Ï Hökümetara türkmen-katar toparynyň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hökümetara türkmen-katar toparynyň mejlisi

view-icon 629
Şu gün türkmen paýtagtynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-katar toparynyň birinji mejlisi açyldy, onuň işine döwlet düzümleriniň birnäçesiniň, şol sanda iki ýurduň pudaklaýyn ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşýarlar.

Katar tarapyndan topara Katar Döwletiniň edara ediş gözegçiligi we aýanlygy boýunça gullugynyň başlygy jenap Abdulla ben Hamad Al-Atiýa başlyklyk edýär.

Wekiliýetleriň ýolbaşçylary duşuşygy açyp, iki tarapyň hem özara peýdaly hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmaga we giňeltmäge gyzyklanýandygyny nygtamak bilen, toparyň işiniň iki ýurduň däp bolan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdiler. Bellenip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Katar döwletine 2010-njy ýylyň oktýabrynda bolan resmi sapary netijeli gatnaşyklaryň ygtybarly esasyny düzdi, şol gatnaşyklar häzirki wagtda täze anyk mazmuna eýe bolmak bilen, hil taýdan täze derejä çykýar. Dohada bolup geçen ýokary derejedäki gepleşikleriň barşynda möhüm resminamalaryň toplumyna, şol sanda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky hökümetara ylalaşygyna gol çekildi

Hökümetara toparynyň mejlisiniň birinji gününiň gün tertibi ikitaraplaýyn gatnaşyklara degişli meseleleriň giň toparyny özünde jemledi, söwda-ykdysady ulgam, ýangyç-energetiki, ulaglar, oba hojalygy, dokma senagaty we beýleki birnäçe pudaklar möhüm ugurlaryň hatarynda agzaldy.

Işewür, oňyn ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda Katar Döwletiniň wekiliýet agzalary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän ykdysady we maýa goýum syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, ýurdumyzda amala aşyrylýan iri düzümleýin taslamalar bilen tanyşdyryldy.

Ynsanperwer hyzmatdaşlyk, ilkinji nobatda bilim, ýokary tehnologiýalar, ylym we medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlyk aýratyn ara alnyp maslahatlaşmagyň meselesi boldy. Duşuşyga gatnaşyjylar sport we syýahatçylyk babatda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak barada hem pikirlerini aýtdylar.

Ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri hem gozgaldy.

Ertir hökümetara türkmen-katar topary öz işini dowam etdirer. Mejlisiniň jemleri boýunça degişli teswirnama gol çekmek meýilnamalaşdyrylýar.