Şu günler Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda diplomatiki protokol ulgamynda halkara tejribesine bagyşlanylan, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) tarapyndan guralan okuw maslahaty geçirilýär. Oňa gatnaşmak üçin biziň ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary çagyryldy.
Okuw maslahatynda Brýussel şäheriniň (Belgiýa Patyşalygy) Halkara protokol we diplomatiýa mekdebiniň wekilleri—ony esaslandyryjy we onuň ýerine ýetiriji direktory hanym Ines Rodriges, professor doktor Luis Ritto we halkara taslamalarynyň direktory doktor Sandra Skott, şeýle hem ABŞ-nyň Kolumbiýa uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklary we döwlet dolandyryşy mekdebiniň professory jenap Jenik Radon, politologiýa we döwlet dolandyryşy doktory we politologiýa magistri jenap Teodor Feýfer dürli mowzuklar boýunça çykyş etdiler.
Bellenip geçilişi ýaly, daşary syýasat we diplomatiýa babatda Türkmenistanyň gazanan haýran galdyryjy üstünlikleri, döwletara gatnaşyklarynyň okgunly ösmegi, daşary ykdysady görkezijileriň gyşarnyksyz ýokarlanmagy häzirki wagtda dünýäniň syýasy giňişliginde biziň ýurdumyzyň garaýşlarynyň yzygiderli pugtalanmagyny şertlendirýär. Biziň ýurdumyz bolsa diňe bir Merkezi Aziýa sebitiniň çäklerinde däl, eýsem, bütin dünýä derejesinde hem iri halkara ýagdaýlaryna möhüm strategiki gatnaşyjy boldy.
Parahatçylyk söýüjilik we giň halkara hyzmatdaşlygy syýasatyna ygrarly bolmak bilen, Türkmenistan täze garaýyşdaky lideriň--hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygy bilen döwletara derejesinde hem, abraýly halkara düzümleriniň derejesinde hem oňyn gatnaşyklary ösdürmek bilen seçilip alnan ugra gyşarnyksyz eýerýär, oňyn bitaraplyk ýörelgesi oňa esas edilip alyndy.
Türkmen Lideriniň iri halkara guramalarynyň münberlerinden aýdan möhüm parahatçylygy üpjün ediji başlangyçlary, şeýle hem Türkmenistanyň dünýä derejesinde milli bähbitleri we geljegiň ählumumy strategiýasyny nazara almak bilen guralýan döwletara gatnaşyklarynyň täze ulgamyny kemala getirmegi maksat edinen oňyn çäreleri bu babatda örän guwançlydyr. Mälim bolşy ýaly, bu ýörelgeler Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň esasyny düzýär, munuň özi onuň hemişelik Bitaraplyk derejesi we parahatçylyk söýüjilik, döredijilik hem-de ynsanperwerlik taglymlaryna berk ygrarlydygy bilen şertlenendir.
Türkmenistanyň islendik dawaly ýagdaýlary diňe syýasy-diplomatik, gepleşikler usullary we serişdeleri bilen çözmek ugrunda gyşarnyksyz çykyş edýändigi hem aýratyn nygtalyp geçildi. Biziň ýurdumyzyň garaýşy, daşary syýasatynyň esasy ýörelgeleri we maksatlary, onuň anyk ugurlary we wezipeleri Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan geçen ýylyň dekabrynda tassyklanylan Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2013-2017-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda beýan edildi.
“Biziň alyp barýan daşary syýasatymyz we diplomatiýamyz işjeň häsiýete eýe bolmalydyr, biz möhüm ähmiýetli başlangyçlary öňe sürmelidiris. Zerur halatlarda bolsa, öňdengörüjilik bilen hereket etmelidiris, biz bolup geçýän wakalardan hemişe habarly bolmalydyrys”. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu sözleri parahatçylykly halkara gatnaşyklarynyň möhüm şerti hökmünde diplomatik guralyň örän uly ähmiýete eýedigini açyp görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine, ýurdumyzyň ilçihanalaryna, konsullyklaryna we wekilhanalaryna, olaryň sazlaşykly işine arýatyn orun berilýär.
Okuw maslahatynyň birinji gününiň çäklerinde dürli derejelerde gepleşikleri geçirmegiň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşdyrýan çykyşlar diňlenildi. Maslahata gatnaşyjylar netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin onuň özara peýdaly häsiýete eýedigini bellediler.
Okuw maslahaty öz işini 1-nji fewrala çenli dowam etdirer.