezek gutlap, hemmeleri Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýündäki baýramçylyk konsertine gatnaşmaga çagyrdy.
Ýurdumyzyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň binasynda geçirilen mejlis tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Merkezi serkerdeler öýüne tarap ugrady.
Milli Liderimiz soňky ýyllarda gurlan uly toplumlary, buýsanç bilen synlap, türkmen paýtagtynyň merkezinde gurlan bu binalaryň döwletimiziň eldegrilmesizliginiň, onuň güýjüniň we harby kuwwatynyň ajaýyp nyşanyna öwrülendigini aýtdy.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň goranmak ministri B.Gündogdyýew hasabat berýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 21 ýyllygy we Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň baýramçylyk konsertine tomaşa etmäge bardy.
Onuň barşynda konserte gatnaşyjylaryň hemmesiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýurdumyzyň Döwlet senasy ýaňlandy.
Soňra bu ýere ýygnananlaryň hemmesiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde mähriban Watanymyza, halkymyza, özüniň paýhasly we öňdengörüjilikli syýasaty bilen ýurdumyzyň halkara giňişliginde belent abraýa eýe bolmagyny üpjün eden hormatly Prezidentimize wepalylygyň mukaddes kasamy ýerine ýetirildi.
Baýramçylyk konsertiniň başynda sahnalaşdyrylan çykyşlarda türkmen halkynyň gaýduwsyz we edermen ogullary, ady rowaýata öwrülen milli gahrymanlary janlandyryldy. Minnetdar nesilleriň hakydasynda pederlerimiziň şöhratly edermenligi häzirki döwürde hem dowam edýär. Milli gahrymanlarymyzyň ýaş nesillere wesýetleri köp ýüzýyllyklar aşyp, mähriban topragymyzyň parahatçylygyny we asudalygyny goramak ynanylan nesilleriň aňynda mukaddeslik hökmünde saklanýar.
Uly zalda aýdym-saz toparlarynyň ýerine ýetiren ajaýyp çykyşlary watançylyk ruhuna beslenip we milli Liderimiziň baştutanlyk etmeginde ösüşiň belent sepgitlerine ýetmek ugrunda ynamly gadam urýan ata Watanymyza bolan çäksiz söýgüni giňden beýan etdi.
Şeýle hem baýramçylyk konsertiniň maksatnamasyna türkmen halk aýdym-sazlary we meşhur ýerine ýetirijileriň aýtmagynda häzirki zaman estrada aýdymlary, wäşileriň çykyşlary girizildi.
Konsert tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.