Ï Türkmenistan-Belarus: hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýoly bilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-Belarus: hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýoly bilen

view-icon 499
Şu günler Türkmenistanda Belarus Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary A.Kalinin iş sapary bilen bolýar. Türkmen paýtagtynda bolmagynyň çäklerinde ýokary wezipeli myhman Türkmenistanyň hökümetinde we Daşary işler ministrliginde kabul edildi.

Duşuşyklaryň barşynda ähli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan bilen Belarus Respublikasyny dürli ugurlarda köp ýyllyk we däbe öwrülen hyzmatdaşlygyň baglanyşdyrýandygyny bellemek bilen, duşuşyklara gatnaşyjylar soňky ýyllarda netijeli türkmen-belarus döwletara gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanmak bilen nygtadylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň arasynda emele gelen gatnaşyklar, şeýle hem hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam edýän hökümetara derejesindäki duşuşyklar biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ýokary derejesiniň gazanylmagynyň möhüm şerti bolup durýar.

Türkmen-belarus gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşmagyň çäklerinde duşuşyklara gatnaşyjylar deňhukukly, uzakmöhletleýin esasda guralýan netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda öz pikirlerini aýtdylar. Bilim babatda hyzmatdaşlygyň meseleleri hem-de ozal gazanylan hökümetara ylalaşyklaryny ilerletmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, degişli ugurda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary dowam etmäge taýýarlygyň bardygy beýan edildi.