Ï Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

view-icon 636
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti hanym Dilma Russeffe Riu-Grandi-du-Sul ştatynyň Santa-Mariýa şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelere getiren ýangyn zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny beýan etdi.