Ï Dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk ýoly bilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk ýoly bilen

view-icon 647
Ozal habar berlişi ýaly, ýakynda Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygy bellenildi. Bu şanly waka mynasybetli Minskide bilelikdäki baýramçylyk çäreleri geçirildi. Olara gatnaşmak üçin dostlukly ýurduň paýtagtyna wekilçilikli türkmen topary bardy.

Saparyň çäklerinde Belarus Respublikasynyň hökümetinde we Daşary işler ministrliginde duşuşyklar geçirildi. Şol duşuşyklarda netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilşi ýaly, açyklyk, ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklary has okgunly häsiýete eýe bolýar. Şonda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň yzygiderli we ynanyşmak häsiýeti bellenildi. Munuň özi, iki dostlukly ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň möhüm şerti bolup durýar.

Duşuşyklara gatnaşyjylar türkmen-belarus hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, meseleleriň giň toparyny, hususan-da, ýokary we hökümet derejelerinde ozal gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmak bilen baglylykda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda ýola goýlan ýakyn gatnaşyklaryň ähmiýeti bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleri yzygiderli dowam etmek barada teklip aýdyldy. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň işi aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki döwletiň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmekde we giňeltmekde bu topara uly ähmiýet berilýär.

Türkmen wekiliýetiniň Minskide bolmagynyň çäklerinde Belarus Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Belarus döwlet uniwersitetinde dostlukly ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmenistanly talyplar bilen duşuşyk geçirildi. Ýaş nesil haknyda yzygiderli edýän aladasy hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaga döredilen mümkinçiligi üçin talyplaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy.

Belarus Respublikasynda Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan guralan medeni çäreler Minsk şäherinde ýerleşýän Milli kitaphanada geçirildi. Olara gatnaşmak üçin Belarus Respublikasynyň hökümetiniň agzalary, Belarusda işleýän diplomatik missiýalaryň, GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we talyplar çagyryldy. Bu ýerde çeperçilik sergisiniň açylyş dabarasy bolup, onda belli türkmen suratkeşleriniň döredijilik däpleri we biziň halkymyzyň baý mirasy, şeýle hem Türkmenistanyň häzirki zaman sungaty bilen tanyşdyrýan işler görkezildi.

Häzir çalt depginler bilen ösýän Türkmenistanyň ýeňil senagatynyň gazanan üstünliklerini görkezen dokma önümleriniň sergisi hem bu ýere ýygnananlarda uly gyzyklanma döretdi.

Baýramçylyk çäreleri iki dostlukly ýurduň sungat ussatlarynyň konserti bilen dowam etdi. Ol dostluga, parahatçylyga we döredijilige bagyşlanan dabara öwrüldi.

* * *

Şu günler Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda hem diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygy bellenilýär. Şanly senä bagyşlanan çäreleriň maksatnamasynyň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklara bagyşlanan ylmy-amaly maslahaty, çeperçilik sergisini we dokma önümleriniň sergisini, baýramçylyk konsertini, şeýle hem iki döwletiň daşary syýasat edaralarynyň arasynda duşuşyklary geçirmek göz öňünde tutulýar.