Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.
Maslahatyň barşynda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda işleriň ýagdaýy, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulyndyrmak, durmuş - senagat düzümini ösdürmek boýunça welaýat häkimlikleriniň derejesinde kabul edilýän çäreler, şeýle hem obany özgertmek boýunça milli maksatnamany ýerlerde amala aşyrmak bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
"Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda", şeýle hem pudaklaýyn we welaýat ösüş maksatnamalarynda bellenilen wezipeler maslahatyň esasy meseleleriniň biri boldy.
Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň häkimleri bilen geçiren düýpli gürrüňinde möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, ýaz - meýdan işlerine, gowaça ekişine we bag ekmek möwsümine görülýän taýýarlyk barada durup geçdi. Häkimler welaýatlaryň oba hojalyk meýdanlarynda işleriň ýagdaýy, şol sanda bugdaýa ideg etmekde alnyp barylýan işler, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, gowaça meýdanlarynda sürüm işlerini geçirmek, ekiş möwsümine tohumlary we ýörite tehnikalary taýýarlamak, şeýle hem maldarçylyk pudagyndaky häzirki ýagdaý, mallary dok we ýyly gyşlatmak boýunça görülýän çäreler barada jikme-jik hasabat berdiler.
Oba hojalyk önümlerini öndürijiler we oba senagat toplumyny ösdürmek babatda döwletiň berýän goldawy netijesinde gowaça ekişi ähli ýerlerde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidiri diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow her welaýatyň öňünde goýlan şu we beýleki wezipeleri çözmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.
Hususan-da, Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowa welaýatyň meýdanlarynda geçirilýän işleriň möhletlerine we agrotehniki kadalarynyň berjaý edilmegine gözegçilik etmek, ekerançylara maddy enjamlaýyn goldawyň berilmegini üpjün etmek, olaryň işine ylmy çemeleşmeleri, hojalygy dolandyrmagyň kämil usullaryny we görnüşlerini giňden ornaşdyrmak, oba hojalyk toplumynyň pudaklarynda bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini höweslendirmek barada görkezme berildi.
Döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedowa sebitiň oba hojalyk pudagyny ösdürmekde ylmyň gazananlaryna daýanmak, biokärhanalaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Ekin dolanyşygyny we ösümlikçiligi ösdürmek wezipesi babatda aýratyn görkezme berimek bilen, döwlet Baştutanymyz welaýatda ir-iýmişleriň we gök önümleriň köp ekilmegine uly üns berilse, maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň ünsüni “Türkmenistanyň milli tokaý maksatnamasyny” üstünlikli amala aşyrmagyň çäklerinde bag nahallaryny oturtmaga hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek, oba hojalyk tehnikalaryny netijeli peýdalanmak babatda zerur çäreleriň görülmelidigine çekdi. Şunuň bilen baglylykda, demirgazyk welaýatyň meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, olaryň hasyllylygyny artdyrmak boýunça tabşyryklar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylowa degişli görkezmeleri bermek bilen, ýaz möwsüminiň işlerine oba hojalyk tehnikasyny häzirden taýýarlamagyň möhümdigini belledi we oba hojalyk önümçiligini döwrebaplaşdyrmagyň ähli meselelerini üns merkezinde saklamagy, oba hojalyk toplumyny düzümleýin üýtgedip gurmak bilen bagly wezipeleri ynamly çözmegi tabşyrdy.
Şonuň ýaly görkezmeler Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanowa hem berildi. Şonuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmagyň we welaýatda oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça bellenilen iş meýilnamalaryna gyşarnyksyz eýermegiň möhümdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zerur bolan guramaçylyk şertleriniň we ulgamlaýyn çemeleşmäniň ýurdumyzyň welaýatlarynda Oba milli maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna bildirilýän esasy talap bolup durýandygyny belläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerini bellenilen tertibe laýyklykda geçirmek bilen bir hatarda ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýaşaýyş-durmuş we medeni, senagat düzümini gowulandyrmak meseleleriniň welaýat häkimlikleriniň üns merkezinde durmagyny talap etdi.
Döwletimiz geljekde hem ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň çäklerinde welaýatlaryň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, obalary ösdürmek hakynda alada eder diýip, hormatly Prezidentimiz bu maksatlar üçin zerur bolan serişdeler yzygiderli goýberiler diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häkimlere bu ugurda amala aşyrylýan işleri netijeli guramak babatda anyk tabşyryklary berdi. Şol işleriň üstünlikli çözülmegi welaýatlaryň dolandyryş, edara we hojalyk düzümleriniň utgaşykly hereketlerine bagly bolup durýar.
Milli Liderimiz welaýatlaryň häkimleriniň obalary we şäherçeleri abadanlaşdyrmak, döwlet strategiýasyna laýyklykda durmuş-ykdysady wezipeleri çözmegiň täze netijeli usullaryny peýdalanmak boýunça toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmaga örän jogapkärli çemeleşmeginiň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlarda dürli maksatly desgalaryň, goý, olar önümçilik kärhanalary ýa-da ýaşaýyş jaýlary bolsun, awtomobil ýollary we köprüler bolsun, tapawudy ýok, olaryň hemmesi ýokary hil derejesine gabat gelmelidir diýip belledi. Desgalaryň ulanmaga berilmegi hojalyk işiniň görnüşlerini we usullaryny täzelemek, adamlaryň ýaşamagy, zähmet çekmegi we dynç almagy üçin mynasyp şertleri döretmek bilen utgaşmalydyr.
Işlere şeýle çemeleşilmegi öňde goýlan maksatlara ýetmäge eziz Watanymyzyň gülläp ösmegini we halkyň bagtly durmuşyny üpjün etmäge ýardam etjekdigine ynam bildirip, milli Liderimiz bu wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ýurdumyzda ähli şertleriň - ägirt uly çig-mal serişdeleriniň, egsilmez ruhy kuwwatyň, durmuş – syýasy durnuklylygyň bardygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.