Ï Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

view-icon 685
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary A.Ýegeleýewiň we Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyza iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen baglylykda alnyp barylýan işler, şeýle hem täze gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzy we welaýatlary toplumlaýyn ösdürmegiň meýilnamalaryny amala aşyrmak bilen bagly bolan meselelere uly üns berýär. Şol meýilnamalarda zerur bolan düzümi düýpli döwrebaplaşdyrmak, häzirki zaman talaplaryna gabat gelýän durmuş-medeni, dolandyryş, ulag, aragatnaşyk we beýleki maksatly desgalary gurmak göz öňünde tutulýar. Şonda Aşgabat şäherini, şeýle hem ýurdumyzyň beýleki şäherlerini we ilatly ýerlerini gurşap alan gurluşyk we abadanlaşdyrmak işleri bilen birlikde bellenilen özgertmeleri amala aşyrmakda öňdebaryjy gazanylanlary we innowasiýalary, degişli ugurda iň gowy dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmak, adamlaryň durmuşynyň täze, ýokary ülňülerini üpjün etmek esasy ölçegler bolup durýar.

Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň gurluşyk işleri ýaýbaňlanan günorta bölegine geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary A.Ýegeleýew, H.Muhammedow we Ş.Durdylyýew, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary garşyladylar.

Bu ýerde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada jikme-jik hasabat berdi hem-de milli Liderimiziň garamagyna birnäçe möhüm ähmiýetli desgalaryň taslamalaryny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen taslamalarda binalaryň daşky görnüşiniň we ýerleşjek ýeriniň çyzgylary bilen içgin tanşyp, birnäçe düýpli düzedişleri girizdi hem-de bu ýerde ähli zerur zatlaryň göz öňünde tutulmalydygyny nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň ýollaryny abadanlaşdyrmagyň, awtoulag ýollarynyň durkuny täzelemegiň hödürlenen taslamalary bilen hem tanyşdy.

Hormatly Prezidentimiz täze binalaryň keşbinde bezegiň we milli öwüşgünleriň sazlaşykly utgaşmalydygyny belläp, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga buremek bilen bagly ähli meseleleri mydama berk gözegçilikde saklamak barada wise-premýer Ş.Durdylyýewe we “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň başlygy P.Meredowa tabşyrdy.

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy A.Garaýew gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň taslamalaryny Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşynyň garamagyna hödürledi. Döwlet Baştutanymyz taslamalar bilen içgin tanşyp, birnäçe düzedişleri we bellikleri aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew öz gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler barada gysgajyk hasabat berdi hem-de hormatly Prezidentimiziň garamagyna döwlet Baştutanymyzyň ozal aýdan bellikleri esasynda taýýarlanan ulag-aragatnaşyk toplumyna degişli taslamalaryň birnäçesini hödürledi.

Häzirki zaman köp ugurly ulag-aragatnaşyk ulgamyny döretmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ol ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge we umumy abadançylygyň bähbitlerine gabat gelýän giň sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga gönükdirilendir. Geografik taýdan aýratyn oňaýly orny eýeläp we dürli ugurdaky ýollaryň möhüm çatrygynda ýerleşmek bilen Türkmenistan üstaşyr mümkinçiliklerine eýe bolup durýar we olary netijeli amala aşyrmaga çalyşýar.

Ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň düzümini döwrebaplaşdyrmak we täzelemek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň ulag ulgamyny ösdürmegiň toplumlaýyn strategiýasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Oňa içerki we halkara howa ýollarynda ýolagçy gatnatmakda we ýük daşamakda möhüm orun degişlidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taslamalar bilen içgin tanşyp, olara käbir düzedişleri girizdi we olar ähli ölçegler boýunça halkara ülňülerine gabat gelmelidir diýip belledi. Desganyň binagärlik keşbi, daşarky we içerki bezelişi babatda bolsa häzirki zaman binagärlik pikiriniň gazanylanlary, milli binagärligiň iň gowy däpleri we özboluşly dizaýnerçilik çözgütleri sazlaşykly utgaşmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Elbetde, bu ýerde ýolagçylara hyzmat etmegiň ýokary derejesi üpjün edilmelidir, işgärleriň oňaýly işlemegi üçin ähli degişli şertler göz öňünde tutulmalydyr diýip, milli Liderimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýewe hem-de “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň başlygy M. Aýazowa bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň garamagyna täze awtomobil we demir ýol köprülerini gurmagyň taslamalary hödürlendi.

Döwlet Baştutanymyz olar bilen içgin tanşyp, tutuş ýurdumyzyň ulag düzüminiň möhüm böleklerine öwrüljek bu desgalaryň ähmiýetiniň uludygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze guruljak köprüleriň tehniki we ulanyş häsiýetnamalary bilen gyzyklanyp, Türkmenistanda gurulýan şunuň ýaly ähli inžener-tehniki desgalar öz ölçegleri boýunça ýokary halkara ülňülerine doly gabat gelmelidir diýip belledi. Şonuň üçin olar taslananda we gurlanda işde häzirki zaman tehnologiýalaryny we öňdebaryjy tejribäni, ýerli howa şertlerini, gurluşyk serişdelerini, şeýle hem estetiki ugry göz öňünde tutmak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hödürlenen taslamalary umuman makullap we olar babatda birnäçe belliklerini aýdyp, milli Liderimiz degişli tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň ýerleşjek ýerleri bilen tanyşlygyny dowam etdi we paýtagtymyzyň bu künjegini ösdürmegiň meselelerine örän jogapkärli we çynlakaý çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy hem-de paýtagtymyzyň günorta künjeginiň bagy-bossanlyga bürelmegi bilen baglanyşykly birnäçe wezipeleriň bardygyny nygtady. Milli Liderimiz Aşgabadyň sazlaşykly ösüşe eýe bolýan günorta tarapynda bina edilýän desgalaryň ýokary hil ölçegleriniň üpjün edilmeginiň, bularyň paýtagtymyzyň şähergurluşyk we binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirmeginiň hem-de gurulýan binalaryň öz wagtynda ulanmaga tabşyrylmagynyň häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyny belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz iş saparynyň jemlerini jemläp, Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurulýan dürli maksatly häzirki zaman desgalary öz ýokary hili bilen tapawutlanmalydyr we täze taryhy eýýamyň ýokary talaplaryna gabat gelmelidir diýip belledi. Sebäbi olar türkmenistanlylaryň diňe häzirki däl-de, eýsem, geljekki nesillerine hyzmat etmelidir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary beritp we olara işlerinde üstünlikleri arzuw edip, ýygnananlar bilen hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.